1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 26-njy süre: «Şugara» («Şahyrlar»)

«Şugara» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 227 aýatdan ybaratdyr. Sürede kapyrlaryň Kuranyň bir şahyr tarapyndan toslanandygy baradaky aýdan sözleri inkär edilip, Kuran bir şahyryň sözi däldigi subut edilýär. Süräniň ady 224-nji aýatda agzalýan «Şugara» sözünden alnandyr. Onuň manysy «Şahyrlar» diýmekdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. Ta, Sin, Mim. Bular äşgär (inderilen) kitabyň aýatlarydyr.
 3. Sen göýä, olar iman getirmeýärler diýip, özüňi heläk edäýjek bolýarsyň.
 4. Biz eger islesek, olaryň üstüne asmandan bir alamat indereris. Şonda olar dessine oňa boýun bolarlar.
 5. Özlerine her gezek Rahman (Alla) tarapyndan täze öwüt gelse, hökman ondan ýüz öwürýärler.
 6. Olar (haky) ýalan hasapladylar, olara özleriniň ýaňsa alýan zatlary baradaky habarlar tiz geler.
 7. Olar ýeriň ýüzüne nazar aýlamadylarmy? Biz ol ýerde her görnüşden ençeme peýdaly ösümlikler bitirdik.
8. Takyk, munda ybrat bardyr, emma olaryň köpüsi iman getirmeýärler.
 9. Takyk, Seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
10. Perwerdigäriň Musa: «Zalym bolan Fyrgawnyň kowumyna tarap git!
 11. Olar (Alladan) gorkmaýarlarmy?» diýip ýüzlenipdi.
12. Musa: «Eý, Perwerdigärim! Olar meni inkär ederler diýip gorkýaryn.
 13. Gursagym darygýar, dilim peltekleýär. Haruny hem maňa kömekçi edip iber!
 14. Meniň olaryň ýanynda günäm bar. Şol sebäpli, hem olar meni öldürerler öýdüp gorkýaryn» diýdi.
15. Alla: «Ýok, beýle bolmaz. (Olar seni öldürip bilmezler). Ikiňiz hem mugjyzalaryňyz bilen derrew gidiň! Biz hem siziň ýanyňyzda (bolarys), siziň aýdýan zatlaryňyzy diňläris.
 16. Fyrgawnyň ýanyna baryp: «Biz älemleriň Perwerdigäriniň ilçileri.
17. Ysraýyl ogullaryny biziň bilen goýbermegiň üçin iberildik» diýiň!» diýdi.
 18. Onda Fyrgawn Musa ýüzlenip: «Çaga wagtyň seni biz terbiýelemänmidik we seniň ömrüň birnäçe ýyly bizde geçmänmidi?
19. Sen etjek (ýaramaz işiňi) etdiň. Sen gadyr bilmez ekeniň» diýdi.
 20. Musa: «Men ol işi özümi ýitiren pursatym etdim.
 21. Sizden hem gorkanym üçin gaçdym. Soň Perwerdigärim maňa hikmet bagyş etdi we maňa pygamberlik berdi.
 22. Sen ysraýyl ogullaryny hyzmatyňda gul edip sakladyň (we olaryň barça ogul perzentlerini öldürýänligiňiz sebäpli men seniň köşgüňe gelip gowuşdym) Meni terbiýeläniňi minnet edýärsiňmi?» diýdi.
 23. Fyrgawn: «Älemleriň Perwerdigäri (diýýäniň) kim?» diýip sorady.
 24. Musa: «Eger hakykata ynanýan bolsaňyz, Ol asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndaky ähli barlyklaryň Perwerdigäridir» diýdi.
