1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 55-nji süre: Rahman

«Rahman» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 78 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ilkinji aýatynda Allanyň «Rahman» adynyň geçýändigi we süräniň içinde Allanyň mähribanlygy barada gürrüň gozgalýandygy üçin sürä bu at berlipdir. Sürede Allanyň mömin bendelerini bu dünýäde, aýratyn hem jennetde taýýarlanylan nygmatlara çagyryşy beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2. Rahman (bolan Alla ynsana) Kurany öwretdi.
 3, 4. (Öz gudraty bilen) ynsany ýaratdy, oňa (düşünjelerini) beýan (etmegi) öwretdi.
 5. Gün we Aý (kesgitlenilen) belli bir hasap bilen (hereket edýärler).
6. Ösümlikler (ýyldyzlar) we bag- bakjalar (Alla) sežde edýärler.
 7. Ol (Alla) asmany galdyrdy we ölçegi (terezini) goýdy.
 8. Ölçegde-terezide hetden aşmaň (dürs boluň)!
 9. Ölçegi (terezini) adalatly çekiň we terezide (ölçegde) kem çekmäň!
 10. (Alla) ýeri (ýaradylan) janly zatlar üçin taýýar edip goýdy.
 11, 12. Ol ýerde miweler we pyntyk açan hurma (agaçlary), samanly (harpykly) däneler we hoşboý ysly güller (ösümlikler) bardyr.
 13. (Eý, ynsanlar we jynlar!) Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz? Düşündiriş: Bu aýat bu sürede 31 gezek gaýtalanýar. Bu ýerde «Siz» diýlip, ikilik sana ýüzlenilýär. Tefsir alymlary muny ynsanlar we jynlar diýip düşündirýärler.
 14. Alla ynsany (Adam atany) bişen toýun ýaly saň-gaty gury palçykdan ýaratdy.
 15. Jyny (jynlaryň atasyny) bolsa oduň ýalkym saçýan alawyndan ýaratdy.
16. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 17. Ol iki Gündogaryň we iki Günbataryň Perwerdigäridir. Düşündiriş: Tefsir kitaplarynda tomusda we gyşda günüň dogýan we ýaşýan ýeriniň üýtgeýändigi üçin iki Gündogar we iki Günbatar diýlendigi bellenilýär.
 18. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 19. Ol iki deňzi akdyryp goýberdi. Olar biri-birine gowşarlar.
 20. (Emma) ikisiniň arasynda böwet (dik suw gatlagy) bardyr, (olar biri-birine) gatyşyp bilmezler.
 21. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 22. Olaryň ikisinden hünji (dür) we merjen çykýar.
 23. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 24. Deňizde äpet daglar ýaly ýüzýän uly gämiler hem Onuňkydyr.
 25. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 26. Ondaky (ýeriň ýüzündäki) hemmeler panydyr (ýok bolup giderler).
 27. (Emma) seniň beýiklik we pazly- kerem eýesi Perwerdigäriň özi (elmydama) baky galar.
 28. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 29. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat (öz isleglerini) Ondan dileýärler. Ol her gün (her pursat) bir iş (ýaradyş) içindedir (amala aşyrýandyr).
 30. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
31. Eý, (ýer ýüzüniň agyrlygy bolan) ynsanlar we jynlar! Biz siziň hasabyňyzy (elbetde), sorarys.
 32. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
33. Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).
 34. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 35. Siziň üstüňize oduň tüssesiz alawy we duman iberiler. Size kömek hem edilmez.
 36. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
37. Bes, asman ýarylyp, erän ýag ýaly gyp-gyzyl gülüň (reňkine) öwrülende, (siziň halyňyz nähili bolar)?
 38. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
39. Ol (kyýamat) gününde ynsanlardan we jynlardan günäleri soralmaz, (hemmeleriň ýüz keşbi soraga ýer goýmaz).
 40. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 41. Günäkärler ýüz keşplerinden tanalarlar, olar maňlaý saçlaryndan we aýaklaryndan tutulyp (dowzaha oklanarlar).
 42. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 43. (Olara): «(Ine), günäkärleriň ýalan hasaplan dowzahy!» (diýler).
 44. Olar ol (dowzah) bilen gaýnag suwuň arasynda (yzygiderli) gatnap durarlar.
45. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 46. (Hasap bermek üçin) Perwerdigäriniň huzurynda hasapdan gorkýan (mömine) iki jennet bardyr.
 47. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 48. Iki (jennetiň) hem miweleri (we) agaçlary bardyr.
 49. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 50. Ikisinde hem akyp duran iki sany çeşme bardyr.
 51. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
52. Ikisinde hem her dürli miweler goşa- goşadan bardyr.
 53. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
54. (Ol jennetiler) içlikleri (aşaklary) galyň ýüpekli düşeklere ýassanarlar. Iki jennetiň hem miwelerini (ýolmak) aňsatdyr (elleriniň aşagynda bolar).
 55. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 56. Ol jennetlerde gabagyny (ýanýoldaşlaryndan başgasyna) galdyrmaýan, özlerinden öň ynsandan we jyndan hiç kimiň (eli) degmedik hüýrler bardyr.
 57. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 58. Ol (hüýr gyzlar owadanlykda) ýakut we merjen mysalydyr.
 59. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 60. Ýagşylygyň sylagy ýagşylyk dälmidir eýsem?
 61. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 62. (Olar üçin) bu ikisinden başga ýene- de iki sany jennet bardyr.
 63. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
64. (Ol iki jennet) göm-gök (öwsüp durandyr).
 65. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
66. Olaryň ikisinde hem çogup duran iki sany çeşme bardyr.
 67. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 68. Olaryň ikisinde hem miwe, hurma we nar (iýmişleri) bardyr.
 69. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
 70. Ol ýerde gowy häsiýetli, owadan gyzlar bardyr.
71. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz? 72. Çadyrlarda (ýanýoldaşlary üçin) saklanylýan hüýrler bardyr.
 73. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
74. Olara (jenneti boljak ýanýoldaşlardan) öň ynsandan we jyndan, hiç kimiň (eli) degen däldir.
75. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
76. Olar ýaşyl ýassyklara we ajaýyp owadan düşeklere ýassanarlar.
 77. Siz eýsem Perwerdigäriňiziň haýsy nygmatlaryny ýalan hasaplap bilersiňiz?
78. Seniň beýiklik we pazly-kerem eýesi Perwerdigäriň ady örän beýikdir.