1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

62.9. Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!

Başy » Sözbaşy » 35-nji süre: «Fatyr» («Dörediji»)

«Fatyr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 45 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Dörediji» manysyny aňladýan «Fatyr» sözünden gelip çykýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ähli hamdy-sena asmanlary we ýeri ýokdan dörediji, iki, üç we dört ganatly perişdeleri ilçiler eden Alla mahsusdyr. Ol ýaratmagyny isleýşi ýaly artdyrar. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 2. Alla ynsanlara, haýsy-da bolsa, bir rahmet gapysyny açsa, oňa hiç kim böwet bolup bilmez. Allanyň tutan (saklan) zadyny, ondan soň boşadyp bilen bolmaz. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 3. Eý, adamlar! Allanyň size beren nygmatlaryny ýada salyň! Alladan başga size asmandan we ýerden rysgal berip biljek ýaradyjy barmy? Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Bu ýagdaýda näme üçin (küpüre) gaýdyp gelýärsiňiz?
 4. Eger seni ýalan hasaplaýan bolsalar (gynanma). Çünki senden öňki pygamberleri hem ýalan hasaplapdylar. Ähli işler Alla dolanyp barar.
 5. Eý, ynsanlar! Elbetde, Allanyň beren wadasy hakykatdyr. Ägä boluň! Dünýä ýaşaýşy sizi aldamasyn! Ol ýalançy (şeýtan) sizi Alla hakda («Alla günäleri geçer» diýip) aldawa düşürmesin!
 6. Takyk, şeýtan siziň duşmanyňyzdyr. Şonuň üçin siz hem ony özüňize duşman biliň! Ol tarapdarlaryny diňe oda laýyk kişiler bolmaklary üçin çagyrýar.
 7. Inkär edenlere bolsa örän ýowuz azap bardyr. Emma iman getirenlere we ýagşylyk edýänlere ýalkaw we uly sylag- sogap bardyr.
 8. Edýän ýaramaz işleri özüne gowy görkezilen we olary gowy gören kişi (heý- de erbetlik etmeýän kişi ýaly bolarmy?). Takyk, Alla Öz islänini ýoldan çykarar, islänini bolsa dogry ýola gönükdirer. Şol sebäpli, olar üçin göwnüň ynjamasyn. Elbetde, Alla olaryň edýän zatlaryny bilýändir.
 9. Ýelleri iberip, bulutlary hereketlendirýän Alladyr. Soň Biz ony bir öli ýurda ýollarys we şonuň bilen ölüminden soň ýeri janlandyrarys. (Ölen adamlaryň) täzeden direlmegi hem şonuň ýaly bolar.
 10. Kim yzzat we at-abraý isleýän bolsa, ähli şan-şöhrat Alla degişlidir. Oňa (Alla) diňe gowy sözler baryp ýeter (Allanyň huzurynda gymmatlydyr). Olary bolsa ýagşy işler ýokary çykarar. Erbet işler bilen dürli duzaklar gurýanlara bolsa örän ýowuz azap bardyr. Olaryň guran duzaklary hökman bozular.
 11. Alla sizi ilki toprakdan, soň bir damja suwdan ýaratdy. Soň bolsa jübüt taýlara böldi. Hiç bir aýal (maşgala) Allanyň eradasy (ygtyýary) bolmazdan, ne hamyla galyp biler, ne-de dogrup biler. Ömrüniň uzaldylmasy ýa-da gysgaldylmasy anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylmadyk hiç bir ýaşaýjy ýokdur. Elbetde, bu Alla üçin örän aňsatdyr.
 12. Iki deňiz biri-biri bilen deň däldir. Olaryň biri süýji, içmäge ýakymly bolup, beýlekisi duzly we ajydyr. Emma olaryň ikisinden hem täze et iýýärsiňiz we dakynýan bezegleriňizi çykarýarsyňyz. Sen, Allanyň rysgalyny gözlemegiňiz we Oňa şükür etmegiňiz üçin, deňzi hem böwsüp-böwsüp gidýän gämiler bilen görersiň.
 13. Alla gijäni gündize, gündizi bolsa gijä girizendir, Güni we Aýy (Özüne) tabyn edendir. Olaryň hemmesi bellenilen wagta çenli hereket eder. Ine, (şeýle zatlary ýaradan) Alla siziň Perwerdigäriňizdir. Mülk (hökümdarlyk) Oňa mahsusdyr. Alladan başga dileg edýänleriňiz gabyk ýalyjak zadyň hem eýesi däldirler.
