1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 8. Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 94-nji süre: «Inşirah» («Ýarylyş»)

«Inşirah» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 8 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan we ýarylmak manysyny aňladýan «Inşirah» sözünden alnandyr. Bu sürede Allatagalanyň pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň gursagyny ýaryp, gaty jopgapkärçilikli iş bolan pygamberligiň we wahynyň agyrlygynyň Allanyň ýardamy bilen ýeňledilendigi barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eýsem Biz seniň gursagyňy ýaryp, (kalbyňa giňlik bermedikmi)?
 2, 3. Eýsem seniň biliňi bükýän (ol agyr) ýüküňi senden aýyrmadykmy?
 4. Eýsem seniň adyňy (şanyňy) beýgeltmedikmi?
 5. Elbetde, her bir kynçylykdan soň (kynçylygyň ýanynda) ýeňillik bardyr.
 6. Takyk, her kynçylykdan soň (hökman) bir ýeňillik bardyr.
 7. Eger bir işi gutarsaň, derrew (Allanyň razyçylygyny gazanmak üçin başgasyna) başla!
 8. (Sen) ýalňyz Perwerdigäriňe (tarap) ýönel!