 25. Fyrgawn ýanyndakylara: «Onuň näme diýýänini eşitmeýärsiňizmi?» diýdi.
 26. Musa: «Ol siziň hem, geçmişdäki ata-babalaryňyzyň hem Perwerdigäridir» diýdi.
 27. Fyrgawn: «Size iberilen bu pygamberiňiz, takyk, bir däli» diýdi.
 28. Musa: «Eger akyl ýetirýän bolsaňyz, Ol Gündogaryň, Günbataryň we ikisiniň arasyndakylaryň Perwerdigäridir» diýdi.
29. Fyrgawn: «Eger sen menden başga hudaý tutunsaň, seni ikuçsuz tussag ederin» diýdi.
 30. Musa: «Saňa äşgär bir zat (mugjyza) getiren hem bolsammy?» diýdi.
 31. Fyrgawn: «Dogrusyny aýdýanlardan bolsaň getir ony (bakaly)» diýdi.
 32. Musa hasasyny ýere oklady, ine, görseler ol äşgär, uly ýylan boldy.
 33. Elini hem (goltugyndan) çykardy, ine, görseler ol hem seredýänlere ap-ak (bolup ýagty saçyp dur).
34. Fyrgawn ýanyndaky emeldarlara: «Takyk, ol bilimli bir jadygöýdir.
 35. Ol öz jadysy bilen sizi ýeriňizden (ýurduňyzdan) çykarmak isleýär, näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýdi.
36. Emeldarlar: «Ony hem, doganyny hem alyp gal we şäherlere jarçylar iber.
 37. Ähli bilimli jadygöýleri seniň ýanyňa getirsinler» diýdiler.
38. Jadygöýler bellenilen günüň takyk wagtynda ýygnandylar.
 39. Ynsanlara hem: «Siz hem ýygnandyňyzmy?» diýildi.
 40. (Fyrgawnyň adamlary): «Eger jadygöýler üstün çyksa, biz olara tabyn bolarys diýip umyt edýäris» diýdiler.
 41. Jadygöýler gelenlerinde Fyrgawna: «Eger üstün çykan tarap biz bolsak, bize sylag barmy?» diýdiler.
 42. Fyrgawn: «Hawa, eger şeýle bolsa, takyk, siz maňa iň ýakyn adamlardan bolarsyňyz» diýdi.
 43. Musa jadygöýlere: «Näme oklaýan bolsaňyz, oklaň!» diýdi.
 44. Olar özleriniň ýüplerini we hasalaryny oklap: «Fyrgawnyň gudratyna kasam bolsun üstün çykjak, takyk, bizdiris» diýdiler.
 45. Soň Musa hem hasasyny oklady. Bir görseler, ol jadygöýleriň toslan zatlaryny ýuwdup başlady. 46. (Muny gören) jadygöýler dessine sežde etdiler.
 47, 48. Olar: «Älemleriň Perwerdigärine, Musa bilen Harunyň Perwerdigärine iman getirdik» diýdiler.
49. Fyrgawn: «Men size rugsat bermänkäm, siz Oňa iman getirýärsiňizmi? Takyk, ol siziň jadygöýligi öwreden ussadyňyz bolmaly. Siz (meniň size näme etjegimi) tiz bilersiňiz. Takyk, men siziň elleriňizi we aýaklaryňyzy atanaklaýyn kesdirerin we siziň hemmäňizi asdyraryn» diýdi.
 50. Jadygöýler: «Zyýany ýok, nähili hem bolsa, biz öz Perwerdigärimize dolanyp bararys.
 51. Biz, ilkinji bolup iman getirenligimiz sebäpli, Perwerdigärimiziň biziň hatalarymyzy bagyşlamagyny umyt edýäris» diýdiler.
 52. Biz Musa: «Giçlik bendelerimi ýola çykar. Yzyňyza düşüler» diýip wahyý etdik. 53. Fyrgawn (esger ýygnamak üçin) şäherlere jarçylary iberdi.
 54. Ol: «Bular (ysraýyl ogullary) az sanly topardan ybarat.
 55. Olar biziň içimizi gahar-gazapdan doldurdylar. 56. Takyk, biz hem agzybir, ätiýaçly kowum» diýdi.
 57, 58. Netijede, Biz olary (Fyrgawny we kowumyny) bag-bakjalardan, çeşmelerden, hazynalardan, gymmatly ýerlerden mahrum etdik.
