1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

20.110. Alla olaryň geljeklerini-de, geçmişlerini-de bilýändir. Olaryň ylmy bolsa Ony doly bilmeklige ýetmez.

Başy » Sözbaşy » 43-nji süre: «Zuhruf» («Zynatlar»)

«Zuhruf» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 89 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ady 35-nji aýatda agzalýan «Zynatlar» manysyny aňladýan «Zuhruf» sözünden gelip çykýar. Bu sürede gymmatbaha zatlardan gürrüň edilýändigi, emma Allatagalanyň ynsanyň elindäki gymmatbaha zatlaryna görä däl-de, tersine, onuň ynanç- ygtykadyna, gylyk-häsiýetine we ahlak- terbiýesine görä baha berýändigi habar berilýär. Şol sebäpden hem bu süre «Zuhruf» diýlip atlandyrylypdyr.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ha, Mim.
 2. Aç-açan kitabyň (Kuranyň) adyndan kasam bolsun!
 3. Siziň pikirlenip akyl ýetirmegiňiz üçin Biz ony arap dilinde (ýazylan) Kuran edip (inderdik).
 4. Ol Biziň ýanymyzdaky esasy kitapda (Lowhy-mahfuzda) saklanýan belent we hikmetli kitapdyr.
 5. Siz hetden aşyp, azan kowum bolandygyňyz üçin, sizi, Zikir (Kuran) arkaly duýdurman, öz erkiňize goýmalymy eýsem?
 6. Biz öň ötüp geçen milletlere ençe pygamberleri iberdik.
 7. Olar özlerine ugradylan pygamberleri ýaňsa alyp kemsidipdiler.
 8. Biz ol (ýaňsa alyp ýörenlerden) has sütemkärleri heläk edipdik. Öňki ötenleriň kyssalarynda (olar barada) beýän edilipdi.
 9. Kasam bolsun! Ol (Alla şärik goşanlara): «Asmanlary we ýeri kim ýaratdy» diýip sorasaň, olar: «Olary ähli zada güýji ýetýän we ähli zady bilýän Alla ýaratdy?» diýip aýdarlar.
 10. Ol (Alla) siziň üçin ýeri sallançak (mysaly ýaşamaga mümkinçilikli) edip ýaratdy we (dumly-duşa) gidip bilmegiňiz üçin dürli ýollary emele getirdi.
 11. Ol asmandan ölçegli mukdarda ygal ýagdyrýar. Biz onuň bilen öli (guran) ýurtlara jan berýäris. Ine, şonuň ýaly siz hem (kyýamat güni mazarlardan) direldilersiňiz.
12. Ol ähli jübütleri (jandarlary) ýokdan bar etdi. Siziň münmegiňiz üçin gämiler we haýwanlar ýaratdy.
 13. Şeýdip, olaryň üstüne münüp ýerleşeniňizde, Perwerdigäriňiziň nygmatlaryny ýatlap şeýle diýiň: «Ony biziň hyzmatymyza beren (Allany) päk bilip, mukaddes hasap edýäris. (Alla nesip etmedik bolsa) biziň güýjümiz bu zatlara ýetmezdi.
 14. Takyk, biz Perwerdigärimize dolanyp barmalydyrys».
15. Emma olar (kapyrlar) ýaradylan käbirlerini Onuň (Allanyň) bir bölegi (perzendi) diýdiler. Takyk, ynsan juda näşükürdir.
16. Ýogsa Alla Öz ýaradan zatlary bolan gyzlary Özüne alyp, oglanlary size berdimi?!
 17. Ol (şärik goşanlardan) biri Rahmana (Alla) ýöňkelýän gyz (perzendiniň) dünýä inendigi baradaky habary alanda, (gyzy bolsa) gahardan ýüzi üýtgäp gider.
 18. Olar bezenip-beslenip kemala getirilýän we söweş tilsimini bilmeýän (naçar gyzlary) islemeýärlermi eýsem?
 19. Olar Rahmanyň (Allanyň bendeleri bolan) perişdelerini hem gyz hasap etdiler. Olar perişdeleriň ýaradylan pursatyna şaýatlyk etdilermi? Olaryň bu güwälikleri ýazylyp goýlar hem-de (olar ahyretde) sorag edilerler.
