1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

20.110. Alla olaryň geljeklerini-de, geçmişlerini-de bilýändir. Olaryň ylmy bolsa Ony doly bilmeklige ýetmez.

Başy » Sözbaşy » 18-nji süre: «Kehf» («Gowak»)

«Kehf» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 110 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede üç sany ybratly kyssalar barada gürrüň berilýär. Olaryň birinjisi «Eshabul-kehf» («Gowak ýaranlary») kyssasy bolup, onda din-imanlaryny goramak üçin zalym bir hökümdaryň süteminden gaçyp bir gowaga giren we Allanyň isleg-eradasy bilen ol ýerde üç ýüz dokuz ýyllap uklap ýatan ýedi sany dindar ýigidiň ahwalaty hekaýat edilýär. Halkymyzyň arasynda ol ýedi dindara «Ýedi weli» diýilýär. Bu ýagdaý sebäpli, sürä «Kehf» («Gowak») süresi diýip at berlipdir. Ikinji kyssada Musa pygamber bilen özüne Alla tarapyndan ylym berlen Hydyr atanyň arasynda bolup geçen ahwalat barada gürrüň berilýär. Üçünji kyssada bolsa Zülkarneýn hakda we onuň ýörişleri dogrusynda söz açylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Kitaby (Kurany) bendesine (Muhammede) inderen we onda (Kuranda) hiç bir egrilik goýmadyk Alla hamdy-sena bolsun!
 2. (Alla bu kitaby Muhammediň ynsanlara) Onuň huzuryndan (geljek) güýçli azaby duýdurmagy üçin we ýagşy işleri edýän möminlere gözel sylagyň bardygyny buşlamagy üçin hak (kitap) edip (inderdi).
 3. (Möminler sylag berlen) ol ýerde (jennetde) ebedi galarlar.
 4. (Şeýle hem Ol bu kitaby): «Alla ogul- perzent edindi» diýenleri ägä etmegi üçin (inderdi).
 5. Olaryň we ata-babalarynyň bu (aýdýan toslamalary) barada hiç bir ylym (maglumat) ýokdur. Dillerinden çykýan (söz) nähili agyr sözdür. Olar ýalandan başga zat sözlemeýärler.
 6. (Eý, Muhammet!) Olaryň bu söze (Kurana) iman getirmeýändikleri üçin, sen olara gynanyp, özüňi heläk edäýjek (bolýarsyň).
 7. Takyk, Biz olaryň haýsysy ýagşy işleri edýärkä diýip, synamak üçin, ýeriň üstündäki zatlary dünýä degişli bezeg edip goýduk.
 8. Takyk, Biz (bir gün) onuň üstündäki zatlary gurap ýatan topraga (takrap ýatan çöle) öwreris.
 9. (Eý, Muhammet!) Ýogsa-da sen (diňe) «Gowak we rakym (atlary ýazylan ýadygärlik) ýaranlary» (baradaky wakany) biziň geň galdyryjy mugjyzalarymyzdan diýip oýladyňmy?! Düşündiriş: «Kehf» dagyň gowagy diýmegi aňladýar. «Rakym» bolsa hadys kitaplarynda gürrüňleri edilýän üç kişidir. Bir gün üç sany adam ýagyşdan gaçyp gowaga girýär. Şonda uly bir daş togalanyp gelip gowagyň agzyny ýapýar. Çykgynsyz ýagdaýa düşen bu üç kişiniň her haýsy özleriniň Allanyň ýolunda eden ýagşy işlerini ýatlap, özleriniň sogap amallaryny araçy edip, gowagyň agzyndaky daşyň aýrylmagy üçin Alla ýalbaryp dileg edýärler. Ahyrynda gowagyň agzy açylýar.
 10. Ýigitler (gizlenmek üçin) gowaga girenlerinde: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize Öz huzuryňdan rahmet nesip et! Biziň (şu) ýagdaýymyzdan dogrulyk bilen (baş alyp çykmagymyz üçin çykalga) taýýarla!» diýdiler.
