1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 54. Eý, iman getirenler! Sizden kim dininden dänse, (Alla olaryň ýerine) Özüniň söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, möminlere pespäl (rehimli), kapyrlara (garşy) gazaply, Allanyň ýolunda söweşýän we hiç bir ýazgaryjynyň ýazgarmagyndan gorkmaýan bir kowum (millet) getirer. Bu (ýagşy sypatlar) Allanyň (bendelerine beren) pazly-keremidir, ony islänine berer. Allanyň pazly-keremi giňdir we (kimiň mynasypdygyny Özi) has gowy bilýändir.

Başy » Sözbaşy » 30-njy süre: Rum

«Rum» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 60 aýatdan ybaratdyr. Eýrandaky sasanlylar bilen bolan söweşde ýeňlen Rum (Wizantiýa) goşunynyň olary ýakyn wagtda ýeňjekdikleri barada habar berilýändigi üçin bu süre «Rum» diýlip atlandyrylypdyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3, 4, 5. Elif, Läm, Mim. Rumlular (araplara) ýakyn bir ýerde (parslardan) ýeňildiler. Olar özleriniň bu ýeňlişinden birnäçe ýyl soň (parslary) ýeňerler. Öňde- soňda höküm-netije Allanyňkydyr (Ol näme islese şol bolar). Şol gün möminler Allanyň kömegi bilen şatlanarlar. Alla Öz islänine kömek berer. Ol Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr. Düşündiriş: Ähli-kitap bolan rumlular (wizantiýalylar) otparaz bolan parslardan ýeňlipdi. Mekgäniň kapyrlary muňa örän begendiler we musulmanlara: «Eger Alla siziň aýdyşyňyz ýaly, ýeke-täk ýeňiji bolsady, ähli- kitapdan bolan rumlular ýeňerdiler» diýip gyjalat berdiler. Şol sebäpli, Kuran bir mugjyza hökmünde geljekde boljak söweşde rumlularyň ýeňiş gazanjakdyklaryny habar berdi. Takyk, Kurany Kerimiň habar berşi ýaly, 624-nji ýylda rumlular parslary ýeňdiler.
 6. (Bu) Allanyň (beren) wadasydyr. Alla wadasyny bozýan däldir. Ýöne köp ynsanlar muny bilmez.
 7. Olar dünýadäki ýaşaýşyň diňe (daşky) görnüşini bilýärler we olar ahyretden bihabardyrlar.
 8. Olar özlerinden bilip, Allanyň asmanlary, ýeri we olaryň ikisiniň arasyndaky zatlary (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen belli wagtyň içinde ýaradandygy barada pikir etmeýärlermi? Takyk, adamlaryň köpüsi özleriniň Perwerdigärine gowuşjakdyklaryny inkär edýärler.
 9. Olar ýer ýüzüne syýahat edip, özlerinden öňki (milletleriň, ymmatlaryň) ahyrky netijeleriniň nähili bolandygyny görmedilermi? (Ýogsa) öňki ymmatlar olardan has güýçlüdiler, ýeri agdar-düňder etdiler (ýerden doly peýdalandylar) we bularyň guran binalaryndan hem has köp bina gurupdylar. Olaryň pygamberleri hem ençeme äşgär deliller getiripdiler. Elbetde, Alla olara zulum etmedi, emma olaryň özleri özlerine zulum etdiler.
10. Allanyň aýatlaryny ýalan hasaplap, olary ýaňsylamak ýaly erbet ýaman işleri edenleriň soňy gaty erbet boldy.
 11. Alla barlyklary ýaratdy, soň bolsa ony (ölenden soň täzeden) ýaradar. Ahyrynda siz Oňa dolanyp bararsyňyz.
 12. Kyýamat gopjak güni günäkärler umytsyz galarlar.
 13. Olaryň (Alla goşan) şärikleriniň arasyndan özleri üçin şepagatçy (hemaýatkär) çykmaz. Olar öz goşan şäriklerini hem özleri inkär ederler.
14. Kyýamat güni olar (iman getirenler bilen inkär edenler) biri-birlerinden aýrylarlar.
 15. Iman getirip, ýagşy işleri edenler jennetiň bag-bakjalarynda şatlykda (göwnühoşlukda) bolarlar.
 16. Emma inkär edip, biziň aýatlarymyzy we ahyreti ýalan hasaplanlar bolsa azaba duçar bolarlar.
 17. Şonuň üçin siz agşama ýeten wagtyňyzda we säher bilen turanyňyzda Allany tesbih ediň!
 18. Asmanlarda we ýerde, gündiziň başynda (öýle) we gündiziň ahyrky (ikindi) wagtlarynda hem ähli hamdy- senalar Alla degişlidir.
19. Ol ölüden dirini we diriden ölüni çykarýandyr. Ýere, topraga hem öleninden soň Ol jan berýändir. Ine, şunuň ýaly siz hem (kyýamat gününde guburlaryňyzdan) çykarylarsyňyz.
