1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

18. 65. Olar özüne biziň tarapymyzdan rahmet (wahyý we pygamberlik) berlen bendelerimizden bir bendäni (Hydyry) gördüler. Biz oňa Öz ylmymyzdan bir ylym hem öwredipdik.

Başy » Sözbaşy » 92-nji süre: «Leýl» («Gije»)

«Leýl» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 21 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Gije» manysyndaky «Leýl» sözünden alnandyr. Bu sürede ynsanyň zähmet çekmegi, gaýrat-tagalla etmegi, manyly ömür geçirmegi üçin etmeli işleri, ýagşylaryň we ýamanlaryň ahyretdäki netijeleri barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Tümlügi bilen) gurşap alýan gijä!
 2. Ýagtylyk salýan wagty gündize!
 3. Erkegi we aýaly ýaradana kasam bolsun!
 4. Elbetde, siziň işleriňiz dürli-dürlüdir
. 5, 6, 7. Kim (emlägini Allanyň ýolunda) sarp etse, günälerden saklansa we iň gowyny (Allanyň birligini) tassyklasa, Biz oňa iň aňsady (jenneti) miýesser ederis.
 8, 9, 10. Ýöne kim husyt bolup, özüni hiç zada mätäç hasaplamasa we ol iň ýagşy (sözi) ýalan hasaplasa, ony iň kyna (dowzaha) salarys.
 11. (Aşaklygyna) togalanyp (dowzaha düşen) wagty mal-mülküniň oňa peýdasy degmez.
 12. Dogry ýoly görkezmek, elbetde, Biziň işimizdir.
13. Ahyret ýaly, dünýä hem, elbetde, Bize degişlidir.
 14. Ine, Men size alaw saçýan bir oduň bardygyny duýdurýaryn.
 15, 16. Ol (oda dini) ýalan hasaplap, ýüzüni öwren betbagt günäkärden başgasy girmez.
 17, 18. (Emma Alla özüne) garşy gelmekden gorkany we (özüni günälerden) saplamak üçin (Allanyň ýolunda) emlägini sarp edeni ondan daş saklar.
 19. Ol (kişi) beren zadyny özüne edilen bir ýagşylygyň öwezi hökmünde bermez. (Bereni sebäpli, hiç kimden sylaga hem garaşmaz).
 20. (Ol beren zadyny) diňe beýik Perwerdigärini razy etmek üçin berer.
 21. Özi hem ahyretde, elbetde hoşnut bolar.