11. Biz gowakda olaryň gulaklarynyň üstüne ýyllap (perde) urduk (uklatdyk).
 12. Soň (olaryň gowakda näçe wagtlap uklandyklary barada jedelleşen) iki toparyň haýsynyň (olaryň gowakda) galan wagtyny has dogry hasaplaýandyklaryny bilmek üçin olary (ýigitleri) direltdik (oýandyrdyk). Düşündiriş: Aýatda agzalýan iki toparyň «Ashaby kehfiň» özleridigi ýa-da olar ukudan oýandyrylandan soň ýanlaryna gelen adamlardygy aýdylýar.
 13. (Eý, Muhammet!) Biz saňa olaryň habaryny hakyky (bolşy ýaly edip) beýan edýäris. Takyk, olar özleriniň Perwerdigärine iman getiren ýigitlerdi. Biz olaryň dogry ýolda berk durmaklaryny has-da artdyrdyk.
 14. Biz olaryň kalplaryna (berk ynam we ynamyna bolan ykrar bilen) bagladyk. Olar (hökümdaryň öňünde) dik durup: «Biziň Perwerdigärimiz asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäridir. Biz hiç haçan Ondan başga hudaýa ýalbarmarys. (Eger şeýle etsek), takyk, onda biziň dereksiz (boş söz) aýtdygymyz bolar» diýdiler.
 15. «Ine, biziň şu kowumymyz Ondan başga hudaý tutundylar. Käşgä, olar (olaryň hudaýdygy) barada äşgär delil getirsediler. (Eýsem) Alla ýalan ýöňkeýän kişiden has zalym kim bolup biler?».
 16. (Ýigitleriň biri): «Indi olardan (kapyrlardan) we Alladan başga olaryň ybadat edýänlerinden daşlaşan bolsaňyz, onda gowaga giriň! Perwerdigäriňiz siz üçin Öz rahmetini ýaýsyn hem-de size işiňizde ýeňillik döretsin» diýdi.
 17. (Eý, Mumammet! Eger sen şol ýerde bolsadyň) Gün dogan wagtynda olaryň gowaklarynyň sag tarapyna meýil edýändigini, ýaşanda bolsa olaryň çep tarapyndan (Günüň olara zyýan ýetirmän aýlanyp) geçýändigini görerdiň. Olar (gowagyň) giň ýerindediler. Bu Allanyň alamatlaryndandyr. (Eý, Muhammet!) Alla kimi dogry ýola ugrukdyrsa, ine, ol dogry ýola ugrukdyrylan (kişi bolar). Kimi azaşdyrsa, sen hiç haçan (Alladan başga) onuň üçin dogry ýoly görkeziji dost (hemaýatkär) tapmarsyň.
 18. Olar uklap ýatan hem bolsa, sen olary (görseň) oýadyr öýdersiň. Biz olary sag we çep tarapa öwürýärdik. Olaryň itleri bolsa bosagada aýaklaryny uzadyp (ýatyrdy). Eger sen olary görsediň, olaryň (bu ahwalatyndan) biçak gorka düşüp, hökman gaçyp, yzyňa dolanardyň.
 19. Ine, şeýdip, Biz olary (gowakda saklanymyzdan soň) özara sorag-jogap alyşmaklary üçin direltdik. Olaryň biri: «(Bu ýerde) näçe wagt galdyk?» diýdi. (Beýlekiler): «Bir gün ýa-da bir günüň (az) salymy galdyk» diýdiler. Olar: «Siziň näçe wagt galanyňyzy Perwerdigäriňiz has gowy bilýändir. Indi şu kümüş pul bilen biriňiz şähere gidiň! Görsün, haýsy tagam has päkize (lezzetli) bolsa, şondan size azyk getirsin! Hüşgär bolsun, hiç kime bildirmesin.
 20. Çünki olar sizi (tanap) gola salsalar, daşlarlar ýa-da dinlerine gaýtararlar. Şeýle bolanda, siz hiç haçan halas bolmarsyňyz» diýdiler.
