1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 28-nji süre: «Kasas» («Kyssalar»)

«Kasas» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 88 aýatdan ybaratdyr. Sürede Musa pygamberiň çagalykdan bäri ýaşaýşy, hak dine ynananlaryň ýeňşi we dünýa malyna ynam etmeli däldigi beýan edilýär. Sürede Musa pygamber baradaky kyssalar beýan edilýändigi üçin sürä «Kasas» diýip at berlipdir. Bu söz süräniň 25-nji aýatynda agzalýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ta, Sin, Mim.
 2. Bular äşgär kitabyň aýatlarydyr.
 3. (Ey, Muhammet!) Iman getiren kowum üçin Biz saňa Musa bilen Fyrgawnyň habaryny hakykaty bilen okap berýäris.
 4. Takyk, Fyrgawn ýeriň ýüzünde ulumsylyk we zulum etdi, ýurdunyň halkyny bölek-bölek etdi. Olaryň bir toparyna (ysraýyl ogullaryna) ezýet çekdirýärdi, olaryň ogullaryny öldürýärdi we aýallaryny (hyzmat etdirmek üçin) diri goýýardy. Elbetde, ol (Fyrgawn) bozgak kişilerden boldy.
 5. Biz bolsa şol ýerdäki ezýet çeken adamlara ýagşylyk etmek, olary ýolbaşçylar hem-de (ýerlerine) mirasdüşerler etmek isleýärdik.
 6. Şeýle hem olary şol ýere ýerleşdirip, Fyrgawna, Hamana we bularyň goşunyna öz gorkýan zatlaryny başlaryna getirip, görkezmek isleýärdik.
 7. Biz Musanyň ejesine: «Ony emdir. Oňa bir zyýan geler öýdüp gorksaň, dessine ony derýa taşla hem-de (ol heläk bolar öýdüp) gorkma, gynanma! Biz ony hökman saňa gaýtaryp bereris we ony pygamberlerden eýläris» diýip wahyý etdik.
 8. Ony (Musany) Fyrgawnyň maşgalasy özlerine duşman we gaýgy-alada bolmagy üçin (deňizden) tutup aldylar. Elbetde, Fyrgawn, Haman we olaryň goşunlary ýalňyşypdylar.
9. Fyrgawnyň aýaly: «(Bu çaga) meniň üçinem, seniň üçinem göz guwanjymyz bolar. Ony öldürmäň! Belki, onuň bize nepi deger ýa-da ony ogullyk alarys» diýdi. Olaryň hiç zatdan habarlary ýokdy.
 10. Musanyň ejesiniň kalby (Musanyň gaýgysyndan başga zatlardan) boşap galypdy. Eger Biz onuň ynananlardan (möminlerden) bolmagy üçin göwnüni hatyrjem etmedik bolsadyk, ol (Musanyň öz ogludygyny) aýan ederdi.
 11. Ol (şolbada Musanyň) uýasyna: «Ony yzarla!» diýipdi. Ol hem uzakdan synlap durupdy we Fyrgawnyň maşgalasy mundan bihabardy.
 12. Biz Musa süýt emdirýän enekeleri emmegi öňden gadagan edipdik. Şonda ol (Musanyň uýasy gelip): «Men ony emdirmegi we terbiýelemegi boýnuna aljak bir maşgalany size salgy bereýinmi, olar (bu çagany nädip ulaltmak) işine maslahatçy hem bolarlar» diýdi.
13. Şeýdip, Biz gözi aýdyň bolsun, gynanmasyn we Allanyň wadasynyň hakdygyny bilsin diýip, Musany öz ejesine gaýtaryp berdik. Yöne olaryň köpüsi muny bilmeýärler.
 14. Ol kämillige ýetip (akyl käsesi) dolandan soň, Biz oňa hikmet we ylym bagyş etdik. Biz salyhlary şeýle sylaglaýarys.
 15. Musa (şäheriň) ýaşaýjylarynyň zatdan bihabar wagty şähere girdi we ol ýerde iki adamyň uruşýandygyny gördi. (Olaryň) biri öz kowumyndan we beýlekisi bolsa duşmanyndan. Şol pursat kowumyndan bolan adam duşmanyna garşy ondan (Musadan) kömek sorady. Şonda Musa oňa bir ýumruk urdy, ol hem bu sebäpli, dessine jan berdi. Musa: «Bu şeýtanyň işidir. Elbetde, ol (şeýtan) ýoldan çykarýan äşgär duşmandyr» diýdi.
