1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

16. 27. Soň kyýamat güni (Alla ýene) olary ryswa edip hem-de: «Hany Maňa şärik goşanlaryňyz? Siz olar babatda (möminler bilen) dawalaşýardyňyz ahyry?» diýer. (Şonda) ylym berlen kişiler: «Takyk, bu gün ryswalyk, ýamanlyk kapyrlar tarapyndadyr» diýerler.

Başy » Sözbaşy » 105-nji süre: «Fil» («Pil»)

«Fil» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 5 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan pil sözünden alnandyr. Bu sürede Allanyň dinine garşy çykanlaryň ahyrky netijeleriniň örän ýowuz boljakdygy we piller bilen Käbäni ýykmaga gelenleriň başyna gelen wakalar arkaly beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eýsem sen Perwerdigäriň (piller bilen gelen) pil eýelerine näme edendigini görmediňmi?
2. Eýsem (Alla) olaryň hile-pirimlerini puja çykarmadymy?
 3. (Alla) olaryň üstüne (süri-süri halda) ebabyl guşlaryny iberdi.
 4. Ol guşlar olaryň üstüne bişen toýundan ýasalan daş zyňýardylar.
 5. Şeýdip, (Alla) olary çeýnelip taşlanan ekin (ýapragyna) öwürdi.