 21. Ine, şeýdip, Allanyň (gaýtadan direltmek baradaky) wadasynyň hakdygyny we anyk sagadyň (kyýamatyň geljekdigi barada) şek- şübhäniň ýokdugyny bilmekleri üçin (ynsanlary) olardan habardar etdik. Olar (şäher halky «Ashaby kehf» bilen baglanşykly edilmeli) işler barada öz aralarynda jedelleşenlerinde (käbirleri): «Olaryň (gowagynyň) üstüne bir bina guruň! (Ýöne) olaryň Perwerdigäri olary has gowy bilýär» diýdiler. Olaryň işleri (babatda jedelleşip) üstün çykanlar (bolsa): «Elbetde, biz hökman olaryň (gowagynyň) üstüne metjit gurarys» diýdiler.
 22. (Eý, Muhammet! Kapyrlar (ýahudylar we nasranylar): «(Olar) üçdür, dördünjileri itleridir» diýdiler. (Olar) gaýyba daş atyp (aňyrsyna ýetmän): «(Olar) bäşdir, altynjylary itleridir» diýdiler. (Ýene): «Ýedidir, sekizinjileri itleridir» diýdiler. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Olaryň sanyny Perwerdigärim has gowy bilýändir. Olary bilýän azdyr». (Sen kapyrlar bilen) olar barada açyk (ýüzleý) jedelden başga jedele girme (saňa wahyý arkaly öwredilen maglumatlaryň çäginden çykyp jedelleşme!) Olar hakda olaryň (kapyrlaryň) hiç birinden sorag sorama.
 23. Hergiz bir zat barada: «Men muny ertir hökman ederin!» diýme.
 24. Diňe: «Alla islese!» diý. Unutsaň (ýadyňa düşen dessine) Perwerdigäriňi ýadyňa sal hem-de: «Şonda Perwerdigärim meni mundan has ýakyn bolan (az wagtda ýetip bolýan) dogry ýola gönükdirer» diý.
 25. Olar gowaklarynda üç ýüz ýyl galdylar we (muňa ýene) dokuz (ýyly) goşduk.
 26. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Olaryň näçe (wagtlap) galandygyny Alla has gowy bilýändir. Asmanlaryň we ýeriň gaýyp (maglumatlary) Onuňkydyr. (Ol) ähli zady görýändir, eşidýändir. Olar üçin Ondan başga dost (ýardamçy) ýokdur. Ol Öz hökmüne hiç kimi şärik etmez.
 27. (Eý, Muhammet!) Perwerdigäriň kitabyndan saňa wahyý edileni (inderilen aýatlary) oka! Onuň sözlerini üýtgedip biljek ýokdur. Ondan başga hiç hili pena tapyljak ýer ýokdur.
 28. Onuň razylygyny isläp, ertir-agşam Perwerdigärine ýalbarýanlar bilen bile sen hem sabyr et! Dünýä ýaşaýşynyň zynatyny (sapasyny) isläp, gözleriňi olardan (başga ýana) sowma! Kalby Bizi zikir etmekden (ýatlamakdan) gapyl galan, (öz) haý-höwesine eýerýän, günäsi hetden aşan kişä uýma!
 29. (Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran) Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi iman getirsin, islän kişi inkär etsin! Takyk, Biz zalymlar üçin (daş- töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarladyk. Eger olar (dowzahda suw içmek üçin) haýyş etseler, olara ýüzlerini erän magdan ýaly gowrup barýan suw bilen (ýardam) berler. Gör, (ol) nähili erbet içgidir we (ol) nähili erbet söýeniljek ýerdir.
 30. Iman getiren we ýagşy (sogap) işler edeni bolsa, elbetde, Biz ýagşy işi eden kişiniň sylagyny puç etmeris.
31. Olar üçin aşagyndan derýalar akýan «Adn» jennetleri bardyr. Olar ol ýerde altyn bilezikler bilen bezenerler, inçe we galyň ýüpekden (dokalan) ýaşyl lybaslary geýerler, ol ýerde tagtlaryň üstünde söýenip oturarlar. Nähili ajap sogap (sylag) we nähili gözel söýeniljek ýerdir.
 32. (Eý, Muhammet!) Olara iki adam (baradaky) tymsaly mysal getir. Biz olaryň birine iki üzümlik bakja döretdik hem-de ol bakjalary hurma (baglary) bilen gurşadyk. Ol iki (bakjanyň) arasynda (bolsa) ekinçilik döretdik.
