1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 16-njy süre: «Nahl» («Bal ary»)

«Nahl» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 128 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 68-69- njy aýatlarynda balarynyň Allanyň emri bilen daglarda, baglarda öý ýasap, dürli ösümliklerden adamlar üçin şypaly bal ýygnamagy barada habar berilýändigi üçin bu sürä «Nahl» ady berlipdir. Sürede, esasan hem, Allanyň nygmatlary, beýikligi, gudraty agzalyp, Onuň ybadata mynasyp ýeke-täk Hudaýdygy aýdylýar.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Allanyň emri (kyýamat) geldi. Ony howlukmaçlyk bilen islemäň! (Alla) olaryň şärik goşýan zatlaryndan Päkdir, Beýikdir.
 2. (Alla) perişdeleri bendelerinden islän kişisine emri bolan wahyý bilen: «Menden başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur, Menden gorkuň!» (diýip), duýduryş bermekleri üçin inderýär.
 3. (Alla) asmanlary we ýeri (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen ýaratdy. (Alla) olaryň şärik goşýanlaryndan (päkdir) Beýikdir.
 4. (Alla) ynsany nutfadan (bir damja suwdan) ýaratdy. Şeýle hem bolsa ol (Alla garşy) äşgär duşman bolup çykdy.
 5. Haýwanlary hem (Alla) ýaratdy. Olarda siziň üçin ýylylyk we (başga-da ençeme) peýdalar bardyr. Olardan (bir toparyny bolsa) iýýärsiňiz.
6. Siziň üçin olarda agşamara (örüden) getireniňizde hem-de säher wagty (örä) çykaranyňyzda (güzeranyňyzy aýlamak babatda) gözellik (hoşluk) bardyr.
7. (Adamlara hyzmat etmegi üçin ýaradylan ol haýwanlar) bir ýurda janyňyza agram salman daşap bilmejek ýükleriňizi daşap berýärler. Takyk, siziň Perwerdigäriňiz örän Mähirlidir, Rehim- şepagatlydyr.
 8. (Alla) atlary, gatyrlary we eşekleri münmegiňiz hem-de olaryň zynat-bezeg bolmagy üçin (ýaratdy. Alla) siziň (entek) bilmeýän zatlaryňyzy hem ýaradar.
 9. Dogry ýoly görkezmek Allanyň işidir we ondan (ýollardan) egrisi hem bardyr. Eger (Alla) islesedi, siziň ähliňizi dogry ýola gönükdirerdi.
10. Siziň üçin asmandan suw inderen hem Ol (Alladyr). Içimlik suw hem Ondandyr. Agaçlar, (ösümlikler) ondan (suw içýärler) we (mallaryňyzy) onda (otluk meýdanlarda) bakýarsyňyz.
 11. (Alla) onuň bilen siziň üçin ekinleri, zeýtunlary, hurmalyklary, üzümleri we her dürli miweleri ýetişdirýär. Elbetde, munda pikirlenýän kowum üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 12. (Ol) Gijäni we gündizi, Güni we Aýy size boýun egdirdi (hyzmatyňyza berdi). Onuň (Allanyň) emri bilen ýyldyzlar hem boýun egdirildi. Elbetde, munda akylyny ulanýan kowum üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 13. Siziň üçin ýer ýüzünde dürli reňkli zatlary hem ýaratdy. Elbetde, munda öwüt-ündew alýan kowum üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 14. Ol (Alla), täze et (balyk) iýmegiňiz we dakynýan bezeg (daşlaryňyzy) çykarmagyňyz üçin, deňzi size boýun egdirdi (peýdalanmaga berdi). Onda suwy böwsüp barýan gämileri hem görýärsiň. (Bu zatlary size) Onuň pazly-kereminden (rysgalyňyzy) talap etmegiňiz we şükür etmegiňiz üçin (boýun egdirdi).
15. (Alla) sizi sarsdyrmasyn diýip ýerde mäkäm daglary ornaşdyrdy. Ýoluňyzy tapmagyňyz üçin derýalary we ýollary (döretdi).
 16. (Azaşmazlyk üçin başga-da ençeme) alamatlar bardyr. Olar (gijelerine) ýyldyz bilen hem ýol taparlar.
