1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.

Başy » Sözbaşy » 23-nji süre: «Mu’minun» («Möminler»)

«Mu’minun» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 118 aýatdan ybaratdyr. Sürede möminleriň ahlak ýörelgeleri we olara ahyretdäki beriljek nygmatlar barada gürrüň gozgalýandygy üçin bu at berlipdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. (Aşakdaky wasplary özlerinde jemleýän) möminler (bagtyýarlyga ýetip) halas bolarlar.
 2. Olar namazlaryna pespällik, doly edeplilik bilen durýandyrlar.
 3. Olar biderek gürrüňlerden ýüz öwürýändirler.
 4. Olar zekat berýändirler.
 5. Olar jynsy agzalaryny (namyslaryny) goraýandyrlar.
 6. Olar diňe aýallaryndan we gol astyndaky (gyrnaklaryndan) goramazlar, çünki olar bu babatda ýazgarylmaýarlar.
 7. Eger kim munuň çäginden çyksa, onda olar (diniň) çägini aşanlardyr.
 8. Olar öz amanatlaryna we wadalaryna wepalydyrlar.
 9. Olar namazlaryna gaýymdyrlar.
 10. Olar hakyky mirasdüşerdirler.
 11. Olar «Firdöws» (jennetini) miras alarlar. Olar şol ýerde baky galarlar.
 12. Takyk, Biz ynsany (ýerden alnan) palçykdan ýaratdyk.
13. Soň ony ynamly bir ýerde damja suw edip goýduk.
14. Soň bu damja suwy gan lagtasy edip ýaratdyk. Gan lagtasyny bölejik et edip ýaratdyk. Bölejik eti-de süňk edip ýaratdyk. Süňke bolsa et geýdirdik. Soň hem ony başga bir ýaradylan (adam) görnüşinde ýaratdyk. Ýaradyjylaryň iň haýyrlysy bolan Alla örän Beýikdir.
 15. Soň siz munuň yzyndan (ýaşanyňyzdan soň), elbetde, ölersiňiz.
 16. Soň hem siz kyýamat güni tazeden direldilersiňiz.
17. Biz, takyk, siziň üstüňizde ýedi gat (asmany) ýaratdyk. Biz ýaradan zatlarymyzdan gapyl däldiris.
 18. Biz asmandan bir mukdar suw inderdik we ony zemin içre ýerleşdirdik. Biziň şol suwy düýbünden ýok etmäge- de güýjümiz ýetýändir.
 19. Biz şol suwuň üsti bilen siziň üçin hurma we üzüm bakjalaryny döretdik. Siziň iýmegiňiz üçin bu bakjalarda köp miweler bardyr.
 20. Ýene (şol suwuň üsti bilen) Sina dagyndan çykýan bir agaç (zeýtun agajy) döretdik. Bu agaçdan ýag alynýar hem- de iýýänler tarapyndan (eline, ýüzüne, endamyna) çalynmak üçin ulanylýar.
 21. Elbetde, haýwanlarda siziň üçin ybratlar bardyr. Biz size olaryň garynlaryndaky zatlardan (süýtden) içirýäris. Başga-da olarda siziň üçin ençeme bähbitler bar we olaryň içinden siziň iýýänleriňiz hem bar.
 22. Siz haýwanlaryň, şeýle hem gämileriň üstünde äkidilýärsiňiz.
23. Biz Nuhy öz kowumyna iberipdik. Ol: «Eý, kowumym! Alla gulluk (ybadat) ediň! Siziň üçin Ondan başga hudaý ýokdur. (Oňa garşy gelmekden) gorkmaýarsyňyzmy?» diýipdi.
24. Kowumynyň içinden inkär edenleriň topary: «Bu adam (Nuh) sizden has ýokary bolmak isleýän özüňiz ýaly adamdan başga zat däldir. Eger Alla (ilçi ibermek) islesedi, perişdeleri ibererdi. Biz beýle zady öňki ata-babalarymyzdan hiç eşitmändik.