 33. Iki bakja hem miwelerini getirdi. Onda hiç zat kem (nogsan) däldi. Ol ikisiniň arasyndan çeşme hem akdyrdyk.
 34. Onuň (başga-da girdeji berýän) düşewündi bardy. Ol ýoldaşy bilen jedelleşende: «Meniň malym-mülküm seniňkiden has köp, (men) adam (sany) taýdan hem has güýçli» diýdi.
 35. (Şeýdip) ol (men-menlik bilen) öz- özüne zulum edip, bakjasyna girdi. (Ol): «Bu (bag-bakjam) hiç wagt hem harap bolar (ýok bolar) öýdüp pikir etmeýärin.
 36. Kyýamat hem gopar öýdemok. Eger Perwerdigärime gaýtarylyp eltilsem, (ol ýerde) hökman mundan hem has gowy netije (ajaýyp ýaşaýyş) taparyn» diýdi.
 37. Ýoldaşy onuň bilen jedelleşip: «Seni (ilki) toprakdan, soň bir damja erkeklik suwundan ýaradan, soň bolsa seni adam (keşbinde) janlandyran (Perwerdigäriňe näşükür bolup) Ony inkär edýärmiň?
 38. Emma Ol (Alla) meniň Perwerdigärimdir. Men Perwerdigärime hiç kimi şärik goşmaýaryn.
 39. Sen bagyňa gireniňde: «(Berekella) Allanyň isleýşi ýaly bolupdyr. Güýç- kuwwat diňe Alla (mahsusdyr)!» diýmeli dälmidiň? Hatda sen meni mal-mülk we önelge (perzent) taýdan has kem (pes) görýän hem bolsaň (şeýle diýmelidiň).
40. Perwerdigärim maňa seniň bag- bakjaňdan hem haýyrlysyny berer we onuň üstüne (bagyňa) asmandan ýyldyrymlar ugradyp, typyp duran (tep- tekiz) topraga öwrer.
 41. Ýa-da onuň suwy (ýeriň) düýbüne siňer, seniň bolsa, ony gözläp tapmaga güýjüň ýetmez» diýdi.
 42. Onuň miwesi (bag-bakjasy daş- töweregi bilen) gurşaldy (ýok edildi). (Ol) oňa eden çykdajylaryna (gynanyp), iki owujyny owkalap başlady. Ol (bag- bakjalar) dikaşak çöküp (weýran boldy. Ol): «Käşgä, Perwerdigärime hiç kimi şärik goşmadyk bolsadym» diýýärdi.
 43. Oňa Alladan başga ne bir kömek berýän topar boldy, ne-de (ol) öz-özüne ýardam berip bildi.
 44. Ine, bu ýerde ýardam bermek (we hökmürowanlyk) diňe Hak bolan Alla mahsusdyr. Ol (Alla) sogap bermekde iň haýyrly bolandyr, (gözel) netije (bermekde hem) has haýyrlydyr.
 45. (Eý, Muhammet!) Olara dünýä ýaşaýşynyň (şeýledigini) mysal getirip (aýt. Ol) bir suw mysaly bolup, Biz ony (suwy, ýagşy) asmandan inderdik. Ýer ösümlikleri onuň bilen gatyşdy. (Ahyrynda bolsa) ýel sowrup duran çöp-çalam boldy. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
46. Mal-mülk, perzent (şu) dünýä ýaşaýşynyň bezegleridir. Baky bolan ýagşy (işler) seniň Perwerdigäriň huzurynda sogap-sylag babatda hem has haýyrlydyr, (Onuň rahmetinden) umytly bolmak babatda hem has haýyrlydyr.
 47. (Biz) ol gün daglary ýörederis, ýeriň ýalaňaç halda (düp-düzi bolanyny) görersiň. Biz olardan birini hem goýman (täzeden direldip, magşar meýdanyna) jemläris.
 48. (Eý, Muhammet! Olar) hatar-hatar edilip Perwerdigäriňe eltilerler. (Şonda olara): «Kasam bolsun! (Ine) siz Biziň sizi ilkibaşda ýaradyşymyz ýaly bolup Bize geldiňiz. Ýöne siz (hasaba çekilmegiňiz) üçin wada berlen wagtymyzy getirip bilmeris öýtdüňiz» diýler.
