1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

4.135. Eý, iman getirenler! Dik durup Hakyň (tarapyny) tutuň! Ähli işlerde bar güýjüňiz bilen adalatly boluň! Alla üçin şaýatlyk edýän ynsanlar boluň! Egerde (hut) özüňize, ene-ataňyza we dogan- garyndaşlaryňyza (garşy) bolsa-da, şaýat kişiler boluň! Isle baý bolsun, isle garyp bolsun, (şaýatlykdan gaçmaň)! Çünki Alla olara sizden has ýakyndyr. Bes, (hakdan) dänip, (hiç haçan) nebsiňize boýun bolmaň! Eger (diliňizi) dişläp, (hakykaty bolşy ýaly aýtmakdan çekinseňiz) ýa-da (şaýatlykdan bütinleý) ýüz öwürseňiz, takyk, Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 33-nji süre: «Ahzab» («Taýpalar»)

«Ahzab» süresi  Medinede inen sürelerden bolup, ol 73 aýatdan ýbaratdyr. Bu sürede musulmanlara garşy söweşmek üçin jemlenen arap tire- taýpalary hakda gürrüň gozgalýandygy üçin, süre şu at bilen atlandyrylypdyr. «Ahzab» sözi «tireler, taýpalar» diýen manylary aňladýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eý, pygamber! Alladan gork! Kapyrlara we mynapyklara boýun egme! Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
2. Perwerdigäriňden saňa iberilen zada eýer! Elbetde, Alla olaryň edýän işlerinden habardardyr.
 3. Alla bil bagla! Hemaýatkär hökmünde Alla saňa ýeterlikdir.
 4. Alla bir adamda iki ýürek ýaradan däldir. (Şeýle hem) Ol «zyhar» eden aýallaryňyzy ejeleriňiz hökmünde, ogullyklaryňyzy hem öz ogluňyz hökmünde kabul etmedi. Bular siziň öz toslan, aýdan zatlaryňyzdyr. Alla bolsa, hakykaty aýdýar we dogry ýoly görkezýär. Düşündiriş: Yslamdan öň araplaryň arasynda eger bir erkek aýalyna: «Seniň teniň meniň ejemiň teni ýaly» diýse, soň ol aýal oňa ejesi hökmünde bolup, erkek hem oňa ýanaşyp bilmez eken. Muňa «zyhar» diýlipdir. Bu aýatda hem bir aýalyň bir erkege hem eje, hem-de aýal bolup bilmejekdigi barada aýdylýar. Şeýle hem araplaryň arasyndan käbir akylly, dana adamlarda iki kalp bolup bilýär diýen ynanç bar eken.
 5. Ogullyklaryňyza (öz adyňyz bilen däl- de) öz kakalarynyň ady bilen ýüzleniň! Bu Allanyň ýanynda iň dogrusydyr. Eger kakalarynyň kimdigini bilmeýän bolsaňyz, onda olary din doganlaryňyz we ekläp, saklaýan adamlaryňyz hökmünde kabul ediň! Ýalňyşyp eden zatlaryňyzyň size zyýany ýokdur. Emma bilip edýän erbet işleriňiziň günäsi bardyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 6. Pygamber möminlere özlerinden hem ýakyndyr. Onuň aýallary bolsa olaryň (möminleriň) eneleridir. Allanyň kitabyna görä, dogan-garyndaşlar biri- birlerine möminlerden we muhajyrlardan (miras taýdan) has ýakyndyrlar. Emma dostlaryňyza (maddy taýdan) ýagşylyk etmegiňiz muňa degişli däldir. Bu zatlar kitapda ýazylgydyr. Düşündiriş: Yslamyýetiň ilkinji ýyllarynda möminler bir maşgalanyň agzalary ýaly biri-birlerine mirasdüşer bolýardylar. Bu aýat inderilenden soň bolsa, mirasda dogan- garyndaşlyk ileri tutulyp başlanýar.  
7. Pygamberlerden we senden, Nuhdan, Ybraýymdan, Musadan we Merýem ogly Isadan ähti-peýman aldyk. Hawa, Biz olardan örän berk söz aldyk.
 8. (Alla bu sözi) dogruçyllardan dogruçyllyklaryny soramak üçin aldy. Kapyrlar üçin bolsa ezýet beriji azap taýýarlady.
 9. Eý, iman getirenler! Allanyň size beren nygmatlaryny ýada salyň! Siziň üstüňize leşgerler çozupdy. Şonda Biz olaryň garşysyna şemaly we siziň görmeýän leşgerleriňizi (perişdeleri) iberdik. Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.