25. Bu akylyny ýitiren bir dälidir. Belli bir wagta çenli muňa göz-gulak boluň!» diýdiler.
 26. Nuh: «Eý, Perwerdigärim! Men barada aýdylan ýalan zatlar sebäpli, maňa ýardam ber!» diýdi.
 27. Soň oňa: «Biziň gözegçiligimiziň we wahymyzyň esasynda bir gämi ýasa. Buýrugymyz gelip, tamdyr gaýnamaga (suw çykmaga) başlanda, her zatdan jübüt-jübütden al we maşgalaňy hem alyp, gäminiň içine gir. Ýöne maşgalaň içinden olar barada öňden azap hökümi berlenleri gämä salma we zynhar zalymlar barada maňa hiç zat diýme. Sebäbi olar gark edilerler.
 28. Sen we ýanyňdakylar gämä doly ýerleşeniňizden soň: «Hakyky hamdy- sena bizi zalym kowumdan halas eden Alla mahsusdyr» diýiň!» diýdik.
29. Sen: «Eý, Perwerdigärim! Meni bereketli bir ýere ýerleşdir. Sen inderýänleriň (ýerleşdirýänleriň) iň haýyrlysysyň» diý!
30. Takyk, bu (aýdylan sözlerde) ybratlar- alamatlar bardyr we takyk, Biz synagdan geçirýäris.
 31. Soň olaryň yzyndan başga nesil döretdik.
 32. Olara hem öz içlerinden: «Alla gulluk ediň! Siziň üçin Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. (Oňa garşy gelmekden) gorkmaýarsyňyzmy?» diýýän ilçi iberdik.
 33. Kowumynyň içinden inkär eden, ahyrete gowuşmagy ýalan hasaplan we dünýäde rahat durmuş berlen toparymyz: «Bu hem özüňiz ýaly adamdan başga zat däldir. Siziň iýýän zadyňyzdan iýýär, siziň içýän zadyňyzdan hem içýär.
 34. Eger siz özüňiz ýaly bir adama boýun boljak bolsaňyz, onda siz, takyk, ýitgi çekenlerden bolarsyňyz.
35. Ol size, siz ölüp, toprak we süňk bolanyňyzdan soň, siziň (täzeden direldilip) çykaryljakdygyňyzy wada berýärmi?
 36. Heý, bu boljak zatmy? Size wada berlen (bu) zat, heý, boljak zatmy?
 37. Bu durmuş biziň bu dünýädäki ýaşaýşymyzdan ybaratdyr. Biz ölýäris (ata-babalarymyz ölýär) we ýaşaýarys (çagalarymyz dünýä inýär). Biz täzeden direldilmeris.
38. Ol Alla ýalan töhmet atan adamdan başga zat däldir we biz oňa ynanýan däldiris» diýdiler.
39. Ol (pygamber): «Eý, Perwerdigärim! Men barada aýdýan ýalan zatlary sebäpli, maňa ýardam ber» diýdi.
40. Ol (Alla): «Az wagtdan olar hökman puşman ederler» diýdi.
 41. Şol barmana olary aýylganç bir goh- galmagal gaplap aldy. Şeýdip, biz olary çöp-çalama öwürdik. Ýok bolsun zalym kowum!
42. Soň olaryň yzyndan başga nesiller döretdik.
 43. Hiç bir ymmat öz möhletini (ajalyny) öňe alyp (azaldyp) hem bilmez, yza çekip (uzaldyp) hem bilmez.
44. Soň biz yzly-yzyna ilçilerimizi iberdik. Her ymmata öz ilçisi geleninde, olar ony ýalan hasapladylar. Biz-de olaryň käbirini beýlekileriň yzyna düşürdik (yzly-yzyna heläk etdik) we olary ybratly hekaýata öwürdik. Ýok bolsun iman getirmedik kowum!