 17. Eýsem-de, ýaradyjy (Alla) ýaratmaýanlar ýaly bolarmy? Heý, oýlanmaýarsyňyzmy?
18. Eger Allanyň nygmatyny sanamakçy bolsaňyz, sanap tükedip bilmersiňiz. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
19. Alla gizleýän zatlaryňyzy hem, äşgär edýän zatlaryňyzy hem bilýär.
 20. Olaryň (kapyrlaryň) Alladan gaýry ýalbarýanlary (kömege çagyrýanlary) bir zady hem ýaratmazlar. (Çünki olaryň) özleri ýaradylanlardyr.
21. (Olar) ölüdirler, diri däldirler. (Olar özlerine ybadat eden ynsanlaryň) haçan direldiljekdiklerini bilmezler.
22. Siziň hudaýyňyz ýeke-täk Hudaýdyr. Ahyrete iman getirmeýän kişileriň kalplary inkär edýändir. Olar tekepbirdirler.
23. Takyk, Alla (olaryň) gizleýän zatlaryny hem, äşgär edýän zatlaryny hem bilýär. Takyk, Ol tekepbirlik edýänleri söýmeýär.
 24. Olara: «Perwerdigäriňiz (Muhammede) nähili zat inderdi?» diýlende, (olar): «Owalkylaryň ertekileri» diýdiler.
 25. (Olar) kyýamat güni öz ýüklerini (günälerini) doly götermek üçin (ýokarky sözleri aýdýarlar. Şeýdip), nadanlyklary netijesinde (dogry ýoldan) azaşdyran kişileriniň hem ýüklerinden (günälerinden) bir bölegini (üstlerine alýarlar). Gör, nähili erbet ýük (günä) ýüklenýär.
 26. Olardan öňki (kapyr) kişiler hem (pygamberlerine) mekirlik edipdiler. Şonda Alla (azaby bilen) olaryň (guran) binalaryny düýp-teýkaryndan sogurdy, şonda üçekleri olaryň üstüne çökdi. Olara garaşmaýan tarapyndan azap geldi.
 27. Soň kyýamat güni (Alla ýene) olary ryswa edip hem-de: «Hany Maňa şärik goşanlaryňyz? Siz olar babatda (möminler bilen) dawalaşýardyňyz ahyry?» diýer. (Şonda) ylym berlen kişiler: «Takyk, bu gün ryswalyk, ýamanlyk kapyrlar tarapyndadyr» diýerler.
 28. Perişdeleriň (ters ýola düşüp) özlerine zulum edýärkäler janlaryny alan kişileri: «Biz hiç bir ýamanlyk etmändik» (diýip) boýun bolarlar. (Perişdeler bolsa): «Ýok, elbetde, Alla siziň eden zatlaryňyzy bilýändir» (diýerler).
 29. «Indi ol ýerde ebedi galmak üçin dowzahyň gapylaryndan giriň!» (diýler). Tekepbirleriň ýeri nähili erbetdir.
 30. Takwa kişilere: «Perwerdigäriňiz (pygambere) näme inderdi?» diýildi. (Olar): «Haýyr (ýagşylyk)!» diýdiler. Bu dünýäde ýagşylyk eden (hakyky dindar) kişiler üçin ýagşylyk bardyr. Elbetde, (olar üçin) ahyret ýurdy has haýyrlydyr. Takwalaryň ýurdy nähili gözeldir.
31. (Takwalar ol gözel ýurt bolan) «Adn» jennetlerine girerler. Onuň aşagyndan derýalar akýar. Ol ýerde olar üçin islän zatlary bardyr. Alla takwalary, ine, şeýdip sylaglar.
32. Perişdeler päk (ýagşy) haldakalar janlaryny alan kişilere: «Salam size, eden işleriňiz sebäpli, jennete giriň!» diýerler.
33. (Kapyrlar) diňe özlerine (jan alyjy) perişdeleriň gelmegine ýa-da Perwerdigäriň emriniň (azabynyň) gelmegine garaşýarlarmy? Bulardan öňki kişiler hem şeýle edipdiler. Alla olara zulum etmedi, ýöne olar özlerine zulum edýärdiler.
34. Şeýdip, ýamanlyklary olara (musybat bolup) ulaşdy we ýaňsylap (äsgermezçilik eden) zatlary olary gabawa saldy.
