1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 18. Alla Özünden başga (ybadata laýyk) hudaýyň ýokdugyna adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Ondan (Alladan) başga hudaý ýokdur.

Başy » Sözbaşy » 6-njy süre: «Engam» («Öýdeçi mallar»)

«Engam» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 165 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 126-144-nji aýatlaryň arasynda alty gezek agzalýan düýe, sygyr, goýun we geçi ýaly öýdeçi mallar manysyny aňladýan «Engam» sözünden gelip çykýar. Sürede imanyň esaslary, ynanç- ygtykat, wahyý, pygamberlik, ölümden soň direlmek we edilen amallara görä sylag ýa-da jeza berilmek ýaly meseleler barada aýdylyp geçilýär.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ähli hamdy-senalar asmanlary we ýeri ýaradan, garaňkylygy we aýdyňlygy bar eden Alla mahsusdyr. (Munça alamatlardan) soň kapyrlar (henizem butlary) özleriniň Perwerdigäri bilen deň tutýarlar.
 2. Sizi palçykdan ýaradan, soň ajaly ýazgyt eden Oldur. (Kyýamat gün üçin) bellenilen wagt Onuň ýanyndadyr. Soň siz (direljekdigiňiz hakda henizem) şübhe edýärsiňiz!
 3. Ol asmanlarda-da, ýerde-de (ybadata laýyk) Alladyr. Ol siziň gizleýäniňizi-de, äşgär edýäniňizi-de bilýändir. Ol siziň (haýyrdan we şerden) gazanýan zatlaryňyzy-da bilýändir.
 4. Olar özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryndan bir aýat gelse, ondan (hökman) ýüz öwürýärler.
 5. Bes, olar özlerine hak gelende, ony ýalan hasaplap (ýaňsyladylar). Emma tiz wagtda olara ýaňsylan zatlarynyň habarlary geler.
 6. Olar Biziň özlerinden öň ýer ýüzünde size bermedik mümkinçiliklerimizi beren, asmandan olara bol edip ýagyş iberen, derýalary (öýleriniň) aşagyndan akdyryp goýan ençeme nesilleri ýok edendigimizi görmedilermi?! Biz (soň) olary günäleri sebäpli, heläk etdik we olaryň yzyndan başga nesil ýaratdyk.
 7. (Eý, Muhammet!) Eger Biz saňa kagyza (ýazylan) bir kitap indersedik, olar (hem) ony elleri bilen (tutup) görsediler, (şonda-da) kapyrlar: «Bu äşgär jadygöýlikden başga zat däl» diýerdiler. Düşündiriş: Kurany Kerim pygamberimiz Muhammet aleýhissalama Jebraýyl perişdäniň üsti bilen inderilendir. Inderilen aýatlar kitap görnüşinde bolman, diňe okap berlip, pygamberimize öwredilip, ýat tutdurylypdyr. Kapyrlar bu gudratlary görüp, aýatlary eşitseler- de, bu görnüş wahyny kabul etmän, onuň ýazylan kitap görnüşinde gelmegini isläpdirler. Allatagala bu aýatda Kurany Kerimiň olaryň islän görnüşinde inderilen ýagdaýynda hem kapyrlaryň ony inkär etjekdikleri barada aýdýar. Çünki öň Musa pygambere Töwrat ýazylan görnüşinde iberilse-de, kapyrlar oňa ynanmandyrlar.
 8. Olar (kapyrlar): «Oňa (Muhammede) bir perişde inderilmeli (iberilmeli) dälmidi?!» diýdiler. Eger Biz bir perişde inderen (iberen) bolsadyk, (olar hem inkär etselerdi), elbetde, boljak iş bolardy (olary heläk ederdik). Soň olara möhlet hem berilmezdi.
9. Eger Biz (pygamber edip) bir perişdäni (ibersedik), hökman ony adam (görnüşinde) ibererdik. Olary özlerine düşen şübhelerine ýene-de düşürerdik. Düşündiriş: Pygamber ynsan bolansoň, oňa «Sen hem biziň ýaly bir ynsansyň» diýip, ynanmaýan kapyrlar perişdäni ynsan şeklinde görseler hem, oňa: «Biz seniň perişdedigiňi nireden bileli, sen hem biziň ýaly ynsansyň» diýip, onuň perişdedigine ynanmazdylar. Onuň getiren hak dinine gulak asmazdylar we pygamberligini hem tassyk etmezdiler.
10. Kasam bolsun! Senden öňki (geçen) pygamberler hem ýaňsylandylar. Şonuň üçin hem ýaňsylaýan ol zatlary (azap) olardan ýaňsylaýanlaryň (özlerini) gurşap aldy.
 11. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Siz ýer ýüzüne aýlanyň, soň (pygamberleri) ýalançy hasaplanlaryň soňunyň nähili bolandygyna bir serediň!» diýip aýt.
 12. Aýt: «Asmanlardaky we ýerdäki zatlar kimiňki?» (Soň hem) «Elbetde, Allanyňkydyr!» diý. Ol (bendelerine) rahmet etmegi Öz barlygyna ýazdy (wezipe edindi). Kasam bolsun! Ol sizi (amala aşjagyna) şek-şübhe bolmadyk kyýamat gününde bir ýere jemlär. Özlerini zyýana sokanlar, ine, olar ynanmazlar.
 13. Gijede we gündizde ýerleşen (ähli) zat Onuňkydyr. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 14. Sen (olara): «Men asmanlary we ýeri ýokdan bar eden, (ähli janly zada) iýdirýän (rysgal berýän, emma özi) iýdirilmeýän Alladan özgäni dost tutunarynmy?!» diýip aýt. (Soň ýene): «Maňa Alla boýun bolýanlaryň ilkinjisi bolmagym emir edildi we hergiz (Alla) şärik goşýanlardan bolma» diýildi» diýip aýt.
 15. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Men Perwerdigärime asy bolsam, uly günüň (kyýamatyň) azabyndan gorkýaryn» diýip aýt.
 16. Kim ol günde ondan (azapdan) sowulsa, bes, (Alla) oňa rehim edendir. Bu äşgär üstünlikdir.
17. Eger Alla saňa bir zyýan (bela) ýetirse, ony Özünden başga açyjy (dep etjek) ýokdur. Eger (Alla) saňa bir peýda getirse, (bilip goýuň), Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 18. Ol bendelerine (höküm etmekde) ähli ygtyýara we güýje eýedir. Ol hikmet eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr.
19. Sen (olara): «Şaýatlyk taýdan iň üstün zat näme?» diý. (Soň) aýt: «Meniň bilen siziň araňyzda Alla şaýatdyr. Bu Kuran maňa size we ýetişip bilen hemmelere (ähli ynsanlara) duýdurmagym üçin iberildi. Siz hakykatdan hem Allanyň ýany bilen başga hudaýlaryň barlygyna şaýatlyk edýärsiňizmi?!». (Soň ýene-de): «Men (muňa hiç hili) şaýatlyk etmerin!» diý. (Soň olara): «Ol ýeke-täk Hudaýdyr. Takyk, men siziň şärik goşýan zatlaryňyzdan daşdyryn!» diýip aýt. Düşündiriş: Bir gün Mekgäniň kapyrlary pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Biz seniň pygamberligiňi tassyklaýan hiç kimi bilmeýäris. Sen hakda nasranylardan we ýahudylardan hem soradyk welin, olaryň aýtmagyna görä, öňki kitaplarda sen barada hiç hili zat aýdylmandyr. Sen bize öz pygamberligiňe şaýatlyk edýän birini görkez» diýipdirler. Şonda ýokardaky aýat inipdir.