 49. (Olaryň öňlerine amallary ýazylan) kitap goýlar. (Şonda) günäkärleriň ondaky (ýazylanlardan) gorkup: «Haýp, biziň halymyza, bu nähili kitap ne ownuk, ne-de iri (hiç bir zady) galdyrylman, olaryň ählisini sanapdyr» diýenlerini görersiň. (Şeýdip, olar) eden işlerini taýýar görnüşde taparlar (görerler. Eý, Muhammet! Aýt): «Seniň Perwerdigäriň hiç kime zulum etmez!».
 50. Biz perişdelere: «Adama sežde ediň!» diýenimizde, Iblisden galan (ähli perişdeler) sežde etdiler. Ol (Iblis) jynlardandy. Ol Perwerdigäriniň emrinden çykdy (tabyn bolmady). Indi sen Meni taşlap, ony we onuň zürýatlaryny dost tutunýarsyňmy? Olar siziň duşmanyňyz (ahyry)! Zalymlar üçin bu nähili erbet (orun) çalyşmadyr!
 51. Men olary (Iblisi we zürýatlaryny) asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşynda-da, olaryň hut özleriniň ýaradylyşynda-da (güwä bolsunlar diýip) şaýat tutunmadym. Men ýoldan azanlary (hiç haçan) hemaýatkär edinmerin.
 52. (Allanyň kapyrlara): «Maňa şärik goşanlaryňyzy çagyryň!» diýjek güni barada oýlanyň! Olar hem olary çagyrarlar, emma olar hiç hili jogap berip bilmezler. Biz olaryň arasyna howply bir dere goýandyrys.
 53. Günäklärler ody (dowzahy) görenlerinde, özleriniň oňa zyňyljakdyklaryna göz ýetirerler. (Olar ol ýerden gaçmakçy bolarlar) emma gaçara ýer tapmazlar.
54. Takyk, Biz bu Kuranda ynsanlar üçin dürli mysallary getirip gördük. Emma ynsan dawa-jenjele iň höwesek bolan (barlykdyr).
 55. Özlerine dogry ýol (hidaýat) gelensoň, ynsanlaryň iman getirmegine we özleriniň Perwerdigärinden ýalkaw (geçirimlilik) soramaklaryna päsgel bolan zat (näme)? (Ol zat) diňe öňküleriň başyna gelenleriň öz başlaryna hem inmegine ýa-da azabyň öňlerine aç-açan gelmegine garaşmaklarydyr.
 56. Biz ilçileri (pygamberleri) diňe buşlaýjy hem-de duýduryş beriji hökmünde iberýäris. Kapyrlar bolsa batyla (boş zatlara) daýanyp, hakykaty aradan aýyrmak üçin (özleriniň batyl ýollary bilen) göreşýärler. Meniň aýatlarymy we olara duýdurylan zatlary äsgermezçilik edýärler.
 57. Perwerdigäriniň aýatlary ýatladylyp, ondan ýüzüni öwürýän hem-de öz eli bilen eden etmişini ýatdan çykarýan (ynsandan) has zalym kim bolup biler? Biz olaryň ýüreklerinde örtük (perde) goýduk, gulaklaryny bolsa ker etdik. Olar oňa (Kurana) düşünmezler. Sen olary hernäçe dogry ýola çagyrsaň-da, olar dogry ýoly (hidaýaty) tapmazlar.
 58. Seniň bol ýalkawly Perwerdigäriň uly merhemete eýedir. Eger eden etmişleri zerarly olaryň (derrew) jezalaryny bermekçi bolsady, olara azaby örän tiz bererdi. Emma olara belli bir wada (möhlet) berildi. Indi mundan soň olar gaçyp, bukulara ýer tapmazlar.
 59. Ine, biz bu obalaryň (halkyny) zalym bolandyklary zerarly heläk etdik. Olary heläk etmek üçin (öňünden) belli bir wagt (möhlet) belläp goýduk.