 14. Eger olary (kömege) çagyrsaňyz hem, olar sizi eşitmezler. Eşitseler-de, size jogap berip bilmezler we kyýamat gününde-de siziň şärik tutunmagyňyzy inkär ederler. Hiç kim saňa (bu zatlary) ähli zatdan habarly (Alla) ýaly ýetirip bilmez.
 15. Eý, adamlar! Siz Alla mätäçsiňiz. Emma Alla baýdyr (hiç zada mätäç däldir) we hamdy-sena edilmäge mynasypdyr.
 16, 17. Eger Ol, islese, sizi düýbünden ýok edip, siziň ýeriňize bir täze halky getirip biler. Bu bolsa Alla üçin müşgil däldir.
 18. Günäkärleriň hiç haýsysy başga biriniň günäsini götermez. Ýüki (günäsi) agyr bolan adam (ony göterişmegi üçin başga birini kömege) çagyrsa, çagyrylan adam onuň ýakyn garyndaşy bolsa-da, onuň ýükünden hiç zat göterip bilmez. Sen (bu zatlary) diňe gözleri bilen görmezden özleriniň Perwerdigärinden gorkýanlara we namaz okaýanlara duýduryp bilersiň. Kim (günäden) päklense, diňe özi üçin päklenýändir. Gaýdyş diňe Alla tarapdyr.
 19. Heý, kör bilen görýän (adam) deň bolarmy?!
 20. Heý, zulmat (tümlük) bilen ýagtylyk deň bolarmy?!
 21. Heý, kölege bilen yssy (jöwza) deň bolarmy?!
 22. Heý, diriler bilen ölüler deň bolarmy?! Elbetde, Alla Öz islänine eşitdirer. Sen guburdakylara eşitdirip bilmersiň.
 23. Sen diňe bir duýduryjysyň.
 24. Biz seni, hak (we hikmet) bilen buşlukçy we duýduryjy edip iberdik. Aslynda, arasynda duýduryjy bolmadyk hiç bir millet ýokdur.
 25. Seni ýalan hasaplasalar (gynanma), senden öňküler hem ýalan hasaplanylypdy. Pygamberleri olara aýdyň deliller (mugjyzalar), sahypalar we aýdyňlaşdyryjy kitap getiripdiler.
 26. Soň bolsa biz inkär edenleri garbap tutduk. Gör, Meniň jezam nähili boldy?!
27. Sen Allanyň asmandan suw inderýändigini, soň onuň bilen dürlü- dürli reňkdäki miweleri çykarýandygyny görmediňmi? Daglardan bolsa ak, gyzyl, al-elwan reňklerde ýollary we şargara daglary (döretdik).
 28. Şonuň ýaly dürli reňkde adamlary, mallary we haýwanlary (ýaratdyk). Onuň bendeleriniň arasynda diňe (hakyky) alymlar Alladan çyn ýürekden gorkýandyrlar. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.
 29. Takyk, Allanyň kitabyny (Kurany) okaýanlar, namazy birkemsiz berjaý edýänler we biziň beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) gizlin we äşgär sarp edýänler hiç hili ýitgisi bolmajak söwdadan umydygär bolarlar.
 30. Sebäbi Alla olaryň sylaglaryny doly ýetirer we Öz pazly-kereminden olara has artdyryp berer. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, şükür edýäniň sylagyny artykmajy bilen berýändir.
 31. Saňa wahyý eden (inderen) bu kitabymyz senden öňki (inderilen mukaddes) kitaplary tassyklaýjy hakykatdyr. Takyk, Alla bendelerinden habardardyr we (olary) görýändir.
 32. Soň bolsa Biz kitaby bendelerimiziň arasyndan saýlap-seçenlerimize berdik. Olardan özlerine zulum edenler (käbir günä işlere bulaşanlar), ortaça bolanlar (parz amallary ýerine ýetirip, haram işlerden gaça duranlar) we Allanyň ygtyýar bermegi bilen haýyrly işlerde öňe geçmek üçin ýaryşýanlar hem bardyr. Ine, bu bolsa örän uly pazly-keremdir (artykmaçlykdyr).
