1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 54. Eý, iman getirenler! Sizden kim dininden dänse, (Alla olaryň ýerine) Özüniň söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, möminlere pespäl (rehimli), kapyrlara (garşy) gazaply, Allanyň ýolunda söweşýän we hiç bir ýazgaryjynyň ýazgarmagyndan gorkmaýan bir kowum (millet) getirer. Bu (ýagşy sypatlar) Allanyň (bendelerine beren) pazly-keremidir, ony islänine berer. Allanyň pazly-keremi giňdir we (kimiň mynasypdygyny Özi) has gowy bilýändir.

Başy » Sözbaşy » 106-njy süre: «Kuraýş» («Kuraýşlylar»)

«Kuraýş» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 4 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda kuraýş taýpasynyň ady agzalýandygy üçin bu sözden alnandyr. Bu sürede kuraýşlylaryň Käbä eýe çykyp, ony gorandyklary üçin berlen zatlar barada gürrüň gozgalýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3, 4. Kuraýşlylar özleriniň ülpet bolup jebisleşendikleri, özlerine gyşda we tomusda sapar etmegiň aňsat edilip goýlandygy, özlerini açlykdan doýrandygy we gorky-howpdan asuda edendigi üçin bu öýüň (Käbäniň) Perwerdigärine ybadat etsinler!