45. Soň Musany we dogany Haruny aýatlarymyz we äşgär delillerimiz bilen iberdik.
46. Olary Fyrgawna we onuň at-abraýly adamlaryna (iberdik). Olar (Fyrgawn we adamlary) özlerini beýik saýdylar we zalym kowum boldular.
 47. Olar: «Biz kowumy özümize gulluk edip ýören özümiz ýaly iki adama iman getirelimi?» diýdiler.
48. Şeýdip, olar ol ikisini (Musany we Haruny) ýalan hasapladylar we özleri hem heläk edilenlerden boldular.
49. Olaryň dogry ýola girmekleri üçin, Biz Musa kitap berdik.
 50. Merýem ogly (Isany) we onuň ejesi (Merýeme gudratymyzyň kepili bolan) bir nyşan-alamat etdik. Ol (ikisini) mesgen tutarlyk we akar suwly bir depede ýerleşdirdik.
51. Eý, pygamberler! Tämiz zatlardan iýiň we ýagşy işleri ediň! Takyk, Men edýän işleriňizi bilýändirin.
52. Elbetde, siziň ymmatyňyz (diniňiz) (köki) bir ymmatdyr (dindir). Men bolsa, siziň Perwerdigäriňizdirin. Onda siz Menden gorkuň!
53. (Emma) olar öz aralaryndaky bu dini dürli garaýyşlar bilen böldüler. Her topar öz ýanyndaky (dini garaýşy) bilen monça boldular.
 54. (Eý, Muhammet!) Sen olary belli bir wagta çenli öz gapyllyklary bilen goý.
 55. (Ýa-da) olar Biziň olara beren mal- mülkümiz we perzentlerimiz sebäpli, olara peýda bermek üçin tagalla edýändiris diýip pikir edýärlermi?
56. Ýok, olar (bu zatlara) göz ýetirip bilmeýärler.
 57, 58, 59. Özleriniň Perwerdigäriniň gorkusyndan ýaňa titreýänler, özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryna iman getireşýänler we özleriniň Perwerdigärine şärik goşmaýanlar;
 60, 61. (Şeýle-de) özleriniň Perwerdigärine dolanyp barjakdyklary barada ýüreklerinde gorky bolanlar, özlerine berlen mal-mülkden (zekat, sadaka) berenler, ine, şular, ýagşy işleri etmekde ýaryşýan we bu babatda öňe geçenlerdir.
 62. Biz hiç kime güýjünden artykmaç ýük (borç) ýüklemeris. Huzurymyzda (diňe) hakykaty aýdýan kitap bardyr we olara zulum edilmez.
 63. Ýok, olaryň ýürekleri mundan bihabardyr. Olaryň mundan başga-da edýän (erbet) işleri bardyr we olar ol işleri hem edýärler.
64. Biz olaryň (rahat we bolelin durmuşda) ýaşaýanlaryny kynçylyga (ýa-da azaba) sezewar edenimizde, olar dessine dady-perýat ederler.
65. Bu gün indi (boş ýere) dady-perýat etmäň, siz Bizden hiç hili kömek görmersiňiz!
 66. Takyk, size Meniň aýatlarym okalanda, siz derrew ýeňsäňizi görkezýärdiňiz.
 67. Oňa (Kurana) göwnüýetmezçilik edip, agşamky mejlislerde (ol barada) bolar-bolgusyz gürrüňler edýärdiňiz.
68. Olar henizem bu söze (Kurana) akyl ýetirmedilermi? Ýa-da olara öňki ata- babalaryna gelmedik bir zat geldimikä?
69. Ýa-da olar, öz pygamberlerini tanamaýandyklary üçin, ony inkär edýärlermikä?
 70. Ýa-da «Onda bir dälilik bar» diýýärlermi? Tersine, ol olara hakykaty getirdi we olaryň köpüsi hakykaty ýigrenýändir.
71. Eger hakykat olaryň höweslerine (arzuw-hyýallaryna) tabyn bolan bolsady, takyk, asmanlar, ýer we ikisiniň içindäki ähli zatlar tertip-düzgünini ýitirerdi. Tersine, biz olara öz şan-şöhratlaryny (Kurany) getirdik, olar bolsa öz şan- şöhratlaryndan ýüz öwürýärler.