 20. Onuň (barlygynyň) delillerinden biri sizi toprakdan ýaratmagydyr. Soň siz ynsanlar (dumly-duşa) ýaýradyňyz.
 21. Siziň ysnyşmagyňyz üçin öz (jynsyňyzdan) jübüt taý ýaradyp, araňyzda söýgi we mähir-muhabbet döretmegi hem Onyň (barlygynyň) delillerindendir. Elbetde, bu zatlarda pikir edýänler üçin ybrat bardyr.
 22. Asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşy, dilleriňiziň we reňkleriňiziň biri- biriňiziňkiden tapawutly bolmagy hem Onuň (barlygynyň) delillerindendir. Elbetde, bu zatlarda bilip, göz ýetrimek isleýänler üçin ybrat bardyr.
23. Siziň gije we gündiz uklamagyňyz (dynç almagyňyz) we Onuň pazly- kereminden islemegiňiz (gazanç etmegiňiz) Onuň (barlygynyň) delillerindendir. Elbetde, bu zatlarda eşidýän (diňleýän) kowum üçin ybrat bardyr.
 24. Size gorky we umyt bermek üçin ýyldyrymy görkezmegi, asmandan suw indermegi, şol suw bilen, ölüminden soň (guraklykdan guran) topragy (täzeden) direltmegi Onuň (barlygynyň) delillerindendir. Elbetde, bu zatlarda akylyny ulanýanlar üçin alamatlar bardyr.
 25. Asmanyň we ýeriň Allanyň emri bilen durmagy hem Onuň (barlygynyň) delillerindendir. Soň Ol sizi çagyranda, siz (guburlaryňyzdan) çykyp gelersiňiz.
 26. Asmanlardakylar we ýerdäkiler Allanyňkydyr we olaryň hemmesi Oňa boýun egýändirler.
 27. Ähli zady ilkibaşda ýaradyp, soň bolsa (ölenlerinden soň) olary gaýtadan ýaradan Oldur we bu iş Onuň üçin örän aňsatdyr. Asmanlarda we ýerde iň beýik sypatlar Oňa degişlidir. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 28. Alla size siziň özüňizden mysal getirýär. Heý, gol astyňyzdaky gullara hojaýynlyk etmekde size beren rysgallarymyzda, biri-biriňizden çekinjek derejede siziň bilen deň (hukuklara eýe boljak) şärikleriňiz barmy? Ine, akylyny ulanyp, pikirlenjekler üçin Biz, şeýdip, aýatlarymyzy düşündirýäris.
 29. Ýöne zulum edýänler nadanlyk bilen özleriniň haý-höweslerine eýerdiler. Allanyň azaşdyran kişisini kim dogry ýola salyp biler. Olaryň hiç hili kömekçisi hem ýokdur.
 30. (Eý, Muhammet!) Allanyň ynsanlary ýaradan tebigaty (ýekehudaýlylyk ynanjy) bilen ýüzüňi hanyf (hak dinli) bolup diňe Oňa öwür! Allanyň ýaradyşynda hiç hili üýtgeşme ýokdur! Ine, bu dogry dindir. Ýöne adamlaryň köpüsi muny bilmezler.
 31. Hemmäňiz Oňa ýüzleniň, Ondan gorkuň, namazy berjaý ediň we (Alla) şärik goşanlardan bolmaň!
 32. (Olar) dinlerini bölýärler we toparlara bölünýärler! (Beýle bolan) toparlar (diňe) özlerinde bolan zat (öz ynanýan zatlary) bilen öwnerler.
 33. Ynsanlar bir bela duçar bolsalar, Oňa ýüzlenip ýalbar-ýakar (dileg) edýärler. Alla Öz pazly-kereminden olara rahmet dadyrsa olaryň içinden bir topary özleriniň Perwerdigärine şärik goşýarlar.
 34. Goý, olar özlerine beren nygmatlarymyzy inkär etsinler. Goý, keýpi-sapa sürsünler. Olar (munuň netijesini) tiz wagtda bilerler.
35. Ýa-da olar (Alla) şärik goşar ýaly, Biz näme olara bir anyk delil iberdikmi?
 36. Adamlara bir rahmet (ýagşylyk) bersek olar şoňa şat bolarlar. (Emma) öz elleri bilen eden işleri sebäpli, bir kynçylyga duçar bolsalar welin, onda olar dessine umytlaryny ýitirýärler.
 37. Olar Allanyň islänine rysgaly bol edip berýändigini, islänine hem az berýändigini görmedilermi? Munda iman getiren bir kowum üçin ybrat bardyr.
 38. Şonuň üçin sen dogan-garyndaşlaryň bilen (ýagşy gatnaşyk et), garyp- gasarlara (zekat-sadaka ber) we daş ýola sapara çykanlara hem (kömek-goldaw) ber! Şeýle etmek Allanyň razyçylygyny isleýän kişi üçin örän haýyrlydyr we hut şolar (kyýamat gününde) üstünlik gazananlardyr.
 39. Adamlaryň mal-mülklerini artdyrmak maksady (süýthorluk niýeti bilen) beren zadyňyz Allanyň ýanynda köpelmez. Emma Allanyň razyçylygyny almak üçin beren zekatyňyz bolsa, ine, şol zekat beren kişiler (mal-mülklerini we sogaplaryny) esseläp artdyran kişilerdir.
