1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3.200. Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup (taýynlykly we ätiýaçly) boluň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!

Başy » Sözbaşy » 8-nji süre: «Enfäl» («Oljalar»)

«Enfäl» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 75 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Oljalar» manysyny aňladýan «Enfäl» sözünden alnypdyr. Bu sürede Alla şärik goşanlaryň ýeňlişe sezewar boljakdyklary, Bedr söweşinde bolup geçen wakalar, bu söweşden çykarylmaly netijeler barada aýdylyp, möminlere iman, arkalaşma‚ söweş‚ şertnamalar, oljalar‚ sabyr we ähde wepalylyk‚ tertip-düzgün ýaly meselelerde nesihat berilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. (Eý, Muhammet!) Senden oljalaryň (nähili paýlanylmalygy hakynda) sorarlar. Sen olara: «Olja (paýlaşmagyň hökümi) Alla we pygambere degişlidir. Şonuň üçin, eger hakyky mömin bolsaňyz‚ Alladan gorkuň‚ birek-biregiň arasyny düzediň‚ Alla we Onuň ilçisine boýun boluň!» diýip aýt. Düşündiriş: Bedr söweşinde ele salnan oljalary paýlaşmakda ýaşlar bilen garrylaryň arasynda dawa ýüze çykanda ýokardaky aýat inýär. Munuň netijesinde hem pygamberimiz oljalary olaryň arasynda deň paýlaýar.
 2. Möminler (ýanlarynda) Alla ýatlanylanda, (gorkudan ýaňa) ýürekleri sandyrar‚ Onuň aýatlary okalanda bolsa, imanlary artar we olar diňe Perwerdigärine bil baglap‚ Oňa daýanarlar.
 3. Olar namazy doly berjaý edip, özlerine nesip eden emläklerini haýyrly işlere sarp ederler.
 4. Ine‚ hakyky möminler şolardyr. Olara özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda jennetde beýik derejeler‚ ýalkaw we mübärek rysgallar (nygmatlar) bardyr.
 5, 6. Perwerdigäriň seni wajyp iş (söweş) üçin öýüňden çykaran wagty, möminleriň käbiri muňa begenmändiler. Hakykat aýdyň ýüze çykandan soň hem, olar seniň bilen jedel edýärdiler. Olar gözleri görüp durka‚ hamana özleri ölümiň öňüne itilýän ýalydy.
 7, 8. Alla iki topardan (mekgelileriň siziň Mekgedäki baýlyklaryňyz ýüklenen kerweninden we kuraýşyň goşunyndan) birini siziň ýeňjekdigiňizi wada berende‚ olardan ýaragsyz toparyň (kerweniň) siziňki bolmagyny arzuw edýärdiňiz. Hakykatda bolsa‚ Alla buýruklary bilen haky üstün çykarmak‚ şärik goşmagyň güýjüni ýok edip‚ kapyrlaryň köküni kesmek isleýärdi hem-de, Alla şärik goşan ol topar islemese-de, «Hak bolan (yslam) beýgelsin‚ batyl bolan (şärik goşmaklyk) ýok bolup gitsin» diýýärdi.
 9. Şol wagt siz Perwerdigäriňizden ýardam isleýärdiňiz. Ol: «Men yzly-yzyna geljek müň perişde bilen dadyňyza ýetişerin!» diýip‚ dilegleriňizi kabul edipdi. Düşündiriş: Bedr söweşinde Allanyň ilçisi sahabalarynyň (egindeşleriniň) azlygy‚ kapyrlaryň köplügi sebäpli, kybla ýüzlenip‚ şeýle doga-dileg etdi: «Eý, Allam! Maňa beren wadaňy ýerine ýetir‚ eger bu musulmanlary heläk etseň‚ soň ýer ýüzünde Saňa ybadat etjek hiç kim galmaz». Pygamber aleýhissalam bu dogany birnäçe gezek gaýtalady. Allatagala hem onuň dilegini kabul etdi we müň perişde bilen musulmanlary gollady. Aýat şu zatlara yşarat edýär. Kuraýşyň goşuny musulmanlardan has öň gelip Bedr guýusynyň töweregini eýeläpdi. Musulmanlar bolsa teşnediler. Ýerleşen ýerleri hem çäge bolany üçin, hereket etmek kynlaşýardy. Ýagan ýagyş olaryň ýüreklerindäki howsalany aýyrdy‚ ruhlaryny belende göterdi‚ teşneliklerini gandyrdy. Şonuň ýaly-da, ýagyş çägäni berkidip‚ söweşmäge oňaýly şert döretdi.
