1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 66-njy süre: «Tahrym» («Gadagan etme»)

«Tahrym» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 12 aýatdan ybaratdyr. Tahrym «Bir zady gadagan etmek, haram etmek» manysyny aňladýar. Bu söz süräniň ilkinji aýatynda gelýär. Sürede pygamberimiziň päk zenanlary bilen aralarynda bolup geçen käbir wakalar, şeýle hem toba etmek, iman getirmek we öten pygamberleriň kyssalary beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eý, pygamber! Sen aýallaryň razyçylygyny gözläp, näme üçin Allanyň saňa halal eden zadyny (özüňe) haram edýärsiň? Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 2. Alla (zerur halatynda) kasamlaryňyzy bozmak üçin size rugsat berdi. Alla siziň Hossaryňyzdyr. Ol (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 3. Pygamber aýallarynyň birine (Hafsa) gizlinlikde bir söz aýdypdy. Emma aýaly ol sözi başgasyna (Aýşa) aýdansoň, Alla hem muny pygambere habar berdi. Pygamber hem bir bölegini aýdypdy, bir bölegini bolsa aýtmandy. (Pygamber) muny oňa (aýalyna) habar beren wagty (aýaly): «Muny kim saňa habar berdi» diýdi. Ol (pygamber): «(Ähli zady) bilýän we habarly (bolan) Alla habar berdi» diýdi.
 4. Eger ikiňiz (Aýşa we Hafsa) hem (pygamberiň syryny paş etmek ýaly nädogry hereketiňiz üçin) Alla toba etseňiz (dogry bolar). Sebäbi siziň kalplaryňyz (hak ýoldan) taýdy. Eger pygambere garşy biri-biriňize daýanyşsaňyz, (bilip goýuň), takyk, onuň dosty we ýardamçysy Alladyr, Jebraýyldyr we salyh möminlerdir. Bulardan başga-da perişdeler hem oňa ýardamçydyr.
 5. Eger ol siziň talagyňyzy berse, Perwerdigäri oňa sizden has haýyrly, musulmanlardan, iman getirenlerden, yhlas bilen tabyn bolanlardan, toba edenlerden, ybadat edenlerden, agyz bekleýänlerden dul aýallardan we boý gyzlardan (başga birini) berer.
 6. Eý, iman getirenler! Siz özüňizi we maşgalaňyzy ýangyjy ynsanlar we daşlar bolan (dowzah) odundan goraň! Onuň başynda Allanyň özlerine beren emrine garşy gelmeýän we emir edilen zady berjaý edýän rehimsiz, ýowuz perişdeler bardyr.
 7. (Olara): «Eý, kapyrlar! Bu gün ötünç soramaň! Siz diňe eden etmişleriňiziň jezasyny çekersiňiz!» (diýler).
 8. Eý, iman getirenler! Çyn toba bilen Alla toba ediň! Belki, Perwerdigäriňiz siziň erbetlikleriňizi (günäleriňizi) geçer. Pygamberi we onuň bilen bile iman getirenleri ryswa (masgara) etmejek gününde Alla sizi aşagyndan derýalar akýan jennete salar. Olaryň (amallarynyň) nurlary öňlerinden we saglaryndan ylgap (ýagtylyk salar). Olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Nurumyzy bize dolulygyna ber! Biziň (günälerimizi) bagyşla! Seniň ähli zada güýjüň ýetýändir» diýerler.
 9. Eý, pygamber! Sen kapyrlara we mynapyklara garşy söweş! Olara ýowuz bol! Olaryň barjak ýeri dowzahdyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir.
10. Alla kapyrlara mysal edip Nuhuň aýaly bilen Lutuň aýalyny görkezdi. Olaryň ikisi bendelerimizden iki salyh kişiniň nikasyndakalar olara (Nuha we Luta) haýynlyk etdiler. Ýanýoldaşlary (pygamber bolsa-da) Alladan gelen hiç bir zatdan halas edip bilmediler. Olara: «Hany, oda (dowzaha) girenler bilen siz hem giriň!» diýildi.
11. Alla iman getirenlere hem Fyrgawnyň aýalyny mysal getirdi. Ol: «Eý, Perwerdigärim! Maňa öz ýanyňda jennetde bir öý sal! Meni Fyrgawndan we onuň (erbet) işinden gora! Meni zalymlar kowumyndan halas et!» diýipdi.
 12. (Alla) Ymranyň namysyny goran gyzy Merýemi hem (mysal getirdi). Biz oňa Öz ruhumyzdan üfledik we (ol) Perwerdigäriniň sözlerini we kitaplaryny tassyklady. Ol (ýürekden) tabyn bolan (zenanlardandy). Düşündiriş: Aýatlarda aýdylýan Nuh pygamberiň aýaly halka Nuhuň dälidigini, akylynyň ýerinde däldigini aýdar eken. Lutuň aýaly bolsa näwagt Lutuň öýüne myhman gelse, eger gije bolsa, ot ýakyp, gündiz bolsa, tüsse çykaryp halka habar berer eken. Fyrgawnyň aýaly Asyýa bolsa Musa pygambere iman getirendigi üçin, Fyrgawn tarapyndan öldürilýär.