1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de pygamberlik hem-de ylym berdik. Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary eden Bizdik.

Başy » Sözbaşy » 54-nji süre: «Kamar» («Aý»)

«Kamar» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 55 aýatdan ybaratdyr. «Kamar» sözüniň manysy «Aý» diýmek bolup, ol süräniň ilkinji aýatynda aýdylýandygy üçin bu at berlipdir. Bu sürede öňki pygamberleriň dini ýaýradyş usullary, Kuranyň çagyryşynyň ahyrky netijede Alla şärik goşýanlary ýeňjekdigi, şeýle-de Aýyň ikä bölünjekdigi aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Kyýamat) sagady ýakynlaşdy, Aý (ikä) bölündi. Düşündiriş: Pygamberimiziň mugjyzasy bilen, Medinä göçülmezden bäş ýyl öň Mekgäniň golaýynda Aý ikä bölünýär, soň ýene birleşýär.
 2. Olar (şärik goşanlar) bir mugjyza görseler, ýüz öwrüp: «Bu (öňden bäri) dowam edip gelýän jadydyr» diýerler.
 3. (Olar hakykaty) ýalan hasapladylar we öz arzuw-isleglerine uýdular. (Emma) her bir iş (ýaly pygamberlik hem ýer ýüzünde) karar tapar.
 4. Kasam bolsun! Olara (inkärlerine) päsgel boljak (ençeme) habarlar geldi.
 5. (Bu Kuran maksadyna) ýeten hikmetdir. Emma (ýüz öwrene) duýduryşlar peýda bermez?!
 6. Bes, sen hem olardan ýüz öwür! Ol gün (gelende) çagyryjy (olary) bilinmeýän (howply) bir zada (magşar meýdanyna) çagyrar.
 7. Olaryň gözleri gorkudan (utançdan) ýaňa (aşak bakyp), çar tarapa ýaýran çekirtgeler ýaly (bölek-bölek) bolup mazarlaryndan çykarlar.
8. Kapyrlar çagyryja tarap (ylgap baryşlaryna): «Bu gaty ýowuz gün» diýerler.
 9. Olardan öň Nuh kowumy hem (pygamberi) ýalan hasaplady. Bes, (olar) ony ýalançy hasaplap: «Bu bir däli» diýdiler we (dinini ýaýmagyna päsgel bolup) ony ynjytdylar.
10. Ol (hem) Perwerdigärini çagyryp: «(Eý, Perwerdigärim!) Takyk, men ýeňildim, maňa kömek et» diýdi.
 11. Biz çabga (kimin ýagýan) suw (bulut) bilen asmanyň gapylaryny açdyk.
 12. Ýerden hem çeşmeler çogdurdyk. Bes, (asman we ýer) suwlary ýazgyt edilen (ol işiň amala aşmagy üçin birleşdiler.
13. Biz ony (Nuhy) tagtalardan hem- de çüýlenip (berçinlenip) ýasalan gämä mündürdik.
 14. (Pygamberligi) inkär edilen (Nuha) sylag edilip (berlen) gämi Biziň gözegçiligimizde ýüzüp gidýärdi.
 15. Kasam bolsun! Biz ybrat (bolsun diýip), ol (tupan hadysasyny) yzda goýduk. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy?
 16. (Olar) meniň azabymyň we duýduryşlarymyň nähilidigini (gördüler)!
 17. Kasam bolsun! Biz, ybrat üçin Kurany ýeňilleşdirdik. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy? Düşündiriş: Bu ýerde Kurany okamak we ýat tutmak isleýän adam üçin onuň sözleriniň, oňa düşünmek isleýänler üçin manylarynyň ýeňilleşdirilendigi aýdylýar.
 18. Ad (kowumy hem Hudy) ýalan hasapladylar. (Olar) meniň azabymyň we duýduryşlarymyň nähilidigini (gördüler)!
 19. Biz olaryň üstüne şol mydamalyk betbagtly günde (aýylganç) ses edýän apatly bir (sowuk) ýel iberdik.
 20. Ol (ýel) ynsanlary (köki bilen) sogrulan (içi boş) hurma töňňeleri ýaly ýere zyňyp goýberýärdi.
 21. (Olar) meniň azabymyň we duýduryşlarymyň nähilidigini (gördüler)!
 22. Kasam bolsun! Biz, ybrat üçin Kurany ýeňilleşdirdik. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy?
 23. Semud kowumy hem duýduryjy (pygamberleri) ýalan hasaplap:
24. «Biz özümizden (bolan) bir adama uýalymy? Takyk, (beýle etsek) biz azarys we tentek bolarys.