 10. Alla muny (perişdeleriň kömegini) size bir buşluk bolsun hem-de kalplaryňyz aram tapsyn diýip etdi. Elbetde, ýardam diňe Alla tarapyndyr. Çünki Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 11. Duşman gorkusyndan gözüňize uky gelmeýän wagty Allanyň size beren rahatlygy bilen sähelçe irkilmäge mümkinçilik aldyňyz. Sizi tämizlemek‚ şeýtanyň berýän howsalasyny‚ was- wasysyny gidermek‚ kalplaryňyza kuwwat bermek hem-de söweş meýdanynda aýaklaryňyzyň mäkäm durmagy üçin Alla asmandan üstüňize suw inderýärdi.
 12. Perwerdigäriňiz perişdelere şeýle ylham berýärdi: «Men siziň bilendirin‚ sizem möminlere ynam-gaýrat beriň! Men kapyrlaryň kalplaryna gorky salaryn. Boluň‚ olaryň boýunlaryny sogruň‚ olaryň ähli barmaklaryna uruň!».
13. Takyk, olar Alla we Onuň ilçisine garşy çykdylar. Kim Allanyň we ilçisiniň garşysyna çyksa‚ bilip goýsun‚ Allanyň jezasy ýowuzdyr!
14. Ýeri‚ eý‚ kapyrlar! Ýeňlişe sezewar bolmagyňyz Allanyň size beren bir azaby! Häzirlikçe bu jezanyň tagamyny dadyp görüň, mundan başga kapyrlara dowzah azaby hem bardyr!
15. Eý‚ iman getirenler! Goşun bolup kapyrlar bilen ýüzbe-ýüz çaknyşan wagtyňyz olardan yzyňyza öwrülip gaçmaň!
16. Kim beýle (söweş) gününde‚ eger gaýtadan baryp söweşmek üçin ýa-da başga bir topara goşulmak bilen bagly hereket bolmadyk halda duşmandan (yzyna öwrülip) gaçsa‚ ol Allanyň gazabyna duçar bolar. Onuň barjak ýeri dowzahdyr‚ bu nähili erbet netijedir!
 17. Siz söweşde olary öz güýçleriňiz bilen öldürmediňiz‚ eýsem‚ olary Alla öldürdi. (Eý, Muhammet! Topragy zyňan mahalyň) sen zyňmadyň‚ ony Alla zyňdy. Alla muny möminleri ajaýyp bir synagdan geçirmek üçin etdi. Elbetde, Alla ähli zady eşidýändir, bilýändir. Düşünidiriş: Iki tarap söweşe girişen wagty, hezreti pygamber aleýhisslam eline bir gysym çäge alyp: «Ýüzleri gursun!» diýip‚ duşman tarapyna zyňýar. Her kapyryň gözüne bir gysym çäge giren ýaly bolup‚ olar gözlerini owkalaşyp başlaýarlar. Goşunda tertip-düzgün ýitýär. Söweşden soň öwünýän musulmanlar hakykaty bilsinler diýip‚ olara bu aýatda bular ýatladylýar.
 18. Ine, (Alla size şeýle kömek etdi.) Elbetde, Alla kapyrlaryň ähli (edenlerini‚ guran duzaklaryny puja çykarar.
 19. (Eý‚ Alla şärik goşanlar!) Siz ýeňiş isleýärsiňizmi? Ine‚ size gerek bolsa, ýeňiş! Siz (pygamberi) inkär etmekden dänseňiz, bu siziň üçin bähbitli bolar. Eger ýene-de söweşe başlasaňyz‚ onda Bizem başlarys! Sanyňyz köp hem bolsa‚ size hiç peýdasy degmez‚ çünki Alla möminler bilendir.
