1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 17-nji süre: «Isra» («Gijeki seýr»)

«Isra» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 111 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ilkinji aýatynda «Gije seýran etmek» diýen manyny aňladýan «Esra» işliginiň geçýändigi sebäpli, bu süre şeýle atlandyrylypdyr. Süre pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň mygraj hadysasy bilen başlanýar. Soň bolsa ysraýyl ogullarynyň başdan geçirmeleri, ýeke- täk Alla gulluk etmek, ene-ata ýagşylyk etmek, gysganç we isripçi bolmazlyk, eklenç gorkusy sebäpli çagalary öldürmezlik, zyna etmezlik, ýetimiň we başganyň hakyny iýmezlik, tekepbir bolmazlyk ýaly belent ahlak we edep- terbiýe esaslary barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Bir gije bendesini (Muhammedi) aýat- mugjyzalaryndan (käbirini) görkezmek üçin, (Mekgedäki) Mesjidi-Haramdan (Kudusdaky) töweregi mübärek bolan Aksa metjidine seýran etdiren (Alla) ähli kemçiliklerden päkdir. Ol (ähli zady) eşidýändir, görýändir. Düşündiriş: Bir gije pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Allanyň gudraty bilen, Mekgeden Kudusdaky Aksa metjidine äkidilýär. Ol ýerden hem asmana äkidilýär. Muňa «Mygraj hadysasy» diýilýär. Ol bu syýahatynda Allanyň ençeme gudratyny görýär. Pygamberler we perişdeler bilen hemra bolýar. Dowzahy we jenneti görýär. «Sidratul-muntehä» diýilýän älemiň iň çetki nokadyna çenli baryp ýetýär. Bu syýahatda bäş wagt namaz parz edilýär. «Bakara» süresiniň soňky iki aýaty inderilýär.
 2. (Biz) Musa kitap (Töwrat) berdik we ony ysraýyl ogullaryna: «Menden (Alladan) başgasyny hossar tutmaň!» (diýip, olara) ýol görkeziji edip iberdik.
 3. (Eý), Nuh bilen bile (gämide) ýüzen kişilerimiziň zürýatlary! Takyk, ol (Nuh) köp şükür edýän bendedi.
 4. Biz kitapda (Töwratda) ysraýyl ogullaryna: «Takyk, siz ýeriň ýüzünde iki gezek bozgaklyk edersiňiz we hökman ulumsylyk edip aşa tekepbirlenersiňiz» diýip höküm etdik.
 5. Ol ikisiniň owalkysynyň wagty gelende, Biz siziň üstüňize örän güýçli bendelerimizi iberdik. Olar (sizi jezalandyrmak üçin) öýleriňiziň aralaryna girip aňtadylar. Bu ýerine ýetirilmeli wadady. Düşündiriş: Ysraýyl ogullary azyp, halaly haram diýip, Zekeriýýa pygamberi öldürip, nähak gan dökenlerinde, Allatagala olaryň üstüne Babyl hökümdary Buhtunnasry (käbir rowaýatlarda Jaluty) musallat edýär. Olar ysraýyl ogullarynyň 70 müňüsini ýesir alýarlar ýa-da öldürýärler. Bu ysraýyl ogullarynyň birinji bozgakçylygydyr.
 6. Soň, gaýtadan Biz size olara (Babyl hökümdaryna) garşy ýene-de üstünlik berdik we size mal-mülk, ogullar bilen medet berip, san-sajagyňyzy artdyrdyk.
 7. Eger ýagşylyk etseňiz, özüňiz üçin ýagşylyk etdigiňiz bolar we eger ýamanlyk etseňiz, ýene özüňiz üçin (ýamanlyk etdigiňiz bolar. Eý, ysraýyl ogulary!) Beýleki (ikinji azgynçylygyňyzyň) wadasy (wagty) gelende, ýüzüňizi gara etmekleri, öňki gezek girişleri ýaly (Kudusdaky) Metjide (weýrançylyk etmek maksady bilen) girmekleri we eýelän zatlaryny haraplap ýok etmekleri üçin (duşmanlaryňyzy täzeden size musallat etdik). Düşündiriş: Tefsir kitaplarynda ysraýyl ogullarynyň başyna ikinji gezek gelen musybatyň sebäpi hökmünde, olaryň azgynçylyk edip, Ýahýa pygamberi öldürmekleri we Ysa pygamberi öldürmek islemekleri ýaly sebäpler agzalyp geçilýär.
