1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

57.28. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň hem-de Onuň ilçisine iman getiriň! Ol (Alla) size Öz rahmet (hazynasyndan) iki esseläp eçiler we size ýörejek (ýoluňyzy ýagtyldýan) bir nur berer hem-de sizi bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.

Başy » Sözbaşy » 31-nji süre: Lukman

«Lukman» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 34 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede Lukmanyň kyssasy beýan edilýändigi üçin oňa Lukman diýip at galypdyr.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Mim.
 2. Ine, bular hikmetli kitabyň aýatlarydyr.
 3. Ol (Kuran) ýagşy işleri edýänlere dogry ýol görkeziji we rahmetdir.
 4. Olar namazy (yhlas bilen) berjaý edýän, zekat berýän we ahyret gününe berk ynanýan kişilerdir.
5. Ine, olar, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan görkezilen dogry ýoldadyrlar we halas bolanlar hut olaryň özleridir.
 6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.
 7. Olar, biziň aýatlarymyz okalanda göýä, olary eşitmeýän ýaly we gulaklarynda agyrlyk bar ýaly bolup, tekepbirlik bilen ýüz öwrerler. Sen hem oňa (olara) ajy azabyň buşlugyny ýetir.
 8. Elbetde, iman getirip, ýagşy işleri edýänler üçin bolsa «Nagym» jennetler bardyr.
 9. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Bu Allanyň hakyky wadasydyr. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
10. Ol (Alla) asmanlary, siziň görşüňiz ýaly, diregsiz ýaratdy we ýere siziň sarsmazlygyňyz üçin gazyklar (daglar) dikdi. Ol ýerde dürli-dürli jandarlary ýaýratdy. Biz asmandan suw inderip, şol ýerde (zeminde) dürli peýdaly ösümlikleri jübüt-jübüt edip ösdürdik.
 11. Bu Allanyň ýaradan zatlarydyr. Indi bolsa (eý, inkär edenler!) Alladan başgalaryň ýaradan zatlaryny görkeziň. (Ýok, olar görkezip bilmezler). Zalymlar äşgär azaşmagyň içindedir.
 12. Elbetde, biz Lukmana: «Alla şükür et!» diýip paýhas-hikmet berdik. Şükür edýän diňe özi üçin şükür eder. Inkär edýän kişi bolsa Allanyň hiç bir zada mätäç dildigini, Onyň ähli öwgülere laýykdygyny bilsin!
 13. Lukman ogluna nesihat berip: «Eý, oguljygym! Alla şärik goşma! Çünki (Alla) şärik goşmak örän uly zulumdyr» diýipdi.
14. Biz adama ene-atasyna seretmegi (olara ýagşylyk etmegi) wesýet etdik. Çünki ejesi ony kynçylyk üstüne kynçylyk bilen (garnynda) göterdi. Onuň süýtden aýrylmagy hem iki ýylyň dowamynda bolar. Maňa we ene- ataňyza şükür ediň! Ahyry Maňa gaýdyp gelersiňiz!
15. Eger olar (ene-atalar) bir bilmeýän zadyňy Maňa şärik goşmagy üçin synanyşsalar, olara boýun egme! Emma dünýäde olara ýagşylyk bilen eýe çyk we Maňa toba edenleriň (ýüz tutanlaryň) ýoluna eýer! Soň Maňa gaýdyp gelersiňiz we men (dünýäde) eden (ähli) işleriňizi size habar bererin.
 16. (Soň Lukman): «Eý, balam! Eden (ýagşy-ýaman) işiň hardal dänesi ýalyjak bolup, ol hem bir gaty daşyň içinde ýa asmanlarda, ýa-da ýerde bolsa hem, Alla ony getirer (ýüze çykarar). Takyk, Alla pazly-kereme eýedir, (ähli zatdan) habardardyr.
 17. Eý, balam! Namaz oka, (adamlary) ýagşylyga çagyr we ýamanlykdan gaýtar, başyňa gelen belalara sabyr et! Elbetde, bular iň sarpaly işlerdir.
 18. (Ulumsylyk edip) adamlardan ýüzüňi sowma we ýer-ýüzünde men-menlik edip ýöreme! Çünki Alla men-menlik edýän öwünjeňleri halamaz.
19. Ýöräniňde pespällik bilen ýöre we sesiňi peselt! Bilip goý! Sesleriň iň ýakymsyzy eşekleriň sesidir» (diýdi).