16. Ol ýene-de: «Eý, Perwerdigärim! Men, takyk, öz janyma jebir etdim, maňa merhemet et» diýdi. Alla hem ony bagyşlady. Çünki Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
17. Ýene ol: «Eý, Perwerdigärim! Seniň maňa eçilen nygmatlaryň üçin, men indi hergiz günäkär adamlara kömekçi bolmaryn» diýdi.
18. Musa şäheriň içinde gorkuly ýagdaýda daňy atyrdy. Birden görse, ine, düýnki özünden kömek soran adam gygyryp ony (ýene-de) kömege çagyrýar. Musa bolsa, oňa: «Takyk, sen anyk bir azgyn ekeniň» diýdi.
 19. Musa ikisiniň-de duşmany bolan kişini tutmakçy bolanda bolsa, ol (düýnki kömek eden adamsy) «Ey, Musa! Sen näme, düýnki adamy öldürişiň ýaly, meni-de öldürmek isleýärsiňmi? Seniň bar islegiň ýer ýüzünde sütemkär bolmak. Sen düzedijilerden bolmak isläňok» diýdi.
 20. Şäheriň çetinden bir adam ylgap gelip: «Ey, Musa! Emeldarlar seni öldürmäge dil birikdirdiler. Sen çyk-da git, men saňa maslahat berýänlerden» diýdi.
 21. Musa gorka-gorka, eýlesine- beýlesine garap, dessine şäherden çykdy. (Şol pursat ol): «Eý, Perwerdigärim! Meni bu zalym kowumdan halas et» diýipdi.
 22. Ýüzüni Medýen (şäherine) tarap öwreninde bolsa: «Belki-de, Perwerdigärim meni has dogry ýola gönükdirer» diýdi.
 23. Medýeniň suwuna (guýusyna) ýeteninde, ol ýerde bir topar adamlaryň (öz mallaryny) suwa ýakýandyklaryny gördi we olardan başga-da iki aýalyň (mallaryny suwa eltmän) saklap durandyklaryny görüp: «Maksadyňyz näme?!» diýdi. Onda olar: «Biz çopanlar (mallaryny) çykarýançalar, (öz mallarymyzy) suwa ýakyp bilmeýäris. Atamyz bolsa köpi geçen goja» diýdiler.
24. Musa (olaryň goýunlaryny) suwa ýakyp berdi, soň hem kölegä tarap çekilip: «Eý, Perwerdigärim! Men Seniň maňa inderjek her bir haýryňa mätäçdirin» diýdi.
 25. (Biraz wagtdan soň) şol iki gyzyň biri edep-haýa bilen gelip: «Kakam seni (mallarymyzy) suwa ýakyp bereniň hakyny bermek üçin çagyrýar» diýdi. Musa onuň (Şugaýbyň) ýanyna gelip, öz başyndan geçenleri gürrüň bereninde ol (Şugaýyp): «Sen gorkma! Sen zalym kowumdan halas bolupsyň» diýdi.
 26. Olaryň (gyzlaryň) biri: «Ey, ata! Ony hakyna tutsana. Takyk, seniň hakyna tutjak iň haýyrly adamyň güýçli hem ynamdar bolmalydyr» diýdi.
 27. (Şugaýyp Musa ýüzlenip): «Maňa sekiz ýyllap (malymy bakyp berseň), hakyňy bermek şerti bilen şu iki gyzymyň birini saňa nikalap bermek isleýärin. Eger muny (hyzmaty) on ýyla ýetirseň, onda bu seniň (bize) ýagşylyk etdigiň bolar. Men saňa agram salmak islemeýärin. Inşalla, sen meniň salyh kişidigimi görersiň» diýdi.
28. Onda Musa: «Bu seniň bilen meniň aramdaky ylalaşykdyr. Bu iki müddetden haýsyny doldursam (ygtyýar özümde), soň maňa duşmançylyk (ikilik) etmek ýokdur. Alla aýdýan sözümize güwädir» diýdi.