 20. Biziň özlerine kitap berenlerimiz (ýahudylar we nasranylar) ony (Muhammedi) öz ogullaryny tanaýyşlary ýaly tanaýarlar. (Emma) özlerine zyýan edenler, ine, olar (oňa) iman getirmezler. Düşündiriş: Ýokardaky aýat ýahudylaryň we nasranylaryň hezreti Muhammet aleýhissalamyň pygamberliginiň hakdygyny bilýändiklerini subut edýär. Olaryň mukaddes kitaplarynda pygamber aleýhissalamyň geljegini buşlaýan habarlar bardyr. Muny bilýän Abdylla ibn Salam atly bir ýahudy alym: «Men Muhammedi oglumy tanaýşymdan hem has gowy tanaýaryn. Onuň pygamberliginiň hakdygyna hiç hili şek-şübhäm ýok. Emma çagam barada nireden bileýin, belki, enesiniň maňa hyýanat eden bolmagy mümkin, oňa şübhäm bolup biler» diýipdir.
 21. Alla ýalan ýöňkänlerden ýa-da Onuň aýatlaryny ýalan hasaplanlardan has zalym kim bolup biler?! Takyk, zalymlar (azapdan) halas bolmazlar.
 22. Biz ol (kyýamat) güni olaryň hemmesini bir ýere jemläp, (Alla) şärik goşanlara: «Hany, (boş ýere Alla) şärik goşan hudaýlaryňyz nirede?!» diýeris.
 23. Soň olaryň pitnesi (ahyrky netijeleri): «Perwerdigärimiz Alla kasam bolsun! Biz Alla şärik goşanlardan bolmandyk» diýmekden başga zat bolmaz.
 24. Seret! Olar öz zyýanlaryna nähili ýalan sözlediler we olaryň (hudaý diýip) toslan zatlary (nähili) ýitip gitdi.
 25. Olaryň arasynda (Kuran okaýan mahalyň) seni diňleýänler hem bar. Biz oňa (Kurana) düşünmezler ýaly, olaryň ýüreklerini perdeläp, gulaklaryny agyrlaşdyrdyk (ker etdik). Olar eger her (dürli) alamatlary (mugjyzalary) görseler hem, oňa ynanmazlar. Hatda olar seniň ýanyňa gelenlerinde, seniň bilen jedelleşip: «Bu (Kuran) öňküleriň ertekilerinden başga (zat) däldir» diýerler. Düşündiriş: Ibn Abbasdan rowaýat edilmegine görä, Ebu Sufýan, Welid ibn Mugyra we Nadr ibn Hars dagylar pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Kuran okap otyrka gelip, diňlemäge durupdyrlar. Soň olar Nadra ýüzlenip: «Muhammet näme diýýär?» diýip soranlarynda ol: «Öň meniň size dürli ertekileri aýdyp berşim ýaly, ol hem öten-geçenleriň hekaýalaryny aýdýar» diýipdir. Şonda Allatagala ýokardaky aýaty inderipdir.
 26. Olar (ynsanlary) ondan (Kurandan) sowýarlar hem-de özleri ondan daşlaşýarlar. Emma olar diňe özlerini heläk edýärler. (Ýöne) olar bu (hakykaty) duýmaýarlar.
 27. Sen olaryň oduň (dowzahyň) öňünde durup: «Käşgä biz ýene-de (bir gezek) dünýä gaýtarylyp getirilsedik, Perwerdigärimiziň aýatlaryny inkär etmesedik we möminlerden bolsadyk!» diýenlerini bir görsediň.
28. Ýok! (Olar muny) öňden bäri gizläp gelen (etmişleri) äşgär bolansoň (ýüzlerine urlansoň) aýdýarlar. Eger olar (dünýä täzeden) gaýtarylyp getirilseler- de, hökman gadagan edilen zatlara (erbetliklere) ýene-de dönerdiler. Takyk, olar ýalançydyrlar.
 29. Olar: «Biziň dünýä ýaşaýşymyzdan başga (ýaşaýyş ýokdur)! Biz gaýtadan direldilmeris!» diýdiler.
30. Sen (olary) özleriniň Perwerdigäriniň öňünde duran wagtlary bir görsediň! (Alla olara): «Bu (direliş) hakykat däl ekenmi?» diýende, (olar): «Perwerdigärimize kasam bolsun! Elbetde (bu hakykat eken)» diýerler. (Alla): «Ine, indi inkär edeniňiz sebäpli, azaby dadyň!» diýer.
 31. Alla gowuşmagy ýalan hasaplanlar, hakykatdan-da uly zyýan çekendirler. (Kyýamat) sagady olaryň üstlerinden duýdansyz inende, olar günä ýüklerini arkalaryna alyp: «Dünýäde (haýyrly işleri etmekden) yzda galandygymyz üçin haýp bize!» diýerler. Ägä boluň! Olaryň göterýän zady (ýükleri) nähili erbetdir!
 32. Bu dünýä ýaşaýşy diňe (az wagtlyk) oýundyr we güýmenjedir. Ahyret ýurdy bolsa (erbetliklerden) saklananlar üçin has haýyrlydyr. Siz (henizem) pikirlenjek dälmisiňiz?!
 33. Biz olaryň aýdýan zatlarynyň seni gynandyrýandygyny, elbetde, (örän gowy) bilýäris. Takyk, olar seniň (özüňi) ýalançy hasaplamaýarlar, emma ol zalymlar Allanyň aýatlaryny inkär edýärler. Düşündiriş: Rowaýat edilmegine görä, Haris ibn Amyr atly bir kuraýşly pygamberimiziň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Biz seni ýalançy hasaplar ýaly şu wagta çenli ýalan sözläniňi eşitmedik. Ýöne eger saňa uýsak, bizi bu ýurdumyzdan kowup çykararlar» diýensoň, bu aýat inipdir.
 34. Kasam bolsun! Senden öňki pygamberler hem ýalançy hasaplandyrlar. Olar, tä özlerine Biziň kömegimiz gelýänçä, inkär etmelere we ezýetlere sabyr etdiler. Allanyň sözlerini üýtgedip biljek (hiç kim) ýokdur! Kasam bolsun! Saňa (öňki) pygamberleriň käbir habarlary (hem) geldi.
 35. Eger olaryň ýüz öwürmekleri saňa agyr degýän bolsa, (sen hem sabyr edip bilmeseň), onda ýerden bir deşik açyp ýa-da asmana basgançak gurup, olara alamat (mugjyza) görkezmekçi bolsaň (görkez). Eger Alla islesedi, olary dogry ýolda jemlärdi. Bes, sen (bisabyr bolup), hiç haçan (Allanyň hikmetini bilmeýän) nadanlardan bolma!
36. Diňe (kabul etmek üçin) gulak asanlar (bu çakylyga) jogap bererler. Ölüler (ýaly hiç zat eşitmeýän kapyrlary bolsa) Alla (soň) direlder. Soň olar Oňa gaýdyp getiriler.
 37. (Kapyrlar): «Oňa (Muhammede) Perwerdigärinden bir mugjyza inderilsedi!» diýdiler. Sen (olara): «Takyk, Allanyň (olaryň isleýişleri ýaly) mugjyza indermäge güýji ýetýändir» diýip aýt. Emma olaryň köpüsi (mugjyza inensoň, inkär etseler, başlaryna geljek belany) bilmeýärler.
 38. Ýer ýüzünde (ýöreýän) her bir jandar, asmanda iki ganatyny kakyp uçýan her bir guş hem edil siziň ýaly bir ymmatdyr (öz dünýäleri bardyr). Biz ol kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylman galan hiç zat goýmadyk. Soň (hemmeler) Perwerdigäriň huzuryna jemlenerler. Düşündiriş: Lowhy-mahfuz – «Goralýan tagta» manysynda bolup, Alla tarapyndan ähli zatlaryň ýazgydy ýazylan Arşdaky mukaddes kitapdyr.
 39. Biziň aýatlarymyzy ýalan hasaplanlar tümlük içinde (galan) kerler we lallardyr. Alla islänini azaşdyrar, islänini-de dogry ýola salar.
 40. (Eý, Muhammet!) Sen (olara) aýt: «Hany maňa aýdyň! Eger-de size Allanyň azaby gelse ýa-da (kyýamat) sagady gelip ýetse, Alladan özgäni çagyrarsyňyzmy?! Eger (butlaryňyz size kömek berýändigini aýtmakda) dogruçyl bolsaňyz (çagyryň olary)!