 20. Olar: «Rahman (Alla) islesedi, Biz olara (Alladan özgelere) ybadat etmezdik!» diýdiler. Ýöne olaryň bu meselede bilýän zatlary ýokdur. Olar diňe ýalan sözleýärler.
 21. Ýa-da mundan öň Biz olara kitap berdikmi we olar şol kitaba (özlerini berip) ýapyşyp otyrlarmy eýsem?
 22. Ýok! (Gaýtam olar): «Biz diňe ata-babalarymyzyň belli bir dine uýýandyklaryny gördük we biz diňe olaryň ýoluna eýerýäris» diýerler.
23. Biz senden öň hem haýsy ýurda duýduryş beriji (pygamberi) iberen bolsak, şol ýurduň barjamlylary: «Ata-babalarymyzyň anyk bir dine uýýandyklaryny gördük, biz hem şolaryň yzlaryna eýereris» diýýärdiler.
 24. Pygamber olara: «Men size ata- babalaryňyzyň uýan dininden has dogrusyny getiren bolsam hem (eýerjek dälmi)?» diýende, olar: «Takyk, biz size iberilen zady inkär edýäris» diýdiler.
25. Biz olardan (jezalaryny bermek bilen) arymyzy aldyk. (Haky) ýalan hasaplaýanlaryň ahwalynyň nähili bolup gutarandygyny görüň!
 26. Ybraýym atasyna we kowumyna ýüzlenip: «Men siziň ybadat edýän zatlaryňyzdan juda daşdadyryn!
 27. Men diňe meni ýaradana iman getirýärin. Takyk, Ol meni dogry ýola salýar» diýipdi.
 28. (Ybraýym) özünden soň geljek (nesillere) goýup giden dinine ynsanlar (eýererler ýaly), bu sözüni müdimilik miras hökmünde galdyryp gitdi.
29. Takyk, Biz olary we ata-babalaryny özlerine hakykat hem-de pygamber gelýänçä sakladyk.
 30. Emma olara hakykat gelende: «Bu jadydan ybaratdyr, biz ony kabul etmeris» diýipdiler.
31. Ol (Alla şärik goşanlar): «Bu Kuran iki şäheriň (Mekgäniň we Medinäniň adamlarynyň) abraýlylaryndan birine iberilen bolsady (biz ony kabul ederdik)» diýdiler.
 32. Perwerdigäriň rahmetini, eýsem, olar paýlaýarlarmy? Ýaşaýyşlaryny üpjün edýän azyklaryny olara Biziň Özümiz paýlap berdik. Olaryň (ynsanlaryň) bir bölegi beýleki bir bölegini garamagynda saklasyn diýip, birek-biregi dereje taýdan tapawutlandyrdyk. Perwerdigäriň rahmeti olaryň ýygnan baýlyklaryndan has haýyrlydyr.
 33. Eger-de (iman getirmedik) ynsanlar (inkär etmekde bileleşip) bitewi ymmat bolmak howpuny döretmedik bolsalardy, onda Rahmany (Allany) inkär edenleriň öýleriniň üçeklerini we oňa çykylýan merdiwanlary kümüşden hem edip bererdik.
34. Öýleriniň gapylaryny we ýaplanyp dynç alynýan sekilerini hem (kümüşden ederdik).
 35. Biz olary zynatlara gark ederdik. Bularyň hemmesi diňe dünýädäki ýaşaýşyň serişdeleridir. Ahyret bolsa Perwerdigäriň ýanynda Allanyň azabyndan ägä bolup, onuň rahmetine sygynýanlaryňkydyr.
 36. Kim Rahmany (Allany) ýatlamakdan (Kurandan) gapyl gezse, ýanyndan aýrylman gezýän şeýtany oňa musallat ederis.
 37. Takyk, şeýtanlar olary dogry ýoldan azdyrsalar-da, olar özlerini dogry ýoldakylar hasap ederler.
38. Şeýtanyň dosty bolan kişi soň Bize gelende ol ýoldaşyna (ýüzlenip): «Käşgä, meniň bilen seniň araňda gündogar bilen günbataryň arasyndaky ýaly uzak aralyk bolan bolsady. Sen nähili erbet ýoldaş ekeniň!» diýer.