10, 11. (Duşmanlar) siziň üstüňizden hem-de aşak tarapyňyzdan gelenlerinde, siziň hem (olary görüp) gözleriňiz peträp, ýürekleriňiz agyzlara gelip, Alla hakda dürli zatlar pikir eden wagtyňyzda, ine, şol wagt (hakyky) möminler synag edildiler we örän erbet howsala düşdüler.
 12. Şonda mynapyklar we köňüllerinde hassalyk bolanlar: «Alla we Onuň ilçisi bize diňe ýalan wadalar beren eken» diýdiler.
13. Olaryň bir topary bolsa: «Eý, Ýesrib (Medine) halky! Indi size bu ýerde durarlyk galmady. Hany, yzyňyza dolanyň!» diýdiler we bir topar hem: «Biziň öýlerimiz howp astynda» diýip, pygamberden rugsat soraýardylar. Aslynda bolsa, olaryň öýleri howp astynda däldi. Olar diňe gaçmak isleýärdiler.
14. Eger Medinäniň dürli tarapyndan olaryň (mynapyklaryň) üstüne (kapyrlar tarapyndan) hüjüm edilse we olardan gozgalaň çykarmaklary (yslamdan dänmekleri) islense, olar muny gysga wagtyň içinde ýerine ýetirerdiler.
 15. Elbetde, olar mundan öň yza öwrülip gaçmajakdyklaryna Alla söz beripdiler. Alla üçin berlen wada örän jogapkärlidir.
 16. Olara aýt: «Eger ölümden ýa- da öldürilmekden gaçýan bolsaňyz, gaçyşyňyz size hiç hili peýda bermez. (Gaçaýanyňyzda-da) size örän az ömür berler.
 17. Olara: «Alla size bir zyýan ýetirmek islese ýa-da size rehim etmek islese, oňa kim päsgel berip biler öýdýärsiňiz?» diýip aýt. Olar özlerine Alladan başga ne dost, ne kömekçi taparlar.
 18. Alla siziň araňyzdan (haka) böwet bolýanlary we özleriniň tarapdarlaryna: «Hany, bize geliň» diýýänleri örän gowy bilýändir. Aslynda, olaryň örän az topary (duşmanlara garşy söweşe) gatnaşarlar.
 19. Olar size örän husytdyrlar. Olara howp abananda, ölüm gorkusyndan huşuny ýitirýän adam ýaly, gözlerini mölerdip, saňa seredýändiklerini görersiň! Emma howp aýrylandan soň bolsa, oljalara bahyllyk edip, sizi awuly dilleri bilen ynjydarlar. Olar iman getiren kişiler däldir. Şonuň üçin Alla olaryň amallaryny köýdürendir. Bu Alla üçin örän ýeňildir.
 20. Olar (özleriniň ýaranlary bolan) goşunlaryň gitmedigini güman edýärdiler. Eger şol goşunlar täzeden gelse, onda olar çölde ýaşap ýören çarwalaryň ýanyna gidip, size degişli habarlary şol ýerden eşitmek islärler. Aslynda, olar araňyzda bolsalar-da, olaryň örän az bölegi söweşe gatnaşarlar.
 21. (Eý, möminler) elbetde, siz üçin, Alla we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň pygamberinde gözel görelde bardyr.
 22. Möminler (duşman) toparlaryny görende: «Ine, bu Allanyň we ilçisiniň bize wada beren zadydyr. Alla we Onuň ilçisi dogry aýdypdyr» diýdiler. (Bu goşunlaryň gelşi) olaryň (Alla bolan) imanlaryny we wepalylyklaryny güýçlendirdi.
 23. Möminleriň arasynda Alla beren wadalarynda duran ençeme mert ýigitler bardyr. Olaryň bir topary bu ýolda şehit boldy, bir topary bolsa (oňa) garaşýarlar. Emma olar beren sözlerini hiç haçan üýtgetmediler.
 24. Çünki Alla (imanyna) wepaly kişileri dogruçyllyklary sebäpli, sylaglar, mynapyklara bolsa, islese azap berer, (eger toba etseler welin) tobalaryny kabul eder. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 25. Alla inkär edenleri öz kineleri bilen yzlaryna gaýtardy we olar hiç hili peýda gazanyp bilmediler. Alla söweşde möminler üçin ýeterlik (hemaýatkärdir). Takyk, Alla Kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir.
