1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.

Başy » Sözbaşy » 34-nji süre: Sebe

«Sebe» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 54 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ady 15-nji aýatda agzalýan we Yemende bir milletiň ady bolan sebe sözünden gelip çykýar. Bu sürede Dawut pygambere berlen zatlar we jynlaryň Süleýman pygamberiň hyzmatynda bolandyklary barada gürrüň berilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Hamdy-sena asmanlardaky we ýerdäki ähli zadyň eýesi bolan Alla mahsusdyr. Şeýle hem ahyretde-de öwgi Oňa mahsusdyr. Ol hikmet eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr.
 2. Ol ýeriň içine girýän zady we ýerden çykýan zady, asmandan inýän zady we asmana çykýan zady bilýändir. Alla Rehim-şepagatlydyr, Bagyşlaýjydyr.
 3. Inkär edýänler: «Kyýamat hiç haçan gelmez» diýerler. Sen olara: «Ýok, gaýyby bilýän Perwerdigärimden kasam edýärin! Kyýamat size hökman geler» diýip aýt. Asmanlarda we ýerde zerre ýalyjak zatlar hem Ondan gizlin galyp bilmez. Ondan kiçi bolsun, uly bolsun, hemmesi äşgär kitapda ýazylandyr.
 4. (Bu sebäpli) Alla iman getirenleri we ýagşy işleri edýänleri sylaglandyrar. Olara bagyşlanma, örän mübärek rysgal bardyr.
 5. Aýatlarymyzyň ündewlerini ýok etmek üçin jan edip urunýanlara bolsa iňňän erbet we ezýet beriji azap bardyr.
 6. Özlerine ylym berlenler Perwerdigäriňden saňa inderileniň hakykatdygyny we onuň Gudraty güýçli we hakyky öwgä mynasyp bolan (Allanyň) ýoluna gönükdirýändigini görýärler.
 7. Inkär edýänler: «Size, bölek-bölek bolup pytrap gideniňizden soň, täzeden ýaradyljakdygyňyzy habar berýän kişini görkezelimi?
 8. Ol ýa Alla töhmet atýar ýa-da ol däli» diýerler. Ýok, ahyrete ynanmaýanlar azabyň we çuň azgynlygyň içindedirler.
 9. Olar asmandan we ýerden öňlerine we yzlaryna (özlerini ähli tarapdan gurşap alan) asmana we ýere seretmeýärlermi? Eger islesek, Biz olary ýere sokarys ýa- da üstlerine asmandan bölekler (ýagyş, ýyldyrym) ýagdyrarys. Elbetde, bu zatlarda her bir Alla ýönelen bende üçin ybratlar bardyr.
 10, 11. Takyk, Biz Dawuda beýik mertebe berip: «Eý, daglar we guşlar! Onuň bilen bilelikde tesbih ediň» diýdik. Şeýle hem oňa «(Demirden) giň we gowy edip sowut ör» diýip demri ýumşadyp berdik. (Eý, Dawudyň neberesi!) Ýagşy işleri ediň! Çünki Men siziň edýän işleriňizi görýändirin.
 12. Irden gidende bir aýlyk, agşam gaýdyp gelende bir aýlyk ýol geçýän şemaly Süleýmana tabyn etdik we onuň üçin misi çeşme ýaly eredip akdyrdyk. Perwerdigäriň ygtyýary (rugsady) bilen birnäçe jyn onuň elinde işleýärdi. Olardan haýsysy buýrugymyzdan çyksa, oňa ýalynly azap bererdik.
 13. Olar Süleýman üçin ybadathanalar, heýkeller, howuzlar, giň okaralar, berkidilen gazanlar ýaly onuň islän zatlaryny ýasaýardylar. Eý, Dawudyň neberesi! Şükür ediň! Bendelerimiň arasynda şükür edýäni gaty azdyr.
14. Onuň (Süleýmanyň) ajalyny ýetirenimizde, onuň ölendigini (ýaplanyp duran) hasasyny iýen garynjadan başga görkezip bilen bolmady. Süleýman ýykylanda, (onuň ölendigi) jynlara aýan boldy. Eger jynlar gaýyby bilsediler, onda olar onuň (öli halda diri ýaly bolup hasa ýaplanan wagty) kemsidiji ezýetlerini çekmezdiler.  
15. Takyk, sebe halky üçin ýaşaýan ýerlerinde ybratlar bardy. Olaryň sag hem-de çep taraplarynda iki sany bagy-bossanlyk bardy. (Olara): «Perwerdigäriňiziň beren rysgalyndan iýiň-içiň we Oňa şükür ediň! Ine, size ajaýyp şäher we günäleriňizi bagyşlap duran Perwerdigär!» diýildi.
 16. Emma olar (hakdan) ýüz öwürdiler. Şonuň üçin olaryň üstüne gazaply sili iberdik we olaryň owadan iki bag- bossanyny turşy ir-iýmişli, ajy ýylgynly we az-owlak sedir agajy bolan bir baga öwürdik.