 29. Musa müddetini dolduryp, ähli maşgalasy bilen (Müsüre tarap) ýola düşende, Tur (dagy) tarapynda bir ot gördi we maşgalasyna: «Siz garaşyň, men bir ot gördüm. Belki size ondan bir habar ýa-da ýylanmagyňyz üçin şol otdan bir köz alyp geleýin» diýdi.
30. Musa onuň (oduň) ýanyna geleninde, mübärek ýeriň sag tarapyndaky jülgäniň kenaryndaky bir agaçdan (oňa) şeýle ses geldi: «Ey, Musa! Takyk, Men älemleriň Perwerdigäri bolan Alladyryn.
 31. Hasaňy (ýere) okla!» diýdi. Musa hasasynyň ýylan dek towlanýandygyny göreninde, yzyna garaman gaçdy. Onda Alla oňa: «Eý, Musa! Gorkma-da, yzyňa gaýt! Elbetde, sen aman galarsyň.
32. Eliňi hem goltugyňa sal! Goý, ol hiç bir tegmilsiz ap-ak bolup çyksyn. Gorky sebäpli, açylan gollaryňy ýygna! Ine, bular Perwerdigäriň tarapyndan Fyrgawna we onuň emeldarlaryna iberilen iki delildir. Takyk, olar bozgak kowum boldular» diýdi.
 33. Musa: «Eý, Perwerdigärim! Men olaryň içinden birini öldürdim, şol sebäpli, hem olaryň meni öldürmeginden gorkýaryn.
 34. Doganym Harunyň dili meniňkiden has düşnükliräk. Ony hem meniň bilen bile, meni tassyklaýan bir goldawçy hökmünde iber. Takyk, olaryň meni ýalan hasaplamaklaryndan gorkýaryn» diýdi.
 35. Alla: «Biz, doganyňy hem saňa goşmak bilen seniň, kuwwatyňy has- da güýçlendireris hem-de ikiňize soltanlyk bereris. Olar, Biziň görkezjek gudratlarymyz sebäpli, size el degrip bilmezler. Netije-de, siz hem, size eýerenler hem üstün çykarlar» diýdi.
 36. Musa olara Biziň äşgär aýat- nyşanalarymyzy getirende, olar: «Bu toslanyp tapylan jadydan başga zat däldir. Biz öňki ata-babalarymyzdan muny hiç eşitmändik» diýdiler.
 37. Musa: «Meniň Perwerdigärim Öz ýanyndan dogrulygy (hak dini) getireniň kimdigini-de, ahyret diýarynyň kimiň peýdasyna boljakdygyny hem bilýändir. Elbetde, zalymlar maksatlaryna ýetmezler» diýdi. 38. Fyrgawn: «Ey, emeldarlar! Men siziň üçin menden başga hudaýyň bardygyny ykrar edýän däldirin. Eý, Haman! Meniň üçin palçygyň üstünde ot ýak-da, Musanyň Hudaýyna aralaşmagym üçin, maňa (berk kerpiçden) bir diň ýasa. Ýöne ol bir ýalançymyka diýýärin» diýdi.
 39. Fyrgawn we onuň leşgerleri, haklary bolmasa-da ýer ýüzünde men-menlik etdiler we özleriniň Bize gaýtarylyp getirilmejekdiklerini güman etdiler.
 40. Biz hem ony we leşgerlerini tutup, deňze taşladyk. Gör-bak, zalymlaryň soňy nähili bolýar eken.
 41. Şeýdip, Biz olary dowzaha çagyrýan ýolbaşçylar etdik. Kyýamat gününde hem olara ýardam berilmez.
42. Biz bu dünýäde hem olaryň yzyna näleti dakdyk. Kyýamat gününde hem olary hiç kim halamaz.
 43. Olaryň (mundan) öwüt almaklary üçin, öňki nesilleri heläk edenimizden soň, Biz ynsanlar üçin pähim, dogry ýol we merhemet hökmünde Musa kitaby (Töwrady) berdik.
 44. (Ey, Muhammet!) Biz Musa emri (wahyý) berenimizde, sen (Biziň onuň bilen wadalaşan ýerimiziň) günbatar tarapynda däldiň (inkär edijiler seniň günbatar dagdan bu habary alyp gelendigiňi aýdar ýaly) we muňa şaýat hem bolmandyň.
