1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

58.11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 9-njy süre: Toba

«Toba» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 129 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 104-nji aýaty toba bilen baglanyşykly bolandygy üçin sürä bu at berlipdir. «Toba» süresi Kurany Kerimde «Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen» diýip başlanmaýan ýeke-täk süredir. Pygamberimiziň bu süräniň başyna «Bismilläniň» ýazdyrmazlygynyň sebäbi hem bu süräniň Allanyň duşmanlara duýduryş berip başlaýandygy bilen baglanyşdyrypdyr. Bu süre okalyp başlanda, diňe şeýtanyň şerinden Alla sygnylyp başlanylýar. (Daşlanylyp kowlan şeýtanyň şerinden Alla sygynýaryn)
1. (Bu) Alladan we Onuň ilçisinden özleri bilen şertnama baglaşan (Alla) şärik goşanlara (iň soňky) duýduryşdyr!
 2. (Eý, Alla şärik goşýanlar) Siz şu günden başlap‚ dört aýyň dowamynda ýeriň ýüzünde isleýşiňiz ýaly gezip bilersiňiz. Şuny welin bilip goýuň! Siz Alladan hiç haçan gaçyp gutulyp bilmersiňiz we Alla kapyrlary ryswa (masgara) eder.
 3. Beýik haj güni Allanyň we Onuň ilçisiniň (adyndan) ynsanlara şuny yglan ediň: «Alla we Onuň ilçisi (Alla) şärik goşýanlardan daşdyr. Elbetde‚ (Alla şärik goşmakdan) toba edip‚ Allanyň birligine ymtylsaňyz‚ bu siziň üçin has haýyrlydyr. Siz Allanyň elinden gutulmajakdygyňyzy gowy biliň! Kapyrlara elhenç bir azap beriljekdigini habar ber!
 4. Emma özleri bilen şertnama baglaşanyňyzdan soň‚ şertleri doly ýerine ýetiren we siziň garşyňyza duşmanlaryňyza kömek bermedik (Alla şärik goşanlar) bu hökümiň daşyndadyrlar. Bular bilen şertnamanyň wagty gutarýança‚ onuň şertlerini doly berjaý ediň! Alla Özüne garşy gitmekden (ähti-peýmanyny bozmakdan) saklanan takwa kişileri söýýändir.
 5. Haram (söweş etmeklik gadagan) aýlar geçensoň‚ (Alla) şärik goşanlary nirede görseňiz (tutsaňyz) öldüriň! Olary tutup ýesir alyň‚ olaryň geçip biljek ähli geçelgelerini saklaň! Eger toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler, olary erkine goýberiň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 6. Eger (Alla) şärik goşanlaryň biri senden aman, hemaýat (pena) sorasa, sen onuň haýyşyny kabul et! Goý‚ ol Allanyň kelamyny (Kurany) diňlesin (pikirlensin)! (Soň gelşi ýaly) ony howpsuz ýere ugrat! Çünki olar bilmeýän kowumdyr.
 7. Näme‚ (Alla) şärik goşanlaryň Alla we Onuň ilçisi bilen baglanyşan ähti- peýmanlary barmy? Nädip bolsun! (Olar mydama beren sözlerinden dänip ýörler ahyry!) Mesjidi-Haramyň (Käbäniň) ýanynda baglaşan şertnamalaryňyz muňa girýän däldir. Olar siziň bilen dogry (dürs) gatnaşykda bolsalar‚ sizem olar bilen dürs boluň! Alla (Özüne garşy durmakdan‚ ähti-peýmany bozmakdan) saklanan takwalary söýer!
 8. Hawa‚ heý-de olaryň ähti- peýmany bolarmy? Eger sizden üstün geljekdiklerini bilseler‚ siz barada ne ähde‚ ne kasama‚ ne hak-hukuga eýererler. Dillerinde hamana siziň göwnüňizi alýan kişiler bolarlar‚ kalplary bolsa, size garşy ýigrençden doludyr. Çünki olaryň köpüsi (Allanyň ýolundan daşlaşan) pasyklardyr.
 9. Olar Allanyň aýatlaryny sähelçe dünýewi bähbit üçin satdylar. Şeýdip, Allanyň ýolundan ynsanlary azaşdyrdylar. Dogrudanam, olar nähili erbet işler edýärler.
 10. Olar möminler babatda ne ähti- peýmana‚ ne kasama‚ ne hak-hukuga eýererler. Olar şeýle azgyn kişilerdir!
 11. (Muňa garamazdan) kapyrlardan ýüz öwrüp‚ toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler‚ onda olar siziň din doganlaryňyz bolarlar. Akyllaryny ulanyp pikirlenýän kişiler üçin Biz aýatlarymyzy doly beýan edýäris.
 12. Eger ylalaşykdan soň kasamlaryny bozsalar‚ şeýle hem diniňize hüjüm etseler‚ onda bu (niýetlerinden) dänmeleri üçin kapyr kowumyň baştutanlary bilen söweşiň! Çünki olar kasamlaryna (we ähti-peýmanlaryna) wepaly däldirler.
 13. Ähti-peýmanlaryny we kasamlaryny bozup‚ pygamberi ýurdundan sürgün etmek üçin hereket eden bir kowum bilen söweşmekçi dälmisiňiz? Aslynda, söweşi ilki olaryň özleri başladylar! Siz olardan gorkýarsyňyzmy? Eger mömin bolsaňyz‚ Alladan gorkmagyňyz has dogrusydyr.
 14, 15. Olar bilen söweşiň! Alla siziň eliňiz bilen olary jezalandyrsyn‚ olary ryswa-masgara etsin‚ olara garşy size ýardam berip (ýeňiş ýoluny açsyn), möminleriň köňüllerini rahatlandyrsyn, kalplaryndaky kinäni we öýkäni gidersin! Alla islänine toba nesip etdirer. Alla ähli zady bilýändir‚ hikmet eýesidir. Düşündiriş: Kapyrlaryň kethudalaryndan Ebu Sufýan ibn Harb‚ Safwan ibn Umeýýe‚ Ykryma ibn Ebu Jähl‚ Suheýl ibn Amr ýaly ýolbaşçylar Mekge eýelenenden soň toba edip‚ yslam dinini kabul edipdirler.
 16. Ýa-da siz Allanyň siziň araňyzdaky Alladan, pygamberden we möminlerden başgasyny özlerine syrdaş edinmeýänleri ýüze çykarmazdan goýberilersiňiz öýtdüňizmi? Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr. Düşündiriş: Pygamberimiziň kakasynyň dogany Abbas Bedr söweşinde musulmanlara ýesir düşende, onuň enteklerem butparazdygy‚ garyndaşlary bilen gatnaşygyny kesendigi sebäpli, aýypladylar. Hezreti Aly oňa has agyr sözler aýdypdyr. Abbas oňa jogap berip: «Biziň diňe erbet taraplarymyzy görýärsiňiz‚ ýagşy taraplarymyzy bolsa, görmeýärsiňiz. Emma biz Käbä hyzmat edýäris, hajylara suw paýlaýarys‚ ýesirleri azat edýäris» diýdi. Şonda aşakdaky aýatlar bu waka bilen baglanyşykly inipdir.