39. Zulum edendigiňiz sebäpli ol gün size (puşmanyň) peýdasy degmez. Sebäbi siz azaby bilelikde (dadarsyňyz).
 40. Eý, pygamber! Sen kerlere eşitdirip bilersiňmi? Ýa-da körleri we azanlary dogry ýola gönükdirip bilersiňmi?
 41. Biz seni olaryň arasyndan alyp gitsek- de, onda-da olardan arymyzy alarys.
 42. Ýa-da biz olara wada beren azabymyzy saňa hem görkezip bileris. Sebäbi Biziň güýjümiz olara-da ýeter.
 43. Sen özüňe (wahyý arkaly) iberilen habara mäkäm ýapyş! Elbetde, sen dogry ýolda, barýarsyň.
 44. Takyk, Kuran saňa we kowumyňa (iberilen) öwütdir. Geljekde (kyýamat gününde) siz (Kurana amal edişiňiz barada) jogapkärçilige çekilersiňiz.
 45. Biz olara: «Senden öň iberilen pygamberlerimiziň (ymmatlaryndan) soraň! Rahmandan (Alladan) özge hudaýlara ybadat ediň» diýipmidik?
46. Kasam bolsun! Biz Musany, aýatlarymyz bilen bilelikde, Fyrgawna hem-de onuň ýanyndaky egindeşlerine iberipdik. Musa olara: «Men älemleriň Perwerdigäri bolan (Allanyň) ilçisidirin!» diýipdi.
 47. Olara aýatlarymyz eltilen wagty, olar (aýatlary) ýaňsa alyp gülüpdiler.
 48. Olara görkezen her bir aýatymyz (mugjyzamyz) beýlekisinden has beýikdi. Dogry ýola girmekleri üçin, olary azaba duçar etdik.
 49. Üstesine-de, olar (Musa ýüzlenip): «Eý, jadygöý! Saňa beren wadasyna görä, biziň üçin Perwerdigäriňden dileg et! Çünki biz mundan beýläk dogry ýola gireris» diýdiler.
50. Emma Biz olardan azaby aýran wagtymyz, olar sözlerinden dändiler.
 51. Fyrgawn kowumyna ýüzlenip: «Eý, kowumym! Müsüriň mülki (emlägi) we töwereginden akyp duran akar suwlar meniňki dälmi eýsem? Henizem görmeýärsiňizmi?
52. Ýa-da men hor we sözüni düşündirip bilmeýän şu (peltek Musadan) hem has haýyrsyz görünýäňmi?
 53. Oňa altyndan bilezikler berlip, ýanynda bolsa kömekçi perişdeler ýoldaş bolup gelmeli dälmidi?» diýdi.
 54. (Şeýdip) Fyrgawn kowumyny aldady, olar bolsa Oňa boýun sundular. Hakykatda, olar ýoldan azan kowumdyr.
 55. Olar (Musa boýun bolman) gaharymyza duçar bolanlarynda, Biz olardan ar aldyk, (soň) hemmesini suwda gark etdik.
 56. Olary soňky geljek (inkär etjeklere) geçmiş bir ybrat we nusga edip goýduk.
 57. Merýem ogly Isa mysal getirilende, seniň kowumyň dessine gygyryşmaga başlady.
 58. Olar: «Biziň hudaýlarymyz has haýyrlymy ýa-da ol?» diýdiler. Muny saňa diňe jedelleşmek üçin aýtdylar. Takyk, olar juda dawaçyl kowumdyr.
 59. Ol diňe özüne nygmat berlen we ysraýyl ogullary üçin görelde edilip ugradylan bendedir.
 60. Eger Biz islesedik siziň araňyzdan ornuňyzy ýer ýüzünde dolduryp biljek perişdeleri ýaradardyk.
 61. Elbetde, ol (Isanyň täzeden gelmegi) kyýamatyň alamatlarynyň biridir. Siz ol barada hiç hili şübhe etmäň we Maňa eýeriň! Sebäbi bu iň dogry ýoldur.
 62. Hergiz şeýtan sizi dogry ýoldan azdyrmasyn! Takyk, ol siziň üçin gönüden-göni duşmandyr.
 63. Isa aýdyň deliller bilen gelende: «Men size hikmeti getirdim we düşünişmezlik edýän zatlaryňyzyň bir bölegini size beýan etmek üçin geldim. Beýle bolsa, Alladan gorkuň we maňa boýun egiň!