 45. Ýöne Biz täze nesilleri dünýä getirdik, olaryň üstünden hem ençe ömürler geçdi (Şeýdip olar Allany unutdylar). Sen Medýen iliniň arasynda hem oturyp, olara Biziň aýatlarymyzy okap bermändiň. Ýöne (bu gelip geçen pygamberleriň ählisini) iberen Bizdiris! (Olaryň habaryny hem iň gowy bilýän we saňa ýetirýän hem Bizdiris).
 46. Biz (Musa) ýüzlenýän wagtymyz hem, sen Tur (dagynyň) ýanynda däldiň. Ýöne sen, Perwerdigäriň tarapyndan bir merhemet hökmünde, olaryň öwüt almaklary üçin özüňden öň hiç bir duýduryjy gelmedik kowuma duýduryş bermegiň üçin iberildiň.
47. Eger olaryň başlaryna öz eden etmişleri sebäpli, bir bela-musybat gelsedi, olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Käşgä, bize bir pygamber ibersediň, Seniň aýatlaryňa eýererdik we iman getirenlerden bolardyk» diýerdiler.
48. Olara Biziň tarapymyzdan hakykat (pygamber) gelende bolsa, olar: «Käşgä, Musa berlen zatlar (gudratlar) ýalysy oňa- da berilsedi» diýerler. Olar öň: «Bular biri-birine kömek edýän iki jadygöýdir. Biz bularyň hemmesini inkär edýäris» diýmek bilen, Musa berlen zatlary (gudratlary) hem inkär etmändilermi?
 49. Sen olara: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, bu ikisinden (Töwratdan we Kurandan) has dogry bir kitap getiriň, men hem şoňa eýereýin» diýip aýt.
 50. Eger olar saňa jogap berip bilmeseler, bilip goý, (olar jogap hem berip bilmezler) olar diňe öz höweslerine eýerýändirler. Alla tarapyndan gelen bir dogry ýoly bolmazdan, öz höwesine (nebsine) eýeren kişiden beter ýoldan çykan kim bolup biler?! Alla zalym kowumy hergiz dogry ýola salmaz.
 51. Biz olaryň (ynsanlaryň) öwüt- nesihat almaklary üçin sözi (wahyny) olara (bölek-bölek halda, giňişleýin) ýetirendiris.
 52. Biziň ondan (Kurandan) öň özlerine kitap (Töwrat, Injil) berenlerimiz (ýahudylar we nasranylar) hem oňa (Kurana) iman getirerler. Düşündiriş: Bu ýerde ýahudylardan we nasranylardan Muhammet pygambere iman getirenler göz öňünde tutulýar.
 53. Ol (Kuran) özlerine okalanda, olar: «Biz oňa iman getirdik. Elbetde, ol Perwerdigärimiz tarapyndan gelen hakykatdyr. Takyk, biz mundan öň hem musulmandyk» diýerler.
 54. Olara, sabyr-takat edendikleri üçin, sylaglary hem iki gezek berler. Olar ýamanlygy ýagşylyk bilen sowarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (mätäçlere) sarp ederler.
 55. Olar boş zatlary eşitseler, ondan ýüz öwrüp: «Biz öz işimiz bilen bolaly, siz hem öz işiňiz bilen boluň! Salamat boluň, biz nadanlar bilen (iş salyşmak) islemeýäris» diýerler.
 56. (Eý, Muhammet!) Sen öz islän adamlaryňy dogry ýola salyp bilmersiň. Yöne Alla Öz islän adamlaryny dogry ýola salar. Ol dogry ýola girjekleri iň ýagşy bilýändir.
 57. Olar (Mekgeli kapyrlar): «(Ey, Muhammet!) Biz eger seniň bilen birlikde dogry ýola giräýsek, bizi öz ýerimizden dessine göterip çykararlar» diýdiler. Eýsem Biz olara Öz tarapymyzdan rysgal hökmünde ähli zatlaryň miweleriniň ýygnalýan mukaddes asuda ýerini (Mekgäni) mekan edip bermänmidik? Emma olaryň köpüsi (muny) bilmeýärler.
 58. Biz (bolçulyga ýetenden soň nygmatlara näşükürlik edip) azan ençeme oba-şäheri heläk edipdik. Ine, olaryň ýerleri! Olardan soň bu ýerlerde az wagtlyk ýaşaldy. Soň mirasdüşerleri Biz bolduk.