 35. (Alla) şärik goşýan kişiler: «Eger Alla islän bolsa, ne biz, ne-de ata- babalarymyz Ondan başgasyna ybadat etmezdik. Biz Onsuz (Onuň haram etmedik) hiç zadyny haram etmezdik» diýdiler. Olardan öňki kişiler hem şonuň ýaly edipdi. Indi pygamberlere (wahyý) anyk (aýdyň) edip ýetirmekden başga borç bolarmy?
 
 36. Kasam bolsun! Biz her ymmata: «Alla gulluk ediň, tagutdan (küpürden) daş boluň!» (diýip) pygamber iberdik. Alla olardan kimi dogry ýola gönükdirdi, kime-de (etmişlerine görä, dogry ýoldan) azaşmak derkar boldy. Indi ýeriň ýüzünde aýlanyň, ýalançylaryň ahyrynyň nähili bolandygyny görüň!
 37. (Eý, Muhammet! Sen) olaryň dogry ýola düşmegi üçin hernäçe özelenseň hem, elbetde, Alla azaşdyran kişisini dogry ýola gönükdirmez. Olara kömek berjek hem ýokdur.
 38. (Olar) Allanyň adyndan: «Alla ölen kişini direltmez» (diýip), örän çynlakaý kasam etdiler. Ýok, (hökman direldiler. Bu Allanyň) Öz üstüne alan hak wadasydyr. Ýöne (muny) ynsanlaryň köpüsi bilmeýärler.
 39. (Alla) olara (möminler bilen) dawalaşýan zadyny aýan etmek üçin hem-de inkär eden kişileriň, dogrudan hem ýalançydyklaryny bilmekleri üçin (olary direlder).
40. Biz bir zadyň bolmagyny islänimizde, oňa aýdýan sözümiz diňe: «Bol!» emridir. Ol hem dessine (peýda) bolar.
 41. (Özlerine) zulum edilenden soň, Alla ugrunda (ýurdundan aýrylyp) göç eden kişileri, bu dünýäde hökman gowy edip ornaşdyrarys. Ahyretiň sylagy bolsa, takyk, has ýokarydyr. Käşgä, muny bilsediler.
42. Olar sabyr eden kişilerdir we Perwerdigärine bil baglaýanlardyr.
 43. (Eý, Muhammet!) Biz senden öň hem özlerine wahyý iberen adamlarymyzdan başgasyny (pygamber edip) ibermedik. Eger bilmeýän bolsaňyz, onda (Töwraty we Injili) bilýänlerden soraň?
44. (Ol pygamberleri) äşgär deliller we (ylahy) kitaplar bilen iberdik. (Eý, Muhammet! Biz) saňa Zikiri (Kurany) inderdik. (Muny) ynsanlara özlerine inderilen zatlary beýan etmegi we olaryň pikirlenmekleri üçin (inderdik).
45. Hilegärlik bilen ýamanlyklary guraýanlar, (bir gün) Allanyň özlerini ýeriň astyna dykmajagyna ýa-da garaşmaýan ýerinden azabyň gelmejegine ynamlary barmyka?
46. Ýa-da aýlanyp ýörkäler (azabyň) olary tutmajagyna (ynamlary barmyka)? Şonda olar (azaby) sowup bilmezler.
 47. Ýa-da (azabyň) olary howp astyndakalar tutmajagyna (ynamlary barmyka)? Takyk, Perwerdigäriňiz örän Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr.
 48. Allanyň ýaradan zadyndan (bir toparynyň) kölegeleriniň sagdan-çepden Alla sežde edip, agyp-dönüşini, (şeýdip) olaryň boýun egişlerini görmeýärlermi?
 49. Asmanlardaky we ýerdäki ähli jandarlar we perişdeler tekepbirlik (men- menlik) etmän, Alla üçin sežde ederler.
50. Olar ýokarlaryndaky Perwerdigärinden gorkarlar we emir edilen zatlary ýerine ýetirerler.
 51. Alla: «Iki hudaý tutunmaň! Çünki Ol ýeke-täk Alladyr. Diňe Menden gorkuň!» diýdi.
 52. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Din (ybadat) hem elmydama Onuňkydyr (diňe Oňa mahsus bolmalydyr). Eýsem-de, siz Alladan başgasyndan gorkýarsyňyzmy?