 40. Alla sizi ýaratdy, soň rysgal-döwlet berdi, soň siziň janyňyzy alyp (kyýamat gününde) täzeden direlder. Heý, siziň Alla goşýan şärikleriňizden bulary edip biljegi barmy? Alla olaryň goşýan şäriklerinden örän päkdir we örän beýikdir.
41. Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Alla olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar. 410
42. Aýt (eý, Muhammet!): «Siz ýer ýüzüne aýlanyň we öňki milletleriň ahyrky netijeleriniň nähili bolandygyny görüň! Olaryň köpüsi Alla şärik goşan kişilerdi».
 43. Yza gaýdyş bolmaýan (kyýamat) güni gelmezden öň ýüzüňi hakyky dine öwür! Şol gün (adamlar) birnäçe topara bölünerler.
 44. Kim inkär etse, onuň inkär etmegi özüniň zyýanyna bolar. Emma ýagşylyk edýän kişiler bolsa özleri üçin (jennetde) ýer taýýarlaýandyrlar.
 45. Çünki Alla iman getirýän we gowy- sogap işleri edýän kişilere Öz pazly- kereminden sylag berer. Takyk, Ol inkär edenleri halamaz.
46. Allanyň rahmetinden datmagyňyz, (Onuň) emri bilen gämileriň (suwda) ýüzmegi, (Onuň) pazly-kereminden öz nesibäňizi almagyňyz üçin (ýaşaýşyň we bereketiň) buşlukçysy hökmünde ýelleri ibermegi hem Allanyň (barlygynyň we gudratynyň) bir delilidir.
47. Takyk, Biz senden öň hem her kowuma ilçiler iberdik. Olar halkyna äşgär deliller getirdiler. (Emma olary diňlemän) günä iş edenleriň hem jezalaryny berdik. Möminlere ýardam bermek hem Bize borç bolupdy.
 48. Alla ýelleri iberýär. Ol ýeller bolsa, bulutlary getirýändir. Alla olary isleýşi ýaly asmanda ýaýradýar, ýazýar, olary bölek-bölek edýär. Soň hem olaryň arasyndan ýagşyň çykýandygyny görersiň. Alla gullaryndan islän kişisine ýagşy nesip etse (ýagdyrsa), ol bendeler örän şat bolarlar.
 49. Aslynda, olar ýagyş ýagdyrylmagyndan öň umytlaryny ýitiripdiler.
 50. Allanyň rahmetiniň täsirine bir seret! Ol nähili edip öleninden soň ýeri direldýär. Elbetde, Allanyň ölüleri direltjekdiginde hem şek-şübhe ýokdur. Takyk, Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 51. Biz eger ýel ibersek we olar ekinleriniň saralandygyny görseler, soň olar dessine (Allanyň nygmatlaryny) inkär etmäge başlarlar.
 52. (Eý, Muhammet!) Elbetde, sen ölülere sözüňi eşitdirip bilmersiň we yzlaryna öwrülip gidip barýan kerlere-de bu çakylygy eşitdirip bilmersiň!
53. Elbetde, sen (kalby) körleri hem azgynçylyklaryndan gaýtaryp, dogry ýola salyp bilmersiň. Sen diňe Biziň aýatlarymyza iman getirip, musulman bolan bendelere eşitdirersiň.
 54. Alla, sizi ejiz, güýçsüz edip ýaratdy. Bu ejizlikden soň bolsa güýç-kuwwat berdi, bu güýçden soň ýene-de ejizlik we garrylyk berdi. Ol islän zadyny ýaradar. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir.
55. Kyýamat güni bolanda günäkärler: «Biz dünýäde gaty az ýaşadyk» diýip kasam ederler. Ine, olar (dünýäde hem haky) şonuň ýaly ýalan hasaplardylar.
 56. Özlerine iman nesip eden we ylym berlen kişiler bolsa: «Allanyň ýazgydyndaky ýaly siz täzeden direldiliş gününe çenli ýaşadyňyz. Ine, bu gün bolsa täzeden direldiliş günüdir. Emma siz ony bilmeýärdiňiz» diýerler.
57. Ine, şol gün zulum edenleriň tapýan bahanalary olara peýda etmez we olardan Allany razy etjek amallar hem talap edilmez.
 58. Takyk, biz bu Kuranda adamlar üçin dürli-dürli mysallar berdik. (Eý, Muhammet!) Eger sen Olara bir mugjyza görkezseň, şonda-da olar (inkär edýänler): «Siz diňe batyl zatlary aýdýarsyňyz» diýerler.
59. Alla şeýdip, bilmeýänleriň (haky görmeýänleriň) kalplaryny möhürleýär.
 60. (Eý, Muhammet!) Sabyr et! Takyk Allanyň wadasy hakdyr. (Bu hakykata) ýürekden ynanmadyklar hiç haçan seni alada salmasyn (diniňizden sowatmasyn)!