1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

62.9. Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!

Başy » Sözbaşy » 19-njy süre: Merýem

«Merýem» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 98 aýatdan ybaratdyr. Sürede bibi Merýem we onuň ogly Isa pygamberiň dünýä inişi barada gürrüň gozgalýar. Şol sebäpli, bu sürä «Merýem» diýip at galypdyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Käf, Hä, Ýä, Aýn, Sad.
 2. (Bu) seniň Perwerdigäriň Öz guly Zekeriýýa bolan merhemetiniň ýatlamasydyrnylyp (geçilmegidir).
 3. Şonda ol (Zekeriýýa) ýuwaşja ses bilen öz Perwerdigärine ýüzlenip:
 4. «Eý, Perwerdigärim! Indi meniň süňňüm gowşap, başym çalardy. Eý, Perwerdigärim! Men (henize çenli), Saňa eden dilegim sebäpli, hiç betbagt (we mahrum) bolmandym.
 5. Takyk, men yzymy dowam etdirjek neslim (we olaryň Seniň inderen diniňe mynasyp kişiler bolmaklary) barada aladalandym, aýalym bolsa önelgesiz, maňa Öz huzuryňdan bir hossar (ogul) bagyş et!
 6. (Şol ogul geljekde) meniň hem, Ýakubyň neberesiniň hem yzyny ýöretsin. Perwerdigärim, ony Öz razy bolanlaryň hataryna goş!» diýipdi.
 7. (Alla): «Eý, Zekeriýýa! Biz seni Ýahýa atly bir ogul bilen buşlaýarys, bu ady mundan öň hiç kime bermändik» diýdi.
 8. (Zekeriýýa): «Eý, Perwedigärim! Meniň nähili perzendim bolsun, aýalym önelgesiz, men bolsa garrylygyň aňrybaşyna ýetipdirin» diýdi.
 9. (Alla): «Bu hut şeýle hem bolar. (Muny) öz Perwerdigäriň aýtdy. Ol Meniň üçin ýeňildir, seni hem öň ýok wagtyň Men ýaradypdym» diýdi.
 10. (Zekeriýýa): «Eý, Perwerdigärim! (Onuň ýaly bolsa) maňa bir alamat görkez» diýdi. (Alla): «Seniň alamatyň ynsanlar bilen doly üç günläp gepleşmezligiňdir» diýdi.
 11. Zekeriýýa mährapdan halkyň öňüne çykyp, (üm bilen) olara: «Ertir-agşam (Alla) tesbih bilen hamdy-sena aýdyň!» diýip (ümledi).
12. «Eý, Ýahýa! Kitaba (Töwrata) berk ýapyş!» Biz oňa (Ýahýa) hikmeti çagalykdan berdik.
 13. Oňa Öz tarapymyzdan rehimdarlyk we günälerden päklik berdik. Ol hakyky takwa kişidi.
 14. Ene-atasyna gulak asýardy, zalym, gyňyr we buýruklara gulak salmaýan kişilerden däldi.
 15. Doglan gününde hem, ölen gününde hem, täzeden direldiljek gününde hem oňa salam bolsun! Düşündiriş: Ýahýa pygamberiň dünýä inişindäki bu adatdan daşary gudrat, ýagny aslynda bir önelgesiz ene bilen ýaşy ötüşen bir gojadan nesil önmegi barada gürrüň edilenden soň, Allatagalanyň çäksiz gudratynyň beýany hökmünde bibi Merýemiň Isa pygamberi atasyz dünýä inderişi baradaky gürrüňe başlanýar.
 16. Kitapda Merýemi hem ýatla. Ol maşgalasyndan çykyp gündogar tarapda bir ýere çekilipdi.
 17. Ynsanlar bilen (öz) arasynda bir perde goýdy. Biz oňa Ruhumyzy (Jebraýyly) iberipdik. Ol Merýeme hakyky adam şeklinde görnüpdi.
 18. (Jebraýyly adam şeklinde gören) Merýem: «Eger Alladan gorkýanlardan bolsaň, men senden Rahmana (Alla) sygynýaryn» diýipdi.
 19. Ol (Jebraýyl) bolsa: «Men diňe Perwerdigäriň ilçisidirin. Saňa päkize ogul bagyş etmek üçin (geldim)» diýipdi.
 20. Şonda Merýem: «Maňa adam eli degmänkä we bozuk hem bolmankam, nireden meniň oglum bolmaly?» diýipdi.