 53. Size ýeten her nygmat Alladandyr. Soň size zyýan ýetende, dessine, Oňa ýalbarýarsyňyz.
 54. Soň (Alla) sizden zyýany sowanda, araňyzdan bir topar derrew Perwerdigärine şärik goşýarlar.
 55. Olara beren zatlarymyza näşükürlik etmek üçin (şeýle edýärler). Şonuň üçin hem (nygmatlarymyň) peýdasyny görüň! Tiz wagtda (hakykata) göz ýetirersiňiz.
 56. (Alla şärik goşýanlar) özlerine rysgal edip beren zadymyzdan (aslynyň nämedigini) bilmeýän zatlary üçin paý berýärler. Alla kasam bolsun! Elbetde, siz toslap tapan zatlaryňyzdan hökman soraga çekilersiňiz.
 57. Gyzlary («Perişdeler Allanyň gyzlarydyr» diýip) Allanyňky edip goýýarlar. Ol (beýle zatlardan) päkdir. Özlerine bolsa göwünleriniň islän zadyny (oglanlary degişli edýärler).
 58. Olardan birine gyz (çagasynyň bolandygy) buşlananda, çişip (gaharlanyp, utanjyndan) ýüzi şar-gara bolýar.
59. Özüne buşlanan zadyň (habaryň) şumlugyndan ýaňa (utanyp) kowumyndan gizlener. (Mundan soň) ony zelillik bilen (ekläp) saklasynmy ýa- da topraga gömsünmi? Gör, nähili ýaman höküm çykarýarlar.
 60. Ahyrete ynanmaýan kişiler üçin ýaman mysal (görelde) bardyr. Alla üçin bolsa iň beýik mysal (görelde) bardyr. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 61. Eger Alla ynsanlary (edýän) zulumlary sebäpli, (dessine) hasaba çekende, onuň (ýeriň) üstünde bir kişi (barlyk) hem goýmazdy. Ýöne (Alla) olary (Öz huzurynda) bellenen möhlete çenli gijikdirýär. Olaryň ajaly ýetende, bir salym gijä-de galmazlar, öňe-de geçmezler.
 62. Olar halamaýan zatlaryny Allanyňky edip goýýarlar. Iň gowy (ýagdaýyň) özleriniňki (boljakdygyny aýdýan) dilleri bolsa ýalan sözleýär. Takyk, olar üçin ot (azaby) bardyr. Olar hökman öň (hatarda oda) atylarlar.
 63. Alla kasam bolsun! Elbetde, Biz senden öňki ymmatlara hem (pygamberler) iberdik. Şeýtan olara edýän işlerini bezäp görkezdi. Ol (şeýtan) bu gün hem olaryň dostudyr. Olar üçin yza beriji azap bardyr.
 64. (Eý, Muhammet!) Biz saňa kitaby olaryň aýra düşen (dawalaşýan) zadyny aýan etmegiň üçin, iman getiren kowuma bolsa dogry ýoly görkezmek we rahmet bolmagy üçin iberdik.
 65. Alla asmandan suw inderdi. Onuň bilen ýeri, ölenden soň, (täzeden) jana getirýär. Takyk, munda eşidýän (gulak asýan) kowum üçin aýat (ybrat) bardyr. 66. Elbetde, siziň üçin haýwanlarda (täsin) ybrat bardyr. (Çünki Biz) size onuň içindäki zatlardan bolan (içegelerdäki) hapalyk bilen ganyň arasyndan (çykýan) ap-arassa süýt içirýäris. Ol içýänleriň (bogazyndan) ýakymlylyk bilen geçýändir.
 67. Hurmadan we üzümleriň miwelerinden şerbet we gözel rysgal (iýmit) edinýärsiňiz. Takyk, munda, akylyny ulanýan kowum üçin aýat (ybrat) bardyr.
68. (Eý, Muhammet!) Seniň Perwerdigäriň bal arysyna: «Daglarda, daragtlarda we (ynsanlaryň) ýasaýan ýerlerinde öýjükler tutuň!» (diýip), wahyý etdi.
 69. Soň (Alla bal arysyna şeýle wahyý etdi): «Miweleriň her dürlüsinden iý, Perwerdigäriň ýollarynda boýun egip ýöre!». Olaryň garynlaryndan dürli reňkli şerbet (bal) çykar. Onda ynsanlar üçin şypa bardyr. Takyk, munda, oýlanýan kowum üçin aýat (ybrat) bardyr.
