1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.

Başy » Sözbaşy » 70-nji süre: «Magaryj» («Belentlik derejeleri»)

«Magaryj» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 44 aýatdan ybaratdyr. Süre öz adyny üçünji aýatda agzalýan «Belentlik derejeleri» manysyndaky «Magaryj» sözünden alandyr. Bu sürede mekgeli kapyrlaryň ahyreti inkär etmekleri we pygamberi ýalançy hasaplamaklary ýazgarylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 
 1, 2, 3. Bir soragçy derejeleri (beýgeltmek güýjüne) eýe Alladan kapyrlaryň başyna geljek azaby sorady. (Ol azaby kapyrlardan) dep edip biljek güýç ýokdur.
 4. Perişdeler we Ruh (Jebraýyl) ol ýere dowamlylygy elli müň ýyl bolan bir günde çykarlar.
 5. Bes, sen (kapyrlaryň ezýetlerine) çyndan sabyr et!
 6. Takyk, olar ony (azaby) daş görýärler (hasaplaýarlar).
7. Biz ony ýakyn görýäris.
 8. Ol günde asman erän magdan (ýa-da ýag) kimin bolar.
 9. Daglar bolsa tüýdülen ýüň ýaly bolar.
10. (Hiç bir çyn) dost (öz) dostunyň (ýagdaýyny) soramaz (biljek bolmaz).
 11, 12, 13, 14. Olar biri-birlerine görkeziler (ýöne her kim öz derdindedir). Günäkär bolan her kim ol günki azapdan (halas bolmak üçin) ogullaryny, ýanýoldaşyny, doganyny, özüne degişli bolan neberesini, (hatda) dünýädäkileriň hemmesini FIdýe (töleg) berip (pida edip), soň hem halas bolmak islär.
 15, 16. Ýok! Bu mümkin däl. Ol (dowzah) alawlap ýanýandyr we ol (beden agzalarynyň) derisini ýakar
. 17, 18. Ol (ot imandan we Hakdan) ýüz öwreni hem-de baýlyk ýygnap, (haýyr işlerde sarp etmeýäni) özüne çagyrar.
19. Takyk, ynsan harsydünýä (we bisabyr) edilip ýaradylandyr.
 20. Başyna dert gelse dady-perýat eder.
 21. Emma haýra (baýlyga) gowşansoň (welin) husytlaşar.
 22, 23, 24, 25. Meger namazlaryny yzygiderli berjaý edýänler hem-de öz emläklerinden mätäçleriň we (mal- mülkden) mahrum bolanlaryň paýlarynyň bardygyny bilýänler (beýle däldirler).
 26. Olap din (hasap) gününi ykrar edýändirler.
 27. Olar özleriniň Perwerdigäriniň (berjek) jezasyndan gorkýandyrlar.
 28. Takyk, Perwerdigäriň azabyndan hiç kim arkaýyn däldir.
 29, 30. Meger namyslaryny aýallaryndan we gyrnaklaryndan başgalaryndan goraýanlar (zyna golaýlaşmaýanlar), ine, (bular ýazgarylmazlar).
 31. Indi kim bu (aýdylanlardan) özgäni islese, olar hetden aşanlardyr.
 32, 33, 34, 35. Öz üstlerine alan amanatlaryna wepaly bolup, beren sözlerinde tapylýanlar, şaýatlyklaryny (dogry-dürs) berjaý edýänler, namazlaryny yzygiderli berjaý edýänler, ine, bular jennetde sylag-hormata (näzi- nygmata) gowşarlar.
 36, 37. (Eýsem) ol inkär eden (kapyrlara) näme bolýar? Olar sagdan-çepden, dagynyk topar bolup, saňa tarap ylgaşýarlar.
 38. Olaryň her haýsy (iman getirmezden) «Nagym» jennetlerine girmäge tama edýärlermi?
 39. Ýok (tama etmesinler)! Biz olary (hem, beýleki ynsanlar ýaly), özleriniň bilýän zatlaryndan (erkeklik suwundan) ýaratdyk (emma olar ybrat almadylar).
 40, 41. Ýok (Allanyň düzgün- nyzamy olaryň pikir edişi ýaly däldir). Gündogarlaryň we Günbatarlaryň Perwerdigärine kasam bolsun! Biz (olaryň deregine) olardan hem has haýyrly (ymmat) getirmäge güýjümiz ýetýändir. Hiç kim (hem) Biziň öňümize geçip bilmez.
 42. Sen olary (öz hallaryna) goý! Degme, olar wada berlen gün gelýänçä (batyl zatlara) çümüp (biderek) oýnap (gezip) ýörsünler!
 43, 44. Ol gün olar, dikilen zada (butlara) ylgap gidýän ýaly gözleri horlukdan ýaňa aşak sallanan, özlerini hem durky bilen peslik gurşap alan ýagdaýda gabyrlaryndan çaltlyk bilen atylyp çykarlar. Bu olara wada berlen gündür.