1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

57.28. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň hem-de Onuň ilçisine iman getiriň! Ol (Alla) size Öz rahmet (hazynasyndan) iki esseläp eçiler we size ýörejek (ýoluňyzy ýagtyldýan) bir nur berer hem-de sizi bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.

Başy » Sözbaşy » 25-nji süre: «Furkan» («Tapawutlandyryjy»)

«Furkan» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 77 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Furkan» sözünden gelip çykýar. Onuň manysy «Haky batyldan tapawutlandyryjy» diýmek bolup, Kuranyň hakykaty galpdan, inkäri imandan aýyl-saýyl edýändigini aňladýar. Sürede ylahy wahyý we pygamberlik arkaly kapyrlaryň aýdýan zatlarynyň batyldygy, Kurany Kerime uýanlaryň ruhy taýdan beýgeldiljekdikleri, durmuşlarynyň oňyn tarapa özgerjekdigi barada aýdylýar.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Älemlere duýduryjy bolsun diýip Furkany (Kurany) öz bendesine inderen (Alla) örän beýikdir.
2. Asmanlaryň we ýeriň eýeçiligi (hökümdarlygy) Oňa degişlidir. Ol Özüne perzent edinen däldir we Onuň eýeçiliginde (hökümdarlygynda) hiç hili şärigi ýokdur. Ol ähli zady ýokdan bar edip, olara şekil (nyzam) berip, (her zadyň ýazgydyny) kesgitländir.
 3. Olar (kapyrlar) Alladan özge hiç bir zady ýaratmadyk, gaýta özleri ýaradylan, özlerine zyýan ýa-da peýda bermäge güýji bolmadyk, şeýle-de öldürmäge, direltmäge we ölümden soň täzeden direltmäge başarnygy bolmadyk hudaýlar edindiler.
 4. Inkär edenler: «Bu onuň (Muhammediň) toslamasyndan başga zat däldir. Oňa özlerinden bolmadyk başga bir kowum kömek edendir» diýdiler. Şeýdip, zulum we ýalan gürrüň (bilen) geldiler.
 5. Ýene-de olar: «(Bu Kuran) öňküleriň toslan rowaýatlarydyr, ol (Muhammet) muny (başga birine) ýazdyrypdyr. Bu oňa ertir-agşam okalýandyr (öwredilýändir)» diýdiler.
 6. Sen hem aýt: «Ony asmanlardaky we ýerdäki gizlin zatlary bilýän (Alla) inderdi. Takyk, Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
 7. Ýene-de olar: «Ol nähili pygamber?! Nahar iýýär we bazarlarda aýlanýar. Oňa bir perişde iberilip, onuň ýanynda duýduryjy bolsady.
 8. Ýa-da oňa bir hazyna berilsedi ýa- da miwelerinden iýer ýaly bir bakjasy bolsady» diýdiler. Şeýle hem zalymlar: «Siz diňe jadylanan adama eýerýärsiňiz» diýdiler.
9. Gör, olar sen barada nähili mysallar getirdiler, şeýdip hem ýoldan çykdylar. Indi olar dogry ýoly tapyp bilmezler.
10. Islese seniň üçin mundan (olaryň aýdýan bakjasyndan) has haýyrlysyny, aşagyndan derýalar akýan jennetleri döretjek we seniň üçin köşkler ýaratjak (Alla) örän beýikdir.
11. Olar kyýamaty hem ýalan hasapladylar. Biz hem kyýamaty ýalan hasaplanlara alawly ody taýýarlap goýduk.
 12. Olar uzakdan (dowzahy) görenlerinde, olar onuň gaharly hyňranyşyny we çaltlyk bilen gaýnap dem urşuny eşiderler.
 13. Olar boýuntyryk dakylgy ýagdaýda dowzahyň dar bir ýerine oklananlarynda, şol ýerde ölümi çagyrarlar.
14. (Olara): «Bu gün siz bir (gezek) ýok bolmagy (ölümi) islemäň, (eýsem) köp gezek ýok bolmagy (ölümi) isläň!» (diýler).
 15. Sen olara: «Bu has haýyrlymy ýa-da takwa kişilere wada berlen ebedi jennet haýyrlymy? Bu olar üçin bir sylagdyr we mesgendir» diýip aýt.
