1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

4. 59. Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän jedelleşseňiz, Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)! Bu (siziň üçin) haýyrlydyr we netije taýdan ajaýypdyr.

Başy » Sözbaşy » 20-nji süre: Taha

«Taha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 135 aýatdan ybaratdyr. Sürede Musa pygamber barada giňişleýin gürrüň gozgalýar. Hezreti Omar bu süre arkaly musulmançylygy kabul edipdir. Süräniň ady onuň ilkinji aýatyndaky özbaşdak okalýan harplardan alnandyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. Ta, Hä. Biz saňa Kurany kynçylyk çekmegiň üçin indermedik.
 3. Biz ony Alladan gorkýanlara öwüt- ündew üçin inderdik.
 4. (Bu Kuran) ýeri we belent asmanlary ýaradan tarapyndan inderilendir.
 5. Rahman bolan (Alla) Arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy).
 6. Asmanlardaky, ýerdäki, bularyň arasyndaky we ýeriň astyndaky ähli zatlar Onuňkydyr.
 7. Eger sen (Alladan dileg edýän) sözüňi gygyryp aýdýan bolsaň, Ol syrly zady hem, ondan has gizlin zady hem bilýändir.
8. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Iň gözel atlar Oňa mahsusdyr.
 9. (Eý, Muhammet!) Saňa Musanyň habary geldimi?
 10. Ol ody göreninde, maşgalasyna: «Siz garaşyň, men bir ot gördüm. Men ondan bir tutaşdyrlyk getirmek ýa-da oduň ýanynda bir ýolbelet tapmak üçin (ol ýere baraýyn)» diýipdi. Düşündiriş: Hezreti Musa maşgalasy bilen birlikde Medýen şäherinden Müsüre tarap gidip barýarka, ýolda sowuk gijäniň içinde bir çagalary dünýä inýär. Sowukdan üşäp, ýoly hem doly bilmänsoňlar, Musa uzakdan görnen otdan tutaşdyrlyk almak üçin gidýär.
 11, 12. Musa ol oduň ýanyna baranynda, oňa: «Eý, Musa! Bu Men, seniň Perwerdigäriň! Köwşüňi çykar! Takyk, sen mukaddes Tuwa jülgesindesiň.
 13. Men seni (pygamber edip) saýladym. Sen özüňe wahyý edilen zady diňle.
 14. Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!
 15. Kyýamat güni hökman geler. Her bir adam yzynda ylgan (zähmet çeken) zadynyň gaýtargysyny, hakyny alsyn diýip, tas ony gizläpdim.
 16. Ägä bol! Oňa (kyýamata) ynanman, nebsiniň arzuwlaryna tabyn bolýan adamlar seni ondan (kyýamata ynanmakdan) döndermesin, ýogsa heläk bolarsyň.
 17. (Alla): «Bu sag eliňdäki zat näme, eý, Musa?» diýdi.
 18. Musa hem: «Bu meniň hasamdyr. Men oňa söýenýärin, onuň bilen dowarlaryma ýaprak silkeläp berýärin we meniň oňa başga-da hajatlarym bolýar» diýdi.
19. Alla: «Eý, Musa! Ony ýere okla!» diýdi.
 20. Musa derrew hasasyny ýere oklady. Görse, hasa süýnýän-süýrenýän bir ýylan boldy (duruberdi).
 21. Alla: «Ony (eliňe) al! Gorkma! Biz ony öňki durkuna getireris.
 22. Eliňi goltugyňa sal! Ýene gudrat bilen ol (eliň) hiç tegmilsiz ap-ak bolup çykar.
 23. Bular Biziň saňa iň beýik gudratlarymyzyň käbirini görkezmegimiz üçindir.
 24. Sen Fyrgawnyň ýanyna git! Çünki ol gaty azdy» diýdi.
 25, 26. Musa: «Eý, Perwerdigärim! Ýüregime giňlik ber! Işlerimi ýeňilleşdir!