 17. Alla şärik goşanlar özleriniň kapyrdyklaryna hut özleri şaýatkalar, Allanyň metjitlerini gurmaga mynasyp bolup bilmezler! Olaryň amallary batyldyr. Olar dowzah odunda hemişelik galarlar.
 18. Allanyň metjitlerini diňe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän‚ zekat berýän we Alladan başgadan gorkmýan möminler bina ederler. Ine‚ olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärdirler.
 19. Siz haja gelenlere suw paýlamagy we Mesjidi-Harama (Käbä) hyzmat etmegi Alla we ahyret gününe iman getirip‚ Allanyň ýolunda söweşen möminiň amaly bilen deň tutýarsyňyzmy? Bular Allanyň ýanynda deň däldir. Alla ol zalymlar toparyny dogry ýola salmaz (arzuwlaryna-da ýetirmez).
 20. Iman getirip hijret (göç) edenler‚ mal-mülkleri we jan-tenleri bilen Allanyň ýolunda söweşenler, elbetde, Allanyň ýanynda has ýokary derejeleriň eýeleridir we haýyrly netije gazananlar hem şolardyr!
 21. Özleriniň Perwerdigäri olara öz adyndan rahmet we hoşallyk‚ içinde tükeniksiz nygmatlar bolan jennetleri buşlaýar.
 22. Olar şol jennetlerde hemişelik galarlar. Iň beýik sylagyň Allanyň ýanyndadygy (şeksiz) hakykatdyr.
 23. Eý‚ iman getirenler! Eger imanyň deregine küpüri saýlap alýanlar‚ hatda kakaňyz we doganlaryňyz hem bolsa, olary dost we ýaran edinmäň! Siziň araňyzdan kim (möminleri goýup), olary dost tutunsa, onda olar zalymlaryň hut özleridir.
24. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Eger kakalaryňyz‚ ogullaryňyz‚ doganlaryňyz‚ ýanýoldaşlaryňyz‚ garyndaşlaryňyz‚ der döküp gazanan emlägiňiz‚ zyýan çekerin öýdüp gorkýan söwdaňyz‚ guwanýan kaşaň jaýlaryňyz size Alladan we Onuň ilçisinden‚ Allanyň ýolunda söweş etmekden has eziz we gowy bolsa, onda Allanyň emri gelýänçä garaşyň! Alla beýle pasyklar toparyna hak ýoly görkezmez (olary arzuwlaryna- da ýetirmez).
 25. Allanyň size ençe söweş meýdanlarynda ýardam berendigi‚ Huneýn söweşinde-de şeýle bolandygy bellidir. Şol gün sanyňyzyň artyklygy sizi buýsandyrypdy‚ ýöne ol size peýda etmändi. Daş-töwerek näçe giňem bolsa‚ dünýä size dar göründi. Soň hem siz duşmana arkaňyzy öwrüp‚ gaçmaga başlapdyňyz. Düşündiriş: Pygamberimiz Mekgäni eýelänsoň, on iki müň esgerlik goşun bilen araplaryň Taýyfdaky hawazyn we sakyf taýpalarynyň üstüne ýöriş edýär. Goşunyň köplügini gören käbir musulmanlar: «Bu goşun hiç haçan hem ýeňilmez» diýip öwnüp, uly gepleýärler we ýeňşiň Allanyň ýardamy bilen bolýandygyny unudýarlar. Soň olar Huneýin jülgesinde özlerinden az sanly butparazlar bilen garşylaşýarlar. Şonuň üçin söweşde musulmanlar ýeňlip, derbi- dagyn edilensoň, çekilip başlaýarlar. Pygamber Alladan dileg edensoň, möminleriň kalplaryna rahatlyk aralaşyp, söweşe başlaýarlar we ýeňiş gazanýarlar. Ýokardaky aýat hem bu hadysany beýan edýär.
 26. Soň Alla ilçisiniň we möminleriň üstüne rahatlyk berýän (we özlerine bolan ynamy) rahmetini inderdi. Siziň gözüňize görünmeýän goşunlaryny ugradyp‚ şol kapyrlara elhenç azap beripdi. Ine‚ kapyrlaryň jezasy budur!
 27. Şol söweşden soň Alla isläniniň tobasyny kabul eder. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 28. Eý‚ iman getirenler! Alla şärik goşanlar (özleriniň batyl ynançlary sebäpli) murdardyrlar (nejisdirler)‚ şonuň üçin‚ olar bu ýyldan soň Mesjidi- Harama (Käbä) golaýlaşmasynlar. Eger garyp düşmekden heder etseňiz‚ Alla islese‚ sizi Öz bereketi bilen has-da baý eder. Çünki Alla ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir. Düşündiriş: Alla şärik goşanlar bedenleri bilen bagly maddy barlyk babatynda däl-de‚ batyl ynançlary‚ ahlak ynançlary we edim-gylymlary taýdan murdar (nejis) hasaplanýardy. Käbä girmekleri şonuň üçin gadagan edilipdir.
 29. Özlerine kitap berlenlerden Alla we ahyret gününe iman getirmeýän‚ Allanyň we ilçisiniň haram edenlerini haram hasaplamaýan‚ hak dini din hökmünde kabul etmeýän kişilere garşy, tä har-zelil halda jizýe (baş salgydyny) berýänçäler, söweşiň!
 30. Ýahudylar: «Uzeýr (pygamber) Allanyň ogludyr» diýdiler. Nasranylar hem: «(Isa) Mesih Allanyň ogludyr» diýdiler. Bu nadanlaryň dillerine çolaýan sözleridir. Olar bu sözleri bilen özlerinden öňki kapyrlara öýkünýärler. Alla olary heläk etsin! Olar nädip hakdan batyla dänip bilýärler?!
 31. (Ýahudylar) ahbarlaryny (ruhanylaryny)‚ nasranylar hem ruhbanlaryny (monahlaryny) we Merýem ogly (Isa) Mesihi Alladan başga (her dürli meselede ygtyýarly) perwerdigär edindiler. Ýogsa olara ýeke-täk Hudaýa (Alla) ybadat etmekleri emir edilipdi. Ondan başga (ybadata laýyk) Hudaý ýokdur. Ol (Alla) olaryň şärik goşýan zadyndan päkdir. Düşündiriş: Öz dini ruhanylaryny perwerdigär edinmek olara sežde etmek, ybadat etmek manysynda däl-de‚ olaryň haram we halal etmek ygtyýarynyň barlygyna ynanmak‚ olaryň hiç hili hatalarynyň ýokdugyny kabul etmek manysyndadyr.
 32. Olar Allanyň nuruny üfläp söndürmek isleýärler. Alla bolsa, kapyrlar halamasalar-da, Öz nuruny (Kurany we dini) has ýagtylandyrmakdan başga zada razy bolmaz.
33. Alla Öz ilçisini bütin dinlerden üstün etmek üçin, dogry ýol hem-de hak din bilen iberdi. Muny (Alla) şärik goşanlar halamasalar hem, şeýle eder!