 59. Seniň Perwerdigäriň aýatlarymyzy okaýan bir pygamber ibermedik obasyny (şäherini) heläk edýän däldir. Biz diňe halky zalym bolan obalary heläk edýändiris.
 60. Size berlen zatlar dünýä ýaşaýşynyň närseleridir we zynatlarydyr. Allanyň ýanyndaky zatlar bolsa has haýyrly we bakydyr. Siz akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?
 61. Biziň ýagşy wada (jenneti) berenlerimiz we şol wadalara (şübhesiz) gowşan kişilerimiz Biziň dünýä ýaşaýşynyň närseleri (baýlygy) bilen nygmatlandyryp, soň hem kyýamat güni azaba duçar edilen kişi ýalymy (eýsem)?
 62. Ol gün (Alla) olara ýüzlenip: «Hany siziň (bardyr öýdip) güman eden şäriklerim nirede?» diýer.
 63. Üstlerine söz (azap) düşýäni hak bolan kişiler: «Eý, Perwerdigärimiz! Olar biziň azdyranlarymyzdyr. Biz olary hem öz azyşymyz ýaly azdyrdyk. Seniň öňüňde olardan bizardygymyzy aýdýarys. Onsuz hem olar diňe bir bize ybadat-gulluk etmeýärdiler, (olar şeýtanyň yzyna hem eýerýärdiler)» diýerler.
 64. Olara: «Şärikleriňizi çagyryň (sizi azapdan halas edip bilýärlermikä)» diýler. Olar dessine şäriklerini çagyrsalar-da, olar bulara jogap bermezler. Şonda olar azabyň başlaryna ýetip gelendigine göz ýetirip galarlar. Käşgä, dogry ýola giren bolsadylar (beýle azaby görmezdiler).
 65. Ol gün (Alla) ýene-de olara ýüzlenip: «Siz pygamberlere nähili jogap berdiňiz?» diýer.
 66. Şol gün habarlar we deliller (ýagny özlerini aklaýan bahanalar) görünmez (gizlin bolar), biri-birlerinden hem hiç zat soraşyp bilmezler.
 67. Emma eger-de kim toba edip, iman getirse we ýagşy işleri etse, belki, ol üstünlige ýetenlerden bolar.
 68. Seniň Perwerdigäriň islän zadyny ýaradar we saýlar, olaryň saýlamaga hukugy (ygtyýary) ýokdur. Alla olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir.
 69. Seniň Perwerdigäriň olaryň ýürekleriniňde gizleýän zatlaryny hem, äşgär edýän zatlaryny hem bilýändir.
70. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hiç bir hudaý bolmadyk Alladyr. Owalda- ahyrda (dünýäde we ahyretde) hamdy- sena ýalňyz (Onuň) Özüne mahsusdyr. (Ähli barlyklara) höküm etmek hem diňe Onuň ygtyýaryndadyr. Siz hem Oňa dolanyp bararsyňyz.
 71. (Ey, Muhammet!) Sen (olara): «Hakykaty habar beriň! Eger Alla gijäni kyýamata çenli dowamly edip üstüňizde goýsa, Alladan özge size ýagtylygy getirip biljek hudaý kim, eşitmeýärsiňizmi?» diýip aýt.
 72. (Ey, Muhammet!) Sen ýene-de olara: «Hany habar beriň! Eger Alla gündizi kyýamata çenli dowamly edip üstüňizde goýsa, Alladan özge size içinde dynç alýan gijäňizi getirip biljek hudaý barmy, muňa akylyňyz ýetmeýärmi?» diýip aýt.
 73. Siziň üçin gijäni we gündizi dynç almagyňyz hem-de (zähmet çekip) Onuň peýdasyndan (rysgalyňyzy) gazanmagyňyz we şükür etmegiňiz üçin ýaratmagy hem Onuň merhemetinden nyşandyr.
 74. Ol gün Alla olara ýüzlenip: «Hany, siziň Meniň şäriklerimdigini güman eden (hudaýlaryňyz) nirede?» diýer.
 75. Biz her bir ymmatdan bir şaýat çykararys. Olara: «Hany, delilleriňizi getiriň» diýeris. Şonda olar hakykatyň ýalňyz Alla degişlidigini, toslap tapan hudaýlarynyň bolsa ýitip gidendigini bilip galarlar.