 16. Ol ýerde olara göwünleriniň islän zatlary bardyr, (olar ol ýerde) ebedi bolarlar. Bu Perwerdigäriň beren wadasydyr.
 17. Ol (kyýamat) gün (seniň Perwerdigäriň) olary we Alladan başga gulluk edýän zatlaryny bir ýere jemlär, soň hem olara: «Şu gullarymy siz ýoldan çykardyňyzmy ýa-da olaryň özleri ýoldan çykdylarmy?» diýer.
18. Şonda olar: «Sen ähli zatdan päksiň! Senden başga dostlar (hossarlar) edinmek bize ýaraşmaz. Ýöne Sen olara we ata-babalaryna bimöçber nygmat (mümkinçilik) berdiň, soň hem olar (Seni) ýatlamagy unutdylar, şeýdip, olar heläkçilige laýyk kowum boldular» diýerler.
 19. (Onda olara ýüzlenilip): «Ine, (siziň ybadat edýän zatlaryňyz) siziň aýdýan zatlaryňyzda sizi ýalançy edip goýdular. Indi siz (azabyňyzy) yzyna öwrüp bilmersiňiz, kömek-hemaýat hem alyp bilmersiňiz. Eger (hakykat beýan edilenden soň) içiňizden biri (Alla şärik goşup) zulum edäýse, oňa uly azap dadyrarys» diýildi.
 20. Senden öňki iberen pygamberlerimiz hem tagam iýýärdiler, bazarlarda hem aýlanýardylar. Biz sizi biri-birleriňize synag edip goýduk, (göreli bakaly) sabyr edýärmikäňiz? Seniň Perwerdigäriň ähli zady görýändir!
 21. Bize gowuşmagy umyt etmeýänler: «Bize bir perişde iberilsedi ýa- da Perwerdigärimizi görsedik» diýdiler. Olar, şeýdip, öz ýanlaryndan ulumsyradylar we örän azdylar.
 22. Olaryň perişdeleri görjek günlerini (ýatlaň), şol günde günäkärlere hiç hili hoş habar bolmz we (perişdeler olara): «(Size hoş habar eşitmek) gadagandyr» diýerler.
 23. Biz olaryň (kapyrlaryň) işlän her bir amalyny serpilen tozana döndereris, (ýagny haky kabul etmedik adamyň ýagşylyklary ýele sowrular).
 24. Ol gün jennetileriň galjak ýerleri has haýyrlydyr we dynç aljak ýerleri iň gowy ýerdir.
 25. Ol gün asman bulutlar bilen ýarylar we perişdeler topar-topar bolup inderiler.
26. Ol gün hakyky hökümdarlyk Rahmana (Alla) degişlidir we kapyrlar üçin örän agyr gün bolar.
27. Ol gün zulum eden öz barmaklaryny dişläp: «Käşgä, pygamberiň ýoluna girsedim.
 28. Maňa haýp bolsun! Käşgä, pylan kişileri dost edinmesedim.
 29. Maňa ýatlatma (Kuran) geleninden soň, ol (Alladan özge tutulan dostlar) meni mundan daşlaşdyrdy. Şeýtan ynsany (ýarpy ýolunda taşlap), masgara eder» diýer.
 30. Pygamber bolsa: «Eý, Perwerdigärim! Takyk, meniň kowumym bu Kurany (hökümleri bilen amal edilmän) taşlanan (bir kitap) hökmünde goýdular» diýer.
 31. Şeýdip, biz pygamberleriň her birine günäkärlerden bolan duşmanlar berdik. Şonuň üçin dogry ýola gönükdiriji we ýardamçy hökmünde Perwerdigäriň ýeterlikdir.
 32. Ýene-de kapyrlar: «Kuranyň hemmesi oňa (pygambere) bir gezekde inderilsedi» diýdiler. Biz muny seniň ýüregiňe doly ýerleşdirmek üçin (bölek- bölek) inderdik we ony saňa birin-birin okadyk.
 33. Olaryň (Kurany we seniň ýoluňy aýyplamak üçin) saňa getiren her bir mysalyna derek Biz saňa hakykaty we iň gowy beýany getirendiris.
 34. Olar ýüzinligine dowzaha (tarap sürlüp) jemlenjek, ýerleri iň erbet, ýollary bolsa iň egri bolan kişilerdir.
35. Biz Musa kitaby (Töwraty) berdik we dogany Haruny hem oňa wezir etdik.
36. Olaryň ikisine: «Aýatlarymyzy ýalan hasaplan kowumyň (Fyrgawn we onuň kowumynyň) ýanyna gidiň!» diýdik. Netijede (Biz) olary (inkär edendilkeri üçin) gyryp ýok etdik.