 34. Eý‚ iman getirenler! Dogrusy, ahbarlaryň (ýahudylaryň) we ruhbanlaryň (nasranylaryň) köpüsi ynsanlaryň (mal- mülküni) haksyz ýollardan iýýärler hem-de (ynsanlary) Allanyň ýolundan daşlaşdyrýarlar. Altyn-kümüş ýygnap‚ olary Alla ýolunda sarp etmeýänlere bolsa elhenç bir azabyň garaşýandygy barada habar ber! Düşündiriş: Bu aýatyň birinji bölegi ähli- kitabyň alymlaryna degişli bolup, ikinji bölegi bolsa, baýlyk ýygnap, zekadyny bermeýänlere degişlidir.
35. Ýygnalan bu altyn-kümüşler dowzah odunda gyzdyrylyp‚ şolar bilen maňlaýlary‚ böwürleri we arkalary daglanjak gün olara: «Ine! Siziň (halkdan alyp) özüňiz üçin ýygnan hazynalaryňyz! Hany‚ şol ýygnanlaryňyzyň azabyny çekiň bakaly!» diýler.
 36. Hakykatda‚ Alla asmanlary we ýeri ýaradan gününde, Allanyň ýazgysyna görä, aýlaryň sany on iki bolup‚ olaryň dördüsi (söweşmek gadagan bolan) haram aýlardyr. Ine‚ bu dogry hasapdyr. Bu aýlarda (Allanyň goýan çäginden çykyp) özüňize zulum etmäň! Alla şärik goşanlar jem bolup, siziň bilen nähili söweşýän bolsalar, (bu aýlara hormat goýup, çekinip durmaň-da) sizem jem bolup, olar bilen gazaply söweşiň! Bilip goýuň‚ Alla (ylahy çäklere hormat goýup erbetliklerden saklanan) takwalar bilen biledir.
 37. Haram (hormatlanýan) aýlaryň ýerlerini üýtgetmek kapyrlaryň (betniýetli) hereketleridir. Şeýle etmek bilen, kapyrlar azaşýandyrlar! Allanyň bellän haram aýlaryna deň getirmek üçin şol aýlary bir ýyl halal‚ bir ýyl haram diýip kabul edýärler we Allanyň haram edenini halal (hökmünde) kabul edýärler. Olara bu erbet işleri gözel halda görkezildi. Alla kapyrlar kowumyny hergiz dogry ýola gönükdirmez.
38. Eý‚ iman getirenler! Size näme boldy? «Alla ýolunda söweşe çykyň!» diýip emir edilse, size agyr degýär. Ýa- da siz ahyretden ýüz öwrüp‚ dünýä ýaşaýşyna kaýyl bolduňyzmy? (Emma bilip goýuň) dünýä ýaşaýşynyň keýpi (lezzeti) ahyretiň ýanynda ujypsyz zatdyr! Düşündiriş: 630-njy ýylda musulmanlary ýok etmek üçin Wizantiýanyň goşun taýýarlaýandygy baradaky habary alan pygamberimiz olara garşy söweş yglan edýär. Ýöne mynapyklar Wizantiýa söweş yglan etmegiň dogry däldigi barada dowul ýaýradýarlar. Şol sebäpli, käbir musulmanlar munuň täsiri bilen, Tebuk diýen ýere çenli giden yslam goşunyna goşulmaýarlar. Aýatlarda bular beýan edilýär.
 39. Eger (baryňyz söweşe çykmasaňyz) Alla sizi aýylganç bir azaba duçar eder we siziň ýeriňize başga bir kowum getirer. Siz (söweşe çykmazlyk bilen) Onuň (dinine) sähelçe-de zyýan berip bilmersiňiz. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 40. Eger siz oňa (pygambere) kömek etmeseňiz (Allanyň öz oňa kömek eder). Kapyrlar ony Mekgeden çykaranlarynda, iki kişi bolup gowakda wagtlary ýoldaşyna: «Howsala düşme, Alla biziň bilen biledir» diýende, Alla oňa kömek bermändimi? Netijede, Alla onuň kalbyna arkaýynlyk (rahatlyk we ynam duýgusyny) inderdi hem-de ony siziň görmeýän goşunyňyz (perişdeler) bilen goldady, kapyrlaryň güýjüni bolsa, pese gaçyrdy. Allanyň sözi (dini) beýikdir. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. Düşündiriş: Bu aýatda «gowakdaky ýoldaşy» diýilmekden maksat hezreti Ebu Bekr Syddyk bolup, ol hezreti pygamber aleýhissalam Medinä göç eden mahaly Mekgäniň günortasyndaky Söwr gowagynda üç günläp bile bolupdyr we Medinä bilelikde gidipdirler.
 41. (Eý‚ möminler!) Siz aňsat ýa-da kyn (mümkinçiligiňiz az ýa-da köp) ýagdaýda, nähili bolsaňyz-da, hemmäňiz bilelikde söweşe çykyň! Alla ýolunda mal-mülkleriňiz we janlaryňyz bilen söweşiň! Biler bolsaňyz‚ bu siziň üçin iň haýyrlysydyr.
 42. Eger (gidiljek söweşde) aňsatlyk bilen olja aljakdyklaryny bilsediler‚ ýol hem ýakyn bolsady‚ olar (ikiýüzlüler) hökman saňa eýerip yzyňdan gelerdiler. Ýöne muşakgatly ýol olara örän daş göründi. Muňa garamazdan, olar: «Eger güýjümiz ýetsedi‚ hökman siziň bilen bilelikde söweşe çykardyk» diýip (ýalan) kasam hem ederler. Olar bu ýalançylyklary bilen diňe özlerini heläk ederler. Çünki Alla olaryň ýalançydyklaryny anyk bilýändir.
43. Alla seniň günäňi geçsin (geçdi)! Ýöne dogry sözlüler (hakyky musulmanlar) bilen mynapyklary aýyl-saýyl etmezden‚ nädip olara rugsat berdiň?
 44. Allany we ahyret gününi (imanlary bilen) tassyklanlar mal-mülkleri we janlary bilen söweşe goşulmajak bolup, senden rugsat soramazlar. Alla ol takwalary örän gowy bilýändir.
 45. Söweşe goşulmazlyga senden rugsat soraýanlar Alla we ahyrete iman getirmeýänler‚ kalplary şübheden doly‚ agyp-dönüp ýörenlerdir.
 46. Eger olar dogrudan hem söweşe çykmak islesediler‚ elbetde‚ munuň üçin taýýarlyk görerdiler. Alla olaryň göwünli-göwünsizdigini görüp‚ olara päsgel berdi we olara: «Öýde oturanlaryň ýanynda oturyň!» diýildi.
 47. Olar siziň bilen söweşe çykaýsa-da, zyýan etmekden başga bir peýdalary bolmazdy. Sizi duzaga düşürmek maksady bilen araňyza sokulyp‚ arabozarlyk ederdiler. Araňyzda olara gulak asanlar hem tapylardy. Alla zalymlary örän gowy bilýändir.