 17. Biz bu jezany olara gadyr bilmezlikleri üçin berdik. Heý, bizem bir gadyr bilmez inkär edijilerden başga kişini jezalandyrarysmy?
18. Biz olar bilen bereket beren sebitlerimiziň arasynda äşgär görnüp duran obadyr (şäherler) emele getirdik we olaryň arasynda gatnawy ýola goýup: «Ol ýerlerde gije-gündiz arkaýyn gatnaň!» (diýdik).
 19. Emma olar (bu nygmatlaryň gadyryny bilmän bilgeşleýin): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň ýolagçylyk etjek ýerlerimiziň arasyny daşlaşdyr» diýdiler we özlerine zulum etdiler. Biz hem olary ertekä öwrüp, derbi-dagyn edip goýberdik. Elbetde, bu zatlarda köp sabyr edýän we köp şükür edýän kişiler üçin ybratlar bardyr.
 20. Takyk, Iblis olar hakdaky gümanyny (niýetini) durmuşa geçirdi. Şonuň üçin iman getiren bir topardan galany oňa tabyn boldular.
 21. Aslynda bolsa, Iblisiň olaryň üstünden agalygy ýokdy. Emma Biz ahyrete ynanýan bilen oňa şek-şübhe edýäni tapawutlandyryp bilmek üçin (Iblise bu mümkinçiligi berdik). Takyk, Alla ähli zady gorap durandyr.
22. Olara aýt: «Alladan başga (Alla şärik) hasaplaýanlaryňyzy çagyryň! Olar ne asmanlarda, ne-de ýerde zerre ýalyjak zada hem eýeçilik edýän däldirler. Olaryň bu ýerlere (asmanlara we ýere) hiç hili şärikligi ýokdur. Şeýle hem (Allanyň) olar bilen (bular ýaly zatlarda) hiç hili kömekçisi ýokdur».
 23. Allanyň huzurynda diňe Özüniň rugsat berenleriniň şepagaty peýda berer. Ýüreklerinden gorky çykarylanda, olar: «Perwerdigäriňiz näme diýdi?» diýerler. (Beýlekiler bolsa): «Hakykaty aýtdy» diýerler. Ol örän Beýikdir, Belentdir.
 24. Olara aýt: «Size asmanlardan we ýerden kim rysgal berýär?». (Olara ýene-de): «Alla» diýip aýt. (Şeýle-de): «Takyk, ýa biz ýa-da siz (haýsy-da bolsa birimiz) dogry ýolda ýa-da aç-açan azgynlyk içinde» (diý).
 25. Olara aýt: «Siz biziň eden günälerimiz üçin jogapkär dälsiňiz. Bizden hem siziň edýän işleriňiz sebäpli, hasap soraljak däldir».
 26. Olara aýt: «Perwerdigärimiz biziň hemmämizi (bir ýere) jemläp, soň bolsa, aramyzda hak (adalat) bilen höküm eder. Takyk, Ol Ýeňijidir, (ähli zady) bilýändir».
 27. Olara aýt: «Maňa Alla goşýan şärikleriňizi görkeziň! Ýok (görkezip bilmersiňiz)! Çünki Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan diňe Alladyr».
28. Biz seni ähli adamzada diňe buşlukçy we duýduryjy hökmünde iberdik. Ýöne köp adamlar muny bilmezler.
 29. (Şonuň üçin olar): «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, siziň wada beren zadyňyz (kyýamat) haçan?» diýerler.
30. (Sen hem olara) aýt: «Size wada berlen şeýle gün bardyr welin, ondan ne bir salym yza galyp bilersiňiz, ne-de bir salym öňe geçip bilersiňiz».
 31. Inkär edýänler: «Biz bu Kurana- da, ondan öňki kitaplara-da hiç haçan ynanmarys» diýdiler. Emma sen ol zalymlaryň özleriniň Perwerdigäriniň huzurynda durup, biri-birlerine söz gatyşlaryny bir görsediň. Şonda ejiz hasaplananlar ulumsylyk edenlere: «Siz bolmadyk bolsaňyz, biz mömin bolardyk» diýerler.
 32. Ulumsylyk edenler ejiz görlenlere: «Size dogry ýol geleninden soň, ondan sizi biz gaýtardykmy? Ýok! Tersine, siz günä edýärdiňiz» diýerler.
33. Ejiz görlenler ulumsylyk edenlere: «Gije-gündiz siziň işiňiz hile gurmakdy. Çünki, siz hemişe bize Allany inkär etmegimizi we Oňa şärik goşmagymyzy buýurýardyňyz» diýerler. (Olar iki topar hem) azaby görenlerinde bolsa, ökünçlerini gizlediler. Biz hem ol inkär edenleriň boýunlaryna demir halkalar dakdyk. Olar diňe eden işleriniň jezasyny çekerler.
