1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 38-nji süre: Sad

«Sad» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 88 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýat we elipbiý harplaryndan bolan «Sad» harpy bilen başlanýandygy üçin, bu at bilen atlandyrylypdyr. Bu sürede Dawut, Süleýman we Eýýup pygamberleriň kyssalary, möminlere öwüt- ündewler, möminler bilen kapyrlaryň ahyretdäki ýagdaýlary, jennet we dowzah, Iblisiň jennetden kowulmagy ýaly wakalar beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Sad. Öwüt-nesihat berýän Kurana kasam bolsun!
 2. (Iman getirmän) kapyr bolanlar (aýdýan zatlarynyň) tersine, tekepbirlik edip (Alla we pygambere garşy gidip), aýralyga düşýärler.
 3. Biz olardan öň ençe nesilleri heläk edipdik. Şonda olar dady-perýat edipdiler. Emma halas bolmak üçin wagt geçip gidipdi.
 4. Olar (Alla şärik goşanlar) öz aralaryndan duýduryş berýän pygamberiň gelmegine geň galdylar we ol kapyrlar: «Bu bir ýalançy jadygöýdir.
 5. Ol hudaýlary ýeke-täk hudaýa öwrüpmi? Bu juda geň galdyryjy zat» diýdiler.
 6. Olaryň (Alla şärik goşanlaryň) ýolbaşçylardan bir bölegi okdurylyp: «Gidiň, hudaýlaryňyza eýe çykmak üçin sabyr edip (berk duruň)! Çünki sizden şeýle etmek garaşylýar!
 7. Biz başga dinde hem beýle zady eşitmedik. Bu ýatan toslamadan başga zat däldir.
 8. Bu Kuran biziň aramyzdan oňa (Muhammede) inderilmelimi eýsem?!» diýdiler. Belki, olar Meniň (bu) ýatlatmam (Kuranym) barada şübhe edýändirler. Ýok! Olar heniz meniň azabymy datmadylar.
 9. Ýa-da güýçli we keremli Perwerdigäriň rahmet hazynalary olaryň ýanyndamyka?
 10. Ýa-da asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndakylaryň hökümdarlygy olaryň ellerindemikä? (Şeýle bolsa) hany esbaplar bilen (asmana) çykyp (älemi dolandyrsynlar-da?).
 11. (Eý, Muhammet!) Olar (Alla şärik goşanlar) dürli toparlardan emele gelen goşun bolup, şol ýerde ýeňlişe sezewar bolarlar.
 12. Olardan öň Nuh kowumy, ad (kowumy) we gazyklaryň (berk we belent ymaratlaryň) eýesi Fyrgawnyň kowumy hem (pygamberlerini ýalan hasapladylar).
 13. Semud, Lut kowumy we eýke halky hem (pygamberlerini ýalan hasapladylar). Ine, bular hem (pygamberlere garşy çykan) toparlardyr.
 14. Olaryň barysy (özlerine iberilen) pygamberleri ýalan hasapladylar, şol sebäpden hem olar (Meniň) azabyma duçar boldular.
 15. Bular diňe yza gaýtmaýan gorkunç bir sesiň gelmegine garaşýarlar.
16. (Alla şärik goşanlar ýaňsa alyp): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň paýymyzy hasap güni gelmezden öň ber» diýdiler.
 17. (Eý, Muhammet!) Olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et, bu barada gujur- gaýratly bendämiz Dawudy ýadyňa sal! Takyk, ol elmydama Perwerdigärine ýüzlenerdi.
 18, 19. Takyk, Biz ertir-agşam onuň bilen bilelikde zikir edýän daglary we topar- topar guşlary (Dawudyň) buýrugyna boýun egdirdik. Olaryň hemmesi Oňa (Alla) nyýaz edýärdiler (ýüzlenýärdiler).
 20. Biz onuň hökmürowanlygyny hem güýçlendiripdik we oňa hikmet (hak bilen nähaky) aýyryjy suhangöýlik beripdik.
 21. (Eý, Muhammet!) Saňa dawagärleriň habary gelip ýetdimi? Şonda olar (ybadathananyň diwaryndan dyrmaşyp) mähraba giripdiler.