 25. Bu kitap biziň aramyzdan oňa berildimi (ony tapdymy)? Ýok, ol gadyr bilmez bir ýalançydyr» diýdiler.
 26. (Biz Salyha): «Ertir (kyýamatda) kimiň gadyr bilmez ýalançydygyny görerler!
 27. Takyk, Biz olara pitne (synag) bolmagy üçin bir inen düýe iberdik. Sen olary synla we (ezýetlerine) sabyr et!» (diýdik).
 28. Sen olara suwuň özaralarynda nobatlydygyny, her kimiň (öz nobatynda) gelip, (suwy bir gün olar ulanyp, bir gün bolsa düýe suw içmelidigini) habar ber.
 29. Olar (kowumyň iň azgyny bolan) dostlaryny çagyrdylar. Ol hem muňa batyrgaýlanyp (pyçagyny çykaryp), düýäniň damagyny çaldy.
 30. (Olar) meniň azabymyň we duýduryşlarymyň nähilidigini (gördüler)!
 31. Biz olara (aýylganç) bir ses iberdik. Bes, olar agyldaky (mallaryň çeýnäp taşlan) guran ot-çöp ýaly boldular.
 32. Kasam bolsun! Biz, ybrat üçin Kurany ýeňilleşdirdik. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy?!
 33. Lut kowumy hem duýduryşlary ýalan hasapladylar.
 34, 35. Biz hem Lutuň maşgalasyndan galan hemmesiniň üstüne daş ýagdyrýan bir tüweleý iberdik. Olary (Lutuň maşgalasyny) bolsa özümizden bir nygmat (rehmet) hökmünde, säher wagty halas etdik. Ine, Biz şükür edenleri şeýdip sylaglaýarys.
 36. Kasam bolsun! (Lut olara) Biziň tutjak azabymyzy duýdurypdy. Emma olar bu duýduryşlary pisinde almadylar.
 37. Olar (Lutuň) myhmanlaryna bozgaklyk etmek islediler. Biz hem olaryň gözlerini doly kör etdik. (Olara): «Meniň azabymyň we duýduryşlarymyň (nähilidigini) dadyň!» (diýdik).
 38. Kasam bolsun! (Bir gün) säher bilen olaryň üstüne çöküji bir azap geldi.
 39. (Olara): «Meniň azabymyň we duýduryşlarymyň (nähilidigini) dadyň!» (diýdik).
 40. Kasam bolsun! Biz, ybrat üçin Kurany ýeňilleşdirdik. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy?!
 41. Kasam bolsun! Fyrgawnyň maşgalasyna hem duýduryjylar (pygamberler) geldi.
 42. (Emma olar) Biziň aýatlarymyzyň (mugjyzalarymyzyň) hemmesini ýalan hasapladylar. Biz hem olara güýç- kuwwatymyza mynasyp bolan jeza berdik.
 43. (Eý, mekgeliler! Hany, aýdyň), siziň kapyrlaryňyz olardan has haýyrlymy (güýçlümi)? Ýa-da ylahy kitaplarda siziň (ahyretde halas boljakdygyňyz barada) el degrilmesizlik (hatyňyz) barmy?
 44. Ýa-da olar (özlerine): «Biz Alladan kömek görjek bir jemagat (millet)!» diýýärlermi?
 45. (Şuny anyk bilsinler!) Tiz wagtda olaryň jemagaty (güýçleri) derbi- dagyn ediler we (olar) yzlaryna öwrülip gaçarlar.
 46. Dogrusy, (olara) wada berlen (kyýamat) sagady (beýan edip bolmajak derejede) aýylganç we elhenç sagatdyr.
 47. Takyk, günäkärler azgynçylygyň we oduň (azabyň) içindedirler.
 48. Otda (dowzahda) ýüzin süýreniljek günleri (olara): «Dowzahyň (azabynyň nähili bolup) degýändigini dadyň!» (diýler).
 49. Takyk, Biz ähli zady bir ölçege görä ýaratdyk.
 50. Biziň emrimiz göz gyrpmasy (salym) ýaly diňe bir gezek («Bol!» diýmekden ybaratdyr).
 51. Kasam bolsun! Biz siziň ýaly (ençeleri) heläk etdik. (Eýsem) hany, öwüt (ybrat) alýan barmy?
 52. Olaryň eden ähli zatlary (amal) depderlerde (ýazylandyr).
 53. Kiçi-uly hemmesi setirme-setir ýazylandyr.
 54. Takyk, takwalar jennetlerde we derýalaryň (kenaryndadyr).
 55. Olar güýçli Hökümdaryň ýanyndaky hak mejlisindedirler.