1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

13.37. Ine, şeýdip, Biz ony (Kurany) arap dilinde hikmetli höküm edip inderdik. Eger sen özüňe gelen (bu) ylymdan soň, olaryň haýy-höweslerine eýerseň, (bilip goýgun) seni Alladan (gorajak) ýardamçy hem ýokdur, goragçy hem ýokdur.

Başy » Sözbaşy » 71-nji süre: Nuh

«Nuh» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 28 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede Nuh pygamber barada gürrüň edilýändigi üçin, süre bu at bilen atlandyrylypdyr. Sürede Nuh pygamberiň öz kowumyny dogry ýola çagyrandan soň, olaryň köpüsiniň hakykatdan ýüz öwürmegi netijesinde heläk edilendigi we onuň haka ynanan möminler üçin eden dilegi beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Biz Nuhy: «Ýowuz azap başlaryna gelmezden öň kowumyňy habardar et!» diýip, öz kowumyna (pygamber edip) iberdik.
 2. Ol (Nuh): «Eý, kowumym! Men size (Perwerdigäriňiz tarapyndan) iberilen äşgär bir duýduryjydyryn.
 3. Siz (diňe) Alla ybadat ediň, Ondan gorkuň we maňa tabyn boluň!
 4. Şeýtseňiz, Alla siziň käbir günäleriňizi geçer we size (geljek azaby) belli bir wagta (ölüm pursatyna) çenli gijikdirer. Takyk, Allanyň takdyr eden ajaly (wagty) geleninden soň, gijikdirilmez. Siz (käşgä), muny bilsediňiz» diýdi.
 5. (Nuh): «Eý, Perwerdigärim! Men kowumymy gije-gündiz (Hak ýola) çagyrdym.
 6. Emma meniň çagyryşym olaryň daşlaşmaklaryny (has-da) artdyrdy.
7. Takyk, men olary Seniň ýalkawyňa çagyran mahalym, olar barmaklary bilen gulaklaryny ýapdylar we lybaslaryna bürendiler. (Haka garşy çykmakda) kejirlik etdiler we tekepbirlik edip ulumsy boldular.
 8. Soň men olary aç-açan çagyrmaga başladym.
 9. Soň olary (çagyryşymy kä) äşgär aýtdym, (kä) gizlin aýtdym» diýdi.
 10. Men (olara şeýle) diýdim: «Perwerdigäriňizden ýalkaw diläň! Takyk, Ol köp Bagyşlaýjydyr!
 11. (Şonda) Ol asmandan size bol edip ýagyş (bereket) ýagdyrar.
 12. Siziň mal-mülküňizi we perzentleriňizi köpelder, size bag- bakjalar, derýalar (akdyryp) berer.
 13. Siz näme üçin Alla üçin beýikligi ýaraşdyrmaýarsyňyz?
 14. Ol sizi dürli görnüşde ýaratdy.
 15. Allanyň ýedi gat asmany nädip (biri- biri bilen) sazlaşykly ýaradandygyny görmeýärsiňmi?
16. Olarda (asmanlarda) Aýy nur, Güni bolsa (ýagtylyk) saçýan çyra edip goýdy.
17. Alla sizi ýerden ösümligi (ösdürişi) ýaly ýetişdirdi.
18. Soň sizi (ýene-de) ol ýere gaýtaryp (mazara salyp), sizi ol ýerden (ýene-de) çykarar.
 19, 20. Alla ýerdäki giň ýollarda gezmegiňiz üçin ýer ýüzüni siziň üçin serip goýandyr.
 21. (Bu öwütler peýda bermäninden soň) Nuh: «Eý, Perwerdigärim! Olar maňa garşy çykdylar! Olar mal-mülkleriniň we perzentleriniň köplügi zyýanyndan başga zada ýaramaýan (gurply) kişilere uýdular!
 22. Olar uly hileler (we duzaklar) gurdular.
 23. Olar (biri-birlerine): «Siz hudaýlaryňyzy taşlamaň! Weddi, Suwagy, Ýegusy, Ýeguky we Nesri (bularyň hiç haýsyny) taşlamaň!» diýişdiler. Düşündiriş: Ady agzalan bu kişiler olaryň öten- geçen ýagşyzada we salyh ata-babalarynyň atlary bolup, olar ölenden soň, elmydama ýatlap durmaklary we olary unutmazlyk üçin, guburlaryna olaryň heýkellerini dikipdirler. Sebäbi halk olaryň heýkellerini görende has hem Alla ýatlaryna düşer, günä işlere meýil etmez ekenler. Soň, şeýtanyň aldawy bilen, soňky nesil hem olaryň bu niýetinden daşlaşyp, ol heýkellerden özleriniň isleg-hajatlaryny diläp, olary hudaý hasaplap başlaýarlar.
 24. Bes, olar köpleri ýoldan çykarýarlar. «(Eý, Perwerdigärim!) Sen hem (beýle edendikleri üçin), zalymlaryň (dogry ýoldan) azaşmaklaryny artdyr!» diýdi.
 25. Şeýdip, olar eden günäleri sebäpli, suwda gark boldular, soň hem oda (dowzaha) salyndylar! Olar özlerine Alladan başga kömekçi hem tapmadylar.
 26. Nuh: «Eý, Perwerdigärim! Ýer ýüzünde (ýekeje) kapyr hem goýma!
 27. Çünki eger goýsaň, olar Seniň gullaryňy (dogry ýoluňdan) azaşdyrarlar. Olar diňe (özleri ýaly) günäkär we kapyr çagalary dograrlar.
 28. Eý, Perwerdigärim! Meni, ene-atamy we öýüme mömin bolup girenleri, (ähli) mömin erkekleri we mömin aýallary bagyşla! Zalymlaryň bolsa heläkçiliklerini (has hem) artdyr!» diýdi.