22. Olar Dawudyň ýanyna girenlerinde, (Dawut) olardan gorkupdy. Olar: «Gorkma! Biz biri-birimiz bilen dawalaşyp ýören dawagär, aramyzdaky (meselede) hakykata görä höküm ber, adalatsyzlyk etme, (gaýtam) bize dogry ýoly görkez» diýdiler.
 23. (Olaryň biri): «Bu meniň doganym. Onuň togsan dokuz sany goýny bar. Meniň bolsa ýekeje goýnum bar. (Ol): «Beýle bolsa, ony hem maňa ber» diýdi we meni dawada ýeňdi» diýdi.
 24. (Dawut): «Kasam bolsun! Seniň goýnuňy öz goýunlarynyň (arasyna goşmagy) talap etmek bilen ol saňa adalatsyz çemeleşipdir. Dogrusy, şärikdeşleriň köpüsi birek-biregiň haklaryny depgilär. Ýöne iman getirip, ýagşy işleri edýänler (beýle däldir). Olar (ýaly adam) juda azdyr» diýdi. Dawut özüni synaýandyrys öýtdi we dessine Perwerdigärinden günäsiniň geçilmegini diläp, seždä gitdi hem-de (toba edip, ýalkaw diläp Alla) ýüzlendi.
 25. Bes, Biz onuň ötünjini kabul etdik. Elbetde, biziň ýanymyzda onuň üçin aňsat ýakynlyk (derejesi) hem-de dolanyp baryljak gözel ýer (bagtyýar geljek) bardyr.
 26. Eý, Dawut! Elbetde, Biz seni ýerde oruntutarymyz edip belledik (hökümdarlyk berdik). Bes, ynsanlaryň arasynda adalatlylyk bilen höküm et! Haý-höwesiňe uýma, ol seni Allanyň ýolundan azaşdyrar. Takyk, Allanyň ýolundan azaşanlara, (olar) hasap gününi ýatdan çykarandyklary sebäpli ýowuz azap bardyr.
 27. Biz asmanlary, ýeri we ikisiniň arasyndakylary (maksatsyz) boş ýere ýaratmadyk. Bu inkär edip, kapyr bolanlaryň gümanlarydyr. (Dowzah) odundan ýaňa, inkär edenleriň dat gününe!
 28. Eýsem, Biz, iman getirip, ýagşy işleri edýänleri ýeriň ýüzünde pitne-pisat çykarýanlar bilen deň tutalymy? Ýa-da (Alladan gorkup) takwa bolanlar bilen günäkärleri deň tutalymy?
 29. (Eý, Muhammet!) Saňa bu mübärek kitaby onuň aýatlary hakda pikirlensinler hem-de akylly adamlar pent-nesihat alsynlar diýip inderdik.
 30. Biz Dawuda Süleýmany berdik. Süleýman nähili ýagşy bendedi. Ol hemişe (Perwerdigärine) ýüzlenerdi.
31. (Bir gün) agşamara oňa owadan, ýyldam atlar görkezildi.
 32. Şonda (Süleýman): «Takyk, men (dünýäniň) haýyrly zatlaryny (aty) Perwerdigärimi ýatlamaga sebäp bolýandygy üçin haladym» diýdi. Ahyry (gün ýaşdy we ol atlar) perde bilen gizlendi (gözden ýitip gitdi).
 33. (Şol wagt ol): «Olary (atlary) ýene maňa gaýtaryp getiriň!» diýdi we olaryň aýaklaryny hem-de boýunlaryny sypalamaga başlady.
 34. Kasam bolsun! Biz Süleýmany (hassalyk bilen) synag etdik. Ony (hassalykdan ýaňa) tagtynyň üstüne bir jeset ýaly (ysgynsyz ýagdaýda) taşladyk. Soň ol (Süleýman) toba edip, Alla) ýöneldi. Düşündiriş: Allatagala Süleýman pygamberi agyr hassalyga duçar edýär. Ol bu hassalyk zerarly, tapdan düşüp, tagtynyň üstünde jansyz jeset ýaly ýaraman ýatýar.