 37. Nuhuň kowumy hem pygamberleri ýalan hasaplanlarynda, olary gark etdik we olary ynsanlar üçin ybrat edip goýduk. Biz zalymlara jebir-jepaly azap taýyn etdik.
 38. Ad, semud we res kowumyny we bularyň arasyndaky birnäçe nesilleri hem (inkär edendikleri zerarly) heläk etdik. Düşündiriş: Ad Hud pygamberiň, semud Salyh pygamberiň, res kowumy hem Şugaýyp pygamberiň ymmatydyr.
 39. Olaryň hemmesine mysallar getirdik (biziň pendi-nesihatlarymyzy kabul etmändilkeinden soň) hemmesini hem gyryp ýok etdik.
 40. Olar (Kurany inkär edenler söwda üçin Şama sapar edenlerinde) peläket ýagşy ýagdyrylan şol obanyň üstünden ötendirler. Ony (ol obany) görmedilermi? Ýok, olar gaýtadan direlişe garaşmaýardylar.
 41. Olar seni gören wagtlary: «Allanyň ilçi edip ugradan adamy şumy?!» diýip ýaňsa alýardylar.
 42. (Olar): «Eger biz öz hudaplarymyzyň (ýolunda) sabyr edip mäkäm durmasadyk, ol bizi olardan döndererdi» diýdiler. Olar geljekdäki azaby gören wagtlary kimiň has beter ýoldan çykandygyny bilerler.
 43. Sen, heý, öz höwesini (nebsini) hudaý tutunany gördüňmi? Sen oňa (imana geljegine) kepil bolarsyňmy?
 44. Ýa-da sen olaryň köp bölegi (bu aýdylany) diňlär ýa-da akyl ýetirer öýdýärmiň? (Ýok beýle däl) olar haýwanlar ýalydyr, hatda olardan hem has beterdirler.
45. Sen Perwerdigäriň kölegäni nähili uzadandygyna syn etmediňmi? Eger islesedi, ony duran ýerinde, (ýagny Güni duruzyp kölegäni gozganmaz ýaly edip) goýardy. Soň Biz Güni hem (kölegäniň ahwalyny) oňa bir delil etdik.
 46. Soň hem ony ýuwaşlyk bilen (Günüň asmana göterilişine görä) Özümize çekdik.
 47. Size gijäni lybas edip, ukyny rahatlyk, gündizi täzeden direliş edip ýaradan hem Oldur.
 48. Merhemetiniň (ýagyşyň) öňýany buşlukçy edip ýelleri iberen hem Oldur. Asmandan hem tämiz suw inderdik.
 49. Şeýdip onuň (suw) bilen öli ýeri direldýäris we Öz ýaradan ençe haýwanlarymyzy we ynsanlarymyzy suwa ýakýarys.
 50. Öwüt-nesihat almaklary üçin ol (suwy ynsanlaryň we ýer ýüzüniň jandarlarynyň) aralarynda paýladyk. Emma, ynsanlaryň köpüsi muňa bigadyrlyk bilen jogap berdiler.
 51. Eger islesedik, Biz her oba-şähere bir duýduryjy ibererdik.
52. Şonuň üçin sen kapyrlara (inkär edenlere) boýun bolma we olara garşy bar güýjüň bilen söweş!
 53. Biri süýji we gandyryjy, beýlekisi bolsa duzly we turşy bolan iki deňzi biri-birine tarap sürüp, aralaryna (biri- birine gatyşmaz ýaly) bir perde (dik suw gatlagyny) we böwet goýan hem Oldur.
 54. Ynsany suwdan (damjadan) ýaradan we ony (biri-birine) tire-taýpa we dogan- garyndaş edip goýan hem Oldur. Seniň Perwerdigäriň ähli zada güýji ýetýändir.
 55. Olar (inkärçiler) Alladan özge özlerine hiç bir peýda ýa-da zyýan berip bilmeýän zatlara ybadat edýärler. Kapyr öz Perwerdigärine garşy (durup, şeýtana) arka çykýandyr.