 64. Takyk, Alla meniň hem, siziň hem Perwerdigäriňizdir. Oňa ybadat ediň! Ine, bu iň dogry ýoldur» diýip aýdypdy.
 65. Emma olaryň arasyndan dörän toparlar gapma-garşylyga sezewar boldular. Gazaply azap gününde zalymlaryň haly harap bolar, waý, olaryň hallaryna!
 66. Olar duýdansyz ýagdaýdakalar kyýamat gününiň başlaryna gelmeginden başga nämä garaşýarlar?
 67. Ol gün takwa kişilerden başga (günä işlerde) birek-birege dost bolanlar duşman bolarlar.
 68. Eý, (Biziň aýatlarymyza iman getirip musulman bolan) bendelerim!
 69. Bu gün siziň üçin hiç hili gorky-howp ýokdur! Siz gamgyn hem bolmarsyňyz.
 70. Siz we jübütleriňiz hoşal bolup jennete giriň!
 71. Olara altyndan tabaklar we bulgurlar bilen hödür-kerem ediler. Ol ýerde göwünleriniň küýseýän, gözleriniň lezzet aljak ähli zatlary bardyr. Siz ol ýerde ebedi galarsyňyz.
 72. Olara: «Ine, bu eden amallaryňyzyň ýerine miras edilip berlen jennet!
 73. Ol ýerde siziň üçin köp miweler bardyr, olardan iýiň!» diýlip aýdylar.
 74. Takyk, günäkärler dowzah azabynda ebedi galarlar.
75. Olaryň azaplary ýeňilleşdirilmez we olaryň duçar bolan azaplary zerarly halas bolmakdan umytlary ýokdur.
 76. Biz olara zulum etmedik, emma olaryň özleri zalym adamlardy.
 77. Olar: «Eý, (dowzahyň sakçysy) Mälik! Perwerdigäriň biz barada höküm bersin (janymyzy alsyn)» diýip ýüzlenerler. Mälik olara: «Siz şeýdip galarsyňyz» diýip aýdar.
 78. Kasam bolsun! Biz size hakykaty getirdik, emma siziň köpüňiz hakykaty halamaýarsyňyz.
 79. Belki, olar (Alla şärik goşanlar) bir işi berjaý etmek barada karara gelendirler! Takyk, Biz hem karara geldik.
 80. Ýa-da olar Biziň özleriniň syrlaryny we gizlinlikde edýän gürrüňlerini eşitmeýändiris diýip güman edýändirler.
 81. Aýt: «Eger Rahmanyň (Allanyň) perzendi bolsady, elbetde, men oňa gulluk edýänleriň ilkinjisi bolardym».
 82. Asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäri, Arşyň eýesi bolan Alla olaryň ýöňkeýän kemçiliklerinden päkdir.
83. Sen olary öz erkine goý! Özlerine söz beriljek gününe ýetýänçäler, ýalana çümüp, oýnap ýörübersinler
. 84. Asmandaky hudaý hem, ýerdäki hudaý hem (Allanyň) Özüdir. Ol hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir.
 85. Asmanlara, ýere we ikisiniň aralygynda bar bolan hemme zada eýeçilik edýän Alla nähili beýikdir! Kyýamatyň haçan gopjakdygyny bilmek hem Oňa mahsusdyr. Siz Oňa dolanyp bararsyňyz.
 86. Alladan özge (dileg edip) çagyrýanlaryňyz size şepagat edip bilmez. Diňe ylym bilen hakykata şaýatlyk edenler, elbetde (şepagata ýeterler)
. 87. Kasam bolsun! Eger-de olardan özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň elbetde, «Alla» diýip aýdarlar. (Eýsem) onda name üçin (Alla gulluk etmekden) ýüz öwürýärsiňiz?
 88. (Allanyň pygamberi): «Eý, Perwerdigärim! Bular iman getirmeýän kowumdyr» diýdi.
 89. Alla: «Häzirlikçe sen olardan ýüz öwür we olara «Size salam bolsun!» diýip aýt. Olar tiz wagtda (hakykaty anyk) bilerler» diýdi.