 26. Alla ol (kapyrlara) ýardam beren ähli-kitaplary galalaryndan çykardy we olaryň ýüreklerine gorky saldy. Siz olaryň käbirlerini öldürdiňiz, käbirlerini bolsa ýesir aldyňyz.
27. Alla sizi olaryň ýerlerine, ýurtlaryna, mal-mülklerine we aýak basmadyk topraklaryňyza mirasdüşer etdi. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 28. Eý, pygamber! Sen aýallaryňa: «Eger siz (bu) pany dünýäni we onuň bezeg- zynatyny isleýän bolsaňyz, onda geliň, men size (bu dünýäde bar zadymdan) bereýin we sizi ýagşylyk bilen nikamdan aýraýyn» diýip aýt.
29. Eger Allany, Onuň ilçisini we ahyret ýurduny isleýän bolsaňyz, takyk, Alla siziň araňyzdan ýagşy işleri edýänleri örän uly sylag bilen sylaglar.
 30. Eý, pygamberiň aýallary! Sizden kim bir erbetlik etse, oňa beriljek azap iki esse artdyrylar. Bu Alla üçin örän aňsatdyr.
 31. Emma sizden kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolup, gowy işler etse, onuň sylagyny hem iki esse bereris we Biz oňa (jennetde) bol rysgal, nygmat taýýarladyk.
32. Eý, pygamberiň aýallary! Siz (Allanyň ýanyndaky mertebede) beýleki zenanlar ýaly dälsiňiz. Eger Alladan gorkýan bolsaňyz, (nämährem erkeklere) näz bilen seslenmäň! Çünki ýüreginde hassalyk bolan kişi (aýallara bolan höwese) tamakin bolar. Elmydama ýagşy sözläň!
 33. (Mertebäňizi saklap), öýleriňizde oturyň we (bir iş bilen çykanyňyzda bolsa, yslamdan) öňki döwürdäki ýaly (ýarym-ýalaňaç) bezenmäň! Namazy doly berjaý ediň, zekat beriň! Alla we Onuň ilçisine tabyn boluň! Eý, ähli-beýt (pygamberiň maşgalasy)! Alla (bu zatlary aýtmak bilen) diňe (siziň abraýyňyza şikes ýetirip biljek) zeperi arassalamak we sizi günälerden päklemek isleýär.
 34. Siz öz öýleriňizde okalýan Allanyň aýatlaryny we paýhasly sözleri (pygamberiň hadyslaryny) ýadyňyza salyň! Takyk, Alla pazly-kerem eýesidir, (ähli zatdan) habardardyr.
 35. Takyk, Alla musulman erkeklere we zenanlara, mömin erkeklere we zenanlara, yhlas bilen Alla ybadat edýän erkeklere we zenanlara, Allanyň sadyk gullary bolan erkeklere we zenanlara, sabyrly erkeklere we zenanlara, Alladan gorkýan we çekinýän erkeklere we zenanlara, sadaka berýän erkeklere we zenanlara, oraza tutýan erkeklere we zenanlara, namyslaryny goraýan (zyna etmeýän) erkeklere we zenanlara, Allany köp zikir edýän (ýatlaýan) erkeklere we zenanlara ýalkaw we uly sylag taýýarlady.
 36. Alla we Onuň pygamberi bir zat hakda höküm çykaranyndan soň, hiç bir mömin erkegiň we zenanyň ony öz isleglerine görä saýlamak haklary ýokdur. Kim Alla we Onuň ilçisine garşy gelse, ol dogry ýoldan çykmakdyr.
 37. Allanyň nygmat beren we seniň köp ýagşylyk eden adamyňa: «Alladan gork we aýalyňy ýanyňda sakla!» diýýärdiň we adamlardan çekinip, Allanyň ýüze çykarjak syryny gizleýärdiň. Aslynda bolsa, gorkmagyňa iň laýyk bolan Alladyr. Ogullyklary aýallarynyň talagyny berensoňlar, (ol aýallara öýlenmek isleseler) möminlere kynçylyk döremesin diýip, Zeýt ol aýal bilen aragatnaşygy kesenden (aýrylyşandan) soň, biz ony saňa nikaladyk. Allanyň emri ýerine ýetirilendir. Düşündiriş: Zeýt pygamberimiziň ogullygydy. Pygamberimiz ony gowy görýärdi. Oňa kakasynyň aýal doganynyň gyzy Zeýnep binti Jahşy nikalap berdi. Emma Zeýnep atly-abraýly maşgaladan gelensoň, asly gul bolan Zeýt bilen ysnyşyp bilmedi we olar aýrylyşmaly boldular. Mundan soň Zeýnep pygamberimiz bilen nikalaşdy.