 60. Bir gezek Musa (ýanyndaky) bir ýaş ýigide: «Men, tä iki deňziň birleşýän ýerine çenli gidýänçäm ýa-da uzak wagtlap ýöreýänçäm, dynç aljak däl» diýipdi. Düşündiriş: Tefsir kitaplarynda bu ýaş ýigidiň Ýuşa ibn Nundugy, onuň Musa pygambere hyzmat edendigi, ondan ylym öwrenendigi aýdylýar.
 61. Olaryň ikisi iki deňziň birleşýän ýerine baranlarynda, balyklaryny ýatdan çykardylar. (Ol) balyk deňizde özüne bir ýol tutup, (suwa girip) gidipdi. Düşündiriş: Musa pygamber özünden has ylymly bolan Hydyr pygamber bilen duşuşmak üçin ýanyndaky ýoldaşy (hyzmatkäri) bolan ýaş ýigit bilen ýola çykypdy. Musa pygamberiň ýanynda bir öli balyk bardy. Ol balyk nirede janlanyp, deňze böküp girse, şol ýerde hem Hydyr pygamberiň bardygy habar berilmelidi. Emma olar gürrüňe gyzygyp, balygyň janlanyp, deňze böken ýerinden bihabar galýarlar.
 62. (Olar duşuşyk) ýerinden geçip gidenlerinen soň, Musa ýaňky ýaş ýigide: «Hany, biziň (guşluk) naharymyzy getir! Dogrudan hem, bu ýolagçylykdan juda ýadadyk» diýdi.
63. (Ýaş ýigit): «Gördüňmi, ýaňy daşyň ýanynda (dynç alanymyzda) ol balygy ýatdan çykarypdyryn. Ony ýatlatmagy unutdyran maňa şeýtandan başga hiç kim däldir. Ol (balyk) geň ýagdaýda deňizde öz ýoluny tutup gidipdi» diýdi. Düşündiriş: Ol ýigit üçin geň bolan zat, balygyň mugjyza bilen jana girmegidir. Bu mugjyzanyň amala aşan ýeri Hydyr pygamberiň duran ýeridi. Bu hadysa Musa pygamber dynç almak üçin, uka gidende bolup geçen bolmaly.
 64. Musa (oňa): «Ine, biziň gözleýän zadymyz!» diýdi hem-de olar yzlaryna, gaýdan ýerlerine öwrüldiler.
 65. Olar özüne biziň tarapymyzdan rahmet (wahyý we pygamberlik) berlen bendelerimizden bir bendäni (Hydyry) gördüler. Biz oňa Öz ylmymyzdan bir ylym hem öwredipdik.
 66. Musa ondan: «Maňa özüňe öwredilen peýdaly zatdan ylym öwretmegiň üçin saňa tabyn bolaýynmy?» diýip (sorady).
 67. Ol (Hydyr): «Takyk, sen meniň ýanymda (etjek işlerime) sabyr (çydam) edip bilmersiň.
 68. Doly bilmeýän zadyňa nädip sabyr etjek?!» diýdi.
 69. (Musa): «Alla halasa, sen meni sabyr edenlerden görersiň. Men seniň diýeniňden çykmaryn» diýdi.
 70. (Hydyr): «Eger maňa tabyn boljak bolsaň, tä sebäbini meniň özüm aýdýançam, menden hiç zat barada sorama» diýdi.
 71. (Olar) ýola rowana boldular. Soň olar bir gämä mündüler. (Hydyr) ol gäminiň (aşagyny) deşdi. Musa oňa: «Sen näme ol (gämä münjek) adamlary gark etmek üçin deşdiňmi? Sen täsin iş etdiň» diýdi.
 72. (Hydyr): «Men saňa: «Sen meniň ýanymda (etjek işlerime) sabyr edip bilmersiň diýmänmidim!» diýdi.
73. (Musa): «Sen unudan zadym üçin meni ýazgarma! Maňa işlerimde kynçylyk döretme!» diýdi.
 74. (Olar) soň (ýene) ýöräp gitdiler. Olaryň öňlerinden bir oglanjyk çykdy. (Hydyr) ony şol ýerde öldürdi. (Musa oňa): «Sen sebäpsiz ýere bigünä adamy öldürdiň. Takyk, sen erbet iş etdiň» diýdi.
