1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

28. 14. Ol kämillige ýetip (akyl käsesi) dolandan soň, Biz oňa hikmet we ylym bagyş etdik. Biz salyhlary şeýle sylaglaýarys.

Başy » Sözbaşy » 69-njy süre: «Hakka» («Anyk hakykat»)

«Hakka» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 52 aýatdan ybaratdyr. Ol adyny ilkinji aýatda agzalýan «Hakka» sözünden alandyr. Ol «Anyk hakykat, amala aşjak hakyky kyýamat» diýen manyny aňladýar. Sürede öň ýaşap geçen pygamberleri inkär edenleriň başyna gelen belalar ýatlanylyp, Kurany Kerimiň Allanyň sözüdigi, pygamberiň kapyrlaryň ýöňkeýän töhmetlerinden daşdygy beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1.       Anyk hakykat (amala aşanda)!
 2. Ol (amala aşjak) anyk hakykat näme?
 3. Saňa (amala aşjak) anyk hakykaty (kyýamaty) näme bildirdi (nireden bildiň)?
 4. Semud we ad (kowumy) kyýamat (gününi) ýalan hasaplapdylar.
 5. Bes, semud (kowumy) güýçli (bir çirkin, ýiti ses) bilen heläk edildi.
 6. Ad (kowumy) bolsa gürrüldili apy- tupan (turzan) ýel bilen heläk edildi.
 7. (Alla) ol ýeli olaryň üstüne ýedi gije, sekiz gün yzygiderli öwüsdürdi. (Hatda) sen ol kowumy içi boş hurma töňňeleri ýaly ýere serlen ýagdaýda (ýatandyklaryny) görerdiň.
 8. Bes, sen heý olardan galan bir (alamat) görýärsiňmi?
 9. Fyrgawn, ondan öňküler we (şäherleri) agdar-düňder edilen (ýer ýuwdan Lut kowumy) hem (Alla şärik goşup, günäkär bolup) geldiler.
10. (Olar) özleriniň Perwerdigäriniň ilçisine garşy çykdylar. Ol (Alla) hem olary aýylganç (azap bilen) tutdy (jezalandyrdy).
 11. Takyk, (Nuhuň döwründe) suwlar joşan wagty, sizi (ata-babalaryňyzy) howpsuz gämide Biz ýüzdüripdik.
12. Ony size ybrat bolmagy üçin hem-de eşitjek gulaklar (gowy ýatda) saklasynlar diýip (beýle etdik).
 13. Bes, haçan sura bir gezek (güýçli) üflenilende!
 14. Ýer we daglar ýerlerinden galdyrylyp, (biri-birleri bilen) çakyşdyrylyp, bir zarba bilen derbi-dagyn edilende!
 15. Şol günde uly hadysa amala aşar (kyýamat gopar).
 16. Asman ýarylar, ol günde ol (asman) gowşap, ejiz bolar.
17. (Ol gün) perişdeler (asmanyň) daş- töwereginde bolarlar. Ol gün seniň Perwerdigäriň Arşyny bulardan hem ýokarda sekiz (perişde) göterer.
 18. Ol gün siziň eden (ähli) işleriňiz (Allanyň öňünde) görkeziler. (Hatda) siziň eden hiç bir işiňiz hem gizlin galmaz.
19. (Ol gün) hasap (amal) kitaby sag tarapyndan berlen kişi (şatlanyp): «Ine (hasap) kitabym. Geliň, okaň!
 20. Men öz hasabyma gowuşjakdygymy bilýärdim» diýer.
 21. Bes, ol hoş (we bagtyýar) ýaşaýşyň içindedir.
 22, 23. Bişen miweleri (ele) ýakyn örän beýik jennetdedirler.
24. Olara: «Geçen günleriňizde eden (ýagşy) amallaryňyz üçin işdä bilen iýiň, içiň!» diýler.
 25. Emma hasap (amal) kitaby çep tarapyndan berlen kişi (gynanyp): «Maňa haýp bolsun! Käşgä, bu kitabym berilmesedi!
 26. Käşgä, hasabymyň nämedigini bilmesedim!
 27. Käşgä, ölüm iş bitiren bolsady (onuň bilen hemme zat gutarsady)!
 28. Mal-mülküm maňa peýda bermedi.
 29. Ähli güýjüm menden ýok bolup gitdi!» diýer.
 30, 31, 32. (Alla dowzah sakçylaryna şeýle emir berer): «Ony tutup, daňyň, soň hem dowzaha atyň, soň ony ýetmiş arşyn uzynlygyndaky zynjyra daňyň!».
 33. Sebäbi ol beýik Alla iman getirmedi.
34. Ol (özüni we özgeleri) garyp- gasarlary doýurmaga höweslendirmedi.
 35. Indi onuň bu ýerde (dowzahda) dosty ýokdur.
 36. Oňa (dowzahylaryň) iriňinden başga tagam hem ýokdur.
37. Ony uly günä edenlerden başga hiç kim iýmez.
 38, 39. Ýok! Siziň görýän we görmeýän (älemleriňize) kasam bolsun!
 40. Bu (Kuran) örän hormatly ilçiniň (getiren) sözüdir.
 41. Ol bir şahyryň sözi däldir. Siz nähili az ynanýarsyňyz!
 42. Ol bir jadygöýiň hem sözi däl! Siz nähili az pikir edýärsiňiz!
 43. (Ol kitap) älemleriň Perwerdigäri tarapyndan inderilendir.
 44, 45, 46. Eger ol ilçi biziň adymyzdan käbir sözler toslasady, ony (gudratymyz bilen) tutup, soň hem jan (ýeňse) damaryny kesip taşlardyk.
 47. Siziň hiç haýsyňyz hem muňa päsgel berip bilmezdiňiz.
48. Takyk, ol (Kuran) takwalar üçin bir öwüt-nesihatdyr.
 49. Elbetde, Biz içiňizden (käbirleriniň) ony (pygamberi) ýalan hasaplaýandygyny bilýäris.
 50. Takyk, ol (Kuran) kapyrlar üçin (kyýamat güni) uly bir puşmanlykdyr.
 51. Takyk, ol (kyýamat) anyk bolan hakdyr.
 52. Bes, sen Perwerdigäriň beýik adyny tesbih et (ýatla)!