 8. Belki, Perwerdigäriňiz size merhemet eder. Eger (azgynçylygyňyza) dolansaňyz, Biz hem (sizi heläk etmäge) dolanarys. Biz dowzahy kapyrlar üçin gurşap alyjy (zyndan) edip goýduk.
 9. Elbetde, bu Kuran (ynsanlary) iň dogry ýola gönükdirýär we ýagşy işleri edýän möminlere, takyk, uly sylagyň bardygyny buşlaýar.
10. Takyk, ahyrete iman getirmeýän kişiler üçin bolsa ejirli azaby taýýarlap goýduk.
 11. Ynsan (Alladan) ýagşylyk sorap dileg edişi ýaly, (başyna kynçylyk gelen mahaly) ýamanlyk diläp hem dileg eder. Ynsan örän gyssanmaçdyr. Düşündiriş: Bu aýatda ynsanyň kä halatda başyna düşen kynçylyklary sabyrlylyk we zähmet bilen ýeňip geçmek ýerine öz ölümini dilemek, gargyş etmek, haram ýa-da halallygyna garamazdan, mal-mülk edinmek ýaly ýalňyş ýollar bilen Alla doga-dileg edýän halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.
12. Biz gijäni we gündizi (gudratymyzy görkezýän) iki alamat edip goýduk. Gijäniň alamatyny (Aýy dynç almagyňyz üçin) öçürdik, gündiziň alamatyny (Güni rysgalyňyzy) Perwerdigäriňiziň pazly- kereminden islemegiňiz üçin, ýyllaryň sanyny we (aý-günüň) hasabyny bilmegiňiz üçin aýdyňlyk edip goýduk. (Şeýdip) ähli zady açykdan-açyk beýan etdik.
13. Biz her ynsanyň guşuny (amalyny) öz boýnuna bagladyk. Kyýamat güni onuň üçin (eden işleri öňünde) açylyp goýuljak bir kitap çykararys.
 14. (Oňa): «Kitabyňy oka! Bu gün hasaba çekiji hökmünde özüň özüň üçin ýeterlikdir!» (diýler).
 15. Kim dogry ýola düşse, diňe özi üçin düşýär. Kim (dogry ýoldan) azaşsa, diňe öz zyýanyna azaşýar. Hiç bir günäkär özgäniň günäsini götermez. Biz, tä pygamber iberýänçäk, (hiç bir kowuma) azap bermedik.
16. Biz bir şäheri (ýurdy) heläk etmek islänimizde, ol (şäheriň, ýurduň) ynjyk baştutanlaryna (dogry ýola gelmegi) emir ederis. (Ýöne) olar ol ýerde bozgaklyk ederler. Şeýdip, ol (ýurduň) üstüne söz (azap) wajyp bolar. Biz hem ol (ýurdy) ýumrup, weýran ederis.
 17. Biz Nuhdan soňky nesillerden hem ençesini heläk etdik. Seniň Perwerdigäriň bendeleriniň günälerinden doly habardardyr, görüp durandyr.
 18. Kim bu çalt geçýän (dünýäni) islese, ol ýerde oňa (islän kişimize), islän zadymyzy eglemän bereris. Soň oňa dowzahy taýýarlarys. Ol dowzaha ryswa edilen, kowlan halda girer.
19. Kim ahyreti islese, mömin bolup, onuň üçin mynasyp zähmet çekse, ine, olaryň zähmeti şükranalyk bilen gaýtarylar.
20. Her birine, olara-da (dünýäni isleýänlere-de), bulara-da (ahyreti isleýänlere-de) seniň Perwerdigäriň nygmatyndan (bereris). Seniň Perwerdigäriň nygmaty (hiç kime) gadagan edilen däldir.
21. Biziň nädip, (bu dünýäde) olaryň ençesini ençesinden üstün edendigimize bir seret! Elbetde, ahyret (bu dünýäden) dereje taýdan hem has beýikdir, üstünlik taýdan hem has beýikdir.