 27, 28. (Geplänimde) sözüme düşünerler ýaly dilimdäki düwüni çöz!
29, 32. Maňa maşgalamdan bir wezir (kömekçi) hökmünde doganym Haruny (ýanyma) ber! Onuň bilen güýjümi kuwwatlandyr. Ony meniň ýanyma goş!
 33, 35. Goý, biz Seni köp zikir edeli. Seni köp ýatlaly. Sen bizi görýänsiň» diýdi.
 36, 37. Alla: «Eý, Musa! Soran zatlaryň saňa berildi. Şeýdip, saňa ýene-de bir gezek ýagşylyk etdik» diýdi.
 38. Şonda seniň ejeňe berilmeli habary şeýle ylham edipdik:
 39. «Musany sandygyň içine sal, sandygy hem deňze (Nile) taşla, deňiz (derýa) ony kenaryna çykarsyn, ony meniň duşmanym we onuň hem duşmany bolan biri alsyn. (Eý, Musa! Seniň söýülmegiň we) Meniň gözegçiligimde ýetişdirilmegiň üçin saňa Özümden bir söýgi gatdym». Düşündiriş: Musa pygamberiň ejesi, Fyrgawnyň her doglan erkek çagany öldürýändigi üçin, öz ogluny hem öldürmeginden gorkýardy. Şol sebäpli, hem ýokardaky aýatda aýdylan buýruga boýun bolup, bir sandyga salyp, ogluny Nil derýasyna atýar. Aýaly bilen bag-bakjasynyň içinde aýlanyp ýören Fyrgawn suwda akyp ýören sandygy görýär we ony daşyna çykardyp, içindäki çaga gözi düşende haýran galýar. Aýatda beýan edilişi ýaly, Allanyň Musa bagyş eden mähremliginiň täsiri bilen biygtyýar bu çaga mähri siňýär. Fyrgawn we aýaly bu oglanjygy ogullyk edinmekçi bolýarlar. Allanyň Musanyň ejesine: «Ony saňa gaýtaryp bereris» diýen sözi netijesinde Musa öz ejesinden başgasyny emmeýär. Musanyň derýa atylan wagtyndan bäri ony yzarlaýan gyz dogany bolsa Fyrgawnyň Musa üçin eneke we terbiýeçi gözleýändiginiň habaryny alýar we ony Musanyň ejesine gelip aýdýar. Şeýdip, Musanyň ejesi eneke hökmünde öz ogly Musany idedip başlaýar.
 40. Gyz doganyň gidip: «Oňa kepil boljak birini size salgy bereýinmi?» diýeninde, (Biz), onuň gözi aýdyň bolsun we gynanmasyn diýip ejeňe seni gaýtaryp berdik. (Belli bir ýaşa geleniňden soň) sen birini öldürdiň, biz hem seni gaýgydan halas etdik we seni (başga-da) ençeme synagdan geçirdik. Şeýdip, sen birnäçe ýyllap Medýen halkynyň arasynda galdyň. Soň, eý, Musa! Takdyra görä (bu ýere) geldiň.
 41. Seni Özüm üçin (pygamberim) saýladym.
 42. Sen, doganyň bilen bilelikde, Meniň aýatlarymy alyp git we Meni ýatlamagy ahmal etmäň!
 43. Ikiňiz hem Fyrgawnyň ýanyna gidiň, çünki ol örän azdy.
44. Onuň öwüt alyp, heder etmegi üçin oňa ýumşak sözler aýdyň».
45. (Musa bilen dogany Harun:) «Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, biz, (ony imana çagyrsak) onuň öte geçmeginden ýa-da azmagynçylyk etmeginden gorkýarys» diýdiler.
 46. Alla: «Gorkmaň, çünki Men siziň bilen biledirin, eşidýärin we görýärin.
 47. Indi ikiňiz hem Fyrgawnyň ýanyna gidip, oňa: «Biz seniň Perwerdigäriň ilçileridiris. Sen ysraýyl ogullaryny biziň bilen ugrat we olara azap berme. Biz saňa Perwerdigäriňden bir aýat (gudrat) getirdik. Dogry ýola eýerenlere salamatlyk bolsun!