 70. (Eý, ynsanlar!) Alla sizi ýaratdy. Soň, (wagty gelende) siziň janyňyzy alar. Araňyzda tapdan düşen garrylar we bilýän zatlaryny hem unudanlar bar. Elbetde, Alla ähli zady bilýändir, (Onuň) ähli zada güýji ýetýändir.
 71. Alla rysgalda (deň etmän) birnäçäňizi birnäçäňizden artyk etdi. Artyk (rysgal) berlen kişiler gol astyndakylara rysgallaryndan gaýtaryp bermezler. (Eger berseler) olar hem onda (rysgalda) deňleşer. Eýsem-de, Allanyň nygmatyny inkär edýärlermi?
72. Alla siziň üçin özüňizden jübütler (ýanýoldaşlar) ýaratdy. Jübütleriňizden bolsa ogullar we agtyklar ýaratdy. Size päk (gözel) zatlardan rysgal berdi. Eýsem, olar batyl (zatlara) iman getirip, Allanyň nygmatyny inkär edýärlermi?
 73. (Olar) Alladan özge özlerine, asmandan we ýerden rysgal edip, bir zady hem bermeýänlere, (muňa) güýçleri hem ýetmeýänlere ybadat (gulluk) edýärler.
 74. (Siz) Alla üçin («Biz Alla şärik goşýanlarymyz arkaly, olaryň üsti bilen Oňa ýetýäris» diýen sözler ýaly ýerliksiz) tymsallar getirmäge çalyşmaň! Elbetde, Alla bilýär, siz bilmeýärsiňiz.
75. Alla hiç bir zada güýji ýetmeýän (we biriniň) emlägi bolan gul bilen Biz tarapdan berlen gözel rysgaldan gizlin hem-de äşgär edip eçilýän kişini mysal getirýär. Olar deň bolarmy? Hamdy-sena Alla mahsusdyr. Ýöne olaryň köpüsi bilmeýärler.
76. Alla (ýene) iki adamy mysal getirdi. Olaryň biri lal bolup, hiç zada güýji ýetmeýär. Ol eýesiniň üstüne ýük bolup, nirä ugradylsa-da bir ýagşylyk hem getirmeýär. Ol (adam) dogry ýolda bolup, adalat bilen emir edýän kişi bilen deň bolarmy?
 77. Asmanlaryň we ýeriň gaýyp (syrlaryny bilmek diňe) Alla mahsusdyr. Kyýamatyň (gopmagy baradaky) emir göz açyp-ýumasy salymda ýa-da has- da çalt bolup geçer. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
78. Alla sizi hiç zat bilmeýän halyňyzda eneleriňiziň göwrelerinden çykardy. (Ol) siziň üçin, şükür edersiňiz diýip, eşidiş (ukybyny), gözleri we kalplary berdi.
 79. Asman giňişliginde (ylahy kanuna) boýun egdirilip (uçýan) guşlary görmedilermi? Olary Alladan başga (howada ýere gaçmakdan) saklaýan ýokdur. Takyk, munda iman getiren kowumlar üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 80. Alla siziň üçin öýleriňizi (dynç alynýan) mesgen etdi we siziň üçin haýwanlaryň derilerinden göçen günüňizde we gonan günüňizde alyp gitmegiňiz aňsat bolan öýleri döretdi. Olaryň (goýunlaryň) ýüňlerinden, (düýeleriň) ýüňlerinden, (geçileriň) çöpürlerinden belli bir wagta çenli (peýdalanmagyňyz üçin hojalyk) esbaplaryny we (söwda) harytlaryny (döretdi).
 81. Alla ýaradan zatlaryndan siziň üçin kölegeler döretdi. Siziň üçin daglarda gaçybatalgalary (gowaklary) emele getirdi. Sizi yssydan (we sowukdan) goramak üçin eşikler döretdi. Sizi söweşde goramak üçin sowutlar döretdi. Şeýdip, (Alla) size, Özüne boýun sunup, musulman bolmagyňyz üçin, nygmatyny doly berýär.
82. (Eý, Muhammet!) Eger ýüz öwürseler, seniň wezipäň diňe (hakykaty) aýdyň beýan etmekdir.