 41. Ýok! (Tersine), siz (butlara däl-de), diňe Oňa (Alla) ýalbararsyňyz. Ol hem islese (halas bolmak üçin) çagyran zadyňyzy (belany) dep eder we siz (Alla) goşan şärikleriňizi unudarsyňyz.
 42. Kasam bolsun! Biz sizden öňki ymmatlara hem ilçiler iberipdik. (Ilçilerimizi inkär edendikleri sebäpli, Bize) ýalbaryp ýakarmaklary üçin olary horluklar (mätäçlik) we (hassalyk ýaly) kynçylyklar bilen jezalandyrdyk.
 43. Olar hiç bolmanda Biziň belamyz (azabymyz) gelende ýalbarsadylar. (Olar şony hem etmediler). Sebäbi olaryň ýürekleri gatapdyr. Şeýtan hem olaryň edýän (erbet) işlerini özlerine gözel edip görkezdi.
 44. Olar özlerine berlen öwütleri unudansoňlar, (olara iberen kynçylyklarymyzy aýryp) öňlerinde hemme zadyň (zowky-sapanyň we nygmatlaryň) gapylaryny açdyk. Olar özlerine berlen zatlar (ol nygmatlar) bilen şat bolan wagtlary, olary duýdansyz tutduk. Olar (hem ähli haýyrlardan) umytlaryny ýitirdiler.
45. Şeýdip, zulum edýän kowumyň yzy (köki) kesildi. (Ähli) hamdy-senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr!
 46. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Hany aýdyň, eger Alla gulaklaryňyzy (ker), gözleriňizi (kör edip) alsa we ýürekleriňize möhür ursa, Alladan başga ony ýene gaýdyp berjek hudaý kimdir? Seret, Biz olara (Allanyň ýeke-täkligini subut edýän) aýatlary nähili beýän edýäris. Soň olar (bu aýatlardan) ýüz öwürýärler».
 47. (Sen) aýt: «Siz (hany aýdyň), özüňizi gördüňizmi! Eger Allanyň azaby size duýdansyz ýa-da aç-açan gelse, zalymlardan heý başgasy heläk bolarmy?!».
 48. Biz pygamberleri diňe (möminleri jennet bilen) buşlaýjylar we (kapyrlara azap bilen) duýduryjylar edip iberýäris. Bes, kim iman getirip, özüni düzetse, olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
 49. Biziň aýatlarymyzy inkär edenler bolsa (Haka garşy gidip), ýoldan çykandyklary üçin azaba duçar bolarlar.
 50. Sen (olara): «Men size: «Allanyň hazynalary meniň ýanymda» diýmeýärin, men gaýyby hem bilmeýärin. Men size: «Men bir perişdedirin» hem diýmeýärin. Men diňe (özüme) wahyý edilene tabyn bolýaryn» diý. (Soň ýene-de): «Heý, kör bilen görýän kişi deň bolarmy?! Heý, siz pikir etmeýärsiňizmi?» diýip aýt. Düşündiriş: Bir gezek kapyrlar pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň ýanyna gelip: «Eger seniň pygamberligiň hak bolsa, Perwerdigäriňden bize baýlyk dile» diýýärler. Şonda Allatagala bularyň pygamberiň elindäki zat däldigini we munuň diňe Allanyň eradasyna baglydygyny habar berip, bu aýaty inderipdir.
 51. Özleri üçin Ondan (Alladan) başga hiç bir dost we şepagatçy bolmadyk Perwerdigäriniň huzurynda jemlenmekden howatyr edýänleri (kapyrlykdan we günä işleri etmekden) saklanmaklary üçin onuň (Kuranyň emirleri) bilen gorkuz (duýdur)!
52. Onuň (Allanyň) didaryny (razylygyny) isläp, ertir-agşam özleriniň Perwerdigärine ýalbaryp (nyýaz edenleri ýanyňdan) kowma! Olaryň hasaplaryndan (etmişlerinden) saňa hiç hili (jogapkärçilik) ýokdur, seniň hasabyňdan (eden işleriňden) hem olara hiç hili (jogapkärçilik) ýokdur. Bes, olary (ýanyňdan) kowsaň, onda sen (özüňe) zulum edenlerden bolarsyň. Düşündiriş: Mekgeli kapyrlar pygamberimiziň ýanyna gelip: «Eger sen ýanyňdaky (Habbap, Bilal, Ammar, Suheýp ýaly) garyplary kowsaň, biz saňa tabyn bolarys» diýenlerinde, bu aýat inipdir.
53. Şeýdip: «Biziň aramyzdan Allanyň nygmat (iman) berenleri şularmy?!» diýmekleri üçin, Biz olaryň käbirini (baýlaryny) käbirleri (garyplar) bilen synag etdik. Eýsem, Alla (iman we Kuran nygmatynyň gadyryny bilip) şükür edenleri has gowy bilmeýärmi?!
54. (Eý, Muhammet!) Biziň aýatlarymyza iman getirenler seniň ýanyňa gelenlerinde (olara): «Size salamatlyk bolsun!» diýip aýt. Perwerdigäriňiz Özüniň barlygyna (şu) rahmeti ýazdy (wada berdi): «Sizden kim bilmezlikden bir günä iş etse, ondan soň toba etse we (özüni) düzetse, takyk, Ol (Alla) Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr».
 55. Biz şeýdip, günäkärleriň (kapyrlaryň) ýoly (möminleriňkiden) äşgär belli bolsun diýip, aýatlary doly beýan edýäris.
 56. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siziň Allanyň ýany bilen başga çagyrýan (butlaryňyza) ybadat etmek maňa gadagan edildi». (Soň ýene-de) aýt: «Men siziň (ýanymdaky garyp-gasarlary kowmak we butlara ybadat etmek ýaly) islegleriňize uýmaryn. Ýogsa (eger şeýle etsem), men azaşyp, dogry ýola gönükdirilenlerden bolmaryn».
 57. Aýt: «Men Perwerdigärimden (gelen) äşgär delile (daýanýaryn). Siz bolsa ony ýalan hasapladyňyz. Siziň howlugýan (isleýän) zadyňyz (azabyňyz) meniň ýanymda (ygtyýarymda) däl. Höküm diňe Allanyň (ygtyýaryndadyr). Ol diňe haky (dogryny) aýdýandyr. Ol (hak bilen nähaky) aýyl-saýyl edýänleriň iň haýyrlysydyr».
58. Aýt: «Eger siziň şol howlukmaçlyk bilen isleýän zadyňyz (azabyňyz) meniň ýanymda (ygtyýarymda) bolsady, meniň bilen siziň araňyzdaky (boljak) iş (bireýýäm) bolardy (siz heläk bolardyňyz). Alla zalymlary has gowy bilýändir».
 59. Gaýyp (älemiň) açarlary Onuň (Allanyň) ýanyndadyr. Olary (bir) Özünden başga hiç kim bilmez. Ol gury ýerdäki we deňizlerdäki (ähli zady) bilýändir. Ol ýere gaçan (her) bir ýapragy hem bilýändir. (Ol) ýeriň tümlüklerinde ýatan bir dänäni, öl bolsun, gury bolsun (tapawudy ýok, näme bar bolsa), olaryň (hemmesini) hökman (bilýändir). Olaryň hemmesi (Lowhy-mahfuzda) äşgär kitapda (ýazylandyr).
60. Gijelerine janyňyzy alýanam (ukladýanam), gündizine näme edýändigiňizi bilýänem, bellenilen wagtyňyzyň (ömrüňiziň) dolmagy üçin onda (gündiz) sizi direldýänem (oýandyrýanam) Oldur. Siz (ölümden) soň (direlip), Oňa dolanyp bararsyňyz. Ol siziň eden işleriňizi size (doly) habar berer.
 61. Ol bendelerine (höküm etmekde) ähli ygtyýara we güýje eýedir. Ol size (amallaryňyzy ýazýan we sizi) goraýan perişdeleri iberýär. Eger siziň biriňize ölüm (pursaty) gelip ýetse, biziň ilçilerimiz (ölüm perişdelerimiz) onuň ruhuny (janyny) alarlar. Olar (özlerine tabşyrylan wezipede) kemçilik goýbermezler (hiç kimiň ajalyny ýekeje salym hem gijä goýmazlar).