22. Allanyň ýany bilen başga bir hudaý tutunma! (Şeýle etseň) ryswa edilen we ýardamsyz ýalňyz taşlanan halda galarsyň.
 23. Seniň Perwerdigäriň ýalňyz Özüne ybadat etmegiňizi we ene-ataňyza ýagşylyk etmegiňizi emir etdi. Ol ikisinden (ene-atadan) biri ýa-da her ikisi seniň ýanyňda garrylyga ýetse, olara «uf» hem diýme, olara azgyrylma! Ol ikisine hoş (mylaýym) söz aýt!
 24. Ol ikisine mähribanlyk bilen pespällik ganatyňy ýaý we aýt: «Eý, Perwerdigärim! Meni çaga wagtym (rehimdarlyk bilen) terbiýeläp ösdürişleri ýaly, olara-da merhemet et!».
 25. Perwerdigäriňiz siziň kalplaryňyzdaky zatlary örän gowy bilýändir. Eger siz ýagşy kişiler bolsaňyz, elbetde, Ol toba eden (ýagşy) kişileri Bagyşlaýjydyr.
26. Garyndaşlara, garyplara we ýolagça hakyny ber! Isripçilik edip sowurma!
 27. Takyk, sowurýan isripkärler şeýtanlaryň doganlarydyrlar. Şeýtan bolsa Perwerdigärine örän näşükür bolupdy.
 28. Eger (eliňde berere zadyň bolmanlygy üçin) Perwerdigäriňden (gelmegine) umydygärlik bilen garaşýan rahmetiň (bereketiň) sebäpli, olardan (garyplardan) ýüz öwürýän bolsaň, onda olara (bolmanda) mylaýym (göwün alyjy) söz bir aýt! Düşündiriş: Bilal, Suheýb, Salym, Mahja we Habbap ýaly garyp sahabalar pygamberimiz Muhamet aleýhissalamyň ýardamy bilen güzeranlaryny aýlardylar. Pygamberimiz olara bermäge zat tapmadyk ýagdaýynda, olardan uýalyp, aýdara söz tapman ýüzüni sowardy. Ýöne Alladan olara rysgal, ýardam bermegini isläp dileg ederdi. Ine, bu aýatda pygamberimiziň olara bermäge zady bolmadyk ýagdaýynda, olara ýagşy söz aýdyp, göwünlik bermegi ündelýär.
 29. Eliňi boýnuňa baglama (gysganç bolma! Isripçil bolup) eliňi bütinleý açyp hem goýberme! (Şeýle etseň) ýazgarylan we biçäre galan halda bolarsyň.
 30. Şübhesiz, seniň Perwerdigäriň rysgaly islän kişisine giňden ýaýar we (islän kişisine) dar eder. Takyk, Ol bendelerinden habardardyr, (olary) görüp durandyr.
 31. Garyplyk gorkusy bilen çagalaryňyzy öldürmäň! Olara-da, size-de rysgaly Biz berýäris. Takyk, olary öldürmek örän uly günädir.
 32. Zyna golaýlaşmaň, çünki ol aňrybaş bihaýalykdyr, bozuklykdyr, örän ýaman ýoldur.
 33. Hak-hukugyňyz bolmasa, (nähak ýere) Allanyň haram (gadagan) eden janyny almaň! Kim nähak ýere öldürilse, onuň (öldürilen adamyň) hossaryna (ar almaga) hukuk berendiris. (Öldürileniň hossary ganhory) öldürmekde hetden aşmasyn. Çünki oňa (kasas etmäge hukuk berlip) ýardam berlendir.
 34. Ýetimiň mal-mülkine, tä ol kämillik ýaşyna ýetýänçä, diňe iň gowy tärde golaýlaşyň! (Onuň emlägini gereksiz ýere sarp etmäň, gowy gözegçilikde saklaň). Ähde wepaly boluň! Çünki ähti-peýmanda (berlen sözde) jogapkärçilik bardyr.
 35. Ölçäniňizde (kemeltmän) doly ölçäň! Dogry çekýän terezi bilen çekiň! Ine, bu has haýyrlydyr we iň gözel çözgütdir.
 36. (Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler.