 48. Takyk, bular has öň hem pitne döretmek isläpdiler hem-de ençeme işleri tersine öwrüp‚ seni ýalňyşdyrmaga synanyşypdylar. Ýöne olar islemeseler- de‚ hakykat aýan boldy (Allanyň isläni boldy).
49. Olaryň aralaryndan käbiri: «Maňa rugsat ber‚ meni pitnä (söweşen garşydaşlarymyzyň aýal-gyzlaryna aldanmaga) düşürme!» diýer. Bilip goý‚ olaryň özleri pitnäniň içindedirler. Elbetde‚ dowzah kapyrlary ähli tarapyndan gurşap alar.
 50. Saňa gowulygyň gelmegi olary gynandyrar. Eger bir bela uçrasaň‚ akyl satan bolup: «Beýle boljagyny öňdenem bilýärdik‚ ätiýaçly hereket edenimiz gowy bolaýdy! (Biz has öň hemme zadyň hasabyny çykarypdyk. Siz hem öz ýagdaýyňyza serediň)!» diýip‚ keýpleri kök halatda‚ mes bolup‚ yzlaryna öwrülip giderler.
51. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Alla biz barada näme takdyr eden‚ (näme ýazan) bolsa‚ başymyza diňe şol geler. Hemaýatkärimiz (hem) Onuň Özüdir. Şonuň üçin möminler diňe Alla daýanyp‚ Oňa bil baglasynlar!».
 52. (Mynapyklara): «Biziň başymyza geler öýdüp garaşýan zadyňyz iki ýagşy zatdan (ýeňişden ýa-da şehit bolmakdan başga) näme bolup biler? Biz bolsa, Allanyň ýa Özi tarapyndan‚ ýa-da biziň elimiz bilen, sizi azaba duçar etmegine garaşýarys. Garaşyň bakaly‚ bizem garaşarys!
53. Alla ýolunda siziň göwünli-göwünsiz beren sadakalaryňyzyň hiç biri kabul bolmaz. Çünki siz (ýoldan çykan) pasyk kowumsyňyz» diýip aýt.
 54. Olaryň sadakalarynyň kabul edilmezliginiň ýeke-täk sebäbi olar Alla we Onuň ilçisine ynanmaýarlar. Namaza ýaltalyk bilen gelýärler, beren sadakalaryny-da (ýürekden däl-de) göwünsiz berýärler.
 55. Olaryň gazananlarynyň‚ çagalarynyň (köplügine) seniň gözüň gitmesin! Çünki Alla şolar sebäpli, bu dünýäde synaglaryny kynlaşdyrmagy, olaryň bolsa kapyr bolup jan bermeklerini isleýär.
 56. (Mynapyklar) Alla kasam edip‚ özleriniň sizdendiklerini öňe sürerler. Aslynda, olar sizden däldir. Takyk, olar (kapyrlaryň düşen ýagdaýlaryndan heder edýändikleri sebäpli) zähresi ýarylan kowumdyr.
57. Eger penalanjak bir ýer‚ girip boljak gowak‚ hatda başlaryny sokup biljek bir deşik tapsalar‚ şolbada şol tarapa ylgarlar.
 58. Olaryň käbiri seniň zekaty we sadakalary paýlaýşyňa dil ýetirýärler. Bu mal-mülklerde özlerine paý berilse‚ şat bolup‚ berilmese, derrew gaharlanyp öýkeleýärler.
 59. Eger olar Allanyň we Onuň ilçisiniň özlerine berenlerine razy bolup: «Alla biziň üçin ýeterlik (Hossardyr). Ol Öz pazly-keremi bilen ilçisi arkaly bize eçiler! (Biziň islegimiz diňe Allanyň razyçylygydyr)» diýip aýtsalardy, bu özleri üçin‚ elbetde‚ has gowy bolardy.
 60. Zekatlar diňe garyp-gasarlara‚ mätäçlere‚ zekat ýygnaýan gullukçylara‚ ýürekleri yslama ysnyşdyryljaklara‚ ýesirlikden we gul-gyrnaklykdan halas bolmak isleýänlere‚ bergidarlara‚ Allanyň ýolundakylara we (mätäçlik çekýän) ýolagçylara berilmelidir. (Zekaty paýlamakda şeýle çemeleşmek) Alla tarapyndan parz edildi. Alla ähli zady bilýändir‚ hikmet eýesidir.
 61. Olaryň (mynapyklaryň) käbirleri pygamberi ynjytmak üçin: «Ol (her kimiň aýdýan ýagşy we ýaman zatlaryna) gulak asýan ynanjaňyň biridir» diýýärler. Sen hem: «Hawa‚ şeýledir (emma mydama siziň bähbidiňize bolan ýagşy sözlere gulak asýandyr). Ol Alla ynanýar‚ möminlere ynam edýär. Ol siziň içiňizden iman getirenlere rahmetdir!» diýip aýt. Ine‚ şeýdip, Allanyň ilçisini ynjydanlar iň elhenç azaba sezewar bolarlar.
 62. Olar siziň ýanyňyza gelip‚ göwnüňizi awlamak üçin, Alla kasam ederler. Eger olar, hakykatdan hem mömin bolsalar‚ Allany we Onuň ilçisini razy etmelidirler.
 63. Henize çenli (pikirlenip)‚ kim Alla we Onuň ilçisine (garşy çykyp‚ duşmançylyk etse‚ oňa hökman ebedi dowzah odunyň bardygyny, munuň iň beýik horluk we iň uly masgaralykdygyny bilmedilermi?
 64. Mynapyklar kalplarynda gizlin saklaýan (erbet) niýetlerini habar berjek bir süräniň inderilmeginden gorkýarlar. Sen olara: «Siz ýaňsylaberiň! Alla şol çekinýän zadyňyzy äşgär eder» diýip aýt. Düşündiriş: Mynapyklar içki dünýälerini‚ hezreti pygamber aleýhissalam hem-de musulmanlar hakda gizlin saklaýan hakyky düşünjelerini aýan etjek wahynyň häli geler‚ şindi geler gorkusy bilen ýaşapdylar. Kuranyň Allanyň buýrugydygyna doly ynanmasalaram‚ Allanyň ilçisiniň ençeme gizlin ýagdaýlary ýüze çykarandygyna degişli ýeterlik tejribeleri bolansoň‚ bu gorky olardan aýrylmandyr.
 65. Eger olardan (bu ýaňsylamalarynyň sebäbini) sorasaň (eden günälerini gizläp): «(Çynlakaý bir zat gepleşmeýärdik) diňe söz oýnadyp‚ degişýärdik» diýerler. Sen hem olara: «Diýmek‚ siz Alla bilen‚ Onuň aýatlary we Onuň ilçisi bilen oýun eden bolýarsyňyzmy?» diýip aýt.
 66. «(Eý‚ mynapyklar!) Biderek ýere ötünç soramaň! Takyk, siz (çala) iman getireniňizden soň, kapyrdygyňyzy (äşgär) görkezdiňiz. Sizden käbiriňizi (toba edenleri) bagyşlasak hem‚ bir toparyňyzy (günäde keçjallyk) edenleriňizi jezalandyrarys».