 21. (Jebraýyl): «Seniň Perwerdigäriň: «Bu meniň üçin aňsat zat. Biz şol oglany ynsanlar üçin bir aýat-mugjyza we olara Öz tarapymyzdan bir merhemet hökmünde berýäris. Bu öňden çözülen işdir» diýdi.
 22. Merýem (Isa pygambere) hamyla galyp, göwresindäki çaga bilen çet bir ýere çekilipdi.
 23. Dogurmak burgulary Merýemi (ýaplanmagy üçin) hurma agajynyň düýbüne alyp bardy. (Şol pursat) ol: «Käşgä, bu wakadan öň ölsedim we unudylyp giden bolsadym» diýdi.
 24. Agajyň aşagyndan oňa: «Gynanma, Perwerdigäriň seniň (aýagyň) aşagynda bir çeşme peýda etdi.
 25. Sen hurma agajyny özüňe tarap silkele, üstüňe ter hurmalar gaçar.
 26. Iý, iç we gözüň aýdyň bolsun! Eger adamlardan birini göräýseň hem: «Men Rahman (Alla) üçin agyz bekläp, bu gün hiç bir ynsan bilen gepleşmezlige niýet etdim» diý! (diýildi).
27. (Merýem) çagany göterip kowumyna getirdi. Olar: «Eý, Merýem! Sen görlüp- eşidilmedik geň bir iş bilen geldiň.
 28. Eý, Harunyň aýal dogany (Merýem)! Seniň ataň erbet adam däldi, ejeň hem bozuk aýal däldi» diýdiler.
29. Şonda Merýem üm bilen (gundagdaky) çagany görkezdi. Onda olar: «Sallançakdaky çaga bilen nähili gürleşeli?» diýdiler.
 30. Onda çaga: «Men Allanyň guludyryn, Ol maňa kitap berdi we meni pygamber edip saýlady.
 31, 32. Meniň bar bolan ýerime bereket berdi, maňa dirikäm namaz okamagymy, zekat bermegimi, ejeme gowulyk etmegimi emir etdi. Meni zalym, betbagt etmedi.
 33. Doglan günümde, öljek günümde we täzeden direldiljek günümde maňa salam we salamatlyk bolsun!» diýdi.
 34. Ine, bu Merýem ogly Isadyr. Ol hakda şübhe edýänlere (aýdyljak) söz şudur.
 35. Perzent edinmek Alla ýaraşmaz, Ol mundan päkdir. Ol bir zady islän wagty oňa «Bol!» diýer, ol hem dessine (peýda) bolar.
 36. (Isa): «Alla meniň hem, siziň hem Perwerdigäriňizdir, Oňa gulluk-ybadat ediň! Bu dogry ýoldur» diýipdi.
37. (Soň) öz aralarynda bir topar gapma- garşylyga girdiler. Uly (kyýamat) günüň şaýatlyk ediljek ýerinde kapyrlaryň waý halyna!
 38. Bize geljek günlerinde olar (başlaryna geljekleri) gowy eşiderler we görerler, emma zalymlar şu günki gün äşgär azgynçylykdadyrlar.
39. Sen olary puşmanlyk ediljek gün baraynda habardar et. Çünki gapyl bolup durkalar we heniz iman getirmänkäler boljak iş bolaýmasyn.
 40. Elbetde, ýere we onuň üstündäkilere Biz mirasdüşer bolarys. Olar Bize gaýdyp getirilerler.
 41. Kitapda Ybraýymy hem ýatla, çünki ol örän sadyk pygamberdi.
 42. Bir wagt ol atasyna: «Eý, atam! Sen näme üçin eşitmeýän, görmeýän we saňa hiç bir peýdasy bolmaýan zatlara ybadat edýärsiň?
 43. Eý, atam! Saňa gelmedik ylym maňa geldi. Meniň yzyma düş, saňa dogry ýoly salgy bereýin.
 44. Eý, atam! Şeýtana gulluk etme. Çünki şeýtan Rahmana (Alla) garşy geldi.
 45. Eý, Atam! Men saňa Rahmandan (Alladan) bir azabyň ýolugyp, seniň şeýtana dost bolmagyňdan gorkýaryn» diýdi.
 46. Şonda atasy: «Sen meniň hudaýlarymdan ýüz öwürýärsiňmi? Eý, Ybraýym! Eger mundan dänmeseň, seni daşlaryn, meniň ýanymdan uzak wagtlyk git» diýdi.