 35. (Süleýman): «Eý, Perwerdigärim! Meniň günälerimi öt! Maňa menden soň hiç kimiň ýetip bilmejek hökümdarlygyny nesip et! Takyk, Sen (ýagşylyklary) örän bol edip berýärsiň» diýdi.
 36. Şondan soň biz oňa, emir edende islän ýerine aňsat gidip bilýän şemaly oňa boýun egdirdik (berdik).
 37. Ymaratdyr bina dikeldýän, suwuň düýbüne çümmegi başarýan her bir şeýtany (jynlary, onuň emrine boýun egdirdik).
38. Demir zynjyrlara daňlyp goýlan beýleki (jandarlary) hem onuň emrine boýun egdirdik.
 39. (Oňa: «Eý, Süleýman)! Ine, bu Biziň saňa beren zatlarymyz. (Isle) ber ýa-da berme, (öz işiň, saňa) hasap ýokdur» diýdik.
 40. Takyk, onuň üçin Biziň ýanymyzda iň golaý ýakynlyk (derejesi) hem-de dolanyp baryljak gözel ýer (bagtyýar geljek) bardyr.
 41. (Eý, Muhammet!) Bendämiz Eýýuby ýadyňa sal! Ol Perwerdigärine: «Takyk, şeýtan meni ýadatdy we maňa ezýet etdi» diýip ýüzlenipdi.
 42. «(Şonda Oňa): «Aýagyňy (ýere) ur! Ine, bu ýuwunmak hem-de içmek üçin sowuk suw!» (diýip aýtdyk).  
43. Biz oňa maşgalasyny hem-de olar bilen bilelikde ýene şonça (nesli) Öz tarapymyzdan rahmet hökmünde we akyl eýelerine pent-nesihat bolmagy üçin bagyş etdik.
 44. (Eýýuba): «Eliňe bir desse çybyk al-da, olar bilen ur, (şeýdip) içen kasamyňdan dänme!» (diýdik). Takyk, Biz ony (Eýýuby) sabyrly (bende) hökmünde gördük. Ol nähili gowy bendedi! Ol hemişe (Perwerdigärine) ýüzlenýärdi.
45. (Eý, Muhammet!) Gujur-gaýratly we akyl-paýhasly bendelerimiz bolan Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal!
 46. Biz olary ýöriteläp, (ahyret) diýaryny ýatlap ýören yhlasly (bendelerimiz) etdik.
 47. Takyk, olar Biziň ýanymzyda artykmaç ýagşy bendelerdendir.
 48. Ysmaýyly, Ylýasy we Zülkifli hem ýatla! Hemmesi haýyrly, ýagşy kişilerdendir.
 49. Ine, bu pent-nesihatdyr (ýatlamadyr). Takyk, Alladan gorkup, takwa bolanlar üçin dolanyp baryljak gözel ýer (bagtyýar geljek) bardyr.
 50. Olar üçin (ähli) gapylary açyk «Adn» jennetleri bardyr.
 51. Olar ol ýerde (tagtlaryň üstünde) ýaplanyp oturan ýerlerinden (özlerine) bol (mukdarda) dürli ir-iýmişleri we şerbetleri islärler.
 52. Olaryň ýanlarynda jübütlerinden başgalaryna seretmeýän, (özleri bilen) deň-duş dilberler bardyr.
 53. Ine, hasap güni üçin size wada berlen zatlar şulardyr.
 54. Takyk, bu Biziň (jennetilere berjek) rysgalymyz bolup, oňa gutarma ýokdur.
 55. Bu (bagt jennetilere) miýesser eder. (Emma) azanlara dolanyp baryljak erbet ýer (betbagtçylykly geljek) bardyr.
 56. Olar dowzaha girerler. Olaryň barjak ýeri nähili erbetdir!
 57. Ine, bu gaýnap duran suw we iriň! Şondan datsynlar!
 58. Şoňa meňzeş başga-da goşa-goşadan (azap) bardyr.
 59. (Dowzahyň sakçylary kapyrlaryň baştutanlaryna): «Ine, bu siz bilen bilelikde dowzaha girmeli toparlar» (diýlen wagty baştutanlary): «Olar hem ynjalyk tapmasynlar! Elbetde, olar (dowzah) oduna girerler» (diýerler).