 83. (Olar) Allanyň nygmatyny bilýärler (ýagny nygmatlary Allanyň berýändigini bilýärler), soň bolsa inkär edýärler. Olaryň köpüsi kapyrdyrlar.
 84. (Kyýamat) güni her ymmatdan bir şaýat (pygamber) ibereris. Soň inkär eden kişilere (ötünç soramaga) rugsat berilmez. Olaryň ötünç soramaklary hem islenilmez.
 85. Zulum eden kişiler azaby görenlerinde, olaryň (azaby) ýeňledilmez, olara (toba etmäge) möhlet hem berilmez.
 86. (Kyýamatda, Alla) şärik goşanlar şäriklerini görenlerinde: «Perwerdigärimiz! Bular Senden özge dileg eden şäriklerimizdir» diýerler. (Olar bolsa Alla şärik goşanlara): «Takyk, siz hakyky ýalançylarsyňyz» (diýip), sözi olara oklarlar.
 87. Ol gün (şärik goşanlar) Alla boýun bolarlar we toslap tapan zatlary (şärikleri) olardan ýitirim bolarlar.  
88. Inkär eden we Allanyň ýolundan gaýtaran kişilere, bozgakçylyklary sebäpli, azap üstüne azap goşarys.
89. (Kyýamat) güni her ymmatyň arasyndan olara (ol ymmatlara) özlerinden bolan bir şaýady ibereris. (Eý, Muhammet!) Seni hem bulara (ymmatyňa) şaýat edip getirdik. Saňa her bir zady düşündirýän, musulmanlar üçin dogry ýoly görkezýän, rahmet bolan, buşluk berýän kitaby inderdik.
 90. Takyk, Alla adalaty, ýagşylyk etmegi we garyndaşlara (ýardam) bermegi emir edýär. Bihaýalygy, erbet işleri we azgynçylygy gadagan edýär hem-de pent alarsyňyz (diýip) ündew edýär.
 91. Äht edeniňizde Allanyň ähti- peýmanyna (Onuň adyny agzap beren sözüňize) wepaly boluň! Allany özüňize kepil tutunyp, (ähti-peýmanyňyzy) pugta edeniňizden soň, kasamlaryňyzy bozmaň! Takyk, Alla edýän zatlaryňyzy bilýär.
 92. Bir ymmat (topar) beýleki bir topardan (san we emläk taýdan) artyk bolany üçin, araňyzdaky (ylalaşan) kasamlaryňyzy (bozup) aldaw serişdesi edip, pugta egrenden soň, ýüpüni (boş ýere) söken aýal ýaly bolmaň! Alla onuň bilen (ýagny ähti-peýmanyňyzy ýerine ýetirip-ýetirmeýänligiňiz bilen) sizi synag edýär. (Alla) size kyýamat güni ol gapma-garşy bolan zadyňyzy hökman aýan eder.
 93. Alla islände, elbetde, sizi ýeke-täk ymmat ederdi. Ýöne (Ol) islän kişisini azaşdyrýar, islän kişisini bolsa dogry ýola gönükdirýär. Eden işleriňizden hökman soraga çekilersiňiz.
 94. Araňyzdaky kasamlaryňyzy (bozup) aldaw serişdesi etmäň! (Ýogsa yslam ýolunda) mäkäm ornaşandan soň hem, aýaklaryňyz taýar. (Şeýdip) Allanyň ýolundan gaýtaranlygyňyz sebäpli, (onuň) ýaman (jezasyny) dadarsyňyz we siziň üçin uly azap bardyr.
 95. Alla beren ähdiňizi sähelçe baha (dünýä malyna) satmaň! Eger bilseňiz elbetde, Allanyň huzuryndaky (sylag) siziň üçin has haýyrlydyr.
 96. Siziň ýanyňyzdaky (dünýä) maly gutarar. Allanyň ýanyndaky zat (sogaplar) bakydyr. Takyk, sabyr eden kişileriň eden işleriniň sylagyny iň gözel görnüşde bereris.
 97. Erkek bolsun, ýa aýal, (her) kim iman getirip, ýagşy işleri etse, takyk, ony gözel durmuşda ýaşadarys. Olaryň eden işleriniň sylagyny iň gözel görnüşde bereris.