 62. Soň (kyýamat güni) olar (ruhlary alnan bendeler) hakyky Hossarlaryna (Alla) gaýdyp getiriler. Ägä boluň! Höküm diňe Onuňkydyr we Ol hasap soraýanlaryň iň çakganydyr.
 63. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz (ýolagçylykda) ýeriň we deňziň tümlüklerine (kynçylyklaryna) düşüp: «Eger bizi mundan halas etse, hökman şükür edenlerden bolarys» diýip, Ony gizlin we äşgär çagyrýan mahalyňyz sizi (Alladan başga) kim halas eder?!».
 64. Aýt: «Sizi ondan we her dürli gaýgy- gamdan, (elbetde, diňe) Alla halas eder. Soň siz ýene-de (Alla) şärik goşarsyňyz».
 65. Aýt: «Onuň (Allanyň) siziň üstüňizden (asmandan) ýa-da aýaklaryňyzyň aşagyndan (zeminden) azap ibermäge ýa-da sizi topar-topar edip (biri-biriňize zyýan ýetirip), ezýetleriňizi biri-biriňize dadyrmaga güýji ýetýändir». Seret! Olar düşünsinler diýip, Biz (Allanyň gudratyny görkezýän) aýatlarymyzy nähili beýan edýäris.
 66. Seniň kowumyň, hak bolsa-da, ony (Kurany) ýalan hasaplady. Aýt: «Men size wekil (jogapkär) däldirin.

67. (Kuranda beýan edilen) her bir habaryň amala aşjak (belli bir) wagty bardyr. Siz tiz wagtda (bular amala aşanda hakykaty) bilersiňiz.
 68. Sen Biziň aýatlarymyz hakda (dil ýetirip) gümra bolup oturanlary görseň, tä ondan başga gepe girişýänçäler olardan ýüz öwür! Eger şeýtan (muny saňa) unutdyrsa, ýadyňa düşen badyna, ol zalymlar topary bilen oturma!».
69. Takwa kişilere olaryň (kapyrlaryň) hasaby (edýän zatlary) üçin hiç zat (jogapkärçilik) ýokdur. Ýöne olaryň çekinmekleri üçin (musulmanlar olara Allanyň aýatlarynyň üstünden gülmeli däldigini) ýatlatmalydyrlar.
70. (Hormat goýmagyň deregine) dinlerini oýna we güýmenjä öwren we bu (pany) dünýä ýaşaýşyna aldanan kişileri terk et! Her kim eden etmişi (günäleri) sebäpli, özüni heläkçilige salmaz ýaly, sen diňe onuň (Kuran) bilen wagyz et! (Çünki) oňa Alladan başga dost-da, şepagatçy-da ýokdur. Ol (özüni azapdan halas etmek üçin) her dürli fidýe berse-de, ol fidýe ondan kabul edilmez. Olar (eden etmişleri sebäpli) heläkçilige (azaba) sezewar bolanlardyr. Kapyr bolandyklary üçin olara (dowzahda) içer ýaly gaýnag suw we jebir-jepaly azap bardyr.
 71. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Biz indi Alladan başga bize hiç hili peýdasy bolmadyk ýa-da zyýan hem berip bilmeýän zatlary (butlary) çagyralyňmy?! Alla bizi dogry ýola gönükdirenden soň, şeýtanlaryň azaşdyryp, çölde sergezdan bolup aýlandyrmak isleýän, ýoldaşlarynyň bolsa, «Biziň (ýanymyza) gel!» diýip, dogry ýola çagyrýan aňkarylan kişi ýaly ökjelerimiziň üstünde (yslamdan) yzymyza (köphudaýlylyga) öwrüleliňmi?!». (Ýene-de) aýt: «Allanyň gönükdiren ýoly hakyky dogry ýoldur. Bize älemleriň Perwerdigärine boýun bolmak emir edildi».
 72. (Bize): «Namazy berjaý ediň we Ondan (Alladan) gorkuň!» (diýip, emir edildi). Siziň (hemmämiziň soňky) jemlenjek ýeriňiz Onuň huzurydyr.
 73. Ol (Alla) asmanlary we ýeri hak (we hikmet) bilen ýaradandyr. Ol hak sözi bolan «Bol!» diýen güni hemme zat (peýda) bolar! Sura üflenjek günde mülk (hökmürowanlyk) Onuňkydyr. Ol gizlin we äşgär (ähli zady) bilýändir. Ol hikmet eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr.
74. Bir wagtlar Ybraýym atasy Azere ýüzlenip: «Sen (käbir) butlary hudaý hasaplaýarsyňmy?! Takyk, men seni we seniň kowumyňy äşgär azaşmagyň içinde görýärin» diýipdi.
75. Biz şeýdip, (Alla) anyk ynanýanlardan bolmagy üçin Ybraýyma (Allanyň) asmanlardaky we ýerdäki melekutyny (hökümdarlygyny) görkezendiris.
 76. Ony (Ybraýymy) gije (tümlügi) örtende, ol bir ýyldyz görüp (kowumyna ýüzlenip: «Siziň pikiriňize görä) bu meniň Perwerdigärim!» diýdi. Ol (ýyldyz) batansoň: «Men batýanlary (üýtgäp duranlary) halamaýaryn» diýdi.
 77. (Ybraýym) dogup gelýän Aýy görende: «(Siziň pikiriňize görä) bu meniň Perwerdigärim!» diýdi. Ol hem batansoň: «Eger Perwerdigärim maňa dogry ýoly görkezmese, men hökman azaşanlardan bolaryn» diýdi.
 78. (Soň) dogup gelýän Güni görende: «(Eger sizden sorasam) bu meniň Perwerdigärim, (sebäbi) bu has ulurak!» diýdi. Ol hem ýaşansoň: «Eý, kowumym! Takyk, men siziň (Alla) şärik goşýan zatlaryňyzdan daşdyryn.
 79. Takyk, men ýüzümi hanyf (hak dinli) bolup, asmanlary we ýeri ýaradan (Alla) öwürdim. Men (Alla) şärik goşýanlardan däldirin» diýdi.
 80. Kowumy onuň bilen dawalaşmaga başlady. Ol (olara): «Siz meni dogry ýola gönükdiren Allanyň (birligi) hakda meniň bilen jedel edýärsiňizmi? Men siziň Oňa şärik goşýan zatlaryňyzdan gorkmaýaryn. Perwerdigärim näme islese (şol hem bolar). Perwerdigärim ylmy bilen ähli zady gurşap alandyr. Heý, pikir etmeýärsiňizmi?
81. Siz Allanyň özüňize hiç bir delil indermedik zadyny (Oňa) şärik goşmakdan gorkmaýarkaňyz, men nädip (hakykaty bilip durkam), siziň (Oňa) şärik goşýan zatlaryňyzdan gorkaýyn? Eger bilýän bolsaňyz, (hany aýdyň), bu iki toparyň haýsysy howpsuzlyga (azapdan halas bolmaga) has laýykdyr?» diýdi.
82. Iman getirip‚ öz imanlaryna hiç hili zulum (şäriklik) gatyşdyrmadyklar‚ (ine), olar (howpdan) aman bolarlar we olar dogry ýoldadyrlar.
83. Ine, bular Ybraýyma kowumyna garşy (durmak üçin) beren (anyk) delillerimizdir. Biz islänimiziň derejelerini (mertebesini) artdyrarys. Takyk, seniň Perwerdigäriň hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir.
 84. Biz oňa (Ybraýyma) Yshak bilen Ýakuby (perzent edip) berdik. Olaryň her haýsyny dogry ýola (pygamberlige) gönükdiripdik. Nuhy hem dogry ýola gönükdiripdik we onuň zürýadyndan Dawudy‚ Süleýmany‚ Eýýuby‚ Ýusuby‚ Musany hem-de Haruny (hem) dogry ýola gönükdiripdik. Biz ýagşy işleri edýänleri, ine, şeýdip sylaglarys.