 60. (Baştutanlara eýerenler bolsa): «Gaýtam siz ynjalyk tapmaň! Ony (azaby) siziň özüňiz bize getirdiňiz. Nähili erbet ýer ekeni (bu dowzah)» diýerler.
 61. Ýene-de olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Bu azaba bizi kim uçradan bolsa, şonuň (dowzah) odundaky azabyny iki esse edip (gaýtaryp) ber!» diýerler.
 62. (Kapyrlar: «Pany dünýädekäler) erbet diýip bilýän adamlarymyzy (haka tabyn bolanlary) bu ýerde näme sebäpden göremizok-la?
 63. Biz olary ýaňsylardyk. Ýa-da olar (bu ýerde bar hem bolsalar) biziň gözümize ilenoklarmy?» diýerler.
 64. Dowzah oduna ýanjaklaryň öz aralaryndaky çekeleşikleri, elbetde, hakykatdyr.
 65. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Men diňe habar berip duýdurýaryn! Ýeke-täk we ähli zatdan üstün Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur».
 66. Asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndaky bar zatlaryň Perwerdigäri bolan Alla Gudraty güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.
 67. (Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Bu (Kuran) juda uly habardyr.
 68. (Emma) siz ondan ýüz öwürýärsiňiz.
 69. (Perişdelerden ybarat) uly topar şol ýerde çekeleşip durkalar, meniň olaryň (mejlisinden) habarym ýokdy. Düşündiriş: Uly topar – Allatagalnyň mejlis geçirmek üçin perişdelerden jemlän uly topary.
 70. Men diňe äşgär duýduryjy bolandygym sebäpli, (bular) maňa wahyý (arkaly habar) berilýär».
 71. Perwerdigäriň perişdelere (ýüzlenip): «Elbetde, Men palçykdan bir adam ýaratjak.
 72. Oňa şekil berip, içine ruhumdan üflän (jan beren) wagtym, siz oňa sežde ediň!» diýipdi.
 73. Şonda perişdeleriň hemmesi jem bolup sežde etdiler.
 74. Diňe Iblis (sežde etmedi). Ol tekepbirlik etdi we inkär edenlerden boldy.
 75. (Alla): «Eý, Iblis! Iki elim bilen ýaradanyma seniň sežde etmegiňe päsgelçilik döredýän sebäp näme? Sen tekepbirlendiňmi ýa-da özüňi beýiklerden hasap edýärsiňmi?» diýdi.
 76. (Iblis bolsa): «Men ondan has artyk (ýaradylan). Meni otdan ýaratdyň, ony bolsa palçykdan ýaratdyň» diýdi.
 77. (Alla oňa): «Çyk, ol ýerden (jennetden)! Çünki sen mundan beýläk kowuldyň!
 78. Elbetde, kyýamat gününe çenli saňa Meniň näletim bolar» diýdi.
79. (Iblis bolsa): «Eý, Perwerdigärim! Beýle bolsa maňa (olaryň) gaýtadan direldiljek gününe çenli möhlet ber» diýdi.
80. (Alla: «Bar) sen möhlet berlenlerden bolduň!
 81. Saňa şol kesgitlenen wagta (kyýamata) çenli möhlet berildi» diýdi.
 82. (Iblis bolsa): «Seniň çäksiz gudratyňa kasam bolsun! Men hökman olaryň hemmesini azdyryp, ýoldan çykararyn.
 83. Olardan diňe Seniň (Saňa gulluk etmekde) yhlasly bendeleriň (dogry ýoldan azaşmazlar)» diýdi.
 84. (Alla): «Ine, bu hakykatdyr we Men hakykaty aýdýaryn.
 85. Elbetde, Men dowzahy seniň bilen hem-de saňa eýerenleriň hemmesi bilen dolduraryn» diýdi.
 86. (Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Men muny (hak ýoly) düşündirendigim üçin sizden hak soramaýaryn. Men öz (keýpime) görä (toslama pygamberligi) teklip edýänlerden däldirin.
87. Bu (Kuran) diňe älemler üçin (iberilen) nesihatdan ybaratdyr.
 88. Elbetde, siz onuň berýän habarynyň (dogry bolup çykjakdygyna) gysga wagtyň içinde göz ýetirersiňiz!».