 37. Ýer ýüzünde men-menlik edip (gomparyp) ýöreme. Çünki sen hiç haçan ýeri hem ýaryp bilmersiň we uzalyp daglara hem ýetip bilmersiň.
 38. Bu (aýdylyp geçilen ýaman) zatlaryň ählisi seniň Perwerdigäriň ýanynda halanmaýan zatlardyr.
 39. Ine, bular Perwerdigäriň (Öz) hikmetinden saňa wahyý eden zatlarynyň (käbirleridir). Allanyň ýany bilen başga bir hudaý tutunma. (Şeýle etseň), ýazgarylan we (Allanyň rahmetinden) kowlan halda dowzaha oklanarsyň.
 40. (Eý, Alla şärik goşanlar), Perwerdigäriňiz size ogullary saýlap berip, (Özüne) perişdelerden gyzlar edindimi? Takyk, siz örän agyr hem günä söz sözleýärsiňiz.
 41. Kasam bolsun! Biz bu Kuranda (adamlaryň) pent almaklary üçin (aýatlary dürli görnüşlerde) beýan etdik. (Ýöne bu pent-nesihatlar) olaryň (kejirligi sebäpli) diňe (hakykatdan) daşlaşmaklaryny artdyrýar.
 42. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger olaryň aýdyşlary ýaly, Ol (Alla) bilen bile (başga) hudaýlar hem bar bolsady, onda (olaryň her biri) Arşyň eýesine (golaýlaşmak ýa-da Ondan üstün çykmak üçin) bir ýol (çäre) gözlärdi.
 43. Olaryň aýdýan zatlaryndan örän ýokary, beýik bolan (Alla) ähli kemçiliklerden daşdyr we päkdir.
 44. Ýedi gat asman, ýer we bularda bar bolan zatlar Ony tesbih edýärler. Oňa hamdy-sena bilen zikir aýtmaýan hiç bir zat ýokdur. Ýöne siz olaryň hamdy-senasyny bilmersiňiz. Takyjk, Ol Halymdyr (howlugýan däldir), Bagyşlaýjydyr.
 45. (Eý, Muhammet!) Sen Kuran okanyňda, seniň bilen ahyrete iman getirmeýän kişileriň arasyna görünmeýän (gizlin) bir perde çekýäris.
 46. Biz olaryň (Kurana) düşümezlikleri üçin kalplarynyň üstünde perde, gulaklarynda agyrlyk (kerlik) döretdik. Sen Kuranda Perwerdigäriň ýeke- täkligini ýat edeniňde, olar yzlaryna öwrülip, gaçyp giderler.
 47. Biz olaryň saňa gulak asýan wagtynda näme sebäpden gulak asýandyklaryny we özara pyşyrdaşyp, (ol) zalym kişileriň (möminlere): «Siz jadylanan adamdan başgasyna eýermeýärsiňiz» diýýänlerini örän ýagşy bilýäris.
 48. (Gör), olar seni (palça, şahyra, jadylanan adama deňäp) nähili mysallar getirdiler. Şeýdip, (olar hak ýoldan) azaşdylar. Indi (olar dogry) ýoly tapyp başarmazlar.
 49. Olar: «Biz (ölüp) süňk we owranyp toprak bolanymyzdan soň, täzeden direldilerismi?» diýdiler.
 50. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Daş boluň ýa demir boluň!
 51. Ýa-da göwnüňizde örän kyn bolan başga (siziň düşünjäňize görä ýaradylmasy mümkin bolmaýan) zatlardan bir ýaradylan zat (boluň), barybir, Alla sizi direlder. Ýene olar: «Ölenimizden soň) bizi kim gaýtaryp getirer?» diýerler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Sizi owal bir gezek ýaradan (Alla gaýtaryp getirer). Olar saňa kellelerini ýaýkap: «Ol haçan (bolar)?» diýerler. Aýt: «Belki-de, ýakynda bolar».
 52. (Alla) ol gün sizi (direldip) çagyrar. Siz şolbada Oňa hamdy-sena bilen jogap berersiňiz we (dünýäde) örän az wagt galandyrys öýdersiňiz.
 53. (Eý, Muhammet!) Bendelerime aýt, olar iň ýagşy (sözi) sözlesinler! Çünki şeýtan olaryň arasyna tow salar (agyzlaryny alartmak islär). Takyk, şeýtan adamlar üçin aç-açan duşmandyr.