 75. (Hydyr): «Men saňa: «Sen meniň ýanymda (etjek işlerime) sabyr edip bilmersiň diýmänmidim» diýdi.
 76. (Musa): «Eger mundan soň senden bir zat barada sorasam, maňa ýoldaş bolma! Bu meniň senden ahyrky sorajak ötünjimdir» diýdi.
 77. (Olar) soň (ýene-de) ýöräp gitdiler. Ahyry bir oba baryp ýetenlerinde, (ol obanyň) adamlary olary myhman almakdan ýüz öwürdiler. (Şol obada) ýykyljak bolup duran bir diwar (bardy. Bular ony) gördüler. (Hydyr) ol diwary derrew (gaýtadan) dikeldip (ony gowy edip oňardy). Musa: «Sen bu işiň üçin hak hem alyp bilerdiň» diýdi.
 78. (Hydyr) oňa şeýle diýdi: «(Seniň bu sözüň) ikimiziň aramyzy açdy. Indi men saňa seniň sabyr (çydam) edip bilmedik zatlaryň sebäbini aýdaýyn.
 79. (Meniň hälki) düýbüni deşen gämim, deňizde işleýän garyp-gasarlaryňkydy. Men onuň kemçilikli bolmagyny isledim. (Sebäbi) olaryň yzynda ähli (bitin) gämileri ýygnap, (zor bilen ellerinden alyp) ýören bir hökümdar bardy.
 80. (Meniň öldüren) oglanjygym (barada aýtsam) onuň ene-atasynyň ikisi hem mömin adamlardy. Şonuň üçin hem onuň ene-atasyna garşy gidip, olara azar bermeginden we näşükürlik etmeginden gorkduk.
 81. Özleriniň Perwerdigäriniň onuň deregine olara ondan has haýyrly we (ene-ata) rehimdar (perzent) bermegini isledik.
 82. (Dikelden ýaňky) diwarym bolsa şol şäherde iki sany ýetim çaganyňkydy. Onuň aşagynda olara degişli bolan bir hazyna bardy (gömülgidi). Olaryň atasy salyh (gowy) adamdy. Perwerdigäriň olar kämillik ýaşlaryna ýetensoňlar, Perwerdigäriňden ýeten rahmet hökmünde, olaryň hazynalaryna eýe bolmaklaryny isledi. Men bulary öz ygtyýarym bilen etmedim (diňe Allanyň tabşyryklaryny berjaý etdim). Ine, bular seniň sabyr (çydam) edip bilmedik zatlaryň düýp hakykatydyr».
83. (Eý, Muhammet!) Senden Zülkarneýn barada sorarlar. Sen olara: «Men size ol barada hem maglumat aýtjak» diý.
 84. Takyk, Biz oňa ýer ýüzünde güýç- kuwwat berdik. Oňa (gerek) bolan ähli zady üçin bir sebäp (serişde, ugur-ýol) berdik.
 85. Ol hem (Biziň görkezen ýolumyzdan) gitdi.
 86. (Ol) ahyry Günüň ýaşýan ýerine baranda, (Gün) göýä gara palçygyň içine ýaşýan (ýaly bolup) göründi. Ol ýerde bir kowuma (millete) duş geldi. Biz oňa: «Eý, Zülkarneýn! Olara ýa azap ber, ýa- da olara ýagşy gatnaşyk et» diýdik.
 87. Ol (ýaňky kowuma): «Kim zulum etse, oňa jeza bereris! Soň ol Perwerdigärine gaýtaryp eltiler. (Alla) oňa elhenç azap berer.
 88. Kim iman getirip, ýagşy işleri eden bolsa, oňa ýagşy sylag bardyr. Oňa işimiziň aňsadyny aýdarys» diýdi.
89. Soň ýene ýola düşdi.
 90. (Ol) ahyry Günüň dogýan ýerine baranda, ony (Güni) bir kowumyň üstüne dogýan halda gördi. Biz olara Günden (goranmaklary) üçin bir örtgi bermändik.