 47. (Ybraýym): «Saňa salamatlyk bolsun! Men Perwerdigärimden seni bagyşlamagyny dilejek, çünki Ol maňa mylakatlydyr.
 48. Sizden we siziň Alladan başga çagyrýan hudaýlaryňyzdan daş durup, öz Perwerdigärime dileg ederin. Perwerdigärime eden dilegim üçin hem (men) betbagt bolmaryn» diýdi.
 49. Ybraýym olardan we olaryň Alladan başga gulluk edýän hudaýlaryndan daşlaşanda, Biz oňa Yshak bilen Ýakuby bagyş etdik we olaryň ikisini hem pygamber edip (saýladyk).
 50. Biz olara hem Öz merhemetimizden peşgeşler berdik we olaryň atlarynyň sadyk dillerde ýagşylykda ýatlanmagyny üpjün etdik.
 51. Kitapda Musany hem ýatla, çünki ol yhlasly (guldy) we iberilen pygamberdi.
 52. Biz oňa Tur (dagynyň) sag tarapyndan seslendik we ony syrdaş derejesinde Özümize ýakynlaşdyrdyk.
 53. Oňa Öz merhemetimiz bilen dogany Haruny hem pygamber edip berdik.
 54. Kitapda Ysmaýyly hem ýatla. Çünki ol wadasyna wepalydy we iberilen pygamberdi.
 55. (Ol) maşgalasyna namaz okamagy, zekat bermegi emir ederdi. Ol Perwerdigäriniň razylygyna gowşupdy.
56. Kitapda Idrisi hem ýatla, çünki ol hem örän sadyk pygamberdi.
 57. Biz ony belent derejelere ýetirdik.
 58. Bular Adamyň zürýatlarynyň we Nuh bilen birlikde (gämide) äkiden adamlarymyzyň zürýatlarynyň, Ybraýymyň, Ysraýylyň (Ýakubyň) zürýatlarynyň we dogry ýola gönükdirip, saýlap-seçen adamlarymyzyň zürýatlarynyň içinden Allanyň özlerine nygmat beren pygamberleridir. Olar Rahman bolan Allanyň aýatlary okalan wagty aglap sežde ederler.
 59. Bularyň yzyndan namazlaryny taşlap, nebisleriniň isleglerine eýeren nesil geldi. Takyk, olar (özleriniň azgynçylyklarynyň) jezasyny çekerler.
 60. Emma (ýürekden) toba edip, iman getiren we ýagşy işleri eden kişiler jennete girerler we olara hiç hili zulum edilmez.
 61. (Olaryň girjek bu jenneti) Rahmanyň (Allanyň) gullaryna gaýypdan wada beren «Adn» jennetleridir. Onuň wadasy hökman amala aşar.
 62. Olar bu ýerde, salamdan başga, hiç bir boş söz eşitmezler we rysgallary ertir- agşam taýýardyr.
 63. Ine, bu biziň Öz bendelerimiziň içinden takwa bolanlaryna miras goýjak jennetimizdir.
64. (Jebraýyl:) «(Eý, Muhammet!) Biz (perişdeler) diňe Perwerdigäriň buýrugy bilen gelip-gidýäris. Öňümizdäki, yzymyzdaky we bularyň arasyndaky ähli zat Oňa degişlidir. Seniň Perwerdigäriň unudyjy däldir.  
65. Ol asmanlaryň, ýeriň we bularyň arasyndakylaryň Perwerdigäridir. Sen Oňa ybadat et we ybadatda sabyr et! Heý, sen Oňa deňdeş we meňzeş bolan başga birini bilýärmiň?!» diýdi.
 66. (Haka ynanmaýan) ynsan: «Heý-de, ölenimden soň hem täzeden direldilip (gabrymdan) çykarylarynmy?» diýer.
 67. Ynsan öň hiç zat dälkä, (Biziň) ony ýaradandygymyzy ýadyna salmaýarmy?
 68. Perwerdigäriňe kasam bolsun! Olary, şeýtanlar bilen bilelikde magşar meýdanynda jemläp, soň hem, dyzyna çöken ýagdaýynda, dowzahyň töweregine taýýar edip getireris.
 69. Soň her topardan Rahmana (Alla) iň köp garşy gelýänleri çekip çykararys (we ilki şolara azap berip başlarys).
 70. Onda (dowzahda) ýanmaklyga has laýyk bolanlary iň gowy bilýän, elbetde, Bizdiris!
 71. Siziň içiňizden şol ýere (dowzahyň görnüp duran ýeri bolan syrat köprüsine) barmajak ýokdur. Bu seniň Perwerdigäriň üstüne alan takyk hökümidir.