67. Mynapyk erkekler bilen mynapyk aýallar bir synpdyrlar. Olar erbetligi ündeýärler‚ ýagşylyga böwet bolýarlar we özleri-de (Allanyň ýolunda haýyr- sahawat etmäge) örän gysgançdyrlar. Olar Allany unudyp, terk etdiler‚ Alla- da olary unutdy, terk etdi. Mynapyklar pasyklaryň hut özleridir.
68. Alla mynapyk erkeklere-de‚ mynapyk aýallara-da‚ bütin kapyrlara-da ebedi (galmak üçin) dowzah oduny wada berýär. Bu olara ýeterlikdir! Alla olary näletledi. Olara ebedi azap bardyr.
 69. (Eý‚ mynapyklar!) Siziň ýagdaýyňyz sizden öňki heläk bolan ymmatlaryň ahwalyna meňzeýär. Olar güýç babatynda sizden has kuwwatly‚ baýlyklary has artyk‚ perzentleri has köpdi. Olar, bu dünýädäki mümkinçiliklerine görä, keýpi-sapada ýaşamak islediler. Ine‚ sizden öňküler gurplaryna görä, nähili, keýpi-sapanyň yşkyna düşen bolsalar‚ siz hem gurbuňyzyň çäginde keýpi-sapa batgalygyna çümdüňiz. Olaryň (ähli) edenleri bu dünýäde-de‚ ahyretde-de puç bolar. Ine‚ olar zyýana galyp‚ heläkçilige uçranlardyr.
 70. Olara özlerinden öň gelip-geçen milletleriň başyna gelen ýagdaýlar hakdaky habar gelip ýetmedimi? Nuh kowumyndan‚ ad‚ semud we Ybraýym kowumlaryndan‚ Medýen halkyndan we şäherleri ýer bilen ýegsan edilen halklardan habarlary ýokmy? Olara pygamberleri äşgär deliller getirdi (emma olar ynanmadylar. Şoňa görä- de, Allanyň gazabyna duçar boldular). Emma olara Alla zulum etmedi‚ gaýta olar öz-özlerine zulum etdiler.
 71. Mömin erkekler bilen mömin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir.
72. Alla mömin erkeklere-de‚ mömin zenanlara-da ebedi galmak üçin hem-de içinde derýalar akýan jennetleri hem- de «Adn» jennetlerinde ajaýyp‚ gözel mekanlary wada berdi! Bulardan has gowusy bolsa Allanyň olardan razy bolmagydyr. Ine‚ bu (iň) uly üstünlikdir.
 73. Eý‚ pygamber! Kapyrlara we mynapyklara garşy (dürli ýollar bilen) söweş! Olara garşy ýowuz bol! Olaryň barjak ýerleri dowzahdyr. Ol nähili erbet ýerdir!
74. (Eý, Muhammet! Mynapyklar ol sözleri) aýtmandyklary barada Alla kasam edýärler. Emma takyk, olar küpür sözlerini aýtdylar we musulman bolanlaryndan soň kapyr boldular. Oňarmajak işlerine (pygamberi öldürmäge) hem baş goşdular. Allanyň we Onuň ilçisiniň öz pazly-keremi bilen möminleriň ýagdaýlarynyň gowulanandygyny görüp, olara (görip bolup) ar almaga synanyşdylar. Eger olar toba etseler‚ bu özlerine haýyrly bolar. Eger ýüz öwürseler‚ Alla olary bu dünýäde-de‚ ahyretde-de agyr bir azaba sezewar eder. Olara ýer ýüzünde ne bir hemaýatkär‚ ne bir hossar tapylar. Düşündiriş: Mynapyklaryň küpür sözleri mysal bererden kändir. Meselem‚ Tebuk ýörişinde hezreti pygamberiň düýelerinden biri ýitende‚ musulmanlar ony gözläp başlapdyrlar. Mynapyklar içini güldürip: «Bu adamyň pygamberligine serediň! Özi asmandan habar alýar‚ ýöne düýesiniň nirdedigini bilenok!» diýşipdirler. Başga bir tarapdan hezreti pygamberiň goşunynyň Wizantiýa tarapyndan derbi-dagyn ediljekdigine ykjam ynanyp‚ Abdylla ibn Ubeýi Medinä hökümdar bellemäge taýýarlanyp başlapdylar.
 75. Olaryň käbirleri Alla: «Eger Alla bize bereketinden berse‚ biz hökman zekat hem-de sadaka bereris, elbetde‚ ýagşy ynsanlar bolarys» diýip söz beripdiler.
 76. Emma Alla olara bereketinden baýlyk beren wagty‚ husytlyk edip‚ (mal-mülküň zekatyny bermediler). Bolmanda-da, olar (hakdan) ýüz öwrüp, kümsüklik edip ýörerdiler.
 77. (Sadaka bereris, ýagşy ynsanlar bolarys) diýip, Alla beren sözlerinden dänendikleri we (iman getirdik diýip) ýalan sözländikleri sebäpli, (Alla olaryň) kalplaryna kyýamat gününe çenli dowam etjek bir ikiýüzlülik saldy.
 78. Olar (mynapyklar) Allanyň olaryň sözlerini-de‚ pyşyrdylaryny- da eşidýändigini‚ üstesine, Allanyň ähli gaýyplary-da anyk bilýändigini bilmedilermi?
 79. Möminlerden parz zekatyndan başga göwnünden çykaryp sadaka berenleriň‚ şeýle hem gara zähmeti bilen gazananyndan, zekat parz bolmasa- da, sadaka beren möminleriň üstünden gülenler, ine‚ Alla olaryň özlerini gülkünç ýagdaýa getirip‚ masgara edendir we olara diýseň elhenç bir azap garaşýandyr. Düşündiriş: Mynapyklaryň örän ýaramaz kişilerdigi aýatda juda äşgär beýan edilýär. Özleri baý bolsalar-da‚ halka zat bermeýärdiler. Elinden geldigiçe köp berenlere bolsa «Özlerini görkezmek üçin edýärler» diýip günäkärleýärdiler. Garyp bolandyklary üçin az berenlere bolsa: «Bulara serediň! Wizantiýa imperatorlygynyň galalary bularyň sadakalary bilen weýran ediljekmiş!» diýip ýaňsylaýardylar.
 80. Sen olar üçin, isle, Alladan günälerini geçmegini dileg et‚ isle, dileg etme! Ýetmiş gezek gaýtalasaň-da (hernäçe ýalkaw dileseň-de), Alla olary bagyşlamaz. Hawa‚ şeýle! Çünki olar Allany we Onuň ilçisini ykrar etmän‚ garşy çykdylar. Alla-da bular ýaly pasyklar toparyny dogry ýola salmaz.