 91. Şeýlelikde, Biz ol baradaky (ähli) zatdan habardardyk.
 92. Soň (ol) ýene ýola düşdi.
 93. Ahyry iki bendiň (dagyň) arasyna ýetende, ol iki (bendiň) öňünde gepe düşmez bir kowuma duş geldi.
 94. (Olar): «Eý, Zülkarneýn! (Bu) ýerde ýajuç-mäjuç (äjit-mäjit) kowumy bozgaklyk edýärler. Biz saňa hak tölesek, biz bilen olaryň arasyna bent (diwar) gurup bermezmiň?» diýdiler.
 95. (Zülkarneýn): «Perwerdigärimiň maňa bagyş eden (nygmatlary, siziň berjek zatlaryňyzdan) has haýyrlydyr. Siz maňa (mal-mülk bilen däl, adam) güýji bilen kömek ediň! (Ine, şonda) men siz bilen olaryň arasyna bent çekeýin.
 96. Siz maňa demir böleklerini getiriň!» diýdi. Iki dagyň arasy (demir bölekleri bilen doldurylyp) deňleşende: «(Körüklere) dem uruň!» diýdi. Ahyry ol (demir böleklerini) oda öwrende: «(Baryň), getiriň, onuň üstüne ergin mis dökeýin» diýdi.
 97. Şonda (ýajuç-mäjuç) ne ol (bendi) aşyp bildiler, ne-de deşip (bildiler).
 98. (Zülkarneýn): «Bu Perwerdigärim tarapyndan bir rahmetdir. Perwerdigärimiň wada beren wagty gelende (kyýamat gopanda), ony ýer bilen ýegsan eder. Perwerdigärimiň wadasy hakdyr» diýdi.
 99. Ol gün olary biri-birleri bilen gatym- garym edip goýduk. Sur çalnanda, olaryň ählisini (bir ýere) jemledik.
100. Ol gün kapyrlara dowzahy görkezip, ýüzbe-ýüz ederis.
 101. Olaryň gözleriniň (alnynda) Meni zikir etmäge (päsgel bolýan) perde bardy, olar (Meniň pent-nesihatlaryma hem) gulak asmagy başarmadylar.
 102. Kapyrlar Menden özgeleri (bendelerimi) dost tutaryn diýip pikir edýärlermi? Takyk, Biz dowzahy kapyrlar üçin düşelge edip taýynladyk.
 103. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Size eden işlerinden iň köp zyýan çekjekleri habar bereýinmi?
 104. (Olar) Ýagşy iş edendiris diýip pikir edýän (emma edýän işleriniň haka laýyk däldigi üçin kabul edilmedik adamlardyr). Olar dünýä ýaşaýşynda çeken zähmetleri biderek bolanlardyr.
105. Ine, olar Perwerdigäriniň aýatlaryny hem-de Oňa duşmagy inkär eden, şeýdibem, amallary biderek bolan kişilerdir. Kyýamat güni olar üçin (amallaryny ölçeýän) terezi hem gurmarys (ýagny olaryň hiç hili gadyr- gymmaty bolmaz).
 106. Kapyr bolandyklary hem- de aýatlarymy we pygamberlerimi masgaralandyklary (äsgermezçilik edendikleri sebäpli, olaryň jezalary şol dowzahdyr.
 107. Iman getirip, ýagşy işleri eden kişilere ýurt (menzil) hökmünde «Firdöws» jennetleri bardyr.
 108. (Olar) ol ýerde ebedi galarlar, ol ýerden gitmek islemezler.
 109. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Perwerdigärimiň sözlerini (ýazmak üçin) deňiz syýa bolsa, ýene şonça (deňzi syýa edip) goşsak hem, Perwerdigärimiň sözleri gutarmanka, deňiz gutarar».
 110. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Men hem siziň ýaly bir ynsan. Ýöne maňa hudaýyňyzyň ýeke-täk Alladygy wahyý edilýär. Kim Perwerdigärine duşmagy umyt edýän bolsa, ýagşy (sogap) iş etsin hem-de Perwerdigärine gulluk (ybadat) etmekde (Oňa) hiç kimi şärik goşmasyn!».