1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2.267. Eý, iman getirenler! Gazanan zatlaryňyzyň we size rysgal hökmünde ýerden çykaran zatlarymyzyň gowusyndan haýyr-sahawat ediň! Özüňize berlende gözüňizi ýumman almajak erbet zadyňyzy haýyr-sahawat hökmünde bermäň! Allanyň Baýdygyny (hiç zada mätäç däldigini), hamdy-sena edilmäge laýykdygyny biliň!

Başy » Sözbaşy » 68-nji süre: Galam

«Galam» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 52 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ikinji aýatda agzalýan «Galam» sözünden alypdyr. Bu süre kapyrlaryň pygamberimiziň garşysyna aýdan sözlerini boşa çykaryp, onuň pygamberligini subut edýär. Esasan hem, onuň kämil ahlagy barada aýdylyp geçilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Nun. Galama we (onuň) ýazanlaryna kasam bolsun!
 2. (Eý, Muhammet!) Sen Perwerdigäriň (saňa nesip eden pygamberlik) nygmaty sebäpli, däli dälsiň.
 3. Takyk, saňa tükeniksiz sylag bardyr.
 4. Takyk, sen beýik (kämil) ahlaga eýesiň.
 5, 6. Siziň haýsyňyzyň dälidigini (tiz wagtda) sen hem görersiň, olar hem görerler.
 7. Takyk, seniň Perwerdigäriň kimleriň Öz ýolundan azaşandygyny gowy bilýändir. Ol dogry ýoldakylary hem örän gowy bilýändir.
 8. Bes, sen (hakykaty) ýalan hasaplaýanlara uýma!
 9. Olar özleriniň (saňa) ýumşak bolmagy üçin, seniň hem (özlerine) ýumşak bolmagyňy (oňşuklyk etmegiňi) isleýärler.
 10, 11, 12, 13, 14. (Eý, Muhammet!) Köp ant içýän, (adamkärçiligi) pes, aýyp gözleýän gybatçy, gep gatnadýan, ýagşylyga päsgel bolýan, hetden aşýan (zalym), günäkär, gödek (sypaýyçylyksyz), bulardan başga hem asly bozuk (kişileriň) hiç birine mal- mülki we ogullary bar diýip (hiç haçan) boýun egme!
 15. Oňa (beýle häsiýetleri özünde jemleýäne) aýatlarymyz okalan wagty, ol «(Bu) öňküleriň ertekileri» diýer.
 16. Biz (tiz wagtda) onuň burnunyň üstüne tagma urarys.
 17, 18. Biz, «Bakja eýelerini» synag edişimiz ýaly, olary (mekgelileri) hem (açlyk we gurakçylyk) bilen synadyk. Olar (bakja eýeleri) säher bolanda, (hiç kim görmänkä), ony (hasyllary) ýygnarys diýip kasam etdiler. Olar (Alla) halasa diýmediler (we nygmatyň Alladandygyny bilmediler).
19. (Emma) olar (heniz) ukudakalar özleriniň Perwerdigäri tarapyndan iberilen gaplaýjy bir apat (ot) bakjany gaplap aldy.
 20. (Bakja) gap-gara boldy.
 21, 22. Olar säher (bolanda: «Öňi- soňy) ýygnajak bolsak, (hany, onda) irräk gymyldalyň» diýip, (biri-birlerine) seslendiler.
 23, 24. Olar: «Bu gün (ol ýerde) hiç bir misgin ýanyňyza girmesin!» diýşip, samyrdaşyp ýola çykdylar.
25. Olar göýä (garyp-gasarlary) mahrum etmäge güýçleri bar ýaly bolup irden ýola çykdylar.
26. Emma ony (bakjany) görenlerinde: «Biz (ýolumyzy) ýalňyşdyk» diýdiler.
27. (Soň bolsa): «Ýok (ýalňyşmadyk), biz (bereketden) mahrum bolduk» (diýdiler).
 28. Içlerinden adyl biri: «Men size (Perwerdigäriňizi tesbih ediň!)» diýip aýtmadymmy? Käşgä, tesbih eden bolsadyk» diýdi.