72. Ýa-da sen olardan çykdajy etmeklerini soraýarmyň? Perwerdigäriň (siziň üçin) edýän çykdajysy has haýyrlydyr. Ol rysgal berýänleriň iň haýyrlysydyr.
73. Takyk, sen olary dogry ýola çagyrýarsyň.
 74. Ahyrete ynanmaýanlar bolsa kejirlik bilen ýoldan çykýandyrlar.
 75. Eger Biz olara dözmezçilik edip, düşen kynçylyklaryny olardan dep eden bolsadyk, takyk, olar öz azgynçylyklaryny has hem (beter) dowam etdirerdiler.
76. Biz olary kynçylyga duçar etdik, şonda-da olar özleriniň Perwerdigärine boýun egmediler we Oňa ýalbarmadylar.
 77. Olara (kyýamatda) azaby agyr bolan gapyny açanymyzda, şonda olar umytlaryny üzerler.
 78. Ol gulaklary, gözleri we köňülleri siziň üçin (nygmat hökmünde) ýaradandyr. Siz örän az şükür edýärsiňiz.
 79. Ol sizi (ähli milletleri) zeminde ýaradandyr we siz Onuň huzuryna jemlenersiňiz!
80. Ol sizi ýaşadýandyr we öldürýändir. Gije bilen gündiziň çalşyp durmagy hem Onuň işidir. Siz henizem akyl ýetirmeýärsiňizmi?
81. Gaýtam, tersine, olar hem öňküleriňkä meňzeş zatlary aýtdylar.
 82. Olar: «Heý-de, biz ölüp, toprak we süňk bolanymyzdan soň, täzeden direldilerismi?!
83. Takyk, bize-de, bizden öňki ata- babalarymyza hem bu wada berlipdi (bu gürrüňler aýdyldy). Bu öňküleriň toslama rowaýatlaryndan başga zat däldir» diýdiler.
84. (Eý, Muhammet! Sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz (aýdyň bakaly), bu dünýä we onuň içindäkiler kimiňkidir?» diý.
85. Olar: «Allanyňkydyr!» diýip jogap bererler. Şonda sen: «Hiç (mundan nesihat almak) akylyňyza gelmedimi?!» diýip aýt.
 86. (Sen ýene olara): «Ýedi asmanyň Perwerdigäri we belent Arşyň Perwerdigäri kim?» diý.
 87. Olar: «Alladyr» diýip jogap bererler. Şonda sen: «Siz (heý Ondan) gorkmaýarsyňyzmy?» diýip aýt.
 88. (Ýene sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz (aýdyň bakaly), ähli zadyň häkimiýeti kimiň elinde? Diňe Ol (Alla) ýardam-hemaýat edýändir, (mätäç däldigi üçin) Oňa bolsa ýardam-hemaýat edilýän däldir» diýip aýt.
89. Olar: «Häkimiýet Allanyňkydyr» diýip jogap bererler. Şonda sen: «Onda siz näme üçin jadyçylyga aldanýarsyňyz?!» diýip aýt.
 90. Tersine, biz olara hakykaty getirdik we olar hakyky ýalançylardyr.
 91. Alla hiç perzent edinen däldir we Onuň ýanynda hiç bir hudaý bolup bilmez. Eger (başga hudaý) bolsady, her hudaý öz ýaradan zadyny dolandyrardy we biri beýlekisinden has rüstem boljak bolardy. Alla olaryň (ýöňkeýän) sypatlaryndan päkdir (beýikdir).
 92. (Alla) gaýyby-da, (göz bilen görülmeýäni), görülýäni-de bilýändir. Ol olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir.
 93, 94. (Eý, Muhammet! Sen): «Eý, Perwerdigärim! Eger olara wada berlen azaby maňa görkezjek bolsaň, meni bu zalym kowumyň içinde goýmaweri, eý, Perwerdigärim!» diýip aýt.
