1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

4.135. Eý, iman getirenler! Dik durup Hakyň (tarapyny) tutuň! Ähli işlerde bar güýjüňiz bilen adalatly boluň! Alla üçin şaýatlyk edýän ynsanlar boluň! Egerde (hut) özüňize, ene-ataňyza we dogan- garyndaşlaryňyza (garşy) bolsa-da, şaýat kişiler boluň! Isle baý bolsun, isle garyp bolsun, (şaýatlykdan gaçmaň)! Çünki Alla olara sizden has ýakyndyr. Bes, (hakdan) dänip, (hiç haçan) nebsiňize boýun bolmaň! Eger (diliňizi) dişläp, (hakykaty bolşy ýaly aýtmakdan çekinseňiz) ýa-da (şaýatlykdan bütinleý) ýüz öwürseňiz, takyk, Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 112-nji süre: «Yhlas» («Kulhuwalla»)

«Yhlas» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 4 aýatdan ybaratdyr. Pygamberligiň ilkinji döwürlerinde wahyý edilen bu süre Kuranyň gysgaça manysyny we ýeke-täk Allanyň birlik ynanjyny äşgär edýändigi üçin «Yhlas» süresi diýip at alypdyr. Bu sürede Alla şärik goşmagyň ähli görnüşleri gadagan we inkär edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3, 4. Aýt (eý, Muhammet!): «Ol Alla Ahatdyr (Birdir). Alla Sametdir (hiç zada mätäç däldir, ähli zat Oňa mätäçdir). Ol (hiç kimi) dogran däldir, (hiç kimden) doglan däldir. Onuň hiç bir deňi-taýy ýokdur».