 20. Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisine boýun boluň‚ (Kuranyň we Allanyň ilçisiniň) öwütlerini eşidip durkaňyz‚ ondan ýüz öwürmäň!
21. Boýun bolmak islemänsoňlar, diňlemeseler hem diňleýän ýaly bolup, soň bolsa, «eşitdik» diýenler ýaly bolmaň!
 22. Çünki Allanyň nazarynda (ýer ýüzündäki) jandarlaryň (ynsanlaryň) iň erbedi‚ akyllaryny ulanmaýandyklary üçin ker we lal bolanlardyr.
 23. Elbetde‚ Alla olardan belli bir haýryň boljagyny bilsedi‚ olara eşitdirerdi. Ýöne olar ynanmak ukybyny ýitirensoňlar, hak sözi eşitseler-de‚ ýene ýüz öwrüp giderler.
 24. Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisi sizi direltjek ýa-da ebedi ýaşaýşa ýetirjek hakykata çagyryp durkalar boýun boluň! Bilip goýuň! Alla ynsan bilen onuň kalbynyň arasyna girer we siz soň Onuň huzurynda jemlenersiňiz.
 25. Pitneden gorkuň! Sebäbi onuň zyýany diňe zulum edenlere degmez, eýsem hemmäňizi weýran eder. Allanyň azabynyň ýowuzdygyny bilip goýuň!
26. Pikirlenip görüň‚ bir wagtlar siz bu ýeriň ýüzünde az sanlydyňyz we ejizdiňiz. Hatda ynsanlaryň sizi horlap sütem etjekdiklerinden hem heder edýärdiňiz. Bu ýagdaýdakaňyz Alla size ýer-ýurt nesip etdi‚ ýardam berip, sizi goldady‚ siziň şükür etmegiňiz üçin size päkize we halal zatlar bilen rysgalyňyzy artdyrdy.
27. Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisine hyýanat etmäň‚ bilip durkaňyz özüňize degişli amanatlara hem hyýanat etmäň!
 28. Bilip goýuň‚ siziň gazananlaryňyz we perzentleriňiz diňe synagdyr. Beýik sylag bolsa ahyretde Allanyň ýanyndadyr.
 29. Eý‚ iman getirenler! Siz Alladan gorkup‚ haramdan saklansaňyz‚ Alla size hakykaty ýalandan saýlap biljek paýhas güýjüni berer‚ siziň günäleriňizi örter‚ sizi ýalkar. Alla beýik merhemet eýesidir.
 30. Bir wagtlar kapyrlar seniň eliňi- goluňy baglap‚ zyndana atalymy ýa- da ýok edelimi‚ ýa-da seni ýurtdan kowalymy diýip, ençe duzak gurnapdylar. Olar duzak gursa gurubersinler‚ Alla hem olara duzak gurýandyr. Alla duzak gurýanlaryň iň ökdesidir.
 31. Olar biziň aýatlarymyz okalan wagty: «Eşitdik! Islesek‚ bizem muňa meňzeşini oýlap taparys. Bu öň ötüp geçen ynsanlaryň toslan rowaýatlaryndan başga zat däl» diýerler.
 32. Hany, bir wagtlar olar: «Eý‚ Perwerdigärim! Eger bu Kuran Seniň tarapyňdan gelen hak kitap bolsa‚ häziriň özünde üstümize asmandan daş ýagdyr ýa-da bize agyr bir azap ber!» diýipdiler.
 33. Ýöne sen olaryň arasyndakaň, Alla olara azap bermez, eger olar (toba etseler) hem-de günäleriniň geçilmegi üçin ýalkaw dileseler, onda Alla olara azap bermekçi däldir.
 34. Eýsem‚ Alla olary neneň jezalandyrmasyn? Sebäbi olar Mesjidi- Haramyň (Käbäniň) mynasyp hak eýeleri bolmasalar-da‚ ony zyýarat etmek isleýän möminleri yzyna gaýtarýarlar! Ol (ýere hyzmat etmäge we ony dolandyrmaga) mynasyp bolanlar (Allany hormatlap‚ Oňa şärik goşmakdan saklanan) takwalardyr. Ýöne olaryň aglabasy muny bilmezler.