81. Söweşe çykman‚ Allanyň ilçisinden aýrylyp yzda galanlar bu boluşlaryna hezil edip begenipdiler. Allanyň ýolunda mal-mülkleri we jan-tenleri bilen söweş etmek islemän: «Bu gyzgyn howada ýörişe çykylarmy?!» diýdiler. Sen olara: «Dowzah ody mundan hem howurlydyr! (Oňa nädip çydarkaňyz)?» diýip aýt. Käşgä, muňa göz ýetirip, pikirlensediler?
 82. (Goý, olar)‚ gazanan günäleri sebäpli, (bu dünýäde) biraz gülsünler, (soň ahyretde) onuň jezasyna köp aglasynlar!
 83. Eger Alla seni bu ýörişden (Tebukden) sag-aman (yzyňa) dolandyrsa‚ sen hem olardan bir topara duşsaň (we olar başga bir söweşe bilelikde gitmek üçin) senden rugsat sorasalar‚ sen olara aýt: «Meniň bilen bilelikde hiç haçan ýörişe çykmarsyňyz‚ meniň ýanymda duşmana garşy söweşmersiňiz! Näme üçin öňki gezek söweşden galdyňyz‚ indi hem yzda galanlar (aýal‚ oglan-uşak) bilen oturyberiň!».
84. Olardan ölenleriniň jynaza namazyny okama‚ (haýyr-doga etmek üçin) olaryň mazarynyň başynda-da durma! Çünki olar Allany we Onuň ilçisini tassyk etmediler hem-de ýoldan azaşan pasyklar hökmünde heläk boldular.
 85. Olaryň gazananlarynyň‚ çagalarynyň (köplügine) seniň gözüň gitmesin! Çünki Alla şolar sebäpli, bu dünýäde synaglaryny kynlaşdyrmagy, olaryň bolsa kapyr bolup jan bermeklerini isleýär.
 86. «Alla iman getiriň we Onuň ilçisi bilen birlikde söweşe gidiň» diýip‚ bir süre inen wagty‚ olardan baý we gurply kişiler ýörişe gitmejek bolup, senden rugsat sorap: «Bizi goýup git‚ biz yzda galýanlar (aýallarymyz we çaga-çugalar) bilen bolaly» diýerler.
 87. Şeýdip, söweşden yza galanlar (aýallar we çaga-çugalar) bilen birlikde galmaga razy boldular. (Olaryň) kalplaryna möhür basylandyr, (olar söweşiň hikmetini‚ Allanyň ilçisine boýun egmekdäki bagtyýarlygy) duýmazlar
. 88. Ýöne pygamber we onuň bilen bilelikde ýanyndaky möminler mal- mülkleri hem-de jan-tenleri bilen söweş etdiler. Haýryň ähli görnüşi olaryňkydyr. Salamata ýetenler (halas bolanlar) hem şolardyr!
 89. Alla olara aşagyndan derýalar akýan jennetler taýýarlady. Olar şol ýerde hemişelik galarlar. Ine‚ bu (iň) uly üstünlikdir!
90. Çarwalar (bedewiler) söweşe gidip bilmeýändiklerine sebäp (bahana) getirdiler we özlerine rugsat soradylar. Alla we Onuň ilçisine ýalan sözlänler bolsa (rugsat soramazdan) oturdylar (söweşden galdylar). Olardan kapyr bolanlar diýseň elhenç bir azaba sezewar bolarlar. Düşündiriş: Çarwalar (bedewiler) diýlip çölde ýaşaýan‚ göçüp-gonup ýören sähraýy araplar göz öňünde tutulýar. Her bedewi-çarwa beýle bolmasa-da‚ olar umuman ýaşaýan çöl şertleri bilen bagly gödek we gazaply häsiýetli bolýarlar. Şeýle bolansoň‚ olaryň küpüri we ikiýüzlüligi-de agdyklyk edýändir.
 91. Eger (mynapyk bolman) Alla we Onuň ilçisine ýürekden iman getirip, nesihat etseler, olara (söweşden galandyklary üçin) günä bolmaz. (Çünki olar yzda galmak bilen ýurtlaryna haýry degjek kişilerdir). Ýagşylyk edenlere bolsa käýinç ýokdur. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 92. Özleri üçin müner ýaly bir zat isläp, seniň ýanyňa gelenlerinde: «Size müner ýaly bir zat tapmaýaryn» diýen wagtyň‚ (zerurlyklaryny üpjün etmäge ýagdaý bolmansoň) gynanjyna gözýaşlaryny döke-döke yza gaýdanlary-da ýazgarmak dogry däldir.
 93. Aýyplamak gerek bolsa‚ baý we gurpludyklaryna garamazdan‚ söweşe goşulmazlyk üçin (senden rugsat soranlar) bahana tapanlar aýyplanmalydyr. Ine‚ olar (aýallardyr çagalar bilen) yzda galmaga razy boldular. Alla-da olaryň kalplaryna möhür urdy. Indi olar hakykaty bilmezler.
 94. Söweşden yza gaýdyp‚ olar bilen duşuşsaň, söweşe gitmändikleriniň bahanalaryny (uzurlaryny) aýdarlar. Sen aýt: «Biderek ötünç soramaň‚ size ynanmaýarys. Çünki Alla bizi siziň ahwallaryňyzdan habarly etdi. Mundan beýlägem etjek her bir zadyňyzy Alla- da, ilçisi-de görüp‚ netije çykarar. Soň gizlini-de, äşgäri-de bilýäniň (Allanyň) huzuryna eltilersiňiz. Ol bütin edenleriňizi birin-birin öňüňizde goýar».
 95. Söweşden dolanyp‚ olaryň ýanlaryna baran wagtyňyz, özlerini bagyşlamagyňyz üçin Allanyň ady bilen kasam ederler. Siz olardan ýüz öwrüň! (Olardan hasap soramaň!) Çünki olar şeýle murdar kişilerdir (hasap soramak‚ käýemek bilen ýola gelmezler). Edip ýören günäleri sebäpli olaryň mekany dowzah bolar.
 96. Sizi razy etmek üçin Allanyň ady bilen kasam edýärler. Ýöne bilip goýuň‚ siz olardan razy bolsaňyz-da‚ (ýoldan çykan) ol pasyklardan Alla hiç haçan razy bolmaz.
97. Çarwalar inkär etmekde (kapyrlykda) we mynapyklykda has beterdir. Allanyň ilçisine inderen hökümlerini kabul etmezlige has ýakyndyr. Alla (ähli zady) bilýändir‚ hikmet eýesidir.
98. Käbir çarwalar Allanyň ýolunda haýyr-sahawat etmegi boş we ýitgi hasaplaýarlar‚ mundan gutulmak üçin siziň başyňyza dürli bela-beterleriň gelmegine garaşarlar. Bela-beterler öz başlaryndan insin! Alla ähli zady eşidýändir, bilýändir.
99. Käbir çarwalar Alla we ahyret gününe ynanýarlar. Allanyň ýolunda sarp etmegi Alla ýakyn bolmaga we ilçisiniň alkyşlaryny almaga sebäp hasaplaýarlar. Ýagşy bilip goýuň‚ elbetde, bu olar üçin Alla ýakynlaşmaga sebäpdir. Alla olary rahmet diýary bolan jennete ýerleşdirer. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr‚ Rehim- şepagatlydyr.