 59. Biz bu zatlary ysraýyl ogullaryna (şol wagt) miras berdik.
 60. Olar (Fyrgawn we goşuny) Gün doganda, olaryň (ysraýyl ogullarynyň) yzyndan ýetdiler.
 61. Iki topar biri-birini görende, Musanyň tarapdarlary: «Biz indi bigüman tutuldyk» diýdiler.
 62. Musa: «Ýok, Perwerdigärim meniň tarapymdadyr, maňa bir çykalga görkezer» diýdi.
 63. Biz hem Musa: «Hasaň bilen deňze ur!» diýip wahyý etdik. Şeýdip, deňiz bölek-bölek ýaryldy-da, her tarapy äpet dag ýaly boldy.
 64. Biz beýlekileri hem (Fyrgawny we goşunyny) şol ýere ýakyn getirdik.
 65. Musany we ýanyndakylaryň hemmesini halas etdik.
 66. Soň galanyny (Fyrgawny we goşunyny) hem gark etdik.
 67. Takyk, munda ybrat bardyr. (Emma) olaryň (ynsanlaryň) köpüsi bolsa iman getirmediler.
 68. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
 69. (Eý, Muhammet!) Olara Ybraýymyň wakasyny hem aýt!
 70. Ol atasyna we kowumyna: «Siz nämä ybadat edýärsiňiz?» diýip sorapdy.
 71. Olar hem: «Butlara ybadat edýäris, bu iş bilen meşgul bolmagy hem dowam ederis» diýdiler.
 72. Ybraýym: «Siz olardan dileg edeniňizde, olar sizi eşidýärmi?
73. Ýa-da bolmasa olar (dilegiňize jogap edip), size peýda ýa-da zyýan berip bilýärmi?» diýdi.
 74. Onda olar: «Ýok, ýöne biz (özümizi bilenimiz bäri) ata-babalarymyzyň şeýle edýändiklerini gördük» diýdiler.
 75, 76. Ybraýym: «Ybadat edýän zadyňyzyň nämedigi barada Siz we sizden öňki ata-babalaryňyz hiç pikir etmediňizmi?
 77. Olar (butlar) meniň duşmanymdyr (men olara ybadat etmerin). Meger älemleriň Perwerdigärine (ybadat ederin).
 78. Ol (Perwerdigär) meni ýaratdy we dogry ýola saldy.
 79. Ol meniň garnymy doýurýar we meni suwdan gandyrýar.
 80. Kesellän wagtym maňa şypa berýär.
 81. Ýene Ol meni öldürýär, soň hem direldýär.
 82. Ýene kyýamat güni meniň hatalarymy bagyşlamagyny umyt edýänim hem Oldur.
 83. Eý, Perwerdigärim! Maňa hikmet bagyş et we meni salyh bendeleriň hataryna goş!
 84. Maňa soňkularyň içinde hem gowulykda ýatlanmagy nesip et!
 85. Meni nygmatlardan doly bolan jennetiň mirasdüşerlerinden eýle!
86. Atamy hem bagyşla. Takyk, ol ýoluny ýitirenlerden (biri) boldy.
 87. Täzeden direliş gününde meni masgara etme!» diýdi.
 88. Ol günde mal-mülk hem, perzentler hem hiç hili peýda bermez.
 89. Diňe kim Alla tämiz kalp bilen gelen bolsa, (şol peýda görer).
 90. Ol gün jennet takwalara golaý getiriler.
 91. Dowzah bolsa azgynlara äşgär görkeziler.
 92. Olara: «Alladan özge ybadat edýän zatlaryňyz hany, nirede?
 93. Alladan özgesi size kömek edip ýa-da özleri goranyp bilýärlermi?» diýler.
 94. Şeýdip, olar (butlar) hem, azgynlar hem dowzaha gapgarylar.
 95. Iblisiň (şeýtanyň) goşunynyň hemmesi (dowzaha gider).
 96. Olar dowzahyň içinde biri-biri bilen çekeleşip (jedelleşip):
97. «Alla kasam bolsun! Biz äşgär ýoldan çykan ekenik.