 35. Olaryň Mesjidi-Haramdaky dileg- dogalary bolsa sykylyk atyp‚ el çarpmakdan başga zat däldir! Küpür edýänlerden bolanyňyz üçin‚ hany‚ azaby dadyp görüň! Düşündiriş: Mekgeli kapyrlar, hezreti Ybraýym aleýhissalamyň dininiň aslyny üýtgedişleri ýaly, haj ybadatyny hem üýtgedipdiler. Erkek- aýal‚ ýarym ýalaňaç‚ el-ele tutuşyp‚ Käbäniň töwereginde aýlanardylar‚ sykylyk atyp‚ el çarpyşýardylar. Pygamberimiz Käbä gelende‚ oňa garşylyk hökmünde bu hereketlerini has- da artyrdyrýardylar we muny ybadat hökmünde edýärdiler.
 36. Kapyrlar, ynsanlary Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak üçin, gazançlaryny sarp edýärdiler. Olar ýene-de sarp ederler! Emma maksatlaryna ýetmänsoňlar‚ bu olar üçin ýürek agyrysy bolar‚ soň hem olar ýeňlişe sezewar edilerler. (Haky) inkär edenler jemlenilip, dowzaha ugradylar.
37. Alla murdary päkizeden (mömini kapyrdan) aýyrar‚ murdary biri-birleriniň üstüne mündürip‚ hemmesini bir ýere jemlär hem-de üýşürip, hemmesini birlikde dowzaha salar. Ine‚ zyýan çekenler şolardyr.
 38. (Eý‚ Muhammet!) Kapyrlara aýt: «Eger (pygambere duşmançylykdan ýüz öwrüp) yslama girseler‚ olaryň öňki eden günäleri bagyşlanar. Ýok‚ eger ýene duşmançylyga baş goşjak bolsalar‚ onda özleri ýalylaryň başyna gelen ahwalat olaryň hem depesinden iner!».
 39. Pitne (bütinleý) ýok edilip‚ din Alla üçin (berkarar) bolýança‚ olara garşy söweşiň! Eger (pitneden) ýüz öwürseler‚ olara degmäň! Alla olaryň edýänlerini görýändir.
 40. Eger kapyrlar täzeden pitnä baş goşsalar‚ onda bilip goýuň‚ Alla siziň penakäriňizdir. Ol nähili ajaýyp Hossardyr‚ nähili ajaýyp Kömekçidir!
 41. Eger Alla we iki goşunyň gapma- garşy gelen‚ hak bilen batylyň aýan edilen (Bedr söweşi) güni bendämize (Muhammede) inderen aýatlarymyza iman getirýän bolsaňyz‚ bilip goýuň! Söweşde alnan oljanyň bäşden biri Alla üçin, pygambere, onuň ýakyn neberesine‚ ýetimlere‚ garyp-gasarlara we ýolagçylara degişlidir. Bu hökümi bolşy ýaly kabul ediň! Allanyň ähli zada güýji ýetýändir. Düşündiriş: Oljanyň bäşden biri Allanyň ýoluna sarp edilmek üçin aýrylyp‚ galan dördi bolsa esgerlere paýlanýar. Bäşden bir bölegi şu aýatda beýan edilen bäş topara paý edilýär. Bu mesele baradaky giňişleýin hökümler yslam hukugy kitaplarynda anyk getirilýär. Pygamberimiz öz paýyny mätäçlere paýlar eken.
42. Hany‚ (Bedr söweşi güni‚ eý‚ musulmanlar) siz jülgäniň ýakynyndadyňyz (Medine tarapyndadyňyz)‚ olar hem uzak (Mekge) tarapyndady. Kerwen bolsa sizden has aşakda (deňziň ýakasyndady). Eger öňünden dilleşen bolsaňyzam‚ bellenilen wagtda, şeýdip, duşuşyp bilmezdiňiz. Ýöne Alla‚ takdyr eden işini amala aşyrmak üçin, sizi şeýle ýagdaýda duşuşdyrdy. Bu ýerde heläk boljaklar äşgär delili görüp heläk bolsun‚ sag-aman galanlar hem äşgär delili görüp ýaşasyn. Çünki Alla ähli zady eşidýändir we bilýändir.
