1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

22. 77. Eý, iman getirenler! Maksada ýetmegiňiz (azapdan halas bolmagyňyz) üçin rukug we sežde ediň, Perwerdigäriňize gulluk ediň we haýyrly iş ediň!

Başy » Sözbaşy » 41-nji süre: «Fussylet» («Doly beýan edilen»)

«Fussylet» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 54 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 3-nji aýatda agzalýan «Doly beýan edilen» manysyny aňladýan «Fussylet» sözünden gelip çykýar. Sürede pygamberleriň ymmatlaryny hak ýola çagyrandyklary, Kurany Kerimiň Allanyň sözüdigi we Allanyň birligi barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ha, Mim.
2. (Bu) Kuran (Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Alla (tarapyndan) inderilendir.
3. Bilyän kowum üçin aýatlary arapça okalmak arkaly doly beýan edilen kitapdyr. Düşündiriş: Bu aýatda agzalýan «Fussylet» («Doly beýan edilen») sözüniň manysy aşakdaky görnüşlerde düşündirilýär:
1. Kuranyň hökümleri, kyssalary, nesihatlary aç-açan mälim edilen. 2. Süreleriň başlanýan ýerleri we gutarýan ýerleri beýan edilen. 3. Wadalar, kyssalar, hökümler, mysallar aýratynlykda beýan edilen.
 4. Bu kitap (jenneti) buşlaýjy we (dowzahy) duýduryjy kitapdyr. Emma olaryň (kapyrlaryň) köpüsi (mundan) ýüz öwürdiler. Indi olar (hak söze) gulak asmazlar.
 5. Olar: «Seniň bizi çagyrýan zatlaryňa ýüreklerimiz ýapyk, gulaklarymyzda bolsa agyrlyk bar. Biziň we siziň aramyza perde çekildi. Şoňa görä sen (islän) zadyňy et, biz hem (islän) zadymyzy edýäris» diýdiler.
 6. (Olara) aýt: «Men hem siziň ýaly bir ynsan. Maňa hudaýyňyzyň ýeke- täk (Alladygy) habar berilýär. Indi Oňa ýüzleniň hem-de Ondan günäňiziň geçilmegini diläň!». (Alla) şärik goşanlaryň hallary harap bolsun!
 7. Olar zekat bermeýärler. Ahyreti inkär edýänler hem şolardyr.
 8. Takyk, iman getirip, ýagşy işleri edenler üçin (jennet içre) tükeniksiz ýagşylyklar bardyr.
 9. Olara aýt: «Takyk, siz ýeri iki günde ýaradany inkär edip, Oňa şärik goşýarsyňyzmy?» Ol (Alla) älemleriň Perwerdigäridir.
 10. Alla ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.
11. Soň duman bolup duran asmana (tarap) ýöneldi. Oňa (asmana) we ýer (togalagyna: «Öz islegiňiz bilen ýa-da mejbury (ýagdaýda) geliň» diýdi. Ikisi hem: «Öz islegimiz bilen (Saňa tabyn bolup) geldik» diýdiler.
12. Şeýdip, olary iki günde ýedi gat asman edip ýaratdy we her bir asmana (berlen) wezipesini habar berdi. Biz golaýdaky asmany ýagtyldyjy çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik. (Olary hatardan çykmakdan gorag bolsun diýdik. Ine, bu Gudraty güýçli we ähli zady bilýän Allanyň ýola goýan işidir.
 13. Eger olar ýüz öwürseler, olara aýt: «Size ad we semud (kowumynyň) başyna gelen tüweleýe meňzeş tüweleýiň bardygyny duýdurýaryn!».
 14. Pygamberler olara öňlerinden we yzlaryndan gelip: «Alladan özgä gulluk (ybadat) etmäň!» diýenlerinde, olar: «Perwerdigärimiz islän bolsady, elbetde, perişdeleri ugradardy. (Perişdeleri ugratmandygy) üçin biz sizden iberilen zatlary inkär edýäris» diýip aýdypdylar.
 15. Ad kowumy bolsa ýeriň ýüzünde nähak ýere tekepbirlik etdiler. Olar: «Bizden has güýçli kim barka?» diýdiler. (Ýöne) olar özlerini ýaradan Allanyň özlerinden has güýçlüdigini (eýsem) görmedilermi? Olar Biziň aýatlarymyzy (mugjyzalarymyzy) inkär edýärdiler.
 16. Şonuň üçin Biz hem olara, pany dünýäde ryswalyk azabyny dadyrmak üçin, (özleriniň) şum (diýip hasap edýän) günlerinde sowuk şemal öwüsdirdik. Ahyret azaby, elbetde, has ýowuzdyr. Olara goldaw-hemaýat hem edilmez.
17. Semud kowumyna bolsa dogry ýoly görkezdik, emma olar dogry ýoluň deregine körlügi saýladylar. Olary, edýän erbetlikleri sebäpli, ryswa ediji azap ýyldyrymy çakdy.
