1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

34. 6. Özlerine ylym berlenler Perwerdigäriňden saňa inderileniň hakykatdygyny we onuň Gudraty güýçli we hakyky öwgä mynasyp bolan (Allanyň) ýoluna gönükdirýändigini görýärler.

Başy » Sözbaşy » 103-nji süre: «Asr» («Wagt»)

«Asr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 3 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan ikindi, asyr, döwür, wagt we zamana ýaly manylary aňladýan «Asr» sözünden alnandyr. Bu gysga we uz manyly sürede yslamyň manysy jemlenýär. Sürede Allatagala asra (wagta) kasam bilen başlaýar we ahyretde halas bolmak isleýänleriň iman getirip, ýagşy işleri etmelidigi, biri-birlerine hakykaty aýdyp, sabyrly bolmagy ündemelidigi aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Asra (wagta) kasam bolsun!
 2. Takyk, ynsan zyýanyň içindedir.
 3. Meger iman getirip, ýagşy işleri edýänler, biri-birlerine hakykaty we sabyrly bolmagy ündeýänler (zyýanyň içinde däldirler).