1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 49-njy süre: «Hujurat» («Otaglar»)

«Hujurat» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 18 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady bolan «Otaglar» diýen manyny aňladýan «Hujurat» sözi 4-nji aýatda agzalýar. Bu sürede musulmanlaryň pygambere we biri-birlerine nähili gatnaşykda bolmalydyklary baradaky edep-ahlak kadalary hakda aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Eý, iman getirenler! Allanyň we Onuň ilçisiniň öňüne geçmäň (Allanyň we pygamberiň hökümleriniň daşyndan höküm çykarmaň)! Alladan gorkuň! Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 2. Eý, iman getirenler! Sesleriňizi pygamberiň sesinden ýokary gataltmaň! (Öz araňyzda) biri-biriňiz bilen gygyryp gürleşýän ýaly, oňa (pygambere) gygyryp gürlemäň! (Eger gygyryp ýüzlenseňiz), eden amallaryňyz puja çykar, siz hem (ony) duýman galarsyňyz.
 3. Allanyň ilçisiniň ýanynda seslerini ýuwaşadanlar, (ine) olar Allanyň ýüreklerini takwalyk üçin synag eden kişileridir. Olara ýalkaw we uly sylag bardyr.
 4. (Eý, Muhammet!) Takyk, (seniň) otaglaryň (öýüň) arkasyndan saňa seslenenleriň köpüsi (edýän işlerine) akyl ýetirmeýän kişilerdir.
 5. Eger olar, sen ýanlaryna çykýançaň, sabyr etselerdi, elbetde, özleri üçin haýyrly bolardy. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
6. Eý, iman getirenler! Eger size bir bozgak (pasyk) adam bir habar getirse, (birdenkä) käbirine zyýan ýetirip, soň bu etmişiňize ökünmez ýaly, ol (habaryň aňyrsyny) soraşdyryp görüň!
 7. (Eý, möminler!) Bilip goýuň! Takyk, siziň araňyzda Allanyň ilçisi bar. Eger ol köp işde (meselede) size tabyn bolsady, siz kynçylyga sezewar bolardyňyz. Emma, Alla size imany söýdürdi hem-de ony ýürekleriňizde (has-da) gözelleşdirdi. Size küpüri, pasyklygy we asylygy (Haka tabynsyzlygy) ýigrendirdi. Ine, (bu hili häsiýetdäkiler), olar dogry ýoldakylaryň hut özleridir.
 8. (Bu) Alla tarapyndan bir pazly-kerem we nygmatdyr. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 9. Eger möminlerden iki topar biri-birleri bilen söweşse, bes, siz olaryň arasyny düzediň! Eger olaryň biri beýlekisine hüjüm etse, ol hüjüm edenler bilen, tä Allanyň emrine dönýänçäler, siz hem söweşiň! Eger (Allanyň emrine) dönseler, olaryň arasyny adalat bilen düzediň! Adalatly boluň! Takyk, Alla adalatly bolanlary söýýändir.
 10. Takyk, möminler (biri-birleri bilen) dogandyrlar. Bes, siz öz doganlaryňyzyň arasyny düzediň! Merhemet edilmegiňiz üçin Alladan gorkuň!
 11. Eý, iman getirenler! (Sizden) hiç bir topar beýleki bir topary ýaňsylamasyn! Belki, ýaňsylanýan topar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr. Aýallar hem başga aýallary (ýaňsylamasynlar)! Belki, ýaňsylanýan aýallar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr. Özleriňizi (biri-birleriňizi) ýazgarmaň! Biri-birleriňize (erbet) lakamlar dakmaň! Iman getireniňden soň, erbet at (dakmak) nähili erbetdir. Kim toba etmese, olar zalymlaryň hut özleridir.
 12. Eý, iman getirenler! Güman etmekden örän habardar boluň! Sebäbi (edilen) käbir gümanlar günädir. Biri-biriňiziň kemçiligini gözlemäň we gybatyny etmäň! Siziň biriňiz öz ölen doganynyň etini iýmegi halarmy? Elbetde, muny ýigrenersiňiz. Alladan gorkuň! Takyk, Alla tobalary kabul edýändir, Rehim- şepagatlydyr.
 13. Eý, ynsanlar! Biz sizi bir erkekden we bir aýaldan ýaratdyk. Biri-birleriňizi tanamagyňyz üçin sizi milletlere we tire- taýpalara böldük. Siziň Allanyň ýanynda iň hormatlyňyz has takwa bolanyňyzdyr. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.
 14. Çarwalar: «Biz iman getirdik» diýdiler. (Olara): «Siz iman getirmediňiz, siz «Boýun bolduk» diýiň» diýip aýt. Heniz iman siziň kalplaryňyza ornaşmady. Eger siz Alla we Onuň ilçisine iman getirseňiz, (Alla) siziň amallaryňyzdan (sogaplaryňyzdan) hiç zady kemeltmez. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 15. Takyk (hakyky) möminler Alla we Onuň ilçisine iman getiren, soň (imanlarynda hiç hili) şek-şübhä düşmezden Allanyň ýolunda emläkleri we janlary bilen söweşen kişilerdir. Olar dogruçyllaryň hut özleridir.
16. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Siz (indi) Alla öz diniňizi öwredýärsiňizmi?» diýip aýt. Alla asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zatlary bilýändir. Alla ähli zady bilýändir.
17. Olar yslamy (kabul edendikeri) üçin saňa minnet edýärler. (Olara): «Musulman bolandygyňyz üçin maňa minnet etmäň! Eger siz dogruçyl bolsaňyz, (bilip goýuň), sizi imana gönükdirendigi üçin Alla size minnet (merhemet) edýär» diýip aýt.
 18. Takyk, Alla asmanlardaky we ýerdäki (ähli) gaýyp (gizlin) zatlary bilýändir. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.