 18. Biz iman getirenleri Alladan gorkýandyklary sebäpli, halas etdik.
19. Allanyň duşmanlarynyň dowzah oduna ýakylmak üçin jemlenjek günleri olaryň hemmesi bölünerler.
20. Ahyr soňunda ol ýere gelenlerinde, gulaklary, gözleri we derileri (tenleri), eden etmişlerine görä, olaryň garşysyna şaýatlyk ederler.
 21. Olar derilerine: «Näme üçin garşymyza şaýatlyk etdiňiz?!» diýerler. Derileri bolsa: «Her bir zady gürledýän Alla bizi hem gürledýär. Ilkibaşda sizi Alla ýaratdy. Soň ýene-de Oňa dolanyp bararsyňyz» diýerler.
 22. Siz gulaklaryňyzyň, gözleriňiziň, derileriňiziň öz garşyňyza şaýatlyk etmeginden çekinmeýärdiňiz, gaýtam edýän işleriňiziň köpüsini Alla bilmez öýtdüňiz.
 23. Perwerdigäriňiz barada edýän gümanyňyz sizi ýoldan azdyrdy we şeýdip, zyýana duçar bolduňyz.
 24. Eger-de indi çydam edip bilseler, olaryň ýeri dowzah ody bolar. Eger-de (gaýtadan dünýä gaýdyp gelip Allany) hoşal etmek isleseler hem, olaryň islegleri kanagatlandyrylmaz.
 25. Biz olaryň başlaryna birnäçe ýaranlary musallat etdik. Bular hem, öňlerinde we yzlarynda näme bar bolsa, hemmesini olara bezäp görkezdiler. Özlerinden öň ötüp geçen jyn we ynsan ymmatlaryna berlen azap, olar üçin hem hakykata öwrüldi. Elbetde, olar zyýana duçar bolanlardyr.
 26. Inkär edip, kapyr bolanlar: «Olaryň hötdesinden gelmegiňiz üçin bu Kurany diňlemäň, okalýan wagty galmagal ediň!» diýdiler.
 27. Biz ol inkär edýänlere gazaply azaby dadyrarys we olara eden işleri sebäpli, iň ýowuz jezany bereris.
 28. Ine, bu Allanyň duşmanlarynyň jezasy bolan dowzah odudyr. Aýatlarymyzy inkär edendikleri sebäpli, olara hemişelik mekanlary (dowzah) bardyr.
 29. Kapyrlar dowzahda: «Eý, Perwerdigärimiz! Bizi azdyran jynlary we ynsanlary bize-de görkez! Olary aýaklarymyzyň astyna salaly, goý, olar hem abraýdan gaçanlar bilen deň bolsun» diýerler.
 30. Takyk, «Perwerdigärimiz Alladyr!» diýenlerinden soň, dogry ýoly (dini, şerigaty) tutanlaryň ýanlaryna perişdeler gelerler. Olara: «Gorkmaň, gamgyn hem bolmaň, siz wada berlen jennetiň hoş habary bilen şatlanyň.
 31, 32. Biz dünýäde hem, ahyretde hem siziň dostlaryňyzdyrys. (Günäleri) Bagyşlaýjy we Rehim-şepagatly Allanyň pazly-keremi bilen ol ýerde siziň göwnüňiziň küýsän ähli zady bardyr hem-de ol ýerde islän zadyňyz taýýardyr» diýerler.
 33. Ynsanlary Allanyň ýoluna çagyrýan, ýagşy işleri edip: «Elbetde, men musulmanlardandyryn» diýýän kişiniň sözünden kimiň sözi has gowy bolup biler?
 34. Ýagşylyk bilen ýamanlyk (hiç haçan) deň bolmaz. Sen iň ýagşy ýol bilen (ýamanlygyň) öňüni al! Öz araňyzda duşmançylygyňyz bolan bir kişi, (ýamana ýagşylyk bilen jogap berendigiň üçin) belki, seniň bilen ýakyn dost bolar.
 35. Oňa (ýagşylyk häsiýetine) diňe sabyrly kişiler we diňe uly nesibä (iki dünýä bagtyna) eýe bolanlar ýeter.
 36. Eger şeýtandan gelýän (erbet bir duýgy) seni dürtýän (aldawa salýan) bolsa, dessine Alla sygyn! Takyk, Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 37. Gije bilen gündiz, Gün bilen Aý Onuň aýatlaryndandyr (barlygynyň alamatlaryndandyr). Eger-de diňe Alla ybadat etmek isleýän bolsaňyz, Güne-de, Aýa-da sežde etmäň! Olary ýaradyp, bar eden Alla sežde ediň!
 38. Eger-de (kapyrlar Alla sežde etmezlik bilen) tekepbirlik etseler, (bilip goýsunlar) Perwerdigäriň ýanyndaky (perişdeler) gije-gündiz irginsiz ýagdaýda Oňa hamdy-sena aýdýarlar.
 39. Seniň ýeri gurap ýatan ýagdaýda görmegiň hem Allanyň aýatlaryndandyr (alamatlaryndandyr). (Sebäbi) Biz ýere suwy (ygaly) ýagdyranymyzda, (ösümlikler) gymyldaşyp, gögerip çykýar. Oňa (guran ýere) jan berýän, elbetde, ölüleri hem direlder. Ol ähli zada güýç ýetirýändir.
