1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 254. Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan ol (kyýamat) güni gelmezden öň size beren rysgalymyzdan haýyr-sahawat ediň! (Hakykaty) inkär edenler zalymlaryň hut özleridir.

Başy » Sözbaşy » 85-nji süre: «Buruç» («Ýyldyzlar topary»)

«Buruç» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 22 aýatdan ybaratdyr. Ilkinji aýatynda Allatagala burçlar (Ýyldyzlar topary) we ulgamlar bilen doly asmana üns çekýär. «Buruç» sözi «Ýyldyzlar topary» diýmekdir. Bu sürede kapyrlaryň ezýetlerine we zulumlaryna garşy möminleriň sabyr-takatly we ruhubelent bolmaklary ündelýär. Öňki döwürlerdäki Allanyň ilçilerine garşy çykanlaryň-da derbi-dagyn edilişi ýaly, Kurana garşy çykanlaryň hem zyýana uçrajakdyklary barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Burçlara (ýyldyzlar toparyna) eýe bolan asmana!
 2. Wada berlen (kyýamat) gününe!
 3. Şaýat bolana we şaýat bolunýan zada kasam bolsun!
 4. Garym ýaranlary heläk boldular! Düşündiriş: «Garym ýaranlary» barada tefsirlerde dört sany hadysa agzalýar: Bularyň iň meşhury Ýemen hökümdarlygyny gol astyna geçiren Zu Nuwas bilen baglanyşyklydyr. Dördünji asyrda Ýemen patyşasy bolan bu hökümdar ýahudylygy kabul edýär we nasrany bolan Nejranyň ilatyny hem ýahudylygy kabul etmäge zorlaýar. Halk muňa garşy çykansoň, onuň görkezmesi bilen ýigrimi müň töweregi adam otly garymlara oklanylýar. Şonuň üçin hme bular Kurany Kerimde bu at bilen ýatlanylýar.
 5, 6, 7. Olar tutaşdyrlyk doldurylyp ýakylan oduň başynda oturyp, möminlere berýän jezalaryna rehimsizlik bilen seredýärdiler.
8, 9. Olaryň möminlerden (beýle zulum edip) ar almaklarynyň sebäbi möminleriň asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Özünde bolan Gudraty güýçli we ähli öwgülere laýyk Alla iman getirmekleridi. Alla ähli zady görýändir.
 10. Mömin erkeklere we mömin aýallara zulum edip, soň hem toba etmeýänlere dowzah azaby berler. Olar üçin ýakyp ýandyryjy azap bardyr.
 11. Iman getirip, ýagşy işleri edenlere bolsa aşagyndan derýalar akýan jennetler bardyr. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!
12. Seniň Perwerdigäriň (kapyrlary azap bilen) tutmasy örän gazaplydyr.
13. Ol ilki ýaradar, (soň öldürip) täzeden ýene-de direlder.
14. Ol Bagyşlaýjydyr, (bendelerini) söýýändir.
 15. Ol Arşyň eýesidir, şany beýikdir.
16. Ol islän zadyny amala aşyrýandyr.
 17, 18. Saňa ol goşunlaryň, Fyrgawnyň we semud kowumynyň (başlaryna gelen zatlaryň) habary geldimi?
19. Emma kapyrlar (ýene-de dini) ýalan hasaplap, inkär etmeklerini dowam etdirýärler.
 20. (Olar hergiz Allanyň höküminden gaçyp bilmezler). Alla olaryň daş- töweregini gurşap alandyr.
 21, 22. Ýok! Ol mukaddes Kuran «Lowhy-mahfuzda» saklanan (keramatly kitapdyr).