 48. Bize: «(Haky) ýalan hasaplanlara we ýüz öwrenlere azap bardyr» diýip wahyý edildi» diýiň» diýdi.
 49. Fyrgawn: «Ikiňiziň Perwerdigäriňiz kimdir, eý, Musa?» diýdi.
 50. Musa: «Biziň Perwerdigärimiz ähli zada isleýşi ýaly şekil berýändir, soň hem dogry ýoly görkezýändir» diýdi.
 51. Fyrgawn: «Onda öňki nesilleriň ýagdaýy nähili bolar?» diýdi.
 52. Musa: «Bu baradaky maglumat Perwerdigärimiň ýanyndaky kitapdadyr. Meniň Perwerdigärim bulaşdyrmaz we unutmaz» diýdi.
 53. Ol siziň üçin ýeri sallançak edip, onda (ýeriň ýüzünde) size ýollar açandyr we asmandan suw inderendir. Ol suw bilen biz dürli ösümliklerden jübüt edip bitirdik.
 54. Iýiň we mallaryňyzy otladyň! Takyk, munda pähimli bolanlara (Allanyň gudratyny görkezýän) alamatlar bardyr.
 55. Sizi ondan (toprakdan) ýaratdyk, şol ýere hem gaýtararys we ýene-de bir gezek ondan çykararys.
 56. Biz oňa (Fyrgawna Allanyň gudratyny görkezýän) ähli alamatlarymyzy görkezdik, şonda-da ol (olary) ýalan hasaplady we (Hakdan) boýun towlady.
 57. Ol: «Ey, Musa! Sen öz jadyň bilen bizi ýurdumyzdan çykarmak üçin geldiňmi?
 58. Biz hem, takyk, seniňki ýaly jady görkezeris. Sen, özüň bilen biziň aramyzda, amatly ýer we wagt belle. Biziň ikimiz hem (şol wagtdan) dänmäli» diýdi.
 59. Musa: «Duşuşjak wagtymyz baýram gününde ynsanlaryň ýygnanyşýan guşluk çagydyr» diýdi.
 60. Fyrgawn yzyna öwrülip gitdi we hilelerini (jadygöýlerini) jemläp, (wada edilen ýere) geldi.
 61. Musa olara: «Haýp siziň halyňyza! Allanyň şanyna ýalan ýöňkemäň! Ol (Alla) azap bilen siziň köküňizi keser. Töhmet atýan adam, takyk, perişan bolar» diýdi.
 62. Ol jadygöýler etjek işlerini öz aralarynda çekeleşdiler we gizlin pyşyrdaşdylar.
 63. Olar: «Ine, şu ikisi jadylary bilen sizi ýurduňyzdan çykarmak we siziň nusgalyk ýoluňyzy ýok etmek isleýän jadygöýlerdir.
64. Şonuň üçin hileleriňizi jemläň, soň sap-sap bolup geliň! Bu gün üstün çykan rowaçlyk gazanar» diýişdiler.
 65. Olar: «Eý, Musa! (Hasaňy) ýa sen (ilki) oklarmyň ýa-da biz ilki oklalymy?» diýdiler.
 66. Musa: «Ýok, siz oklaň» diýdi. Bir görse, olaryň ýüpleri we hasalary eden jadylarynyň täsiri bilen göýä hereket edýän ýaly bolup göründi.
 67. (Olaryň görkezen jadylary Musanyňka meňzeş bolansoň, adamlar ynanmaz öýdüp), birden Musanyň içine gorky düşdi.
 68. Biz: «Gorkma! Üstün çykjak, takyk, sensiň!
 69. Sag eliňdäkini (hasaňy) okla. Ol olaryň eden jadylaryny ýuwutsyn. Olaryň eden zatlary jadygöýleriň hile- piriminden ybaratdyr. Jadygöý bolsa hiç ýerde rowaçlyk gazanmaz» diýdik. Düşündiriş: Musa pygamber özüne Alladan gelen emre eýerip, elindäki hasasyny ýere oklaýar. Allatagalanyň gudraty bilen aždarha öwrülen hasa Fyrgawnyň jadygöýleriniň jadyly ýüplerini we taýaklaryny ýuwudýar.