38. Allanyň parz eden zadyny ýerine ýetirmekde pygamber üçin hiç hili kynçylyk ýokdur. Mundan öň gelip- geçenler üçin hem Allanyň kanuny şeýledi. Allanyň emri amala aşjakdygyna şek-şübhe bolmaýan ýazgytdyr.
39. Olar (pygamberler) Allanyň iberen zatlaryny halka ýetirerler, Alladan gorkarlar we Ondan başga hiç kimden gorkmazlar. Hasap soraýjy hökmünde Alla (hemmelere) ýeterlikdir.
40. Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir.
 41. Eý, iman getirenler! Allany örän köp zikir ediň!
 42. Ony ertir-agşam tesbih ediň!
 43. Sizi (nadanlyk we dinsizlik) tümlüklerinden ýagtylyga çykarmak üçin perişdeleri bilen üstüňize rahmet ýagdyran Oldur. Ol möminlere Rehim- şepagatlydyr.
 44. Olar Alla gowşan gününde salam bilen garşylanarlar. Alla olara örän uly sylag taýýarlandyr.
 45. Eý, pygamber! Elbetde, Biz seni şaýat, buşlukçy we duýduryjy edip iberdik.
 46. (Seni) Allanyň rugsady bilen (dogry ýola) çagyryjy we nur saçýan çyrag edip iberdik.
47. Takyk, (sen) möminlere Alla tarapyndan örän uly pazly-keremiň beriljekdigini buşla.
 48. Kapyrlara we mynapyklara boýun egme! Olaryň ezýetlerine üns berme we Alla bil bagla! Hemaýatkär hökmünde Alla ýeterlikdir.
 49. Eý, iman getirenler! Mömin zenanlary nikalanyňyzdan soň, olara el degirmezden (ýanaşmazdan) talagyny berseňiz, olar üçin sanaljak yddat-möhlet ýokdur. Şonuň üçin olara (kynçylyk çekmezden gün-güzeranlaryny aýlamaklary üçin) galyň bermek bilen, olary razy ediň we ýagşylyk bilen ugradyň.
 50. Eý, pygamber! Takyk, Biz haklaryny (galyňlaryny) berip alan aýallaryňy, Allanyň saňa olja edip beren gol astyňdaky gyrnaklaryňy, siziň bilen hijret eden (Mekgeden Medinä göçen) kakaň erkek we aýal doganlarynyň gyzlaryny, daýylaryň we daýzalaryň gyzlaryny saňa halal etdik. Eger pygamber nikalamak islese, özüni pygambere bagyşlan mömin zenany hem saňa halal etdik. Ol (özüni bagyşlan zenan bilen galyňyny bermezden nikalaşmak) ähli möminlere däl, diňe saňa mahsusdyr. Biz olara (möminlere) aýallary bilen we gol astyndaky gyrnaklary bilen baglanyşykly parz eden zatlarymyzy bilýändiris. (Bu zatlar geljekde) saňa kynçylyk döremezligi üçindir. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 51. Olardan (aýallaryňdan) isläniňi ýanyňdan aýryp, (ýanyna barmagy gijikdirip) isläniňi bolsa ýanyňa alarsyň. Wagtlaýyn (ýanyňdan) aýran aýallaryň birini täzeden ýanyňa almagyňda saňa hiç hili günä ýokdur. Bu olaryň bagtly bolmaklaryna, gynanmazlygyna we seniň beren zatlaryňa razy bolmaklaryna iň laýyk bolanydyr. Alla siziň ýürekleriňizdäki zatlary bilýändir. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, Halymdyr (howlugýan däldir).
 52. Mundan soň saňa başga zenanlar (bilen nikalaşmak), görmegeýlikleri göwnüňe ýarasa-da, (öňki) aýallaryň ýerine gyrnaklaryňdan başgalary almak halal däldir. Alla ähli zada gözegçidir.