 20. Allanyň asmanlardaky we ýerdäki ähli zady siziň (gol astyňyza) berendigini, nygmatlaryny äşgär hem- de gizlin görnüşde bol edip berendigini görmeýärsiňizmi! Muňa garamazdan, adamlaryň arasyndan ylym-bilimi, ýol görkezijisi we aýdyňlaşdyryjy kitaby bolmasa hem Alla hakda jedelleşýän kişiler bardyr.
 21. Olara: «Allanyň iberen zadyna eýeriň» diýilse: «Ýok, biz ata- babalarymyzyň tutan ýoluna eýerýäris» diýerler. Eger şeýtan olar ýalyny oduň azabyna çagyrýan bolsa hem, şeýle (etjeklermikä)?
 22. Kim özüni dolulygyna Alla tabşyryp, ýagşy işleri etse, ol takyk, örän berk tutawaja ýapyşandyr. Aslynda, ähli işleriň soňy Alla barýandyr.
23. (Eý, Muhammet!) Inkär edýänleriň inkäri seni gynandyrmasyn. Olaryň (iň soňunda) gaýdyp geljek ýeri Biziň ýanymyzadyr. Ine, şol wagt Biz olara eden etmişlerini habar bereris. Takyk, Alla gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
24. Biz olara az wagtlyk (dünýä malyndan) peýdalanmak mümkinçiligini bereris, soň bolsa, olary agyr azaba sezewar ederis.
 25. Olardan: «Asmanlary we ýeri kim ýaratdy?» diýip sorasaň «Elbetde, Alla» diýip, jogap bererler. Sen olara: «Beýle bolsa, onda ähli öwgi-alkyş diňe Alla mahsusdyr» diýip aýt. Emma olaryň köpüsi muny bilmezler.
26. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlar Allanyň (mülküdir). Elbetde, baý (mätäç bolmadyk) we öwülmäge laýyk bolan (diňe) Alladyr.
 27. Eger ýer ýüzündäki ähli agaçlar galam bolsa we deňiz, yzyndan ýene ýedi deňiz goşulyp (syýa bolup) gelse-de, Allanyň sözleri (ylmy, hökümleri) gutarmaz. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
28. Siziň (hemmäňiziň) ýaradylmagyňyz we täzeden direldilmegiňiz (Alla üçin), göýä, bir kişiniň (ýaradylmagy we direldilmegi) ýalydyr. Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir.
 29. Allanyň gijäni gündize, gündizi bolsa gijä goşýandygyny görmeýärsiňmi?! Ol Gün bilen Aýy hem öz emrine boýun egdirendir. Olaryň her biri özlerine bellenilen wagta çenli öz hereketlerine (aýlawlaryna) dowam ederler. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.
 30. Bu bolsa Allanyň hakdygy we olaryň Alladan başga dileg edýän (çagyrýan) zatlarynyň bolsa batyldygy sebäplidir. Elbetde, Alla örän Beýikdir, Belentdir.
 31. Allanyň pazly-keremi bilen gämileriň deňizde ýüzýändigini görmeýärsiňmi? Bu özüniň aýatlaryny size görkezmek üçindir. Takyk, bu zatlarda köp sabyr edýän we köp şükür edýän adamlar üçin alamatlar bardyr. 32. Olaryň üstüne dag ýaly tolkunlar abanan wagty, olar diňe Allanyň özüne yhlas bilen ýalbararlar. Biz olary halas edip, sag-salamat kenara çykarsak, olaryň käbiri orta ýoldan ýörär (Alla mynasyp şükür etmeýän adam bolar). Emma bigadyr kapyrlar biziň aýatlarymyzy inkär ederler.
 33. Eý, adamlar! Perwerdigäriňizden gorkuň! Atanyň perzendini, perzendiň bolsa atasyny gorap bilmejek (biri- birlerine peýdalary degmejek) gününden gorkuň! Allanyň wadasynyň hakykatdygyna şek-şübhe ýokdur. Şonuň üçin ägä boluň! Hergiz dünýä ýaşaýşy sizi aldamasyn! Hergiz ol ýalançy şeýtan sizi Alla (ähli günäleri geçýändir diýmek) bilen aldamasyn!
 34. Elbetde, kyýamatyň haçan gopjakdygy hakdaky maglumat diňe Allanyň ýanyndadyr. Ol ýagşy ýagdyrýar we enäniň göwresindäkini bilýär. Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez we hiç kim nirede öljekdigini hem bilmez. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.