 70. Jadygöýler seždä gidip: «Harunyň we Musanyň Perwerdigärine iman getirdik» diýdiler.
 71. Fyrgawn: «Meniň size rugsat bermegimden öň, siz oňa ynandyňyzmy? Takyk, ol size jadygöýligi öwreden ussadyňyzdyr. Men ikirjiňlenmän, siziň elleriňizi we aýaklaryňyzy tersine (atanaklaýyn) keserin we sizi hurma agaçlaryndan asaryn. Şonda kimiň azabynyň has ýowuzdygyny we has dowamlydygyny bilersiňiz» diýdi.
 72. Jadygöýler: «Biz seni hiç haçan özümize gelen aýdyň gudratlardan we bizi ýokdan bar edenden ileri tutup bilmeris. Sen näme höküm berýän bolsaň beriber. Çünki sen diňe bu dünýäde höküm berip bilersiň.
 73. Biz Perwerdigärimize hatalarymyzy we seniň bize zorlap etdiren jadygöýliklerimizi bagyşlamagy üçin iman getirdik. Alla has haýyrly we bakydyr» diýdiler.
 74. Kim Perwerdigärine günäkär bolup gelse, takyk, dowzah onuň üçindir. Ol şol ýerde ne-hä öler, ne-de ýaşar.
 75. Kim Perwerdigäriniň razylygy üçin ýagşy işleri edip, mömin bolup gelse, iň belent derejeler onuň üçindir.
76. Olar şol ýerde, aşagyndan derýalar akýan «Adn» jennetlerinde ebedi galarlar. Ine, bu-da (günäden) saplananlaryň sylagydyr.
 77. Biz Musa: «Bendelerim bilen bilelikde gije ýola çyk, yzyňyzdan ýetilmeginden heder etmän we gorkman, olara deňziň içinden bir gury ýol açyp ber» diýip wahyý edipdik.
 78. Fyrgawn goşuny bilen olaryň yzyna düşdi. Birdenem, deňziň suwlary olary bütinleý gaplap aldy.
 79. Fyrgawn öz kowumyny dogry ýola salmady, gaýtam ýoldan çykardy.
 80. Eý, ysraýyl ogullary! Sizi duşmanyňyzdan halas etdik, şeýle hem Turuň sag tarapyny size duşuşyk ýeri edip belledik we size menne (şepbeşik halwa) hem-de bedene ýagdyrdyk.
 81. Size rysgal edip beren tämiz zatlarymyzdan iýiň, ýöne (näşükür bolup) öte geçmäň! (Bu tabşyryklary amala aşyrmasaňyz), size gazabym iner. Kime gazabym inse, ol heläk bolar.
 82. Takyk, Men toba edip, iman getiren we ýagşy işleri edip, dogry ýoldan gideni bagyşlaýandyryn. Düşündiriş: Hezreti Musa kowumyny Müsürden çykaryp, Sina elteninden soň öz ýerine dogany Haruny ýolbaşçy belläp, Allatagaladan wahyý almak üçin Tur dagyna gidýär. Şonda Allatagala hezreti Musa şeýle diýýär:
 83. Alla: «Eý, Musa! Seni kowumyňdan aýrylyp, howlukdyran zat näme?» diýdi.
 84. Musa: «Ine, olar meniň yzymdan (gelýärler). Eý, Perwerdigärim! Men Seniň menden hoşal bolmagyň üçin howlukdym» diýdi.