 29. Olar: «Biz Perwerdigärimizi tesbih edýäris, takyk, biz (öz-özümize) zulum edenlerden bolduk» diýdiler.
 30. Soň hem günäni biri-birleriniň üstüne atyp başladylar.
31. (Ahyry): «Bize haýp bolsun! Dogrudan hem, biz azan (adamlar).
 32. Belki, Perwerdigärimiz munuň ýerine bize has haýyrlysyny berer. Biz indi Perwerdigärimiziň (razyçylygyna) ýönelýäris» diýdiler.
 33. Ine, (dünýädäki) azap şeýledir. Eger bilsediler, ahyretiň azaby has uludyr (ýowuzdyr).
 34. Takyk, takwa kişiler üçin özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda (ebedi nygmatly) «Nagym» jennetleri bardyr.
 35. Biz (Alla) tabyn bolanlary (ol) günäkärler bilen heý-de deň tutarysmy?
 36. Size näme bolýar (akylyňyzdan azaşdyňyzmy)? Nähili (erbet) höküm berýärsiňiz?
37, 38. Ýa-da sizde bir kitap bar bolup, öz göwün islän zadyňyz ol ýerde hökman bardyr diýip, (bu batyl ynançlary) ondan öwrenýärsiňizmi?
 39. Ýa-da: «Siz näme höküm berseňiz, (hökman) siziňki bolar» diýip, Biz tarapdan kyýamat gününe çenli dowam etjek size berlen kasamlar (ähti-peýman) barmy?
 40. Olardan sora: «Muňa (bu pikire) olaryň haýsy kepil geçýär?».
 41. Ýa-da olaryň şärikleri barmy? Eger olar dogruçyl bolsalar, hany, onda şäriklerini getirsinler.
 42. Ol gün (elhençliginden ýaňa) injik açylar. Olar sežde etmäge çagyrylarlar, emma olar sežde edip başarmazlar. Düşündiriş: Arap dilinde «Injik açylar» söz düzümi işleriň kynlaşyp, ähli hakykatlaryň ýüze çykmagyny aňladýar.
 43. Har-zelillikden ýaňa olaryň gözlerini (Allanyň azabynyň gorkusy) gaplap alar. Sebäbi, olar öň gowy ýagdaýdakalar hem seždä (namaza) çagyrylýardylar (şonda hem olar sežde etmeýärdiler).
44. (Eý, Muhammet!) Sen bu sözi (Kurany) ýalan hasaplaýany Maňa goý! Biz olary bilmeýän (garaşmadyk) taraplaryndan (synag edip, köp mal-mülk berip dünýä lezzetlerini dadyryp) ýuwaş-ýuwaş azaba golaýlaşdyrýarys.
 45. Men olara möhlet berýärin. Takyk, Meniň duzagym örän berkdir.
46. Ýa-da sen (hakykaty aýdýanyň üçin) olardan bir hak soraýarmyň? Olar (bolsa) agyr berginiň aşagynda galýarlarmy?
 47. Ýa-da gaýybyň (bilimi) olaryň ýanynda bolup, olar (islän zatlaryny şondan) ýazýarlarmy?!
 48. Sen Perweridigäriň (kapyrlara möhlet- puryja bermek we saňa ýeňişi gijikdirmek baradaky) hökümine sabyr edip (garaş)! Balyk eýesi (Ýunus) ýaly bolma! Ol gussaly halda (sabyrsyzlyk edip) Perwerdigärine ýalbarypdy.
 49. Eger Perwerdigärinden oňa bir nygmat ýetmedik bolsady, ol hökman ýazgarylyp (boş) meýdana zyňlardy.
50. Bes, Perwerdigäri ony (gaýtadan) saýlady we ony salyhlardan eýledi.
 51. Ol inkär edenler Zikiri (Kurany) eşidenlerinde, seni gözleri bilen ýykaýjak (iýäýjek) bolýarlar. Olar (heniz hem) saňa: «Takyk, ol bir mejnun» diýýärler.
 52. (Emma) beýle däl, bu (Kuran) älemlere bir öwüt-ündewden başga zat däldir.