 85. Zekeriýýany‚ Ýahýany‚ Isany we Ylýasy hem (dogry ýola gönükdiripdik). Olaryň hemmesi-de salyh bendelerdendi.
 86. Ysmaýyly‚ Elýesagy‚ Ýunusy we Luty hem (dogry ýola gönükdiripdik). Olary (öz ýaşan döwürlerinde) älem- jahana (pygamberlik berip) üstün etdik.
 87. Olaryň ata-babalaryndan‚ zürýatlaryndan we doganlaryndan käbirlerini hem (töweregindäki ynsanlardan üstün edip) saýlap-seçdik hem-de dogry ýola gönükdirdik.
 88. Ine‚ bu ýol Allanyň dogry ýoludyr‚ oňa (bendelerinden) islänini gönükdirer. Eger olar (Alla) şärik goşsadylar, (onda) olaryň (ýeten şol derejelerine garamazdan) eden (ähli ýagşy) amallary puç bolardy.
 89. Ine‚ olar Biziň özlerine kitap‚ hikmet we pygamberlik beren (bendelerimizdir). Eger olar (kapyrlar) bu (aýatlarymyzy) inkär etseler, onda Biz inkär etmeýän bir kowumy (möminleri) olara (derek) wekil edendiris (ýagny ylahy kitaplara tabyn boljak möminler hökman bolar).
90. Ine, olar Allanyň dogry ýola gönükdiren kişileridir. Sen hem olaryň ýoluna tabyn bol! (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Men muňa (pygamberlik wezipämi size ýetirendigim üçin) sizden hak (tölemegiňizi) soramaýaryn. Ol (Kuran) bütin älem-jahan üçin diňe bir öwütdir».
 91. (Ýahudylar) Alla (şanyna) laýyk derejede hormat goýmadylar. Çünki olar: «Alla hiç bir adama (pygambere) hiç zat (kitap) inderen däldir» diýdiler. Sen (olara) aýt: «Onda Musanyň ynsanlara nur we dogry ýol hökmünde getiren kitabyny (Töwraty) kim inderdi?! Siz ony (bölek) kagyzlar (görnüşinde) saklap‚ (bähbidiňize ýaraýan käbir aýatlary) görkezip, (Muhammet hakdaky) köp aýatlary bolsa ýaşyrýarsyňyz. Size (bu Kuran arkaly) siziň we ata-babalaryňyzyň bilmeýän zatlary öwredilendir». Sen (olara): «(Bu Kurany) Alla (inderdi)» diýip aýt. Soň olary terk et! Çümen zatlarynyň (batyl batgalyklarynyň) içinde oýnap dursunlar.
 92. Bu (Kuran) özünden öňki (kitaplary) tassyklaýan, şäherleriň enesi (merkezi) bolan (Mekge halkyny) we onuň daş-töweregindäkileri (azapdan) gorkuzmagyň üçin (saňa) inderen mübärek kitabymyzdyr. Ahyrete ynananlar oňa (Kurana) ynanarlar we olar namazlaryny berjaý ederler.
 93. Allanyň (adyndan) ýalan toslaýandan ýa-da, özüne hiç hili wahyý gelmese- de, «Maňa-da wahyý geldi» diýýänden, ýa-da: «Allanyň indereni ýaly (aýatlary) menem indererin» diýýänden has zalym kim bolup biler? (Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň! Düşündiriş: Bu aýat Museýlemetul-Kezzap we Eswed Ansi ýaly käbir ýalançylaryň: «Bize-de wahyý gelýär» diýip, özlerini pygamber yglan edendikleri üçin inipdir.
94. Kasam bolsun! Sizi ilkibaşda (doglanyňyzda) ýaradyşymyz ýaly (ahyrete hem) Bize ýalňyz (başyňyza) gelersiňiz! Siz Biziň beren zatlarymyzy (dünýä malyny) arkalaryňyzyň yzynda goýup (gelersiňiz). Öz ýaradylyşyňyza (Alla) şärikler hasaplan şepagatçylaryňyzy siziň (ýanyňyzda) görmeýäris. Kasam bolsun! Siziň (olar bilen) araňyz üzülendir we (hudaý) hasaýplan zatlaryňyzyň (hemmesi) sizden ýitirim bolandyr.
95. Takyk, Alla dänäni (tohumy, agaç çykarmak üçin) şänikleri ýaryp (ösdürýändir). Ol ölüden dirini, diriden hem ölüni çykarýandyr. Ine‚ (Ol) hem Alladyr. Bes, siz (imandan) nädip öwrülip bilýärsiňiz?
 96. (Ol) säheri (gije garaňkylygyndan) ýaryp çykarandyr. Ol gijäni dynç alyş, Güni we Aýy hem (wagtlaty bilmek üçin) hasap (ölçeg) etdi. Bu Gudraty güýçli we (ähli zady) bilýän Allanyň ýazgydydyr (nyzamydyr).
97. Ol (Alla) ýeriň we deňziň tümlüklerinde size ýol görkezmegi üçin ýyldyzlary ýaradandyr. Biz (Allanyň gudraty hakda pikir edip) bilmek isleýänler üçin (Allanyň birliginiň) delillerini giňişleýin beýan etdik.
 98. Ol (Alla) sizi bir jandan (Adam atadan) ýaradandyr. Soň (siziň üçin ata bilini) gonalga, (ene göwresini) hem amanat goralýan ýer (etdik). Biz düşünmek isleýänler üçin (Allanyň birliginiň) delillerini giňişleýin beýan etdik.
99. Ol (Alla) asmandan suw (ygal) inderýändir. Bes, Biz ol (suw) bilen her dürli ösümlik çykardyk. Soň ol (ösümlikden) biri-biriniň üstüne çyrmaşan däneler ösdürip, (täze) gök (nahallary) çykardyk. Hurma (agajynyň) şahalaryndan (bolsa aşak) sarkyp duran salkymlary, üzüm (agaçlaryny), bir bölegi meňzeş, bir bölegi meňzeş bolmadyk zeýtun we nar (agaçlaryny) çykarýarys. Olar miwe berip, (bişen) wagty olaryň miwesine nazar aýlaň! Takyk, bularda iman getirenler üçin ybratlar bardyr.
 100. Olar (kapyrlar) jynlary Alla şärik goşdular. (Aslynda), olary Ol (Alla) ýaradandyr. Olar nadanlyk bilen Oňa (Alla) ogullar we gyzlar (hem) ýöňkediler. Ol (Alla) olaryň aýdýan sypatlaryndan päkdir we örän beýikdir.
 101. Ol (Alla) asmanlary we ýeri ýokdan bar edijidir. Eýsem, Özüniň ýanýoldaşy bolmasa, nädip Onuň perzendi bolsun?! Ol ähli zady ýaradandyr we Ol ähli zady bilýändir.
102. Bu siziň Perwerdigäriňiz Alladyr! Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ol ähli zadyň Ýaradyjysydyr. Siz (diňe) Oňa ybadat ediň! Ol ähli zada wekildir (eýedir).
 103. Gözler (bu dünýäde) Ony görüp bilmez. Emma Ol ähli gözleri görýändir. Ol (ähli zadyň) inçe syrlaryny (hem) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.
 104. Takyk, size Perwerdigäriňizden düşünjeler (hakykatlar) gelendir. Kim (hakykaty) görse‚ (bu) onuň öz bähbidinedir‚ kim kör bolsa (görmese), ol (hem) onuň öz zyýanynadyr. (Aýt): «Men siziň üstüňize gözegçi däldirin».
105. Ine, şeýdip Biz (ahyrynda) olaryň: «Sen (bu aýdýan zatlaryňy) gowy (edip bir ýerden) ders alypsyň (öwrenipsiň)» diýmekleri üçin we ony (Kurany) bilmek isleýänlere düşündirmek üçin Biz aýatlary şeýdip dürli-dürli beýan edýäris.
 106. Sen Perwerdigäriň tarapyndan özüňe wahyý edilene tabyn bol! Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Sen (Alla) şärik goşýanlardan ýüz öwür!