 43. Hany, ýatla‚ Alla saňa düýşüňde (Alla şärik goşanlaryň) esgerleriniň sanyny az edip görkezipdi. Eger olary köp görkezen bolsady‚ howsala düşüp‚ buýruk bermekde düşünişmezlik ýüze çykardy. Ýöne Alla sizi mundan halas etdi. Çünki Ol (ynsan) synalarynda gizlenýän ähli zady gowy bilýändir.
 44. (Allanyň takdyr eden işini) amala aşyrmak üçin gapma-garşylyga gelen wagtyňyz, duşmanlary siziň gözleriňize az görkezýärdi‚ sizi hem olara az görkezýärdi. Bütin işlerde ahyr soňky höküm Oňa degişlidir.
 45. Eý‚ iman getirenler! Söweş wagty duşman bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda, (yza tesmäň) mert duruň! Allany köp ýatlaň! Myradyňyza ýetersiňiz.
 46. Alla we Onuň ilçisine boýun boluň‚ agzala bolmaň‚ ýogsa howsala düşüp ejizlärsiňiz‚ güýç-kuwwatyňyz gider! Hemişe sabyrly boluň! Çünki Alla sabyr edýänler bilen biledir.
47. Gedemlik edip‚ il gözüne görünjek bolup‚ ynsanlary Alla ýolundan daşlaşdyrmak niýeti bilen (Bedr söweşi güni) ýurtlaryndan (Mekgeden) çykan kapyrlar ýaly bolmaň! Alla olary ähli tarapdan gurşap alandyr.
48. Şol mahal şeýtan olara eden işlerini ajaýyp görkezip: «Bu gün ynsanlardan sizi ýeňjek hiç kim ýokdur. Men hem size hemaýatkärdirin!» diýipdi. Ýöne iki goşun çaknyşan wagty şeýtan yzyna öwrülip: «Men sizden bizar, men siziň görmeýän zatlaryňyzy (perişdeleri) görýärin‚ men Alladan gorkýaryn. Allanyň azaby örän elhençdir» diýdi.
 49. Şol wagt mynapyklar we kalplarynda şek-şübhe bolanlar: «Bulary (musulmanlary) öz dinleri aldawa saldy. (Çünki özlerinden has güýçli goşun bilen söweşe çykýarlar)» diýişdiler. Ýok, beýle däl! Kim Alla ynanyp‚ Oňa bil baglasa‚ Alla oňa ýeterlikdir. Elbetde, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 50. Perişdeler kapyrlaryň ýüzlerine we arkalaryna urup: «Dadyň bakaly‚ alawlap ýanmagyň azabyny!» diýip‚ olaryň janlaryny alanlarynda bir görsediň!
 51. (Perişdeler): «Ine‚ bu siziň gazanan zadyňyz. Ýogsa Alla hiç haçan bendelerine zulum etmez» diýerler.
52. (Bularyň bolşy) Fyrgawnyň kowumynyň we ondan öňki zalymlaryň özlerini alyp baryşlary ýaly boldy. Olar Allanyň aýatlaryny inkär etdiler‚ Alla-da olary günäleri zerarly azap bilen tutdy. Çünki Alla örän kuwwatlydyr‚ azaby juda elhençdir.
 53. Munuň sebäbi, eger bir millet özünde bar bolan zady (ýagşy ahlak häsiýetlerini) üýtgetmese‚ Alla-da olara beren nygmatyny‚ (ýagşy ýagdaýy) üýtgetmez. Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 54. Fyrgawnyň kowumynyň we olardan öňki zalymlaryň özlerini alyp barşy ýaly, olar hem özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryna ýalan diýdiler. Biz hem günäleri sebäpli, olary ýok etdik. Fyrgawny we ýanyndakylary deňze gark etdik. Dogrusy, bularyň hemmesi hem zalymdylar.