 85. Alla: «Biz seniň kowumyňy sen aralaryndan gaýdanyňdan soň synagdan geçirdik. Samyry olary ýoldan çykardy» diýdi. Düşündiriş: Samyry ysraýyl ogullarynyň samyra tiresindendi. Ol göläniň heýkelini ýasap, onuň hudaýdygyna ynandyrmak üçin ysraýyl ogullaryny Musa bilen Harunyň hak dininden daşlaşdyrmaga çalşypdy.
 86. Musa gahar-gazaply we gaýgyly ýagdaýda, haýal etmän, kowumynyň arasyna dolanyp bardy. Olara: «Eý, kowumym! Perwerdigäriňiz size ajap wada bermänmidi? Ýa-da siziň (hak ýolda durarys diýip beren) wadaňyza gaty köp wagt geçdimi? Ýa-da Perwerdigäriňizden gazabyň inmegini isläp, maňa beren sözüňizden dändiňizmi?» diýdi.
 87. Olar: «Biz saňa beren sözümizden öz erkimiz bilen dänmedik. Ýöne biz (müsürlileriň) bezeg şaý-seplerini (Müsürden çykanymyzda ýanymyz bilen) alyp gaýdypdyk. (Şol etmişimiziň günäsinden halas bolmak üçin) soň olary (oda) taşladyk. Samyry hem taşlady» diýdiler.
88. Soň (Samyry bu şaý-sepleri otda eredip, ondan) olar üçin molaýan bir göläniň heýkelini ýasady we olara: «Bu siziň hem-de Musanyň hudaýydyr. Ýöne Musa ony unutdy (taşlap gitdi. Ol hudaýyny Tur dagyndan gözleýär)» diýdi.
 89. Onuň (göle heýkeliniň) özlerine söz gaýtaryp bilmeýändigini we olara zyýan ýa-da peýda ýetirip bilmeýändigini görmeýärlermi?
 90. Mundan öň Harun hem olara: «Eý, kowumym! Siz bu heýkel bilen synag edildiňiz, siziň Perwerdigäriňiz Rahman (Alladyr)! Maňa eýeriň we buýrugyma gulak asyň» diýipdi.
 91. Şonda olar: «Biz, tä Musa ýanymyza gaýdyp gelýänçä, muňa ybadat ederis» diýdiler.
 92. (Gaýdyp gelensoň) Musa: «Eý, Harun! Sen olaryň ýoldan çykanyny göreniňde seni näme saklady?
 93. Näme üçin maňa eýermediň? Emrime garşy geldiňmi?» diýdi.
 94. Harun: «Eý, ejemiň ogly! Sakgalymdan, saçymdan çekme! Men seniň: «Meniň aýdyşym ýaly etmän, ysraýyl ogullarynyň arasyna agzalalyk saldyň» diýmegiňden gorkdum» diýdi.
 95. Musa: «Seniň maksadyň näme, eý, Samyry?» diýdi.
 96. Samyry: «Men olaryň görmediklerini gördüm, (bir gezek seniň ýanyňa gelen) ilçiniň (Jebraýyl perişdäniň atynyň aýak) yzyndan bir gysym toprak aldym, ony hem (heýkeliň içine) taşladym. Nebsim meni, şeýdip, azdyrdy» diýdi.
 97. Musa oňa: «Güm bol! Indi sen ömürboýy: «(Maňa) degmek ýok» diýip (zeýrenip) geçersiň we seniň hiç haçan bozup bilmejek bellenilen duşuşygyň (jezaň) hem bar. Seniň ybadat eden hudaýyňa bir seret, takyk, biz ony ýakarys, soň çym-pytrak edip deňze atarys. Düşündiriş: Rowaýat edilmegine görä, hezreti Musanyň: «Indi sen ömürboýy: «Maňa degmek ýok» diýip geçersiň» diýen gargyşyndan soň, Samyry ýokanç kesele duçar bolupdyr we bütin ömrüne adamlardan üzňelikde ýaşamaga mejbur bolupdyr.
 98. Siziň (hakyky) hudaýymyz diňe, özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Onuň ylmy ähli zady gurşap alandyr» diýdi.