 98. Biz sizi älemleriň Perwerdigäri bilen deň tutýardyk.
 99. Bizi ýoldan çykaran (bize Alladan özgelere ýapyşmagy ündän) günäkärlerdir.
 100. Indi bize şepagat etjek hiç kim ýok.
 101. Bizde ýürekdeş dost hem ýok.
 102. Käşgä, biziň ýene bir gezek dünýä dolanmaga hakymyz bolsady, şonda möminlerden bolardyk» diýerler.
103. Takyk, munda ybrat bardyr. Olaryň köpüsi bolsa iman getirmediler.
 104. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
105. Nuhuň kowumy hem pygamberleri ýalan hasapladylar.
 106. Olara öz doganlary bolan Nuh: «Alladan gorkmaýarsyňyzmy?
 107. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin.
108. Onda Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 109. Men munuň üçin sizden sylag soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň Perwerdigäridir.
 110. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!» diýdi.
 111. Olar bolsa: «Saňa tabyn bolýanlar diňe garyp-gasarlardyr. Heý-de, biz saňa iman getirerismi?» diýdiler.
 112. Nuh: «Men olaryň näme iş edýänlerini bilmerin.
 113. Eger siz akyl ýetirseňiz, olaryň hasaby diňe Perwerdigärime degişlidir.
 114. Men (siziň sözüňize gidip) iman getirenleri (ýanymdan) kowmaryn.
 115. Men diňe äşgär bir duýduryjydyryn» diýdi.
 116. Olar: «Eý, Nuh! Eger sen bu işiňden dänmeseň, takyk, seni daşlarys» diýdiler.
117. Nuh: «Eý, Perwerdigärim! Takyk, kowumym meni ýalan hasaplady.
 118. Men bilen olaryň aralaryny doly aç, meni we ýanymdaky iman getirenleri halas et!» diýdi.
 119. Biz ony we ýanyndakylary içi doly gämide halas etdik.
 120. Soň olaryň yzynda galanlary hem gark etdik.
 121. Takyk, munda ybrat bardyr. Olaryň köpüsi bolsa iman getirmedi.
 122. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
123. Ad (kowumy hem) pygamberleri ýalan hasaplapdylar.
 124. Olara öz doganlary bolan Hud: «Alladan gorkmaýarsyňyzmy?
 125. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin.
 126. Onda Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
127. Men munuň üçin sizden sylag soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň Perwerdigäridir.
 128. Bolgusyz işler bilen meşgul bolup, her depä (oýun-tomaşa üçin) bir ýadygärlik gurýarsyňyzmy?
 129. Baky galarys öýdüp, köşk-ymaratlar edinýärsiňizmi?
130. Beýlekileriň hak-hukugyny äsgermän, adamlara garşy zalymlaryňky ýaly daraşýarsyňyzmy?
131. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 132. Bilýän ähli zatlaryňyzy size üpjün edenden gorkuň!
 133. Ol size mal-mülk we perzentler berdi.
 134. Bag-bakjalar we çeşmeler berdi.
135. Men size uly günüň azabynyň gelmeginden gorkýaryn» diýdi.
136. Olar: «Sen bize wagyz-nesihat etseňem, etmeseňem, bary birdir.
 137. Takyk, bu (biziň bu işlerimiz) öňki adamlaryň ýörelgeleridir.
138. Biz azaba hem atylmarys» diýdiler.
139. Şeýdip, ony (Hud pygamberi) ýalan hasapladylar. Biz hem olary heläk etdik. Takyk, munda ybrat bardyr. Olaryň köpüsi bolsa iman getirmedi.
140. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
141. Semud (kowumy) hem pygamberleri ýalan hasapladylar.
142. Olara öz doganlary bolan Salyh: «Alladan gorkmaýarsyňyzmy?
 143. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin.
144. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 145. Men munuň üçin sizden sylag soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň Perwerdigäridir.
146. Siz bu ýerdäki zatlaryň içinde asuda goýlarys öýdýärsiňizmi?
147, 148, 149. Siz bag-bakjalaryň we çeşmeleriň içinde, ösümlikleriň we miweleri ýetişen hurma agaçlarynyň arasynda, elmydama daglardan ýonup, ajaýyp öýler ýasarys öýdýärsiňizmi?