 54. (Eý, adamlar), Perwerdigäriňiz sizi has gowy bilýär (tanaýar). Islese, size merhemet eder, islese-de, size azap berer. (Eý, Muhammet!) Biz seni olaryň üstüne wekil (jogapkär) edip ibermedik.
 55. Seniň Perwerdigäriň asmanlarda we ýerde bar bolan kişileri has gowy bilýär (we olardan islänini pygamber edip saýlaýar). Kasam bolsun! Biz pygamberleriň käbirlerini käbirlerinden üstün etdik. Dawuda Zebury berdik.
 56. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ondan başga (hudaý hökmünde) öňe sürýänleriňizi hem çagyryň! (Olaryň) sizden bir zyýany dep etmäge we (başga tarapa) sowmaga güýçleri ýetmez.
 57. Olaryň ýalbarýan (we kömege çagyrýan perişde, jyn, Uzeýr, Merýem we Isa pygamber ýaly) kişileriniň özleriniň Perwerdigärine has golaý bolmak üçin araçy (ýol) gözlärler. Onuň rahmetini umyt ederler we Onuň azabyndan gorkarlar. Takyk, seniň Perwerdigäriň azaby gorkunçdyr.
 58. Kyýamat gününden öň Biziň heläk etmejek ýa-da örän agyr azap bilen jezalandyrmajak hiç bir şäherimiz (ýurdumyz) ýokdur. Bu kitapda (Lowhy- mahfuzda) ýazylandyr.
 59. (Eý, Muhammet! Alla şärik goşanlaryň senden isleýän) aýatlaryny (mugjyzalaryny) ibermekden Bizi diňe owalkylaryň olary ýalan hasaplamaklary saklady. Biz semud (kowumyna) äşgär (mugjyza) bolan düýäni berdik. Olar ony (öldürmek) bilen (özlerine) zulum etdiler. Biz mugjyzalary diňe gorkuzmak (duýdurmak) üçin iberýäris.
 60. (Eý, Muhammet!) Bir wagt saňa: «Seniň Perwerdigäriň adamlary gabap goýandyr» diýipdik. Biziň saňa görkezen düýşümizi we Kuranda näletlenen (zakgun) agajyny adamlara (imana gelmekleri üçin) synag edip goýduk. Biz olary (dürli mugjyzalar bilen) gorkuzýarys. (Ýöne bu) olaryň diňe uly azgynçylyklaryny (has-da) artdyrýar.
 61. Bir wagt Biz perişdelere: «Adama sežde ediň!» diýenimizde, olar sežde etdiler, diňe Iblis (sežde etmedi. Iblis): «Palçykdan ýaradan kişiňe sežde edeýinmi?!» diýdi.
 62. (Iblis): «Şu menden üstün eden kişiňi gördüňmi? (Onuň menden nämesi artyk?). Takyk, eger meni kyýamat gününe çenli (diri) galdyrsaň, şübhesiz, onuň zürýadyny gol astyma alaryn (azdyraryn). (Olardan) diňe az sanlysy (Saňa gulluk ederler)» diýdi.
63. (Alla): «Git, güm bol! Olardan kim saňa tabyn bolsa, takyk, ýeterlik azap hökmünde dowzah siziň jezaňyz bolar.
 64. Olardan güýjüň ýetenini sesiň bilen azdyryber! Olaryň üstüne atly we pyýada (goşunyň) bilen galmagallap çoz! Olaryň mal-mülklerine, çaga-çugalaryna şärik bol! Olara (ýalan) wada ber! Şeýtan olara ýalandan başga zady wada bermez» diýdi.
65. Elbetde, sen Meniň (yhlasly) bendelerimiň üstünden hökmürowanlyk edip bilmersiň. Wekil (goragçy) bolmakda seniň Perwerdigäriň ýeterlikdir.
 66. (Eý, adamlar), siziň Perwerdigäriňiz Ol (Alla) Özüniň) pazly-kereminden (rysgalyňyzy) gözläň diýip, deňizde siziň üçin gämini ýüzdürýär. Takyk, Ol size Rehim-şepagatlydyr.
