1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

33.69. Eý, iman getirenler! Siz Musa ezýet edenler ýaly bolmaň! Alla ony olaryň atýan şyltaklaryndan päkledi. Ol Allanyň nazarynda örän abraýly (pygamberdir).

Başy » Sözbaşy » 95-nji süre: «Tin» («Injir»)

«Tin» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 8 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan we injir manysyny aňladýan «Tin» sözünden alnandyr. Bu sürede ynsanyň ähli zatdan mertebeli ýaradylandygy, ahyretde hem eden işleri üçin Allanyň öňünde hasap berjekdigi barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3. Injire we zeýtuna, Tury-Sina (dagyna), bu asuda (aman-esen) şähere (Mekgä) kasam bolsun!
 4. Takyk, Biz ynsany iň ajaýyp görnüşde (hoşsurat, akylly-başly, kämil bir barlyk edip) ýaratdyk.
 5. Soň ony (eden erbet işleri sebäpli, pes derejeli) sepilleriň iň aşaky pes derejeli) sepilligine düşürdik.
6. Emma iman getirip, ýagşy işleri edýänlere welin hiç yzy üzülmeýän sylaglar bardyr.
 7. (Munça delillerden) soň din (kyýamat güni meselesinde) kim (haýsy zat) seniň (aýdýan sözleriňi) ýalan hasaplap biler?
 8. Alla höküm ýöredijileriň iň rüstemi dälmi eýsem?