 150. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 151. Isripçileriň emrine boýun bolmaň!
152. Olar ýeriň ýüzünde pitne-pisat, bozgaklyk çykarar, emma hiç bir zady düzetmez» diýdi.
 153. Olar: «Sen jadylanan kişi bolmaly.
154. Çünki sen biziň ýaly adamdan başga zat dälsiň. Eger dogrusyny aýdýanlardan bolsaň, bir alamat (mugjyza) görkez!» diýdiler.
155. Salyh: «Nyşana, ine, şu düýedir. Onuň üçin hem, siziň üçin hem suw içme nobaty bellenilen günlerde bolmalydyr.
 156. Zynhar, oňa bir erbetlik etmäň, soň uly günüň azaby siziň ýakaňyzdan tutar» diýdi.
 157. Muňa garamazdan, olar bu düýäni öldürdüler, soň hem puşman etdiler.
158. Şeýdip, azap olaryň ýakasyndan ýapyşdy. Takyk, munda ybrat bardyr, ýöne olaryň köpüsi iman getirmediler.
159. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
 160. Lutuň kowumy hem pygamberleri ýalan hasaplapdylar.
161. Olara öz doganlary bolan Lut: «Alladan gorkmaýarsyňyzmy?
 162. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin.
163. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 164. Men munuň üçin sizden sylag soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň Perwerdigäridir.
165. Siz dünýäde beçebazlyk edýärsiňizmi?
166. Perwerdigäriňiziň özüňiz üçin ýaradan aýallaryňyzy bolsa taşlaýarsyňyz. Ýok, dogrusy siz hetden aşan kowumsyňyz.
167. Olar: «Eý, Lut! Eger bu işiňden (pygamberlik işiňden we bizi gadagan etmäňden) dänmeseň, takyk, sen kowlanlardan bolarsyň» diýdiler.
168. Lut: «Men siziň bu amalyňyza uly ýigrenç bildirýänleriň biridirin.
 169. Eý, Perwerdigärim! Meni we maşgalamy bularyň edýän (bet) işinden gora!» diýdi.
 170. Biz ony hem, maşgalasyny hem halas etdik.
 171. Ýöne diňe yzda (heläk bolanlar bilen) galanlaryň içindäki garry aýaly (Lutuň aýalyny) halas etmedik. 172. Soň yzda galanlary ýok etdik.
 173. Olaryň üstüne (şeýle) bir (daş) ýagdyrdyk welin, öňünden duýduryş berlenlere (daş) ýagmagy nähili erbet (zatdyr)!
174. Takyk, munda ybrat bardyr, ýöne olaryň köpüsi iman getirmediler.
175. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
176. Eýke halky hem pygamberleri ýalan hasaplapdylar.
177. Şugaýyp olara: «Alladan gorkmaýarsyňyzmy?
 178. Men size iberilen ynamdar bir ilçidirin.
179. Alladan gorkuň we maňa boýun boluň!
 180. Men munuň üçin sizden sylag soramaýaryn. Meni sylaglajak diňe älemleriň Perwerdigäridir.
 181. Ölçegi (terezini dogry çekiň) doly ölçäň we ken ölçeýjilerden bolmaň!
182. (Ölçäniňizde) dogry hem düzüw terezi bilen ölçäň!
183. Ynsanlaryň (satyn alan) zatlaryny olara kem çekip bermäň (tereziden iýmäň) we ýeriň ýüzünde pitne-pisat çykarmaň!
 184. Sizi we öňki nesilleri ýaradandan gorkuň!» diýdi.
185, 186. Olar: «Sen jadylanan bolmaly. Sen özümiz ýaly adamdan başga zat dälsiň. Hatda biz seni ýalançy hasaplaýarys.
 187. Eger dogrusyny aýdýanlardan bolsaň, hany asmandan bir bölek (azaby) biziň üstümize inder, göreli» diýdiler.
188. Şugaýyp: «Perwerdigärim siziň edýän işiňizi has gowy bilýändir» diýdi.