 67. Size deňizde kynçylyk (apat) ýoluganda, siziň dileg edip çagyrýanlaryňyz ýitirim bolar. Diňe Onuň Özi (galar). Ýöne sizi gury ýere (çykaryp) halas edenimizde, (Alla boýun bolmakdan) ýüz öwrersiňiz. (Elbetde), ynsan näşükürdir.
 68. (Allanyň) sizi gury ýerde ýer bilen ýegsan etmejegine ýa-da üstüňize daş sowurýan harasat ibermejegine siziň ynamyňyz barmy? (Ondan) soň özüňüze goragçy hem tapmarsyňyz.
 69. Ýa-da sizi ýene gaýtadan oňa (deňze) gaýtaryp, üstüňize apy-tupan iberip, (näşükür bolup) inkär etmegiňiz sebäpli, hem sizi gark etmejegine ynamyňyz barmy? (Ondan) soň özüňiz üçin Bize garşy kömekçi hem tapmarsyňyz.
70. Kasam bolsun! Biz adam ogluny (neslini) ýerde we deňizde (ulaglar arkaly) alyp gitdik. Olara päk (gözel) zatlardan rysgal berdik. Olary ýaradan zatlarymyzyň köpüsinden mertebeläp üstün etdik.
71. (Kyýamat) güni (toparlara bölünen) ynsanlaryň her birini öz ymamy (baştutany) bilen çagyrarys. Kimiň kitaby sagyndan berilse, ine, olar kitaplaryny (şatlyk bilen) okarlar. (Ol gün) olara jinnek ýaly hem zulum edilmez.
72. Kim şu dünýäde (gapyl bolup) kör bolsa, ol ahyretde hem kör bolar we (ol körüň ahyretdäki) ýoly has-da güzaply bolar.
 73. (Eý, Muhammet! Alla şärik goşanlar) Biziň saňa wahyý eden zatlarymyzdan seni (daşlaşdyryp), Bize garşy başga zady toslap tapmagyň üçin, tas seni pitnä- aldawa düşüripdiler, aldapdylar. Ine, şonda seni (olar özlerine) dost edinerler.
74. Eger Biz seni pugtalap saklamadyk bolsak, takyk, sen olara, az-kem hem bolsa, maýyl boljakdyň.
75. Şeýle bolanda, takyk, Biz saňa ýaşaýşyň (külpetini) goşalap, ölümiň (awusyny-da) goşalap datdyrardyk. Soň Bize garşy saňa ýardam berjek (hiç kişini) hem tapyp bilmezdiň. Düşündiriş: Alla şärik goşanlar yslam dinini kabul etmek üçin pygamberimizden özleriniň käbir şertlerini kabul etmegini talap edipdirler. Şonda Allatagala pygamberi ägä edip, ýokardaky aýatlary inderipdir.
 76. (Eý, Muhammet!) Olar seni ol ýerden (ýurduňdan) çykarmak üçin saňa ezýet beripdiler. Şeýle bolanda, (olaryň özleri hem) senden soň diňe az (wagt) ýaşadylar.
 77. (Pygamberini ýurdundan çykaran kowumyň heläk edilmegi) Biziň senden öňki iberen pygamberlerimizden (galan) kanundyr. Sen Biziň (bu) kanunymyzda üýtgeşiklik tapmarsyň.
 78. Gün (günortandan) agandan, tä gijäniň garaňkylygyna çenli (öýle, ikindi agşam, ýassy) namazy doly berjaý et we ertir (namazyny) oka! Çünki ertir (bilen okalýan namaz) şaýatlydyr. Düşündiriş: Bu aýatda kesgitli wagtlarda okalýan bäş wagt namaza hem-de gündizki işlere gözegçilik edýän perişdeler bilen gijeki işlere gözegçilik edýän perişdeleriň nobatlaryny çalşanlarynda ertir namazyny okaýan adamlara şaýat bolýandyklaryna yşarat edilýär.
 79. (Eý, Muhammet!) Gije oýanyp, saňa mahsus bolan nepil (tehejjut) namazyny oka! Şonda Perwerdigäriň seni «Makamy-mahmuda (öwgä mynasyp bolan derejä)» ýetirer.
