1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

4.135. Eý, iman getirenler! Dik durup Hakyň (tarapyny) tutuň! Ähli işlerde bar güýjüňiz bilen adalatly boluň! Alla üçin şaýatlyk edýän ynsanlar boluň! Egerde (hut) özüňize, ene-ataňyza we dogan- garyndaşlaryňyza (garşy) bolsa-da, şaýat kişiler boluň! Isle baý bolsun, isle garyp bolsun, (şaýatlykdan gaçmaň)! Çünki Alla olara sizden has ýakyndyr. Bes, (hakdan) dänip, (hiç haçan) nebsiňize boýun bolmaň! Eger (diliňizi) dişläp, (hakykaty bolşy ýaly aýtmakdan çekinseňiz) ýa-da (şaýatlykdan bütinleý) ýüz öwürseňiz, takyk, Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 113-nji süre: «Felak» («Säher»)

«Felak» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 5 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Felak» («Säher») sözünden alnandyr. Bu sürede ynsanlaryň özlerine gelip biljek dürli erbetliklerden Alla nähili sygynmalydygy, nädip Onuň gorag-penasyna girmelidigi beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2, 3, 4, 5. Aýt (eý, Muhammet!): «Men säheriň Perwerdigärine sygnyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere (üfläp jady edýän) jadygöýleriň şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena isleýärin!».