 189. Şeýdip, (eýke halky hem Şugaýby) ýalan hasapladylar. Şol sebäpli, hem kölegeli günüň azaby olaryň ýakasyndan ýapyşdy. Ol aýylganç günüň azabydy. Düşündiriş: Ilki yssy bolupdyr, soň bulutlar gelipdir. Adamlar, yssydan goranmak üçin, bulutlaryň kölegeleriniň aşagyndakalar bolsa, olardan ot-ýalyn ýagyp başlapdyr we olary heläk edipdir.
 190. Takyk, munda ybrat bardyr, ýöne olaryň köpüsi iman getirmediler.
 191. Takyk, seniň Perwerdigäriň Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
 192. Takyk, bu hem (Kuran) älemleriň Perwerdigäriniň inderenidir.
 193. Ony Ruhul-emin (Jebraýyl) getirendir.
 194, 195. Ony seniň kalbyňa duýduryjylardan (pygamberlerden) bolmagyň üçin äşgär bolan arap dilinde inderendir.
196. Takyk, ol öňki (pygamberleriň) kitaplarynda hem bardyr.
 197. Ony ysraýyl ogullarynyň alymlarynyň bilýän bolmaklary olar üçin bir delil dälmi?
 198, 199. Eger biz ony arap dällere inderen bolsadyk, ol hem ony olara okap bersedi, şonda-da olar oňa iman getirmezdiler.
 200. Şeýdip, biz ony (Kurany inkär etmekligi) günäkärleriň ýüreklerine saldyk.
 201. Olar jebir-jepaly azaby görýänçäler oňa iman getirmezler.
202. Ol azap olara birden, duýdansyz geler.
 203. Şonda olar: «Biz pursat berlenlerden bolup bilerismi?» diýerler.
 204. Olar biziň azabymyza howlukdylarmy?
 205. Nähili görýärsiň? (Eger biz olara) ençe ýyllap nygmatlardan peýdalanmaklaryna mümkinçilik bersek! 206. Soň hem özlerine wada berlen azap gelse!
 207. Olara berlen mümkinçilikleriň heý bir peýdasy bolmarmy?
208. Biz pygamber (iberilmedik) hiç bir ýeri heläk eden däldiris.
209. Bu bir ýatlatmadyr we Biz zalym däldiris.
210. Ony (Kurany) şeýtanlar indermedi.
 211. Muny (indermäge) olar laýyk däl we olaryň muňa güýçleri hem ýetmez.
 212. Takyk, olar wahyny eşitmekden daş edildi.
213. Allanyň ýany bilen başga hudaýy çagyrma, ýogsa azap berlenlerden bolarsyň.
 214. Ýakyn bolan garyndaşlaryňa duýduryş ber!
 215. Özüňe tabyn bolan möminlere ganatyňy ýaý!
 216. Eger saňa garşy gelseler, onda sen: «Men siziň edýän işleriňizden daşdadyryn, bizardyryn» diýip aýt. 217. Gudraty güýçli we Rehim-şepagatly (Alla) bil bagla!
 218. Ol seni (gije namaza) durýanyňy hem görýändir.
 219. Sežde edýänleriň arasyndakaň (sežde, rukug we oturup ybadat edişiňi) hem görýändir.
220. Takyk, Ol (ähli) zady eşidýändir, bilýändir.
 221. Size şeýtanlaryň kimlere inýändiklerini habar bereýinmi?
 222. Olar (şeýtanlar) töhmetçi-günäkär bolanlaryň hemmesine inerler.
223. Bular şeýtanlara gulak asarlar we köpüsi hem ýalançydyrlar.
 224. Şahyrlara bolsa ýoldan çykanlar tabyn bolarlar.
 225, 226. Eýsem, sen olaryň her derede (meselede) aýlanyp ýörendiklerini, özleriniň etmedik işlerini aýdýandyklaryny görmediňmi?
227. Emma iman getirip, ýagşy işleri edenler we Allany köp ýatlaýanlar, şeýle- de özlerine zulum edilenden soň üstün çykan şahyrlar (beýle däldir). Zulum- sütem edenler tiz wagtda nähili pellä baryp ýetjekdiklerini görerler!