1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

66. 6. Eý, iman getirenler! Siz özüňizi we maşgalaňyzy ýangyjy ynsanlar we daşlar bolan (dowzah) odundan goraň! Onuň başynda Allanyň özlerine beren emrine garşy gelmeýän we emir edilen zady berjaý edýän rehimsiz, ýowuz perişdeler bardyr.

Başy » Sözbaşy » 60-njy süre: «Mumtehyne» («Synag edilenler»)

«Mumtehyne» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 13 aýatdan ybaratdyr. «Mumtehyne» sözünuň manysy «Synag edilenler» diýmek bolup, bu sürede musulmanlaryň gaýry dinliler bilen gatnaşygy, yslamyň duşmanlary bilen dostlaşmaly däldigi, şeýle-de yslamy kabul eden aýallaryň maksatlaryny ýüze çykarmak arkaly synag edilendikleri barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Eý, iman getirenler! Meniň duşmanymy we öz duşmanlaryňyzy dost tutunmaň! Olar size hakdan geleni (hakykaty) inkär edýärkäler, siz olara mähir-muhabbet görkesýärsiňiz! (Olar) pygamberi we sizi Perwerdigäriňiz Alla iman getirýändigiňiz üçin (ýurtlaryňyzdan) çykarýarlar. Siz Meniň ýolumda söweş- gazawat etmek we Meniň razyçylygymy gazanmak üçin çykan bolsaňyz hem olara mähir-muhabbet görkezip syr berýärsiňiz. Men siziň gizlin we äşgär zatlaryňyzyň (hemmesini) bilýärin. Siziň içiňizden kim beýle etse (Meniň duşmanymy dost tutunsa), ol ýoluň dogrusyndan azaşandyr.
 2. Eger olar sizi ele salsalar, size duşman bolup, ellerini-de, dillerini-de erbetlik etmek üçin (size) uzadarlar we siziň kapyr bolmagyňyzy (çyn ýürekden) islärler.
 3. Kyýamat güni size ne ýakyn dogan-garyndaşlaryňyzyň, ne- de perzentleriňiziň (hiç haýsynyň) peýdasy bolmaz. (Alla kyýamat güni) siziň araňyzy böler (dogry ýola tabyn bolanlary jennete, kapyrlary dowzaha salar). Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
 4. Ybraýym (pygamberde) we onuň ýanyndakylarda siz üçin ajaýyp bir nusga (ahlak) bardyr. Olar kowumlaryna: «Biz sizden we Alladan başga ybadat edýän (şärikleriňizden) daşdyrys. Biz siziň (ýalbaryp ybadat edýän butlaryňyzy) inkär etdik. Biz bilen siziň bilen araňyzda tä siz ýeke-täk Alla iman getirýänçäňiz ebedi duşmançylyk we kine baş görkezdi» diýdiler. Meger Ybraýym atasyna: «Men seniň üçin hökman (Perwerdigärimden) ýalkaw sorajak. Ýöne Allanyň sen barada öz islän zadyna (berjek hökümine päsgel bolmaga) güýjüm ýetmez» diýipdi. (Ol we ýanyndaky möminler:) «Eý, (Beýik) Perwerdigärimiz! Biz diňe Saňa bil bagladyk, Saňa ýöneldik hem- de (ahyrynda) gaýdyp geliş Saňadyr!
 5. Eý, Perwerdigärimiz! Bizi kapyrlaryň (ezýetine berip, olar) bilen synag etme! Eý, Perwerdigärimiz! Bizi bagyşla! Takyk, Sen Gudraty güýçlüsiň, hikmet eýesisiň» (diýdiler).
 6. Kasam bolsun! Olarda siziň içiňizden Alla hem-de ahyret gününe (gowuşmagy) umyt edýänler üçin ajaýyp bir nusga bardyr. (Emma) kim (mundan) ýüz öwürse, (bilip goýsun), Alla Baýdyr (hiç zada mätäç däldir) we hamdy-sena edilmäge mynasypdyr.
 7. Belki, Alla siziň bilen olardan size duşman bolanlaryň arasynda mähir- muhabbet döreder. Alla (ähli zada) güýç ýetirýändir. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 8. Alla size garşy din üçin söweşmeýän, sizi ýurtlaryňyzdan çykarmaýanlara ýagşylyk etmegiňizi we adalatly bolmagyňyzy gadagan etmeýär. Takyk, Alla adyl bolanlary söýýändir.
 9. Ýöne Alla siziň bilen din babatda söweşýänleri, sizi ýurtlaryňyzdan çykarýanlary we siziň çykarylmagyňyz üçin kömek edýänleri dost tutunmagyňyzy gadagan edýär. Kim olary dost tutunsa, olar zalymlaryň hut özleridir.
10. Eý, iman getirenler! (Eger kapyrlardan gaçan) mömin aýallar göç edip, siziň (ýanlaryňyza sygnyp) gelenlerinde, olary synap görüň! Alla olaryň imanlaryny gowy bilýändir. Eger siz olaryň mömindiklerine göz ýetirseňiz, olary yzyna kapyrlara gaýtarmaň! (Mundan soň) bu aýallar olara (kapyr ärlerine) halal däldir. Olar (kapyr ärleri) hem bu aýallara halal däldir. (Ýöne siz) olaryň (kapyr ärleriniň) sarp eden (galyňlaryny yzyna) beriň! Siziň olara (galyň) töläp nikalamagyňyzda (öýlenmegiňizde) günä ýokdur. Kapyr (aýallaryňyzy) nikaňyzda saklamaň! Olara beren galyňlaryňyzy (olaryň barjak kapyr ärlerinden talap ediň! Kapyrlar hem musulman bolansoňlar aýrylyşan aýallaryna) beren galyňlaryny sizden talap etsinler. Bu Allanyň hökümidir. Siziň araňyzda Ol höküm eder. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 11. Eger siziň aýallaryňyzyň biriniň (yslamdan dänip), kapyrlara (tarap gaçmagy zerarly sizden) bir zat (olara) gitse, siz soň (kapyrlar bilen araňyzdaky söweşde olary) jezalandyryp (ýeňip) alan oljaňyzdan aýallary gidenlere tölän galyň mukdaryny beriň! Öz iman getiren Allaňyza garşy çykmakdan gorkuň!
 12. Eý, pygamber! Eger mömin aýallar (seniň ýanyňa) Alla hiç hili şärik goşmajakdyklaryna, ogurlyk etmejekdiklerine, zyna etmejekdiklerine, çagalaryny öldürmejekdiklerine, elleri bilen aýaklarynyň arasynda (eden işlerinde) ýalan ýere (başgasyndan dogan ýa-da özüniň binika dogran çagasyny nikaly ärinden bolan diýip) töhmet atmajakdyklaryna, haýyr işlerde saňa garşy gelmejekdiklerine (söz berip) ähti-peýmana gelenlerinde, sen olaryň ähti-peýmanlaryny kabul et. Olaryň bagyşlanmagy üçin Alladan ýalkaw sora! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 13. Eý, iman getirenler! Allanyň gazabyna duçar bolan kowumy dost tutunmaň! Sebäbi olar kapyrlaryň mazarlardaky (ýatanlaryň direlmeginden) umytlaryny üzendirler.