99. (Eý, Muhammet!) Ine, şunlukda saňa öň bolup geçen zatlaryň habarlaryny gürrüň berýäris. Saňa huzurymyzdan Zikir (Kuran) hem berdik.
100. Eger kim ondan ýüz öwürse, takyk, oňa kyýamat güni agyr ýük (günä) ýüklener.
 101. Olar bu ýüküň aşagynda ebedi galarlar. Kyýamat güni olar üçin bu nähili agyr ýükdür.
 102. Ol gün sura üflener, şol wagt Biz günäkärleri (gorkudan ýaňa) göm-gök bolan ýagdaýda magşarda jemläris.
 103. Olar: «Biz (dünýäde) diňe on gün ýaşadyk» diýip, özara pyşyrdaşarlar.
 104. Içlerinden iň akyllyragy: «Ýok, bir gün ýaşadyňyz» diýer. Şonda olaryň aýdýan zatlaryny iň gowy bilýän Bizdiris! Düşündiriş: Bu aýatda ahyretiň ebediliginiň ýanynda dünýäde geçirilen ömrüň örän gysgadygy düşündirilýär.
 105. (Eý, Muhammet!) Senden daglar barada sorarlar. Sen olara şeýle jogap ber: «Olary Perwerdigärim weýran eder.
 106. Şeýdip, olary tep-tekiz halda goýar.
 107. Sen ol ýerde ne-hä çukur, ne-de tümmek görersiň.
 108. Ol gün her kim çakylykça (magşar meýdanyna çagyrýan perişdä) eýerer, oňa hiç hili burulmak, (başga ýaňa gyşarmak) ýokdur. Rahman (Alla) sebäpli, sesler pessaýlaşýandyr. Pyşyrdydan başga zat eşitmersiň.
 109. Ol gün Rahmanyň (Allanyň) rugsat bereninden we razy bolanyndan başgasyna şepagat peýda bermez.
110. Alla olaryň geljeklerini-de, geçmişlerini-de bilýändir. Olaryň ylmy bolsa Ony doly bilmeklige ýetmez.
111. (Ol gün) ýüzler (ynsanlar) baky diri we baky aýakda durýana (Alla) boýun bolar. (Kim Alla şärik goşmak arkaly) zulum göterip gelen bolsa işi gaýdar.
 112. Kim imanly haldahaýyrly işler etse, ol indi özüne adalatsyzlyk edilmeginden hem, haýyr-sogaplarynyň kemelmeginden hem gorkmaz».
 113. Şeýle-de Biz olar (Allanyň azabyndan) gorksunlar ýa-da wagyz- nesihatdan peýdalansynlar diýip, Kurany arapça inderdik we onuň içinde duýduryşlary öwran-öwran beýan etdik.
 114. Hakyky Hökümdar bolan Alla, nähili beýikdir! Kuran saňa wahyý edilip bolýança sen ony okamaga howlukma-da: «Eý, Perwerdigärim! Meniň ylmymy artdyr!» diý.
 115. Takyk, Biz mundan öň Adam (ata) hem tabşyryk beripdik, ol hem ony unudypdy. Biz onda (ylahy buýruklary berk saklamakda) tutanýerlilik görmedik.
 116. Biz perişdelere: «Adama sežde ediň!» diýenimizde olaryň Iblisden galany derrew sežde etdiler. (Emma) ol (Iblis) boýun towlady.
 117. Şonda Biz: «Eý, Adam! Ine, şu (Iblis) saňa hem, ýanýoldaşyňa hem duşmandyr. Ägä bol! Ol ikiňizi hem jennetden çykaraýmasyn, soň jepa çekersiň, betbagt bolarsyň.
 118. Takyk, sen onuň (jennetiň) içinde aç-da, ýalaňaç-da galmarsyň.
 119. Takyk, sen ol ýerde suwsamarsyň, Güne-de ýanmarsyň» diýdik.
120. Şeýtan oňa: «Eý, Adam! Saňa bakylyk agajyny we hiç dargamajak hökmürowanlygy gözkezeýinmi?» diýip was-wasy saldy.