 95. Takyk, Biziň olara wada beren azabymyzy saňa görkezmäge güýjümiz ýetýändir.
 96. Erbetligi gowulyk bilen dep et! Biz olaryň (Bize) ýöňkeýän sypatlaryny has gowy bilýändiris.
 97. Sen: «Eý, Perwerdigärim! Şeýtanlaryň aldaw was-wasylaryndan Saňa sygynýaryn.
 98. Olaryň meniň ýanyma gelmeklerinden hem Saňa sygynýaryn, eý, Perwerdigärim!» diý!
 99. Olaryň birine ölüm (pursaty) gelip ýetende: «Eý, Perwerdigärim! Meni yzyma gaýtar!
 100. Şonda men terk eden dünýämde ýagşy işleri ederin» diýer. Bu hiç haçan bolmaz. Takyk, bu onuň aýdan sözi (boş gürrüňlerden) ybaratdyr. Olaryň yzlarynda täzeden direldiljek günlerine çenli (päsgel boljak bir) perde (Berzah älemi) bardyr.
 101. Sura üflenilen güni olaryň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary galmaz, olar biri-birlerini gözlemezler hem.
 102. Her kimiň (amal) terezisi (sogaby) agyr gelse, şol halas bolar.
 103. Terezileri (sogaplary) ýeňil gelenler bolsa öz janlaryny ýitgä sezewar edenlerdir. Olar dowzahda ebedi galarlar.
104. Ot olaryň ýüzlerini gowrar we olar şol ýerde (dodak etleri-de ýananlygy sebäpli) syrtaryp galarlar.
 105. Aýatlarym okalyp durka, olary ýalan hasaplaýan siz dälmidiňiz?
106. Şonda: «Pälimiz bizden üstün çykdy we biz ýoldan çykan kowum bolduk.
 107. Perwerdigärimiz, bizi bu ýerden (dowzahdan) çykar, eger ýene-de (dinsizlige) öwrülip barsak, onda biz, takyk, (özümize) zulum edenlerden bolarys» diýerler.
108. Ol (Alla) bolsa: «Meniň bilen gepleşjek bolmaň-da, masgara bolup dymyp duruň!
 109. Gullarymyň içinden bir topar: «Eý, Perwerdigärimiz! Biz iman getirdik, bizi bagyşla we bize merhemet et! Sen merhemet edenleriň iň haýyrlysysyň!» diýipdiler.
 110. Siz olary ýaňsa alýardyňyz. Hatda ýaňsa almagyňyz size Meni ýatlamagy hem unutdyrypdy. Siz olaryň üstünden gülýärdiňiz.
111. Bu gün bolsa men olary eden sabyrlary sebäpli, sylagladym. Takyk, olar maksada (bagtyýarlyga) ýetenlerdir» diýer.
 112. Ol (Alla): «Ýyl hasabyndan ýeriň ýüzünde näçä wagtlap galdyňyz?» diýer.
 113. Olar bolsa: «Bir gün ýa-da ýarym gün galdyk, (wagty) hasaplaýjylardan sora?» diýerler.
 114. Ol bolsa: «Siz (dünýäde) örän az wagt galdyňyz, Käşgä, muny bilsediňiz.
115. Siz özüňizi boş ýere ýaradylyp, Bize gaýdyp gelmeris öýtdüňizmi?» diýer.
 116. Hakyky hökümdar bolan Alla örän beýikdir. Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ol beýik Arşyň Perwerdigäridir.
 117. Kim hiç bir delil bolmazdan Alladan başga bir hudaýy çagyrsa, onuň hasabay diňe Perwerdigäriniň huzurynda dyr. Kapyrlar hiç haçan üstünlige ýetmezler.
 118. (Eý, Muhammet!) Sen: «Eý, Perwerdigärim! Meni bagyşla we maňa merhemet et! Sen merhemetlileriň iň haýyrlysysyň!» diýip aýt.