1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 75-nji süre: Kyýamat

«Kyýamat» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 40 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalýan we bütin süräniň manysy bolan kyýamat sözünden alandyr. Sürede kyýamatyň hakykatlygy akyl we duýgy ýollary arkaly subut edilýär we muňa ynanmaýanlaryň jezasy barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Kyýamat gününe kasam bolsun!
 2. Özüni ýazgaryp (puşman edýän) jana kasam bolsun!
 3. Ynsan (ölümden soň) Biz süňkleri ýygnap (ony direldip) bilmeris öýdýärmi?
 4. Elbetde, Biziň onuň barmaklarynyň uçlaryna çenli (ony öňki ýagdaýyna) getirmäge güýjümiz bardyr.
 5. Emma ynsan (günä iş etmek üçin) öňündäki (kyýamaty) inkär etmek isleýär.
 6. Ol: «Kyýamat güni haçan bolar?» diýip (ýaňsylap) soraýar.
 7, 8, 9, 10, 11. (Gorkudan ýaňa) gözleriň gamaşan, Aýyň (şuglasynyň doly ýitip) tutulan, Gün bilen Aýyň ýakynlaşan wagty, (şol gün) ynsan «Gaçar ýaly ýer barmy?» diýer. Ýok, sygnara hiç bir ýer ýokdur.
12. Ol gün karar tapyljak (baryljak) ýer seniň Perwerdigäriň huzurydyr.
 13. Ol gün ynsana eden we ertä goýan (ähli) işleri habar berler. (Şoňa görä hem sylagyny alar).
 14, 15. Ol dürli görnüşli sebäpleri bildirse-de, ynsan öz-özüne şaýat bolar.
 16. (Eý, Muhammet!) Ony (saňa wahyý edilen Kurany unutmazlyk üçin) dilleriňi gymyldadyp, (içiňden) çaltlyk bilen gaýtalajak bolup durma! Düşündiriş: Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam gelen wahyny unutmazlyk üçin, heniz wahynyň sözleri doly gutarmanka, ony çaltlyk bilen gaýtalaýar eken. Aýatda bu waka barada aýdylýar.
17. Sebäbi ony (seniň kalbyňda) jemlemek hem-de ony okatmak Biziň (işimizdir).
 18. Bes, Biz ony (Kurany) okanymyzda, sen hem onuň okalyşyny yzarla!
19. Takyk, ony (saňa) düşündirmek hem Biziň (işimizdir).
 20. Ýok! Siz (wagtlaýyn), tiz geçýän zady (dünýä ýaşaýşyny) söýýärsiňiz.
 21. (Onuň üçin) ahyreti terk edýärsiňiz.
22. Ol gün ýalpyldap duran (nurly) ýüzler (çyn möminleriň ýüzleri) bolar.
 23. Ol (ýüzler) özleriniň Perwerdigärine serederler.
 24. Ol gün (niçeme) ýüzler gaýgyly bolar.
25. Özüniň bilini bükjek belanyň (urgynyň) boljagyna göz ýetirer.
 26, 27. (Kapyr kişiniň) jany bogazyna gelende, (ýanyndakylar): «Muny gowulaşdyrjak ýokmy?» diýerler.
 28. Onuň özü-de aýralyk (wagtynyň) gelendigine göz ýetirer.
 29. Aýagy aýagyna çolaşar (janhowly bilen hars urar).
 30. Ol gün baryljak ýer (diňe) Perwerdigäriň huzurydyr.
 31. Ol (kapyr kişi) ne (dini) tassyklardy, ne-de namaz okardy.
32. Ol (hakykaty) ýalan hasaplap, ondan ýüz öwrerdi.
 33. Öz (eden işinden hem) monça bolup, öz ýakynlarynyň (ýanyna) barardy.
34. Saňa laýykdyr (ol azap), laýykdyr!
 35. Soň (ýene-de haýp seniň halyňa) saňa laýykdyr (ol azap), laýykdyr!
 36. Ynsan özünden hasap soralmaz öýder!
 37. Ol dökülen erkeklik suwundan bir damja dälmidi?
38. Soň ol (ene rehminde) lagta gan boldy. Bes, (Alla) ony (ynsan halynda) ýaradyp, oňa surat berdi.
 39. Ondan erkek we aýal edip iki jübüt ýaratdy.
 40. Bulary (hemmesini) ýaradan (Allanyň) ölüleri (täzeden) direltmäge, heý-de, güýji ýetmezmi?