 55. Allanyň nazarynda bütin janly- jandarlaryň içinde iň erbedi (Allany) inkär edenlerdir. Olar iman getirmezler.
 56. (Olaryň arasynda) seniň bilen şertnama baglaşyp, soň (Alladan) gorkman, her gezek ylalaşygy bozan kişiler hem bardyr.
57. Söweşde olara (şertnamalaryny bozanlara) gabat gelseň, olary ele salsaň, olary öldürip dagat. (Goý beýleki duşmanlara-da ybrat bolsun). Şeýdip, akyllaryna aýlansynlar! Düşündiriş: Hezreti pygamber Beni kuraýza ýahudylary bilen bir şertnama baglaşypdy. Olar musulmanlaryň garşysyna hiç kime goldaw bermezligi kabul edipdiler. Muňa garamazdan, olar Bedr söweşinde Mekgeli kapyrlara ýarag kömegini etdiler. Baştutanlary Kagp ibn Eşref bolsa, Mekgä gidip‚ ol ýerde kapyrlara ýaran boldy. Beni kaýnuka ýahudylarynyň hem, şertnama garamazdan‚ öz bolýan ýerlerine gelen käbir musulman aýallary bimaza edip‚ hezreti pygamber tarapyndan duýduryş almaklaryna öýkeli jogap berdiler. Aýat şol ýagdaýlarda inipdir.
 58. (Seniň bilen şertnama baglaşan) bir kowumyň (ylalaşyga ters gelip) hyýanat etmeginden çekinseň, olara şertnamanyň ýatyrylandygyny yglan et! Alla hyýanatçylary hiç haçan halamaz.
 59. Inkär edenler halas bolandyrys öýtmesinler. Olar Biziň elimizden sypmazlar.
60. Olara (duşmanlara) garşy ýagdaýyňyz ýetdiginden güýç we söweş atlaryny taýýarlaň! (Onuň bilen) Allanyň duşmanlaryny‚ siziň duşmanlaryňyzy we olaryň aňyrsynda siziň bilmeýän‚ diňe Allanyň bilýän başga duşmanlaryňyzy- da gorka salarsyňyz. Allanyň ýolunda näme sarp etseňiz‚ onuň öwezi size nogsansyz gaýtarylyp berler‚ size hiç hili zulum edilmez.
61. Eger olar ýaraşmakçy bolsalar‚ sen olar bilen ylalaş hem-de Alla bil bagla! Çünki Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
62, 63. Eger olar (ylalaşyk edip) seni aldamak isleseler‚ Alla seniň üçin ýeterlikdir. Öz kömegi bilen seni we möminleri goldan hem Alladyr. Ol (Alla) olaryň (möminleriň) kalplaryny birek- birege ysnyşdyrdy. Eger-de sen dünýäde bar bolan ähli zatlary sarp etseň-de‚ olaryň kalplaryny birleşdirip bilmezdiň. Ýöne Alla olaryň (arasyny) ysnyşdyrdy. Çünki Ol Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir.
 64. Eý‚ pygamber! Alla saňa we özüňe eýeren möminlere ýeterlikdir.
 65. Eý‚ pygamber! Möminleri söweşe höweslendir! Eger sizden ýigrimi sany sabyrly kişi bolsa‚ olar (kapyrlardan) iki ýüz (duşmany) ýeňer. Eger sizden ýüz (sany sabyrly) kişi bolsa, kapyrlardan müň (duşmany) ýeňer. Çünki kapyrlar hakykaty bilmeýän kowumdyr.
 66. Emma häzir Alla sizde (söweş etmek meselesinde) ejizligiň bardygyny bilip, ýüküňizi ýeňletdi. Bu ýagdaýda sizden sabyrly ýüz kişi, Allanyň eradasy bilen, iki ýüz (kapyrdan) üstün çykar we eger sizde müň kişi bar bolsa‚ olaryň (kapyrlaryň) iki müňüsini ýeňer. Takyk, Alla sabyrly kişiler bilendir.