 80. (Eý, Muhammet! Sen): «Eý, Perwerdigärim! Meni girjek ýerime dogrulyk (salamatlyk) bilen giriz. Çykjak ýerimden hem dogrulyk bilen çykar. Maňa Öz huzuryňdan kömekçi güýç ber!
 81. Hak geldi, batyl (zatlar) ýok boldy. Takyk, batyl ýok bolujydyr» diýip aýt.
 82. Biz Kurandan möminler üçin şypa hem-de rahmet bolan zatlary (aýatlary) inderýäris. (Ýöne bu aýatlar) zalymlaryň (inkär etmekleri sebäpli) diňe zyýan çekmegini artdyrar.
 83. Biz ynsana nygmat berenimizde, (ol Bizden) ýüzüni sowar we (ters) tarapa öwrülip daşlaşar. Oňa ýamanlyk ýetse, umydyny ýitirer.
 84. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Her kim öz gurluşyna (hüý-häsiýetine) görä amal eder. Siziň Perwerdigäriňiz kimiň has dogry ýoldadygyny iň gowy bilýändir».
 85. Senden ruh hakda soraýarlar. Aýt: «Ruh Perwerdigärimiň emrindendir (bilýän işlerindendir). Size ylymdan diňe az (paý) berildi».
 86. Eger islesedik, saňa wahyý edýän zadymyzy (senden) keserdik. Soň Bize garşy özüň üçin bir (ýardam berjek) wekil (hossar) tapmarsyň.
 87. (Eger wahyý kesilmeýän bolsa, onda bu) diňe Perwerdigäriňden (gelýän) rahmet (saýasyndadyr). Takyk, Onuň saňa bolan pazly-keremi örän uludyr.
88. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger ynsanlar we jynlar bu Kuranyň meňzeşini getirmek üçin jemlenseler hem, meňzeşini getirip bilmezler. Hatda olar (bileleşip) biri-birlerine ýardam berseler hem (muny başaryp bilmezler).
 89. Kasam bolsun! Biz bu Kuranda adamlara her dürli mysaly öwran-öwran beýan etdik. Şonda-da ynsanlaryň köpüsi (hakdan) ýüz öwrüp, diňe kapyrlyga (baş goşýar).
 90, 91. Olar (Muhammede): «Biz hiç haçan saňa, tä ýerden çeşme çüwdürip çykarýançaň, ýa-da seniň hurmadan we üzümden bir bakjaň bolup, olaryň arasyndan çeşmeler joşduryp akdyrýançaň iman getirmeris.
92. Ýa seniň öňe sürüp aýdyşyň ýaly biziň üstümize asmandan (heläk ediji) parçalar düşür! Ýa (pygamberligiňi subut etmek üçin) Allany we perişdeleri ýüzbe-ýüz et!
 93. Ýa seniň altyndan bir öýüň bolsun, ýa- da asmana çyk. Hatda biziň okamagymyz üçin bize kitap indermeseň, seniň asmana göterilmegiňe-de hiç haçan ynanmarys» diýdiler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Meniň Perwerdigärim ähli kemçiliklerden päkdir. (Bular meniň işim däl). Eýsem, men diňe ilçi (pygamber) edip (iberilen) adam dälmi?!
 94. Adamlara dogry ýoly görkeziji (pygamber) gelende, olaryň iman getirmegine: «Alla pygamber edip (perişdäni däl-de) adamy iberdimi?» diýen sözlerinden başga zat päsgel bolmady.
 95. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger ýer ýüzünde perişdeler (adamlar ýaly) rahat ýerleşip, gezip ýören bolsalardy, elbetde, olara asmandan bir perişdäni pygamber edip ibererdik».
 96. Aýt: «Meniň bilen siziň araňyzda (meniň pygamberdigime) şaýat bolmak dogrusynda Alla ýeterlikdir. Takyk, Ol bendelerinden habardardyr, ähli zady görüp durandyr».
 97. (Eý, Muhammet!) Alla kimi dogry ýola ugrukdyrsa, ine, ol dogry ýola ugrukdyrylan (kişi bolar). Kimi azaşdyrsa, sen hiç haçan olar üçin Ondan başga dostlar (ýardam berjek kişiler) tapmarsyň. Biz kyýamat gününde olary ýüzinligine (süýrelip dowzaha alnyp gidiljek halda) kör, lal we ker (kişiler) edip direlderis. Olaryň ahyrky barjak ýeri dowzahdyr. (Dowzahyň ody) sönüp ugranda, olary (ýakmak üçin) alawly ody artdyrarys.