 34. Biz haýsy sebite bir duýduryjy (pygamber) ibersek, şol ýeriň azgyn gurplulary: «Biz siziň iberen zadyňyzy inkär edýäris» diýdiler.
 35. Ýene olar: «Biz baýlyk we perzent taýdan sizden has köp. Şonuň üçin bize azap berilmez» diýdiler.
 36. Sen-de olara aýt: «Takyk, Perwerdigärim islänine rysgaly bol berer, (islänine bolsa) kem berer. Emma köp adamlar muny bilmezler.
 37. Biziň huzurymyza sizi ne baýlygyňyz ne-de perzentleriňiz ýakynlaşdyryp biler. (Bize) diňe iman getirip, ýagşy işleri edýänler ýakynlaşyp biler. Ine, şolaryň eden ýagşy işleri üçin sylaglary esse-esse artdyrylar we olar jennetiň köşklerinde asudalyk içinde bolarlar.
 38. Aýatlarymyzyň öwüt-ündewlerini ýok etmek üçin, jan edip urunýanlar bolsa, azaba duçar edilerler.
 39. Olara aýt: «Takyk, Perwerdigärim bendelerinden islänine bol rysgal berer, islänini bolsa kemrysgal eder. Siz haýyr-sahawat hökmünde näme sarp etseňiz, Alla onuň deregine başga rysgal ýetirer. Ol rysgal-döwlet berýänleriň iň haýyrlysydyr.
 40. Alla şol gün olaryň hemmesini üýşürer, soň bolsa perişdelere: «Size ybadat edýänler şularmy?» diýer.
41. (Perişdeler bolsa): «Sen ähli kemçiliklerden päksiň! Biziň dostumyz olar däldir, Sensiň! Olar jynlara ybadat edýärdiler. Olaryň köpüsi jynlara ynanýardylar» diýerler.
 42. Ol günde hiç haýsyňyz başga birine ne peýda, ne-de zyýan berip bilersiňiz. Biz zulum edenlere: «Inkär eden oduňyzyň azabyny dadyň» diýeris.
 43. Olara biziň aýatlarymyz aç-açan okalanda: «Onuň niýeti diňe sizi ata- baba ybadat edip gelýän zatlaryňyzdan döndermekdir. Bu (Kuran) bolsa toslanyp tapylan zatdyr» diýdiler. Olara hakykat gelende hem: «Bu aç-açan jadygöýlikden başga zat däldir» diýdiler.
 44. Aslynda bolsa, biz olara okar ýaly kitaplar bermändik we senden öň olara hiç bir duýduryjy hem ibermändik.
 45. Olardan öňki ymmatlar hem (pygamberlerini) ýalan hasapladylar. Bular öňkülere beren zatlarymyzyň ondan birine hem ýetip bilmändiler. Şonda-da olar pygamberlerini inkär etdiler. Emma (seret) Meniň inkärim nähili boldy (olary nähili heläk etdim).
 46. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Men size diňe ýekeje öwüt-nesihat berjek. Alla (boýun sunmak) üçin iki-ikiden we bir-birden ýeriňizden turuň (maňa serediň) we pikirleniň! Siziň dostuňyzda (pygamberiňizde) mejnunlykdan hiç hili alamat ýokdur. Ol diňe sizi öňüňizdäki ýowuz azapdan habardar ediji (pygamberdir)».
47. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Men sizden hak (töleg) soran bolsam, ol siziňki bolsun. Çünki meniň sylagym diňe Alla degişlidir. Ol, ähli zada şaýatdyr».
 48. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Elbetde, Perwerdigärim hakykaty ýüze çykarar. Sebäbi, Ol gaýyby örän gowy bilýändir».
 49. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Hakykat geldi we mundan soň batyl ne bir zady ýüze çykaryp biler, ne-de yzyna gaýtaryp biler».
 50. (Eý, Muhammet! Sen) olara aýt: «Eger ýoldan çyksam, öz zyýanyma ýoldan çykaryn. Emma eger dogry ýoly tapsam, bu maňa Perwerdigärimiň wahyý eden zady (Kurany) sebäplidir. Takyk, Ol (ähli zady) eşidýändir, (bize) ýakyndyr».
 51. (Eý, Muhammet!) Sen olary gorkup aljyran wagtlary bir görsediň! Olara indi hiç hili çykalga ýokdur we olar ýakyn ýerde tutulandyrlar.
52. Olar (boljak iş bolandan soň): «Oňa ynandyk» diýdiler. Indi olar daş ýerden (dünýädäki durmuş geçip gidenden soň) nädip imana ýetsinler?
 53. Aslynda bolsa, olar öň hakykaty inkär edipdiler we uzak ýerden gaýyby (gürrüňleri bilmek üçin) çaklamalary hödürleýärdiler.
 54. Indi mundan öň ýaranlaryna hem edilişi ýaly, olaryň özleri bilen arzuw edýän zatlarynyň arasyna böwet çekildi. Takyk, olar gaýgylandyryjy şübhäniň astyndadyrlar.