 107. Eger Alla islesedi, olar (Alla) şärik goşmazdylar. Biz seni olaryň üstünde goragçy (gözegçi) edip goýmadyk. Sen olara (eden işlerine) wekil (jogapkär) hem dälsiň!
108. Siz olaryň Alladan başga ybadat edýän hudaýlaryna sögmäň (dil ýetirmäň)! Ýogsa olar hem nadanlyk edip‚ hetden aşyp, Alla sögerler (dil ýetirerler). Biz şeýdip, her ymmata öz eden işlerini ýagşy görkezdik. Soň olaryň gaýdyp barjak ýerleri özleriniň Perwerdigärine bolar. Ol hem olaryň eden işlerini özlerine (doly) habar berer.
 109. Olar eger özlerine bir mugjyza gelse (görkezilse), oňa hökman ynanjakdyklary barada Allanyň (adyndan) çyndan kasam etdiler. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Mugjyzalary diňe Allanyň ýanyndadyr (ygtyýaryndadyr)!» diýip aýt. Olara (islän) mugjyzalary gelse, olaryň ýene-de iman getirmejekdiklerini siz bilmeýärsiňizmi eýsem?!
 110. Ilkibaşda oňa (mugjyza) ynanmaýyşlary ýaly‚ biz olaryň ýüreklerini (hakykaty duýmaz ýaly) we gözlerini (hem hakykaty görmez ýaly) öwreris. Biz olary aljyraňňy edip, azgynlyklarynyň içinde (özbaşlaryna) goýarys.
111. Eger Biz olara (isleýişleri ýaly) perişdeleri (pygamber edip) indersedik, ölüler hem (direlip) olar bilen gepleşsedi we hemme zady aç-açan öňlerinde jemlesedik, şonda-da Allanyň isläninden başgalary (bir bahana tapyp) iman getirmezdiler. Ýöne olaryň köpüsi (iman getirmegiň Allanyň ygtyýaryna baglydygyna) düşünmeýärler.
 112. Ine, şeýdip, Biz her bir pygambere ynsan we jyn şeýtanlaryny duşman etdik. Olar aldamak üçin biri-birlerine bezelen (ýalan) sözleri ýetirýärler. Eger Perwerdigäriň islesedi‚ muny hem edip bilmezdiler. Sen olary öz toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!
 113. (Olar) ahyrete ynanmaýanlaryň ýürekleri oňa (bezelen ýalan sözlere) meýil edip, ondan lezzet almaklary üçin hem-de gazanýan zatlaryny (günälerini) gazanmaga (işlemäge) dowam etmekleri üçin (bezelen ýalan sözleri aýdýarlar)!
 114. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Men Alladan başga emin gözlärinmi? Size kitaby giňişleýin (beýan) edip inderen Oldur». Takyk, özlerine (öň) kitap berenlerimiz (ähli-kitabyň alymlary) hem onuň (Kuranyň) seniň Perwerdigäriň tarapyndan inderilendigini bilýändirler. Bes, sen (Kuranyň hakdygyna) şübhe edijilerden bolma!
 115. Seniň Perwerdigäriň sözi dogrulyk we adalat taýdan kämildir. Onuň sözlerini üýtgedip biljek (hiç kim) ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
116. Eger sen ýerdäkileriň köpüsine tabyn bolsaň‚ olar seni Allanyň ýolundan azaşdyrarlar. Olar gümandan başga zada uýmazlar. Olar diňe ýalan sözlärler.
 117. Takyk, seniň Ol Perwerdigäriň Öz ýolundan azaşany örän gowy bilýändir. Ol dogry ýoldakylary hem örän gowy bilýändir.
 118. Eger siz Onuň (Allanyň) aýatlaryna ynanýan bolsaňyz‚ (damagy çalnanda) Allanyň ady aýdylan (mallaryň etinden) iýiň!
119. (Eýsem) siz näme üçin (damagy çalnanda) Allanyň ady aýdylan (mallaryň etlerinden) iýmeýärsiňiz? Ol (Alla) size çykgynsyz ýagdaýda galan wagtyňyzda (bialaç iýmäge mejbur bolan zatlaryňyzdan) başga size haram eden zatlaryny äşgär beýan edipdi. Takyk, (kapyrlaryň) köpüsi öz (nebisleriniň) isleglerine uýup, nadandyklary sebäpli, (halky) azaşdyrýarlar. Takyk, seniň Ol Perwerdigäriň hetden aşanlary örän gowy bilýändir.
 120. Siz günäniň äşgärini-de‚ gizlinini-de taşlaň! Çünki günä gazananlar, gazanan ol zatlary (günäleri) sebäpli, hökman jeza çekerler.
 121. (Damagy çalnanda) Allanyň ady aýdylmadyk (malyň) etinden iýmäň! Çünki bu (malyň etini iýmek) pasyklykdyr (Allanyň ýolundan çykmakdyr). Takyk, şeýtanlar siziň bilen söweşmekleri üçin öz ýoldaşlaryna (al-hile bilen ters zatlary) öwredýärler. Eger olara boýun bolsaňyz‚ takyk, siz hem (Alla) şärik goşanlardan bolarsyňyz.
122. Öli wagty direldip‚ ynsanlaryň arasynda gezmekleri üçin bir nur (iman) beren kişimiz, (heý-de) tümlüklerde galyp‚ ondan çykyp bilmeýän kişi ýaly bolarmy? Ine, şeýdip, kapyrlara edýän işleri ajaýyp edilip (görkezildi).
 123. Şeýdip, Biz ähli ýerlerde, hilegärlik ederleri ýaly, özleriniň uly günäkärlerini baştutan belledik. Emma olar diňe özlerine hile edýärler (aldaýarlar) we muny özleri hem aňmaýarlar.
 124. (Kapyrlar) özlerine bir aýat gelip ýetende: «Allanyň ilçilerine berlen (pygamberligiň) meňzeşi bize- de berilýänçä, saňa hiç haçan iman getirmeris» diýdiler. Alla pygamberligi (kime) nädip berjekdigini Özi örän gowy bilýändir. Edýän hileleri sebäpli, günä iş edýänlere Allanyň ýanynda (kyýamat güni) ýowuz azap gelip deger.
125. Alla kimi dogry ýola gönükdirmek islese‚ onuň gursagyny (kalbyny) yslama açar. Kimi azaşdyrmak islese hem, onuň kynlyk bilen asmana çykmaga synanyşýan (kişiniň) ýagdaýy ýaly, gursagyny (kalbyny) daraldar. Ine‚ şeýdip, Alla iman getirmeýänlere murdarlyk (ryswalyk) berer.
 126. Bu (yslam ýoly) Perwerdigäriň dogry ýoludyr. Biz pikirlenip (öwüt alýan) kişiler üçin aýatlarymyzy doly beýan etdik.
 127. Özleriniň Perwerdigäriniň ýanyndaky salamatlyk ýurdy (jennet) olaryňkydyr. Eden (haýyrly) işleri sebäpli, Ol (Alla) olaryň dostudyr (hemaýatkäridir).
 128. (Alla) olaryň (ynsanlaryň we jynlaryň) hemmesini (huzurynda) jemlejek gününde (olara): «Eý‚ jyn kowumy! Ynsanlaryň köpüsini (özüňize tabyn) edindiňiz!» (diýer). Olaryň (jynlaryň) ynsanlardan (bolan) dostlary hem: «Eý‚ Perwerdigärimiz! Biz, käbirimiz olaryň käbirinden peýdalandyk we bize berlen wagtyň soňuna gelip ýetdik» diýerler. (Onda Alla): «Allanyň islän wagty geçýänçä, siziň içinde ebedi galjak ýeriňiz dowzahdyr» diýer. Takyk, seniň Perwerdigäriň hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir.
129. Ine‚ şeýdip, Biz gazanýan zatlary (günäleri) sebäpli, zalymlary biri- birlerine musallat ederis.
 130. Eý‚ jyn we ynsan kowumy! Araňyzdan size Meniň aýatlarymy düşündirýän we bu güne gowuşjakdygyňyzy (düşjekdigiňizi) duýduran pygamberler gelmedimi? Olar: «Biz (gelen pygamberleri inkär edip) özümize garşy (özümiz) şaýatlyk etdik» diýerler. (Hawa), dünýä ýaşaýşy olary aldapdy we olar özleriniň kapyr bolandyklaryna özlerine garşy özleri şaýatlyk etdiler.