 53. Eý, iman getirenler! Pygamberiň öýlerine wagta seretmezden we nahara çagyrylmazdan girmäň! Çagyrylan wagtyňyzda baryň! Nahar iýeniňizden soň bolsa, gep-gürrüňe gyzykman dargaň! Çünki bu (gepe-gürrüňe gyzygyp, köp oturmagyňyz) pygambere ejir çekdirýän hem bolsa, ol (muny size aýtmakdan) utanar. Alla bolsa hakykaty aýtmakdan çekinmez. Eger pygamberiň aýallaryndan bir zat sorajak bolsaňyz, perdäniň aňyrsyndan soraň! Bu siziň hem-de olaryň ýürekleri üçin iňňän arassa we päk ýoldur. Siziň pygambere ezýet etmeklige we onuň yzyndan aýallary bilen nikalaşmaga hiç hili hakyňyz ýokdur. Takyk, bu (hereketleriňiz) Allanyň ýanynda örän uly günädir.
 54. Bir zady her näçe gizleseňiz hem, äşgär etseňiz hem, barybir Alla ähli zady bilýändir.
 55. Olara (pygamberiň aýallaryna) öz ata- babalary, ogullary, doganlary, erkek we aýal doganlarynyň ogullary, musulman aýallar we gol astyndaky gyrnaklary bilen baglanyşykly (hyjaplaryny doly saklamazlykda) hiç hili günä ýokdur. (Eý, pygamberiň aýallary!) Alladan gorkuň! Takyk, Alla ähli zady görüp durandyr.
 56. Takyk, Alla we Onuň perişdeleri pygambere salawat aýdýarlar. Eý, iman getirenler! Siz hem oňa salawat aýdyň we oňa ýürekden salam bermek bilen salamatlyk diläň!
 57. Allany we Onuň ilçisini ynjydan kişileri Alla dünýäde we ahyretde näletledi we olara jebir-jepaly azap taýýarlady.
 58. Mömin erkeklere we mömin aýallara etmedik zatlary sebäpli, ezýet edýänler, takyk, örän uly töhmeti we äşgär günäni öz üstlerine ýükleýärler.
59. Eý, pygamber! Aýallaryňa, gyzlaryňa we möminleriň aýallaryna (daşary çykanlarynda) üstki örtgülerini örtünmeklerini aýt. Bu olaryň tanalmaklary we ynjydylmazlyklary üçin iň dogrusydyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 60. Eger mynapyklar (ikiýüzlüler), ýüreklerinde hassalyk bolanlar we Medinede erbet gep-gürrüň ýaýradýan kişiler bu gylyklaryny goýmasalar, Biz seni olara musallat ederis. Şondan soň olar seniň ýanyňda uzak wagtlap durup bilmezler.
61. Olaryň hemmesi näletlenen ýagdaýda görlen ýerlerinde tutularlar we ýok edilerler.
 62. Bu Allanyň öň ötüp-geçenler hakdaky kanunydyr we Allanyň kanunyny üýtgetmäge hiç hili mümkinçilik tapmarsyň.
 63. Adamlar senden kyýamatyň haçan boljakdygyny sorarlar. Sen (olara): «Ol hakdaky maglumat diňe Allanyň ýanyndadyr» diýip aýt. Sen ony nädip biljek, ahyrzaman, belki, tiz wagtda bolar.
 64. Takyk, Alla inkär edenleri näletledi we olara ýalynly ot taýýarlady.
 65. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Şeýle hem olar özlerine ne bir hemaýatkär, ne- de bir kömekçi taparlar.
 66. Olar ýüzleri oda aýlandyrylan güni: «Käşgä, biz Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsadyk.
 67. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Biz baştutanlarymyza we kethudalarymyza eýerdik. Olar bolsa bizi ýoldan çykardylar.
 68. Eý, Perwerdigärimiz! Şonuň üçin olara iki esse azap ber we olary örän uly nälet bilen näletle!» diýerler.
69. Eý, iman getirenler! Siz Musa ezýet edenler ýaly bolmaň! Alla ony olaryň atýan şyltaklaryndan päkledi. Ol Allanyň nazarynda örän abraýly (pygamberdir).
 70. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň!
 71. (Bu sebäpli) Alla siziň işleriňizi ugruna eder we günäleriňizi geçer. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, ol örän uly üstünlige ýeter.
 72. Biz amanaty (Allanyň dinini) asmanlara, ýere we daglara teklip etdik, emma olar muny götermekden boýun towladylar we (onyň jogapkärçiliginden) gorkdular. Ony ynsan boýnuna aldy. Takyk, ol örän zalymdyr we nadandyr.
 73. Şonuň üçin Alla ikiýüzli erkekleri we ikiýüzli zenanlary, Alla şärik goşan erkekleri we şärik goşan zenanlary jezalandyrar. Iman getiren erkekleriň we iman getiren zenanlaryň tobalaryny bolsa kabul eder. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.