 56. Biz seni (iman getirip, ýagşy işleri edenlere jenneti) buşlaýjy we (inkär edenlere beriljek azaby) duýduryjy edip iberdik.
57. Sen (olara): «Men siziň Perwerdigäriňize eltýän ýola düşmegiňizi isleýärin. Men sizden (hak dine çagyrýanlygym) üçin hiç hili töleg soramaýaryn» diýip aýt.
 58. Ölmez-ýitmez, baky diri bolan (Alla) bil bagla we Onuň ähli nogsanlyklardan päkdigini öwgü-sena bilen tassykla! Oňa Öz gullarynyň günälerinden habardarlygy hem ýeterlikdir.
 59. Asmanlary, ýeri we ikisiniň arasyndakylary alty günde ýaradyp, soň hem (özüne mynasyp görnüşde öz) Arşyna ornaşan Rahman (Alladyr). Muny ýeke-täk habardardan (Allanyň Özünden) sora.
 60. Olara: «Rahman (Alla) üçin sežde ediň!» diýlende, olar: «Rahman (Alla) kim? Biz seniň bize buýruk berýän zatlaryňa sežde ederismi?» diýdiler we (bu) olaryň ýigrenjini artdyrdy.
 61. Asmanda ýyldyzlar toparyny ýaradan we onda çyragy (Güni) we nurly Aýy ýerleşdiren (Alla) nähili beýikdir.
 62. Öwüt almak ýa-da şükür etmek isleýän adamlar üçin gije bilen gündizi biri-biriniň yzyna tirkän hem Oldur.
 63. Allanyň bendeleri ýeriň ýüzünde agraslyk bilen ýörärler, özlerine nadanlar söz gatanlarynda bolsa, olara diňe «Salamat boluň!» diýip geçerler.
 64. (Olar) gijelerini özleriniň Perwerdigärine sežde edip we aýak üstünde dik durup (ybadat bilen) geçirerler.
65. Olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Dowzah azabyny bizden sow, çünki onuň azaby elhençdir.
 66. Ol (ýer) mesgen tutulmagy we ýerleşilmegi üçin nähili erbet ýerdir!» diýerler.
67. Olar sarp edenlerinde isrip hem-de gysgançlyk etmezler. Ikisiniň arasynda orta ýoly tutarlar.
 68. Olar Allanyň ýany bilen başga bir hudaýa ýalbarmazlar. Allanyň (almagyny) haram eden janyny nähak ýere öldürmezler we zyna etmezler. Eger kim bulary edäýse, günäleriniň jezalaryny tapar.
 69. Kyýamat güni onuň azaby has-da artdyrylar we kemsidilen ýagdaýda azabyň içinde müdimi galar.
 70. Emma toba edip, iman getirenler hem-de ýagşy işleri edenler beýle azaba duçar bolmazlar. Olar öz günälerini ýagşylyklary bilen çalşanlardyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 71. Kim toba edip, ýagşy işleri eden bolsa, Allanyň huzuryna tobasy kabul edilen ýagdaýda dolanyp barar.
72. Olar ýalana şaýatlyk etmezler, ýerliksiz sözlere duş gelenlerinde bolsa, agraslyk bilen geçip giderler.
73. Olar özlerine Perwerdigäriniň aýatlary bilen nesihat edilenlerinde, olara gulagy eşitmeýänler we gözleri görmeýänler (ýaly) çemeleşmezler.
 74. Şeýle hem olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize aýallarymyzdan we perzentlerimizden gözlerimiziň göreji ýaly boljak kişileri nesip et hem- de bizi takwalaryň öňüni çekýänlerden eýle!» diýerler.
 75. Olar, sabyr edýändikleri sebäpli, jennetiň kaşaň köşkleri bilen sylaglanarlar we ol ýerde salamatlyk bilen garşylanarlar.
 76. Olar ol ýerde hemişelik galarlar. Ol ýer mesgen tutulyp, ýerleşilmek üçin nähili ajaýyp gözel ýerdir!
 77. (Eý, Muhammet! Sen) olara: «Eger siziň dileg-dogalaryňyz (tagat- ybadatlaryňyz) bolmasa, Perwerdigärim size näme üçin ähmiýet bersin?! Siz (pygamberiň özüňize habar beren zadyny) doly ýalan hasapladyňyz, şonuň üçin hem azap siziň ýakaňyzy (hiç haçan) goýbermez» diýip aýt.