 40. Aýatlarymyz hakda dogrulykdan daşlaşyp, ýalňyş ýola girenler bize gizlin däldir (olardan habardardyrys). Dowzah oduna taşlanjak has gowumy, ýa-da kyýamat güni (dowzah odundan halas bolup) ynamly ýagdaýda geljek gowumy? Siz isläniňizi ediň?! Elbetde, Ol siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.
 41. Özlerine kitap iberilen wagty ony inkär edenler heläk bolarlar, azaba duçar bolarlar. Ol (Kuran) mübärek bir kitapdyr.
 42. Onuň öňünden hem, yzyndan hem batyl (ýalan) gelmez. Ol hikmet eýesi we aşa köp öwgä mynasyp Alla tarapyndan iberilen kitapdyr.
 43. (Eý, Muhammet!) Saňa aýdylanlar senden öň ýaşap geçen pygamberlere aýdylanlardan başga zat däldir. Takyk, seniň Perwerdigäriň ýalkaw eýesi, hem- de (günäkärlere) biçak azap berer.
 44. Eger biz Kurany (arap dilinden) başga dil (bilen beýan) etsedik, onda olar: «Kuran aýatlary jikme-jik beýan edilmeli dälmi (näme), özge dildäki kitaba araplar nädip (düşünsinler)?» diýerdiler. Sen (olara): «Onuň ynsanlara dogry ýoly görkezýän (kitapdygyny) we şypadygyny» aýt. Iman getirmedikleriň gulaklarynda agyrlyk (kerlik) bolup, Kuran olara ýapykdyr. Göýä, olara daşdan gygyrylýan ýaly (Kuranda näme diýilýänine düşünmezler).
 45. Kasam bolsun! Biz Musa kitap (Töwraty) berdik. Ol hakda hem düşünişmezlik (gapma-garşylyk) edildi. Eger Perwerdigäriň tarapyndan söz aýdylmadyk bolup (hasap kyýamata goýulmadyk bolsady), onda olaryň aralarynda höküm edilerdi (temmileri berlerdi). Olar Kuran barada hem şek- şübhe edýärler.
 46. Kim ýagşy iş etse, öz peýdasynadyr. Kim erbet iş etse, öz zyýanynadyr. Perwerdigäriňiz bendelere zalymlyk (adalatsyzlyk) etmez!
 47. (Kyýamat) sagady (güni) hakyndaky ylym diňe Alla mahsusdyr! Hiç bir miwäniň tohumy Ondan bidin şine ýaryp bilmez! Hiç bir aýal hem Ondan bidin hamyla bolup, (göwresindäkini) dünýä inderip bilmez! Alla (şärik goşanlara: «Hany, siziň Maňa goşan) şärikleriňiz nirede?» diýip ýüzlenen güni: «Bu barada hiç hili şaýadymyzyň ýokdugyny Saňa habar berýäris» diýerler.
 48. Öňki ýalbaryp, zat isleýän (hudaýlary) olardan daşdadyr. Ýöne ol (Alla şärik goşanlar) gaçybatalgalarynyň ýokdugyny anyk bilerler.
 49. Ynsan haýyrly zady islemekden (hiç-haçan) bizar bolmaz. Emma betbagtçylyga duçar bolsa (welin), dessine umydyny ýitirip gynanar.
 50. Kasam bolsun! Eger-de (bir kişiniň) başyna betbagtçylyk inenden soň, Biz oňa rahmeti dadyrsak, ol: «Bu meniň hakymdy, kyýamatyň gopjakdygyna ynanmaýaryn, Perwerdigärime dolanyp barsam hem, Onuň ýanynda meniň üçin ýagşylyklar bardyr» diýer. Biz inkär edenlere eden zatlaryny hökman habar bereris we olara agyr azaby dadyrarys.
 51. Ynsana nygmat beren wagtymyz ol (Bizden) ýüz öwrüp, gaçmak bilen bolar. Emma oňa betbagtçylyk gelip ýetse welin, ýalbarmak bilen bolar.
 52. Olara aýt: «Eger-de siziň aýdara sözüňiz bar bolsa aýdyň! (Kuranyň) Alla tarapyndan iberilendigine garamazdan, siz ony inkär edýän bolsaňyz, onda (hakykatdan) daşlaşandan beter has azaşan kim bolup biler?».
 53. Kuranyň hakdygy mälim bolar ýaly, ynsanlara älemdäki hem-de öz beden-agzalaryndaky aýatlarymyzy (alamatlarymyzy) görkezeris. Perwerdigäriň hemme zada şaýat hökmünde ýeterlik dälmi?
 54. Ägä boluň! Olar özleriniň Perwerdigärine gowuşjakdyklaryna şek- şübhe edýärler. Ýöne Onuň ähli zady Öz ylmy bilen gurşap alandygyndan habaryňyz bolsun!