 76. Karun hem Musanyň kowumyndandy. Ol olara (kowumyna) garşy azgynlyk etdi. Biz oňa şeýle bir hazynalar berdik welin, (bu hazynalaryň özüni däl) diňe açarlaryny götereninde hem, (Onuň) güýçli-kuwwatly bir topar (ynsanynyň) bili bükülýärdi. Şol sebäpli, kowumdaşlary oňa: «Sen men-menlik etme! Takyk, Alla men-menlik edýänleri halamaz.
77. Allanyň özüňe beren baýlygyndan (zekat-sadaka berip) ahyret ýurduny hem gözle! Dünýäden hem nesibäňi unutma! Allanyň saňa ýagşylyk edişi ýaly, sen hem (Allanyň bendelerine) ýagşylyk et! Ýeriň ýüzünde bozgaklyk döretme. Takyk, Alla bozgaklary halamaz» diýipdiler.
 78. Ol: «Baýlyk maňa diňe özümde bolan ylym sebäpli, berildi» diýdi. Ol özünden öňki nesillerden has güýçli-kuwwatly we ýygnan mal-mülki has köp bolan kişileri hem Allanyň heläk edendigini bilmeýärmi? Günäkärlerden günäleri soralmaz (göni jeza berler, çünki, Alla olaryň ähli etmişlerini bilýändir).
 79. Soň (Karun) kowumynyň öňüne bezenip-beslenip çykypdy. Pany dünýäni isleýän kişiler: «Käşgä, biziň Karunyňky ýaly baýlygymyz bolsady. Takyk, ol uly bir nesibäniň eýesidir» diýdiler.
 80. Özlerine ylym berlenler bolsa: «Haýp size! Iman getirenler we ýagşy işleri edenler üçin Allanyň sogaby has haýyrlydyr! Oňa hem diňe sabyrlylar gowşar» diýdiler.
 81. Biz ony (Karuny) we onuň mülküni ýere ýuwutdyrdyk. Indi oňa Alladan özge ýardam berjek hiç bir topar ýokdur. Onuň özi hem ýardam berlenlerden bolup bilmez.
 82. Düýn hem onuň ýerinde bolmagy arzuw edenler säher bilen: «Görsene! Alla bendeleriniň içinden islänine bol rysgal berer, islänine-de (rysgalyny) daraldar eken. Eger Alla bize merhemet etmedik bolsady, bizi-de ýer ýuwdardy. Görsene! Kapyrlar maksadyna ýetmez ekenler» diýşip ýördüler.
 83. Biz ahyret ýurdunyň ýeriň ýüzünde ulumsylyk etmeýän we bozgaklyk etmeýän kişiler üçin (ýaradyp) goýduk. Yagşy derejeler takwalaryňkydyr.
 84. Kim salyh amallar bilen gelse, onuň üçin ondan has gowusy berler. Kim erbet amallar bilen gelse, olar diňe öz eden amallarynyň öwezini (hakyny, jezasyny) alarlar.
 85. (Eý, Muhammet!) Kurany saňa parz eden (inderen Alla) takyk, seni dolanyp barjak ýeriňe gaýtaryp elter. Onda sen: «Meniň Perwerdigärim dogry ýol bilen geleni hem, äşgär azgynlykda bolany hem gaty gowy bilýändir» diýip aýt.
 86. (Eý, Muhammet!) Sen özüňe kitap berler diýip garaşmaýardyň, ýöne bu Perwerdigäriňden saňa bir merhemetdir. Şonuň üçin hem, hergiz, kapyrlara arka çykma!
 87. Özüňe Allanyň aýatlary inderilenden soň, olar (kapyrlar) hergiz seni bu aýatlardan döndermesinler. Perwerdigäriňe dileg-doga et hem-de hergiz Oňa şärik goşýanlardan bolma!
 88. Allanyň ýany bilen başga hudaýy çagyrma (ybadat etme)! Onuň Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ondan başga ähli zat heläk bolar. Höküm bermek Onuň ygtyýaryndadyr hem-de siz Oňa dolanyp bararsyňyz.