 100. (Yslamy kabul etmekde) ilkinjileriň hatarynda öňe saýlanan muhajyrlardan we ensarlardan hem-de gowulyk bilen olaryň yzyna eýerenlerden Alla razy‚ olar-da Alladan razy bolarlar. Alla olara içlerinden derýalar akýan jennetleri taýýarlady. Olar ol ýerlerde ebedi galarlar. Ine‚ bu (iň) uly üstünlikdir!
 101. Töwerekdäki çarwalardan we Medine halkyndan şeýle bir mynapyklar bardyr welin, olar ikiýüzlülikde ussat bolup gidendirler. Juda mekir hereket edendikleri üçin sen bilmersiň‚ emma Biz olary örän gowy tanaýarys. Biz olara iki esse jeza bereris. Soň hem elhenç bir azaba sezewar ederis.
 102. Olaryň başga bir bölegi bolsa, günälerini boýun aldylar. Erbet amaly ýagşa çalyşdylar. Belki‚ Alla olaryň tobalaryny kabul eder. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr‚ Rehim-şepagatlydyr.
 103. Olaryň baýlygyndan zekat al‚ belki‚ munuň bilen olary (günäden) tämizläp arassalarsyň. Olar üçin doga-dileg et! Çünki seniň olar üçin edýän doga-dilegiň olara uly bir rahatlykdyr. Alla ähli zady eşidýändir‚ bilýändir.
104. Olar Allanyň Öz bendeleriniň tobalaryny‚ zekatlaryny we sadakalaryny kabul edýändigini, diňe Allanyň Özüniň çyn tobalary kabul edýändigini we Rehim- şepagatlydygyny bilmedilermikä?!
 105. Hem-de olara: «Işläň, (nähili iş etseňiz ediň) edenleriňizi Alla‚ Onuň ilçisi we möminler görerler. Soň gizlini we äşgäri anyk bilýän Allanyň huzuryna çykarsyňyz. Ol eden her zadyňyzy öňüňize goýup‚ (hakyňyzy berer)» diýip aýt.
 106. (Ýörişe goşulmadyk) käbir kişileriň ykbaly Allanyň emrine baglydyr. Alla islese, olara jeza berer‚ islese, merhemet eder. Alla (ähli zady) bilýändir‚ hikmet eýesidir.
107. Olar (mynapyklar) möminlere zyýan bermek‚ küpüri ýaýratmak‚ möminleriň arasynda agzalalygy ornaşdyrmak hem-de öň Alla we Onuň ilçisine garşy çykan adamlary getirmek üçin bir metjit gurdular. Soň olar: «Bu metjidi diňe ýagşylyk üçin gurduk» diýip kasam ederler. Bularyň baryp ýatan ýalançydygyna Alla şaýatdyr. Düşündiriş: Bu garşy çykan kişi Medinedäki araplaryň hazraj tiresinden Ebu Amyrdyr. Hezreti pygamberiň Medinä barmazyndan öň ol bir nasrany ruhanysydy. Pygamberimizi özüne bäsdeş hasaplap, oňa duşman boldy. Yslamyň garşysyna hereket etdi. Ol yslamyň güýçlenmeginiň öňüni alyp bilmänsoň‚ ahyry, çäre hökmünde, Wizantiýa imperatorlygyny herekete getirmäge çalyşdy. Tebuk ýörişine sebäp bolan Wizantiýanyň söweş taýýarlygy bolupdy. Medineli mynapyklar Ebu Amyr bilen bile hereket edýärdiler. Olar Ebu Amyr bilen, bir merkez hökmünde ulanmak üçin, bir metjit gurmak barada ylalaşdylar. Aslynda, Medinede metjide zerurlyk ýokdy. Zerurlyk bar diýlip gurlan metjitde ilkinji namazy okap bermegini hezreti pygamberden haýyş etdiler. Tebuk ýörişine taýýarlanýandyklary sebäpli‚ hezreti pygamber wagtynyň ýokdugyny aýdypdyr. Olar metjidi erbet işler üçin ulanmaga başladylar. Tebukdan dönenden soň‚ pygamberimiz ol metjidi ýykdyrypdyr.
 108. Ol metjitde hiç wagt namaz okama! Başda düýbi takwalyk esasynda gurlan (Kuba) metjidinde namaza durmagyň has ýerlikli bolar. Ol ýerde (maddy we ruhy) hapaçylyklardan päklenmegi söýýän kişiler bardyr. Alla päk bolanlary söýer.
 109. Eýsem‚ Alla garşy çykmakdan çekinmek (takwalyk) we Onuň razyçylygyny almak üçin binasynyň düýbi tutulan (metjit) haýyrlymy ýa-da jaýyny ýykyljak bolup duran kert gaýa daşynyň gyrasynda gurup‚ onuň bilen birlikde dowzaha togalananmy? Alla zalymlar toparyna dogry ýoly salgy bermez (arzuwlaryna gowuşdyrmaz).
 110. Guran binalary (dünýäden agýdyp), tä kalplary bölünýänçä ýüreklerine elmydama bir gümana (sebäp) bolar. Alla ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir.
 111. Möminler Allanyň ýolunda söweşip, jan alarlar we jan bererler. Alla olaryň bu amalyna derek olaryň janlaryny we gazananlaryny jenneti berip satyn aldy. Munuň şeýle boljakdygy Töwratda-da‚ Injilde-de‚ Kuranda-da hak (we hikmet) bilen anyk wada berlendir. Beren sözüne Alladan has wepaly kim bolup biler? Siz eden bu söwdaňyzdan bagtyýar boluň! Eý‚ möminler! Buşluk! Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!
112. Toba edýänler‚ ybadat edýänler‚ hamdy-sena aýdýanlar‚ Allanyň razyçylygy üçin ýöriş edýänler‚ rukuga egilýänler‚ sežde edýänler‚ ýagşylyklary ýaýradýanlar‚ erbetligiň öňüni alýanlar we Allanyň emirlerini hem-de gadagançylyk serhetlerini goraýanlardyr, ine‚ şol möminleri (jennet bilen) söýünjile!
113. Pygambere we möminlere, eger (Alla) şärik goşanlar garyndaşlary hem bolsalar, (kapyr bolup ölüp) döwzahylardygy mälim bolandan soň, olaryň günäsiniň geçilmegini dilemek ýaraşmaz.
 114. Ybraýymyň öz atasy üçin günäsiniň geçilmegini dilemegi bolsa diňe oňa beren wadasyny ýerine ýetirmek üçindir. Ýöne onuň (kakasynyň) Allanyň duşmanydygy özüne belli bolanda‚ ondan bütinleý dändi, ýüz öwürdi. Takyk, Ybraýym örän ýumşak häsiýetli we örän sabyrlydy.
115. Alla bir kowumy dogry ýola ýetirenden soň‚ nämelerden gaça durmalydyklaryny özlerine bildirýänçä, olary azaşdyrmaz. Elbetde‚ Alla ähli zady bilýändir.