 67. Islendik pygambere, ýer ýüzünde (küpüri doly ýok edip) hak din rowaçlyk tapýança, ýesirden (töleg alyp, ony azat etmek) dogry däldir. Siz dünýäniň wagtlaýyn zatlaryny isleýärsiňiz. Alla bolsa (siziň) ahyreti (gazanmagyňyzy) isleýär. Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. Düşünidiriş: Bedr söweşinde kapyrlardan ýetmiş kişi ýesir alynýar. Hezreti Ebu Bekriň maslahat bermegi bilen pygamberimiz ol ýesirlerden fidýe tölegini alyp, olary goýberýär. Ýokardaky aýat hem bu hereketiň nädogrudygyny habar bermek üçin inderilýär.
 68. Alla tarapyndan öň berlen bir höküm bolmadyk bolsady‚ alan fidýäňiz (puluňyz) üçin size hökman elhenç bir azap berlerdi.
 69. Indi ele salan oljalaryňyz halal we päkdir‚ arkaýyn iýiberiň! Hem-de Alladan gorkuň! (Bilip, goýuň!) Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, rehim-şepagatlydyr.
70. Eý‚ pygamber! Elleriňizdäki ýesirlere aýt: «Eger Alla siziň kalplaryňyzda haýyr (ýagşy niýet‚ iman we yhlasa ymtylyşy) görse, sizden alnan fidýelerden has haýyrlysyny size berer we günäleriňizi bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr‚ Rehim-şepagatlydyr».
 71. Eger saňa hyýanat etmek isleseler‚ berk bilsinler‚ olar öň hem Alla hyýanat edipdiler. Alla olaryň garşysyna saňa mümkinçilik we kuwwat berip‚ soňunda olary seniň eliňe düşürdi. Alla ähli zady bilýändir‚ hikmet eýesidir.
 72. Iman getirip‚ Allanyň ýolunda hijret (göç) edenler‚ emläkleri we janlary bilen söweşenler we olara arka çykan ensarlar (medineli musulmanlar), ine‚ olar birek- biregiň dostlarydyr (biri-birleriniň mirasdüşerleridir). Iman getirip‚ hijret (göç) etmeýänler bolsa‚ olar hijret (göç) edýänçäler, size olaryň mirasyndan paý ýokdur. Eger olar din barada ýardam isleseler‚ siziň bilen şertnamasy bolan başga kowumyň garşysyna bolmasa‚ kömek etmek siziň borjuňyzdyr. Alla siziň etjekleriňizi bolşy ýaly görýändir. Düşündiriş: Möminleriň 622-nji ýylda Medinä göçmekleriniň yz ýanynda hezreti pygamber aleýhissalam göç edenler (muhajyrlar) bilen olara ýardam berenleriň (ensarlaryň) arasynda dogan okaşdyrýar. Olar biri-birlerine mirasdüşer bolýarlar. Emma soň inderilen bu süräniň 75-nji aýaty bu doganlygyň miras bilen bagly hökümini ýatyryp‚ diňe ýakyn hossarlaryň biri-birine mirasdüşer bolup biljekdigini görkezýär.
 73. Dini inkär edenler biri-birlerine dostdurlar (arka çykarlar). Eger siz hem biri-biriňize goldaw bermeseňiz‚ dünýäde pitne gopar‚ elhenç bozgaklyk‚ bulam-bujarlyk ýüze çykar.
 74. Iman getirip‚ hijret (göç) edenler‚ Allanyň ýolunda söweşip‚ olara gujak açyp ýardam berenler (ensarlar), ine‚ hakyky möminler şolardyr. Olar ýalkanarlar we rysgallaryny hem bimöçber berler.
 75. Mundan öň iman getirip‚ hijret (göç) edenler‚ siziň bilen bilelikde söweşenler‚ ine‚ şolar hem siziň bilen deňdir. Allanyň hökümine görä‚ (dogan okaşanlar däl- de) ýakyn dogan-garyndaş bolanlar biri-birlerine mirasdüşer bolmaga has laýykdyrlar. Takyk, Alla ähli zady eşidýändir, bilýändir.