 72. Soň biz takwa kişileri halas ederis we zalymlary dyzlaryna çöken halynda dowzahda galdyrarys.
 73. Aýatlarymyz olara äşgär okalan wagty, Allany inkär eden kişiler iman getirenlere: «Bu iki toparyň (biz ikimiziň) haýsysynyň orny has haýyrly we derejesi has ýokary» diýýärler.
 74. Olardan öň hem bolelinlikde (ýaşan) we daşky görnüş taýdan has görkli bolan ençe nesilleri heläk edipdik.
 75. (Eý, Muhammet!): «Ýoluny ýitirenlere Rahman (Alla) näçe uzak möhlet berse hem, (olar) soňunda özlerine wada berlen azaby ýa-da kyýamat gününi görenlerinde kimiň ornunyň has erbetdigine we (kimiň) goşunynyň has ejizdigine göz ýetirerler» diýip aýt.
 76. Alla dogry ýola düşenleriň (bu ýoldaky tutanýerliliklerini) dogrulygyny has-da güýçlendirer. Baky bolan haýyrly işler seniň Perwerdigäriň ýanynda hem sogaby, hem netijesi taýdan has haýyrlydyr.
 77. Biziň aýatlarymyzy inkär edip, soň hem: «Elbetde, maňa emläk hem, perzent hem berler» diýeni gördüňmi?
 78. Ol gaýypdan habardarmyka ýa-da bolmasa bu barada Rahmanyň (Allanyň) huzuryndan ähti-peýman aldymyka?
 79. Ýok! Biz onuň aýdanlaryny ýazyp goýarys we onuň üçin azaby has uzaldarys.
 80. Biz ondan aýdýan zatlaryny alarys we Bize onuň ýeke özi geler.
 81. Olar özlerine güýç we mertebe bolsun diýip, Alladan başga hudaýlar edindiler.
 82. Ýok! Bu hudaýlar olaryň eden ybadatlaryny inkär ederler we olara garşy bolarlar.
 83. Kapyrlaryň üstüne olary öjükdirýän (azdyrýan) şeýtanlary iberendigimizi görmediňmi?
 84. Onda olaryň özüňize garşy edýän hereketlerine sabyr et, howlukma! Biz olary (we olaryň galan aý-günlerini hem, edýän günälerini hem) hasaba alyp durarys.
 85, 86, 87. Takwa kişileri topar-topar halda Rahmanyň (Allanyň) huzuryna jemlejek günümizde, günäkärleri bolsa, suwa ýakmaga sürülýän süri ýaly, dowzaha sürjek günümizde Rahmanyň (Allanyň) huzuryndan ähti-peýman alanlardan (Alla we Onuň pygamberine ýürekden ynananlardan) başgalary şepagata eýe bolup bilmezler.
 88. (Kapyrlar:) «Rahman (Alla) özüne perzent edindi» diýerler.
 89. Takyk, siz garaşylmaýan bir ýaramaz zady orta atdyňyz.
 90, 91. Rahmana (Alla) olaryň perzent (bilen baglanyşykly) töhmet atmalary sebäpli, tasdanam asmanlar çym-pytrak bolup, ýer ýaryljakdy we daglar harap bolup ýykyljakdy.
 92. Rahmana (Alla) perzent edinmek ýaraşmaz.
 93. Asmanlardaky we ýerdäki ähli kişi Rahmana (Alla) diňe gul bolup geler.
 94. Takyk, Alla olary hasaba çeker we birin-birin sanawa alar.
 95. Olaryň hemmesi kyýamat gününde Onuň ýanyna ýalňyz gelerler.
 96. Iman getirip, ýagşy işleri edenlere bolsa Rahman (Alla) söýgi, mähir- muhabbet döreder.
 97. Biz Kurany, takwa kişileri begendirmegiň we barlyşyksyz dawaçyl kowuma duýduryş etmegiň üçin, seniň diliňde (inderip, saňa) aňsat bolar ýaly edip goýduk.
 98. Biz olardan öň hem ençeme nesli heläk edipdik. Häzir sen olardan (heläk edilenlerden haýsydyr) biriniň ýaşaýandygyny bilýärmiň ýa-da olardan, heý, bir ses eşidýärmiň?!