116. Asmanlaryň we ýeriň hökümdarlygy Allanyňkydyr. Direldýänem, jan alýanam Onuň Özüdir. Siziň Alladan başga ne hakyky hossaryňyz‚ ne-de dost-ýaryňyz bardyr.
 117. Söweşe gitmek islemeýänlere rugsat berendigi üçin, Allanyň pygamberi bagyşlaýşy ýaly‚ pygambere tabyn bolan muhajyrlar bilen ensarlaryň söweş wagty ikigöwünli‚ gowşak hereket etmekleri sebäpli, eden tobalaryny hem kabul etdi. Çünki Ol Mähirlidir‚ Rehim- şepagatlydyr. Düşündiriş: Pygamberimiz Tebuk ýörişine çykan mahaly, mynapyklar gelip‚ ýalandan maýyp- müjrüpdiklerini beýan edip‚ rugsat soraýarlar. Ol hem olara rugsat berýär. Bu babatda 43-nji aýat inýär we Allatagala pygambere duýduryş berýär. Mynapyklaryň wagyzlaryna aldanan käbir musulmanlaryň-da kalbyna iňkis aralaşýar. Ýöne soň olar toba edýärler.
118. Söweşden yza galan (we özleri 207 barada höküm bermeklik gijä goýlan) ol üç kişiniň tobalaryny Alla kabul etdi. Çünki olar şeýle agyr ýagdaýa düşüp‚ giň dünýä olara dar göründi. Wyždanlary hem özlerine azap berdi. Netijede, Allanyň jezasyndan halas bolmak üçin Allanyň gapysyndan başga baryljak ýeriň ýoklugyna düşündiler‚ diňe şondan soň, öňki ýagşy ýagdaýlaryna gaýdyp barsynlar diýip‚ Alla olaryň tobalaryny kabul etdi. Takyk, Alla tobalary kabul edýändir‚ Rehim-şepagatlydyr. Düşündiriş: Ol üç kişi hakyky musulmanlar bolan Kagb ibn Mälik‚ Hilal ibn Umeýýe we Murara ibn Rabyg atly sahabalardy. Hakyky musulman bolan bu üç kişini hezreti pygamber kabul etmedi‚ musulmanlara bolsa olar bilen gepleşmegi gadagan etdi. Olar elli gün dowam eden‚ özlerine bolsa elli müň ýyl ýaly bolan ägirt uly synagy başdan geçirdiler. Wepadarlygyny tassyklanlaryndan soň‚ Alla-da olaryň tobalaryny kabul etdi.
 119. Eý‚ iman getirenler! Allanyň emirlerine garşy gelmekden gorkuň we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde boluň!
 120. Ne Medine halkynyň‚ ne-de töweregindäki çarwalaryň Allanyň ilçisinden yza (söweşden) galmaklary we oňa sarpa goýmagyň deregine, öz janlaryny halas etmegiň derdinde bolmaklary kabul edilerlik zat däldir. Olaryň Alla ýolunda duş geljek teşneligi‚ ýadawlygy‚ açlygy‚ kapyrlary gama batyrjak şekilde bir ýerini basyp almagy‚ duşmana garşy ýeňiş gazanmaklary‚ elbetde‚ olara salyh amal bolup gaýdyp geler hem-de sogap gazandyrar. Çünki Alla ýagşy işleri edenleriň sylagyny boş goýmaz.
 121. Olaryň Allanyň ýolunda, uly bolsun‚ kiçi bolsun, eden her bir çykdajylary hem-de geçen her bir jülgeleri hökman olaryň peýdasyna sogap hökmünde ýazylar. Alla olary iň gözel hem ajaýyp görnüşde sylaglar.
 122. Şeýle hem möminleriň hemmesiniň söweşe (ýörişe) çykmaklary şert däldir. Sebäbi ilatyň uly bölegi söweşe çykan wagty, onuň bir bölegi-de dini ylymlary‚ hökümleri düýpli öwrenmek üçin çalyşsynlar. (Söweşe çykanlar) gaýdyp gelenlerinde, olar (ylym öwrenenler söweşden dolanyp gelenlere öwrenen dini ylymlaryny öwretsinler) erbetliklerden saklap duýduryş bermek bilen meşgul bolsunlar. Düşündiriş: Bu aýatda dini ýagşy öwrenmegiň näderejede zerurdygy ýüze çykarylýar. Çünki bu dünýäniň we ahyretiň bagtyýarlygy, Allanyň dogry ýolunyň‚ halas ediş ýörelgeleriniň we ölçegleriniň özeni yslamyň dogry bilinmegi bilen baglydyr.
 123. Eý‚ iman getirenler! Siz (özüňize) 208 ýakyn bolan kapyrlar bilen söweşiň‚ (goý) olar sizde (uly) güýjüň bardygyny görsünler. Bilip goýuň‚ Alla takwalar bilen biledir.
 124. (Täze) bir süre inderilende, olaryň käbiri: «Eýsem‚ bu (inen zat siziň haýsyňyzyň imanynyňyzy artdyrdy?» diýýärler. Emma bu inen (wahyý) iman getirenleriň imanyny artdyrar we olar (begenişip birek-birege) söýünjilärler.
125. (Ýöne bu) kalplarynda (küpür we ikiýüzlilik) hassalygy bolanlaryň inkärlerini has-da artdyrdylar. Olar hem kapyr bolup öldüler.
 126. Eýsem, olar her ýyl bir ýa iki gezek synagdan geçýändiklerini görmeýärlermi? Soň olar toba hem etmeýärler, mundan ybrat hem almaýarlar.
 127. (Öz zyýanlaryna) bir süre inderilse, (göz gypyşyp‚ oýun edişip) birek-birege seredişýärler‚ (soň bolsa): «Bizi görýän barmyka?» diýşip‚ (daş-töwerege heder edip garaýarlar‚ gören bolmasa derrew ýok bolup) gidýärler. Olar pikirlenmeýän kowum bolandyklary üçin, Alla hem olary imandan daşlaşdyrar. Düşündiriş: Hezreti pygamber inderilen täze aýatlary hutba görnüşinde möminlere okap berer eken. Mynapyklar zoraýakdan bu söhbete goşulandyklary üçin bimaza bolýardylar‚ gelendiklerini bildirensoňlar, bir ugur tapyp gitmegiň ýollaryny gözleýärdiler. Öňlerine gelen bu döwletliligiň‚ bu ajaýyp bereket çeşmesiniň gadryny bilmeýändikleri sebäpli‚ Alla-da olary dogry ýolundan mahrum edýär.
 128. Takyk, size öz içiňizden şeýle bir pygamber (Muhammet) geldi. Siziň kynçylyga duçar bolmagyňyz oňa agyr degýär. (Siziň iman getirmegiňizi çyn ýürekden isleýär). Çünki ol möminler üçin Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr.
 129. (Eý‚ Muhammet!) Olar (mynapyklar) gulak asman senden ýüz öwürseler‚ sen hem olara: «Alla maňa ýeterlik (hemaýatkärdir). Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Men diňe Oňa bil bagladym. Çünki ol beýik Arşyň eýesidir» diýip aýt.