 33. Olara girerleri ýaly «Adn» jennetleri bardyr. Şol ýerde olar altyn bilezikler we dürler bilen bezenerler. Olaryň jennetdäki egin-eşikleri ýüpekdendir.
 34. (Olar jennetde): «Bizden gam- gussamyzy aýran Alla hamdy-senalar bolsun! Takyk, Perwerdigärimiz Bagyşlaýjydyr, şükür edýäniň sylagyny artykmajy bilen berýändir.
 35. Ol şeýle bir Perwerdigär bolup, bizi Öz pazly-keremi bilen (esasy) ýaşanyljak ýurda (jennete) ýerleşdirdi. Ol ýerde bize ne ýadawlyk geler ne-de bizarlyk» diýerler.
36. Inkär edenlere bolsa dowzah ody bardyr. Olara ölerleri ýaly ölüm hem berilmez, dowzah azaby hem ýeňilleşdirilmez. Iňňän inkär ediji bolan kişilere Biz, ine, şeýle jeza berýändiris.
 37. Olar ol ýerde: «Eý, Perwerdigärimiz! Öňki eden işlerimizden başga ýagşy işleri etmegimiz üçin bizi (dowzahdan) çykar» diýip, dady-perýat ederler. Biz size (dünýäde), pikirlenjek kişiniň pikirlenip bilmegi üçin ýeterlik ömür bermedikmi? Size duýduryjy hem gelipdi. Indi bolsa azaby dadyň! Zalymlaryň hiç hili kömekçisi boljak däldir.
 38. Takyk, Alla asmanlaryň we ýeriň gaýyby habarlaryny (gizlinliklerini) bilýändir. Takyk, Ol gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
 39. Sizi ýer ýüzüne oruntutar eden Ol (Alladyr). Kim inkär etse, onuň inkär etmegi özüniň zyýanynadyr. Kapyrlaryň inkär etmegi Perwerdigäriňiziň huzurynda diňe gahar-gazaby artdyrar. Kapyrlaryň inkär etmegi diňe özlerine bolan zeperi artdyrar.
 40. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Alladan başga (kömege) çagyrýan şärikleriňizi gördüňizmi? Maňa olaryň ýer ýüzünde näme ýaradandygyny görkeziň! Ýa-da olaryň asmanlaryň (ýaradylmagynda) goşan goşantlary barmy? Ýa bolmasa olar biziň özlerine inderen bir kitabymyzdan bir tutaryga daýanýarlarmy? Ýok! Zalymlar biri- birlerlerine diňe aldawy wada berýärler.
 41. Alla asmanlary we ýeri ýitip ýok bolmagyndan goraýar. Eger olar ýitip ýok boljak bolsa, Alladan başga ony saklap biljek hiç kim ýokdur. Takyk, Ol Halymdyr (howlugýan däldir), Bagyşlaýjydyr.
 42. Olar özlerine bir duýdyryjy gelse, beýleki milletleriň her haýsyndan has köpräk dogry ýola girjekdikleri barada Alladan berk kasam etdiler. Olara bir duýduryjy gelende, bu olaryň diňe (hakdan) daş düşmeklerine sebäp boldy.
 43. Sebäbi olar ýer ýüzünde tekepbirlik edýärdiler we örän erbet hileler gurýardylar. Elbetde, gurlan hileler diňe eýelerine zyýan ýetirer. Dogrusy, olar öňki ýaşanlaryňkydan başga kanuna (ýazgyda) garaşýardylar. Emma Allanyň kanunynda hiç hili üýtgeşiklik tapmarsyň. Elbetde, Allanyň kanunynda hiç hili özgerme tapmarsyň.
 44. Olar ýer ýüzüne aýlanyp, özlerinden öňki milletleriň ahyrky netijeleriniň nähili bolandygyny görmeýärlermi? Aslynda, öňki milletler olardan has güýçlüdiler. Ne asmanlarda, ne-de ýerde Allany ejizledip biljek (Allanyň azabyndan halas boljak) hiç zat ýokdur. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir.
 45. Eger Alla ynsanlary edýän işleri sebäpli, jezalandyrsady, onda Ol ýer ýüzünde hiç bir janly-jandar goýmazdy. Ýöne (Alla) olary belli bir wagta çenli jezalandyrmaýar (gijikdirýär). Emma olaryň wagty gelende, Allanyň öz bendelerini görüp durandygy äşgär (hakykatdyr, olara eden işlerine görä jeza berer).