 121. Netijede, Adam we ýanýoldaşy (How ene) bu agaçdan iýdiler, olaryň uýat ýerleri göründi. Olar haýal etmän jennetiň ýapraklary bilen uýat ýerlerini örtmäge başladylar. (Ine, şeýdip), Adam Perwerdigärine boýun bolman, ýoluny ýitirdi.
 122. Soň Perwerdigäri ony saýlady (özüne ýakyn bendeleriň hataryna goşdy), onuň tobasyny kabul etdi we dogry ýola gönükdirdi.
 123. Alla: «Ikiňiz hem birlikde (şeýtana) duşman bolup, jennetden çykyň! Menden size bir dogry ýol (hidaýat) gelende, oňa eýeren kişi ýoluny hem ýitirmez, betbagt hem bolmaz.
124. Kim meni ýatlamakdan (Kurandan, dinden) ýüz öwürse, onuň üçin (bu dünýäde) kynçylykly durmuş bardyr. Kyýamat gününde hem ony kör halda direlderis» diýdi.
 125. Şonda ol: «Eý, Perwerdigärim! Aslynda, men öň görýän hem bolsam, meni näme üçin kör halda direltdiň» diýer.
126. Alla: «Şeýledir. Saňa aýatlarymyz gelipdi. Sen bolsa olary unudypdyň. Bu gün bolsa edil şonuň ýaly sen unudylarsyň» diýer.
 127. Hetden aşyp, Perwerdigäriniň aýatlaryna ynanmaýana, ine, şeýle jeza bereris. Ahyret azaby bolsa, elbetde, has ýowuzdyr we has bakydyr.
 128. Özlerinden öňki, ýurtlarynda arkaýyn gezip ýören ençeme (hakykaty inkär eden) nesilleri heläk etmegimiz olary (dogry) ýola getirmedimi? Paýhasy bolana onda (şol wakalarda) ybratlar bardyr.
 129. Eger öň Perwerdigäriň tarapyndan (amallaryň jezasynyň kyýamatda beriljegi dogrusynda) berlen söz we bellenilen wagt bolmadyk bolsady, (olary bu dünýäde heläk etmek) hökmany bolardy.
130. (Eý, Muhammet!) sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et we Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Perwerdigäriňe hamdy-sena bilen tesbih aýt! Gijäniň käbir wagtlarynda (ýassy namazynda) we gündiziň iki ujunda-da (öýle we agşam namazlarynda) Allanyň razylygyny gazanmagyň üçin tesbih et.
 131. Ägä bol! Biziň olaryň käbirine synamak üçin beren dünýä gözelligine gözüňi dikme! Perwerdigäriň rysgaly has haýyrly we has bakydyr.
 132. Maşgalaňa namazy emir et, özüň hem sabyr bilen (namaza) dowam et! Biz senden rysgal talap etmeýäris, rysgaly saňa Biz berýäris. Gowy netije (soňlanyş) takwalaryňkydyr.
 133. Olar: «Käşgä (Muhammet) bize Perwerdigärinden bir nyşan-alamat getirsedi» diýerler. Olara öňki gelen kitaplardaky zatlaryň aýdyň delili (bolan Kuran) gelmedimi? Düşündiriş: Kurany Kerim hem özüniň hakykatdygyny subut edýän hem-de öňki kitaplaryň hakdygyna güwä geçýän bir nyşandyr.
 134. Eger biz olary mundan (Kuran gelmezinden) öň bir azap bilen heläk eden bolsadyk, takyk, olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Käşgä biz bu erbet we masgara ýagdaýa düşmezimizden ozal, bize bir ilçi (pygamber) ugratsadyň, biz hem onuň nesihatlaryňa eýersedik» diýerdiler.
 135. Sen (olara): «Her kim garaşýar, siz hem garaşyň! Siz göni (hak) ýoly tapyp, şondan ýöränleriň kimlerdigini tiz wagtda bilersiňiz» diýip aýt.