1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

28. 14. Ol kämillige ýetip (akyl käsesi) dolandan soň, Biz oňa hikmet we ylym bagyş etdik. Biz salyhlary şeýle sylaglaýarys.

Başy » Sözbaşy » 1-nji süre: «Fatyha»

 («Açylyş») «Fatyha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 7 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerimiň ilkinji süresidigi üçin, oňa «bir ýeri ýa-da bir zady açan, açyjy» manysynda «Fatyha» diýlip at berlipdir. Bu süräniň «Ummul-kitap» («Kitaplaryň enesi»), «Sebgul-mesäni» («Gaýtalanýan ýedi aýat»), «Esas» («Düýp-özen»), «Şifä» («Şypa beriji»), «Käfiýe» («Ýeterlik»), «El-hamd» («Hamdy- sena»), «Salät» («Namaz»), «Dua» («Dileg- doga») we «Taglym» («Tälim») ýaly atlary hem bar. Bu süre halkymyzyň arasynda «Elham» süresi diýlip meşhurlyk gazanypdyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Elhamy» okamaýanyň namazy ýokdur» diýipdir. Şonuň üçin hem «Elham» süresi namazyň ähli rekagatlarynda okalýar. Kurany Kerim bütin adamzada dogry ýoly görkezmek üçin inderilipdir. Bu mubärek we uz manyly süre Kurany Kerimiň gysgaça manysyny özünde jemleýän we yslam dininiň düýp özeni hasaplanylýan süredir. Onda taryp edilmäge diňe Allanyň mynasypdygy, Allanyň bendelerine bu dünýäde Rahman (Mähriban), ahyretde Rahymdygy (Rehim-şepagatlydygy), diňe Alla ybadat edilmelidigi, dogry ýoly tapmagyň we dogry ýoldan azaşmagyň hem Allanyň eradasy bilen baglydygy beýan edilýär.
1.Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen (başlaýaryn).
Düşündiriş: Bu birinji aýata, gysgaça, «Bismillä» diýilýär. Ymam Agzamyň, şeýle-de bir topar başga fykh (yslam hukugy) alymlarynyň pikirine görä, «Bismillä» aýaty «Elham» süresiniň bir aýaty däldir. Diňe «Neml» süresiniň 30-njy aýatynda agzalýan «Bismillä» bir aýatdyr, galan ýerde bolsa gaýtalamadyr, şol süreden bir aýat däldir. Kurany Kerimiň «Toba» süresinden galan 113 süresiniň hemmesiniň başynda gelýän bu aýat bu süreleriň başynda diňe bereket üçin okalýar. Şonuň üçin hem ol namazda içiňden aýdylýar. Emma käbir alymlar ony «Elhamyň» bir aýaty hasaplaýarlar. Hadyslaryň birinde: «Bismillä bilen başlanmadyk işiň soňy ýokdur» diýilýär. Bu sebäpli, hem haýsydyr bir işe başlanylanda «Bismillä» aýdylýar.
2. (Ähli) hamdy-senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr.
3. (Ol) Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
4. Din (kyýamat) gününiň Eýesidir.
5. (Eý, Allam!) Biz diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýarys!
6. (Eý, Allam!) Bizi dogry ýola (yslam dinine) gönükdir!
7. (Bizi) gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň (ýoluna) däl-de, Öz nygmat berenleriň ýoluna (gönükdir)! Düşündiriş: «Elham» süresi okalandan soň, «Ämin!» («Kabul et!») diýmek sünnet hasaplanylýar.