 131. Bu (görnüşde pygamberleriň iberilmegi) seniň Perwerdigäriň halky gapyl (ylahy emirden bihabar) bolan şäherleri (ülkeleri) nähak ýere heläk etmezligi (üçindir). Düşündiriş: Allatagala ynsanlara pygamber ibermezden, eden ýalňyşlary üçin olardan hasap soramaz, inkär etmekleri we günä işlemekleri sebäpli, olary jezalandyrmaz. Emma ynsanlar iberilen pygamberleriň emirlerine gulak asman‚ öz isleglerine görä hereket etseler‚ ahyretde azaba duçar bolarlar.
132. Her kim eden işine görä (dürli) derejeleri gazanar. Seniň Perwerdigäriň olaryň edýän işlerinden gapyl däldir.
 133. Seniň Perwerdigäriň Baýdyr (hiç zada mätäç däldir), rahmet eýesidir. Ol islese sizi ýok eder we sizi başga bir kowumyň zürýadyndan (neslinden) ýaradyşy ýaly‚ sizden soň ýeriňize islänini getirer.
 134. Takyk, size wada berlen zat hökman geler‚ siz (Allanyň etjek işleriniň) öňüni alyp bilmersiňiz.
 135. Sen aýt: «Eý‚ kowumym! Siz näme başarýan bolsaňyz ediň (aýamaň). Men (hem etjegimi) ederin! (Allanyň görkezen hak ýolunda ýörärin). Siz dünýäniň (ajaýyp) soňunyň (netijesiniň) kimiňki boljakdygyny tiz (wagtda) bilersiňiz (göz ýetirersiňiz). Takyk, zalymlar (hiç haçan) halas bolmazlar.
136. Olar (butparazlar) Allanyň ýaradan ekinlerinden we mallaryndan (özleriçe) Oňa (Alla) bir paý kesgitlediler we özleriniň (toslama) düşünjelerine eýerip: «Bu Allanyňky‚ bu hem (hudaýlykda) şäriklerimiziňkidir (butlaryňkydyr)» diýdiler. Bes, olaryň şäriklerine (butlaryna) degişli bolan (paý) Alla (üçin niýetlenilen ýerlere sarp edilmek üçin) ýetmeýärdi (ulanylmaýardy). (Emma) Alla üçin (kesgitlenilen) paý şäriklerine (butlaryna) ýetýärdi (olar üçin ulanylýardy). Olaryň berýän hökümleri nähili erbetdir! Düşündiriş: Butparazlar Alla we özleriniň butlary üçin ekin ekýärdiler. Alla üçin ekenleri ýetişip‚ hudaýlarynyň adyna ekenleri bitmese‚ Alla üçin ekenleriniň bir bölegini hudaýlaryna degişli paýa goşup: «Alla hiç zada mätäç bolmadyk hudaýdyr. Bular bolsa mätäçdirler» diýerdiler. Tersine‚ ýagny butlaryna degişli ekin ýetişip‚ Alla üçin ekilen ekin bitmese welin‚ Allanyň paýyna hiç zat goşman: «Alla hiç zada mätäç däldir» diýerdiler.
 137. Ine, şeýdip, ol şärikleri (butlary) şärik goşanlaryň köpüsine özleriniň (gyz) perzentlerini öldürmegi gowy (iş) edip görkezdi. (Bu olaryň perzentlerini) heläk etmekleri hem-de (Ybraýym pygamberden gelýän hak) dinlerini bulaşdyryp (bozmaklary) üçin (şeýle görkezildi). Eger Alla islesedi, olar muny edip bilmezdiler. Bes, sen olary toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!
138. Olar (şol) batyl düşünjeleri bilen: «Bu (butlara niýetlenilen) mallar bilen ekinler gadagandyr. Olary biziň islänimizden başgasy iýip bilmez. Bular (üstüne) münmek haram bolan mallardyr» diýdiler. Käbir mallar barada hem («Muny Alla emir edýär» diýip), Oňa töhmet atyp, (mallaryň damaklaryny çalanlarynda) Allanyň adyny aýtmaýarlar. Olaryň bu töhmetleri sebäpli, Alla tiz wagtda olaryň jezalaryny berer.
 139. Olar (ýene-de): «Bu (käbir) mallaryň göwresindäki (çagalary) diňe erkeklerimiz üçin (halaldyr), maşgalalarymyza bolsa haramdyr. Eger çaga öli (dogulsa)‚ olar (erkekler we aýallar) munda (deň derejede) şärikdirler» diýdiler. Ol (Alla) olaryň bu (halal, haram diýip) ýalňyş hökümleriniň jezasyny berer. Takyk, Ol hikmet eýesidir‚ ähli zady bilýändir.
140. Nadanlyk we düşünjesizlik zerarly (akmaklyk bilen) çagalaryny öldürenler we Allanyň özlerine nesip eden rysgalyny Alla töhmet atyp‚ haram hasaplanlar‚ takyk, (doly) zyýana uçradylar. Olar azaşdylar‚ dogry ýoly-da tapmadylar!
 141. Dalbarly-dalbarsyz (üzüm) baglyklaryny, miweleri dürli-dürli bolan hurmalary we beýleki ekinleri‚ (reňki we tagamy) biri-birlerine meňzeş we meňzeş bolmadyk zeýtunlary we narlary (ýaradyp) ýetişdiren Oldur. Olar miwe beren wagty miwelerinden iýiň! Hasyl ýygnalan wagty (hüşürini) beriň‚ emma isrip etmäň! Takyk, Ol isrip edenleri halamaz.
 142. Mallaryň hem (käbiri) ýük daşaýan‚ (käbiriniň ýüňünden we çöpürinden geýim tikilip), düşek (dokalýan) edip (ýaratdy). Allanyň size beren rysgalyndan iýiň‚ ýöne şeýtanyň ädimleriniň (yzyna) düşmäň! Takyk, ol siziň äşgär duşmanyňyzdyr.
143. (Alla) goýundan iki‚ geçiden iki (edip) sekiz jübüt (mal ýaratdy). Sen (olara) aýt: «(Alla) iki erkegini haram etdimi ýa-da iki urkaçysyny? Ýa-da iki urkaçy malyň göwresindäkileri haram etdimi? Eger dogruçyl bolsaňyz‚ bilime (we tejribä) daýanyp habar beriň!». Düşündiriş: Yslamdan öňki nadanlyk döwrüniň araplary käte erkek‚ käte urkaçy haýwanlary‚ käte bularyň köşeklerini, gölelerini, guzularyny haram hasaplar ekenler. Kurany Kerimiň aýatlarynda sanalyp geçilen sekiz baş malyň halaldygyny bildirip‚ olaryň bu hereketleriniň ýalňyşdygy görkezilýär. Bu ýerde aýdylmak islenilýän zat şudur: hiç kim, öz düşünjesine görä, haýsydyr bir zady haram ýa-da halal edip bilmez. Bu hukuk diňe Alla degişlidir.
 144. (Alla) düýeden iki‚ sygyrdan (hem) iki jübüt (ýaratdy). Sen (olara) aýt: «(Alla) iki erkegini haram etdimi ýa-da iki urkaçysyny? Ýa-da iki urkaçy malyň göwresindäkileri haram etdimi? Ýa-da Alla size bu zatlary gadagan edýärkä, siz şaýady bolduňyzmy?! (Eýsem) nadanlyk edip, ynsanlary azaşdyrmak üçin toslan ýalanyny Allanyň adyndan aýdýandan has zalym kim bolup biler? Takyk, Alla ol zalym kowumy dogry ýola gönükdirmez».
145. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa wahyý edilenleriň arasynda (Kuranda) bir kişiniň iýýän zatlarynyň arasynda läş‚ damak gan, nejisdigine hiç şübhe bolmadyk doňuz eti ýa-da Alladan başgasynyň adyna damagy çalnan maldan başga haram edilen zat tapmaýaryn. Emma kim çäresiz galsa‚ özgäniň hakyna el gatmazdan hem-de zerurlyk çägini geçmezden bulardan iýip biler». Takyk, seniň Perwerdigäriň Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
 146. Biz ýahudylara (goýundan‚ geçiden‚ sygyrdan başga) ähli toýnakly mallary (iýmegi) haram etdik. Sygryň we goýnuň guýruklaryndaky (ýaglaryny we içýäglaryny haram etdik. Ýöne) içegelerde bolan ýa-da süňklere ýapyşan içýaglary (haram etmedik). Hetden aşandyklary üçin olary şeýdip jezalandyrdyk. Takyk, Biz dogruçyldyrys.
 147. Eger olar seni ýalançy hasaplasalar‚ (olara): «Siziň Perwerdigäriňiziň merhemeti giňdir‚ onuň azaby günäkär topardan gaýtarylmaz» diýip aýt.
148. (Alla) şärik goşanlar: «Eger Alla islesedi‚ bizem‚ ata-babalarymyzam (Alla) şärik goşmazdyk. Hiç bir zady hem (öz-özümizden) haram etmezdik» diýerler. Olardan öňküler hem, tä Biziň azabymyzy dadýançalar, (pygamberlerini) ýalançy hasaplapdylar. Aýt: «Siziň ýanyňyzda (eliňizde) Bize (orta) goýup biljek anyk maglumatyňyz (belli bir deliliňiz) barmy? Siz diňe (ýalňyş) çaklama uýýarsyňyz hem-de diňe ýalan sözleýärsiňiz».
 149. Aýt: «Iň anyk delil Allanyňkydyr. Eger Ol islesedi, elbetde, siziň hemmäňizi dogry ýola gönükdirerdi».
150. Aýt: «Hany‚ «Takyk, Alla şuny (ýokarda agzalan sekiz baş haýwany) haram etdi» diýip tassyklaýan şaýatlary getiriň!». Eger olar (ýalan ýere) şaýatlyk etseler‚ sen olar bilen bilelikde şaýatlyk etme! Biziň aýatlarymyzy ýalan hasaplanlaryň, ahyrete ynanmaýanlaryň hem-de (butlaryny) özleriniň Perwerdigärine deň tutanlaryň isleglerine uýma!
 151. Aýt: «Geliň‚ men size Perwerdigäriňiziň nämeleri haram edendigini okap bereýin: Oňa hiç zady şärik goşmaň‚ ene-ata ýagşylyk ediň‚ mätäçlik duýgusy (gorkusy) bilen çagalaryňyzy öldürmäň. Çünki siziň hem‚ olaryň hem rysgalyny beren Bizdiris! Erbetlikleriň äşgärine-de‚ gizlinine- de golaýlaşmaň! Allanyň haram eden janyna haksyz ýere kast etmäň! Ine‚ akyl ýetirersiňiz diýip‚ Alla size şulary emir edýär».
 152. Kämillik ýaşyna ýetýänçä ýetimiň emlägini iň gowy şekilde goraň! Ölçegi‚ çekimi doly we dürs çekiň! Biz hiç kime güýjüniň ýetýäninden artygyny ýüklemeýäris. (Bir söz) sözläniňizde‚ ol garyndaşyňyzam bolsa‚ diňe dogry sözleri (adalaty) sözläň! Alla beren ähti- peýmanyňyza wepaly boluň! Alla bulary siziň pikirlenmegiňiz üçin emir etdi.
 153. Takyk, bu (yslam) Meniň dogry ýolumdyr. Bes, siz (diňe) oňa uýuň, başga (ters) ýollara uýmaň, (ters ýollar) sizi (Allanyň ýolundan) daş düşürer. Alla bulary siziň erbetliklerden saklanmagyňyz üçin emir etdi
154. Soň Biz ýagşy (amal) edenlere (nygmatymyzy) doly bermek, (dini taýdan) hemme zady giňişleýin beýan etmek hem-de dogry ýola gönükdrimek we rahmet edip, olaryň özleriniň Perwerdigärine gowuşjakdyklaryna ynanmaklary üçin Musa ol kitaby (Töwraty) berdik.
 155. Ine‚ bu kitap (Kuran) Biziň inderen mukaddes kitabymyzdyr. Bes, siz oňa tabyn boluň! Merhemet edilmegiňiz üçin (Kurana) garşy gitmekden çekiniň!
156. (Biz ol kitaby) siziň: «Bizden öň kitap diňe iki ymmata (ýahudylara we nasranylara) inderildi. Biz bolsa olaryň (bu kitaplary) okaýandyklaryndan bihabardyk» diýmezligiňiz üçin (inderdik).
 157. Ýa-da: «Eger bize-de kitap inderilsedi‚ biz olardan has dogry ýolda bolardyk» diýmezligiňiz üçin (Kurany size inderdik). Bes, ine‚ size hem Perwerdigäriňizden äşgär delil‚ dogry ýol we rahmet gelendir. Allanyň aýatlaryny ýalan hasaplap‚ ynsanlaryň oňa ýönelmegine päsgel berýänden has zalym kim bolup biler? Biziň aýatlarymyzdan ýüz öwrenleri, bu ýüz öwrendikleri sebäpli, Biz olary örän elhenç azap bilen jezalandyrarys.
158. (Eýsem) olar (imana gelmek üçin), perişdeleriň gelmegine, ýa-da seniň Perwerdigäriň (azabynyň) gelmegine, ýa-da seniň Perwerdigäriň (kyýamat) alamatlarynyň käbiriniň gelmegine garaşýarlarmyka? Seniň Perwerdigäriň alamatlarynyň käbiriniň gelen güni öň iman getirmedik ýa-da iman getiren bolsa-da (sogaply işleri etmän), haýyr gazanmadyk kişilere (ol günki) imany (hiç hili) peýda bermez. Sen (olara): «Garaşyň‚ biz hem garaşýarys» diýip aýt.
 159. Dinlerini (ýoýup), dürli toparlara (akymlara) bölünenler bilen seniň hiç hili zadyň (baglanyşygyň) ýokdur. Olara (jeza bermek işi Alla (galandyr). Soň Ol (Alla) olaryň eden işlerini özlerine doly habar berer.
160. Kim (Allanyň ýanyna) haýyr iş bilen gelse‚ oňa (eden işiniň) on essesi bardyr. Kim erbetlik bilen gelse‚ diňe eden erbetligine barabar jeza görer. Olara (hiç hili) nähaklyk edilmez.
161. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Takyk, meniň Perwerdigärim meni dogry ýola, hanyf bolan (haka ýönelen) Ybraýymyň milletine (dinine) ýetirdi. Ol (Ybraýym) Alla şärik goşanlardan (hiç haçan) bolmandy».
162. Aýt: «Takyk, meniň okan namazym‚ (haj we gurbanlyk ýaly) ybadatlarym‚ ýaşaýşym‚ ölümim älemleriň Perwerdigäri bolan Alla üçindir.
163. Onuň (hiç hili) şärigi ýokdur. Maňa diňe bu (yhlas) emir edildi. Oňa (bu ymmatdan) ilkinji musulman bolan mendirin».
164. Aýt: «Ol (Alla) hemme zadyň Perwerdigärikä, (eýsem) men Ondan başga Perwerdigär gözläýinmi? Her kimiň gazan zady diňe özüne degişlidir. Hiç bir günäkär başga biriniň ýüküni (günäsini) götermez (çekmez). Soňunda (hemmäňiz) Perwerdigäriňiziň huzuryna jemlenersiňiz. Bes, Ol (Alla) size düşen çaprazlygyňyzy (hakykatyny) doly habar berer.
 165. Sizi ýer ýüzünde halypalary (oruntutarlary) edip ýaradan, synag etmek üçin size nygmat berip‚ size biri- biriňizden üstün derejeler beren hem Oldur. Takyk, seniň Perwerdigäriň azaby tiz amala aşýandyr. Takyk, Ol (Alla) Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.