98. Kuran okanyňda, kowlan şeýtanyň şerinden Alla sygyn!
 99. Dogrusy, onuň (şeýtanyň) iman getiren hem-de ýalňyz Perwerdigärine bil baglan kişileriň üstünden (hökmürowanlyk etmäge) güýji ýokdur.
100. Onuň hökmürowanlygy diňe ony dost tutanlara we Oňa (Alla) şärik goşanlara (ýöreýändir).
 101. Biz bir aýaty (başga) bir aýat bilen çalşyranymyzda, (elbetde) Alla inderýän zadyny (aýatyny) örän gowy bilýär. (Kapyrlar: «Eý, Muhammet!) Sen diňe bir toslap tapyjysyň» diýdiler. Ýok, olaryň köpüsi (hakykaty) bilmeýärler.
102. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ony (Kurany) Perwerdigäriň tarapyndan Ruhul-Kudus (Jebraýyl) iman getiren kişileriň (imanyny) berkitmek, musulmanlara dogry ýoly görkezmek hem-de buşluk bolmagy üçin hak (ýol) bilen inderdi».
 103. Elbetde, Biz olaryň: «Ony (Kurany) oňa (Muhammede) bir adam öwredýär» diýýän (sözlerini) anyk bilýäris. Olaryň oňa (Muhammede tälim berýär diýip) yşarat edýän kişisiniň dili ajam (dilidir). Bu (Kuran) bolsa aýdyň arap dilindedir. Düşündiriş: Alla şärik goşýanlar, adamlary şübhä düşürmek üçin, Kuranyň Muhammet aleýhissalama rumly bir nasrany tarapyndan öwredilendigini aýdanlarynda, ýokardaky aýat inýär.
104. Allanyň aýatlaryna iman getirmeýän kişileri Alla dogry ýola gönükdirmez. Olar üçin yzaly azap bardyr.
105. Ýalany diňe Allanyň aýatlaryna iman getirmeýän kişiler toslap tapýarlar. Ine, olar (baryp ýatan) ýalançydyrlar.
 106. Kim, Alla iman getirenden soň (ýene) kapyr bolsa, (Allanyň gazabyna duçar bolar). Ýöne kimiň kalby iman bilen doly bolup, (dili bilen Allany inkär etmeklige) mejbur edilse (kapyr bolmaz). Emma kim köňlüni kapyrlyga açsa, olaryň üstüne Alladan gazap (iner). Olar üçin uly azap bardyr.
 107. Munuň sebäbi, olaryň ahyrete derek dünýä ýaşaýşyny söýmekleridir (saýlap almaklarydyr). Elbetde, Alla kapyrlar kowumyny dogry ýola gönükdirmez.
108. Ine, olar Allanyň kalplaryny, gulaklaryny we gözlerini möhürlän kişileridir. Ine, olar (hakyky) gapyldyrlar.
109. Takyk, olar ahyretde zyýan çekjekleriň hut özleridir.
 110. (Eý, Muhammet!) Elbetde, soň seniň Perwerdigäriň (şonça) sütem edilenden soň (ýurdundan) göçen, (Allanyň ýolunda) söweşen we sabyr eden kişiler üçin (medetkärdir). Elbetde, seniň Perwerdigäriň ol (mähnetleri görenlerinden) soň (olar üçin) Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 111. (Kyýamat) güni her kim öz janynyň aladasy bilen geler we her kime eden amalyna görä (netijesi) doly berler. Olara zulum edilmez.
 112. Alla bir şäheri (Mekgäni) mysal getirdi. Ol asuda, eşretli şäherdi. Her tarapdan rysgaly bolelin gelip durardy. (Ýöne şäher ilaty) Allanyň nygmatlaryna näşükürlik etdiler. Alla, olaryň eden işleri sebäpli, ol (şäheriň halkyna) açlyk we howp lybasyny (belasyny) datdyrdy. Düşündiriş: Mekgeli kapyrlar pygamberimiziň aýdanlaryny ýalan hasap edensoňlar, bolelinlikden, bereketden mahrum bolup, ýedi ýyllap elhenç gytçylyga duçar bolýarlar.
113. Kasam bolsun! Olara (öz) aralaryndan bir pygamber geldi. Şolbada ony ýalançy hasapladylar. Olary zalym bolan ýagdaýlarynda azap tutdy.