 98. Bu olara Biziň aýatlarymyzy inkär edendikleri hem-de: «Biz süňk we kül bolanymyzdan soň täzeden ýaradylyp direldilerismi?!» diýendikleri sebäpli, (beriljek) jezadyr.
99. Olar asmanlary we ýeri ýaradan Allanyň özleriniň meňzeşini ýaratmaga güýjüniň ýetýändigini görmedilermi?! (Alla) olar (olaryň ölmegi we direlmegi) üçin bir wagt belläp goýandyr. Munda hiç hili şübhe ýokdur. Ýöne zalymlar kapyrlykdan (inkär etmeden) başga zady kabul etmeýärler.
100. (Eý, Muhammet! Sen kapyrlara) aýt: «Eger siz Perwerdigärimiň rahmet hazynalaryna eýe bolsadyňyz, sarp etmek bilen (gutarjagyndan) gorkup pugta saklardyňyz. Ynsan örän gysgançdyr».
101. Kasam bolsun! Biz Musa äşgär dokuz aýat (mugjyza) berdik. (Eý, Muhammet!) Ysraýyl ogullaryndan sora, (Musa) olara gelende, Fyrgawn oňa: «Eý, Musa! Dogrusy, men seniň jadylanandygyňy güman edýärin» diýdi.
 102. (Musa): «Kasam bolsun! (Eý, Fyrgawn! Sen) bulary (meniň pygamberdigime) äşgär delil edip asmanlaryň we ýeriň Perwerdigärinden başga biriniň indermändigini bilýärsiň. Eý, Fyrgawn! Dogrusy men seniň heläk ediljekdigiňi çak edýärin» diýdi.
 103. (Fyrgawn) olary (Musany we ysraýyl ogullaryny) ol ýerden kowup çykarmak isledi. Biz bolsa ony we onuň bilen bile bolan kişileriň ählisini (deňze) gark etdik.
 104. Şondan soň Biz ysraýyl ogullaryna: «(Şu) ýerde ýerleşiň! Ahyret wadasy (kyýamat) güni gelende, sizi (hemmäňizi) garym-gatym edip (ähliňizi magşar meýdanyna) getireris» diýdik.
 105. Biz ony (Kurany) hak (we hikmet) bilen inderdik, (ol hem) hak-hakykat bolup indi Biz seni diňe buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik.
 106. Biz Kurany adamlara ýuwaş- ýuwaşdan okamagy üçin (sürelere, aýatlara) böldik. Biz ony bölek-bölek inderdik.
107. Aýt: «Isle, oňa (Kurana) ynanyň, isle, ynanmaň! Takyk, ondan (Kuran gelmezden) öň özlerine ylym berlen kişiler (Kuran) okalan wagtynda başlaryny ýere goýup (Alla) sežde ederler.
 108. (Olar): «Perwerdigärimiz ähli kemçilikden päkdir. Takyk, Perwerdigärimiziň wadasy hökman amala aşar» diýerler.
 109. Olar aglap başlaryny seždä goýarlar we (Kuran) olaryň (Alla bolan) hormatyny (gorkusyny) artdyrar.
110. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Isle, Alla (diýip), isle, Rahman (diýip) dileg ediň! (Allanyň) haýsy (ady) bilen dileg etseňiz ediň! Onuň gözel atlary bardyr». Namaz okanyňda (Alla şärik goşanlar eşidip dil ýetirmezleri ýaly) sesiňi gataltma, (sahabalar eşitmejek derejede) gizlin hem okama! Bu (ikisiniň) arasynda bir ýoly tut!
111. Aýt: «Hamdy-sena perzent edinmedik, hökümdarlykda Özüniň şärigi bolmadyk, zelillikden ýaňa, bir hossara (mätäçlik çekmek ýaly derdi) bolmadyk Alla mahsusdyr». (Eý, Muhammet!) Ony Özüne laýyk zikir bilen beýgelt!