114. Allanyň size rysgal edip beren halal, päk zatlaryndan iýiň! Eger ýalňyz Oňa (Alla) gulluk edýän bolsaňyz, onda Allanyň (size beren) nygmatyna şükür ediň!
 115. (Alla) size läşi, (damak) gany, doňuz etini we Alladan gaýry üçin aýdylyp soýlan zatlary (mallary) haram etdi. Indi kim (bu zatlary iýmäge) mejbur bolsa, (başga) azar bermän we hetden aşman iýse günä bolmaz. Elbetde, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 116. Allanyň şanyna ýalan toslamak maksady bilen, diliňize gelen ýalan sözi sözläp: «Bu halaldyr, bu haramdyr» diýmäň! Çünki Allanyň şanyna ýalan toslaýanlar halas bolmazlar.
 117. (Olara bu dünýäde) sähelçe peýda bardyr. (Ahyretde bolsa) olar üçin yzaly azap bardyr.
118. (Eý, Muhammet!) Ýahudylara owal saňa aýdan zatlarymyzy haram etdik. Biz olara zulum etmedik. Ýöne olar öz- özlerine zulum edýärdiler.
 119. Soň, şübhesiz, seniň Perwerdigäriň nadanlyk bilen ýaman iş edip, soň munuň yzyndan-da toba edenleri hem- de (özlerini) düzedenleri (bagyşlar). Elbetde, seniň Perwerdigäriň şol (tobadan) soň (olar üçin) Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 120. Elbetde, Ybraýym Alla boýun egen, (Allany bir bilip) haka ýönelen ymmatdy (baştutandy). Ol Alla şärik goşanlardan däldi.
 121. (Ybraýym) Onuň nygmatlaryna şükür edijidi. (Alla) ony (pygamberlige) saýlady we ony dogry ýola gönükdirdi.
 122. Biz oňa bu dünýäde ýagşylyk berdik. Elbetde, ol ahyretde hem salyhlardan (söýen bendelerimden) bolar.
123. Soň (eý, Muhammet!) Saňa: «(Allany bir bilip), haka ýönelip, Ybraýymyň dinine eýer!» (diýip), wahyý etdik. (Çünki ol) Alla şärik goşanlardan däldi.
124. Şenbe (gününi dynç güni we ybadat güni hasaplamak, ol günde aw etmezlik), diňe ol (gün) hakda dawa eden kişilere (ýahudylara parz) edildi. Takyk, seniň Perwerdigäriň olaryň arasyndaky dawa edýän zatlary barada kyýamat güni hökman höküm berer.
125. (Eý, Muhammet! Sen olary) Perwerdigäriň ýoluna hikmet bilen, gözel pent (nesihat) bilen çagyr. Olar bilen iň gözel tärde çekişme alyp bar! Takyk, seniň Perwerdigäriň (Özüniň) ýolundan azaşan kişini-de örän gowy bilýändir, dogry ýolda bolan kişini-de örän gowy bilýändir.
 126. Eger (kimleri) jezalandyrmakçy bolsaňyz, size berlen jezanyň barabaryna görä jeza beriň! Eger sabyr etseňiz, elbetde, ol sabyrly kişiler üçin has haýyrlydyr. Düşündiriş: Bu aýata şeýle düşündiriş berilýär: Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Uhud söweşinde kakasynyň dogany hezreti Hemzäniň burnunyň we gulagynyň kesilenini, bagyr- öýkeniniň çykarylanyny görende: «Alladan kasam edýärin, eger maňa ýeňiş nesip etse, seniň ýeriňe ýetmiş adamy şular ýaly ederin» diýip kasam edýär. Pygamberimiz, inen bu aýat sebäpli, eden ähti-peýmanynyň ýerine keffarat tölegini berýär. Kasamyny bozan adam, keffaratyň jerimesi hökmünde on sany garyby (ajy) naharlamaly ýa-da bir guly azat etmeli. Eger bulara güýji ýetmese, üç gün yzly-yzyna agyz beklemeli.
 127. (Eý, Muhammet!) Sabyr et! Seniň sabryň diňe Allanyň (ýardamy) bilendir. Olar üçin gynanma! Olaryň hileleri sebäpli, darykma!
 128. Takyk, Alla takwa bolan we ýagşylyk edýän (dürs-dindar) kişiler bilen biledir.