1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.

Başy » Sözbaşy » 51-nji süre: «Zäriýät» («Ýeller»)

«Zäriýät» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 60 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady «Ýeller» diýen manyny aňladýan «Zäriýät» sözünden alnandyr. Ol söz süräniň ilkinji aýatynda agzalýar. Bu sürede älem-jahanda bolup geçýän käbir ägirt tebigy hadysalar, olara jogapkär perişdeler barada hem-de yns-jynsyň Alla ybadat etmek üçin ýaradylandyklary barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ol tozadyp, (guma) garyp barýan ýellere!
 2. (Ýagyş) ýüklenen bulutlara!
 3. Aňsat akýan (ýagyş damjalaryna)!
 4. Buýruklary (rysgallary, ýagyşlary) paýlaýan (perişdelere) kasam bolsun!
 5. Size wada berlen (direliş), elbetde dogrudyr.
 6. Takyk, din (jeza güni) hökman amala aşar.
 7. (Ýyldyzlaryň) oklaryna eýe asmana kasam bolsun!
 8. Takyk, siz gapma-garşy sözleri aýdýarsyňyz.
 9. Ondan (Kurandan) diňe akylyny ýitiren ýüz öwrer.
10. Ol ýalançylara heläkçilik bolsun!
 11. Olar nadanlyk içinde bolan gapyllardyr.
 12. Olar (ýaňsylap): «Ol din (hasap) güni haçan (bolar)?» diýip sorarlar.
 13. Ol gün (kyýamatda) olar oduň üstünde synag edilerler (gaýnarlar).
14. (Olara): «Eden pitneleriňiziň (netijesini) dadyň! Bu siziň gelmegine howlugan zadyňyz» (diýler).
15. Takyk, takwalar jennetlerde we çeşmeleriň (kenaryndadyrlar).
 16. Olar özleriniň Perwerdigäriniň beren (sylaglaryny) alarlar. Çünki olar öň (dünýäde) ýagşy işleri edendirler.
 17. Olar gijesine az uklaýardylar.
18. Olar säher wagtlary (Alladan) günäleriniň geçilmegini dileýärdiler.
 19. Olaryň mal-mülklerinde dilegçileriň (mätäçleriň) hem-de (emläkden) mahrum bolanlaryň haklary bardyr.
20. Anyk ynanmak isleýänlere ýer ýüzünde (birnäçe) alamatlar bardyr.
 21. Görmeýärsiňizmi, siziň (hut) özüňizde (hem şonuň ýaly alamatlar) bardyr.
 22. Asmanda hem siziň rysgalyňyz we size wada berlen zat bardyr.
23. Asmanyň we ýeriň Perwerdigärine kasam bolsun! Takyk, bu (wada berlen zat) siziň gepleýşiňiziň (hakykat bolşy) ýaly, hakykatdyr.
 24. Saňa Ybraýymyň hormatly myhmanlarynyň (perişdeleriň) habary geldimi?
 25. Olar onuň (Ybraýymyň) ýanyna gelende «Salam!» diýipdiler. Ol hem: «Size-de salam!» diýipdi. (Emma içinden): «Bular meniň tanamaýan adamlarym (eýgilik bolsun-da)» diýipdi.
 26. Ol (olara tagam getirmek üçin) gizlinlikde maşgalasynyň ýanyna gidip, semiz göläniň (etinden tagam) getirdi.
 27. Olaryň öňlerinde goýup: «(Tagam) iýmezmisiňiz!» diýdi.
 28. Şol wagt (onuň) içine olardan bir gorky düşdi. Olar: «Gorkma!» diýdiler we oňa (ulalanda) alym (bolup ýetişjek) bir perzendiniň boljagyny buşladylar.
29. Onuň (öýüň beýleki burçunda oturan) aýaly (muny eşidip) geldi, ellerini ýüzüne urup, gaty ses bilen: «(Men) bir önelgesiz kempir (ahyry)!» diýdi.
 30. (Olar): «Seniň Perwerdigäriň şeýle diýdi (emir etdi). Takyk, Ol hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir» diýdiler.
 31. (Ybraýym): «Siziň wezipäňiz näme, eý, ilçiler?!» diýdi.
 32, 33, 34. Olar: «Biz günäkär bir kowumyň üstlerine palçykdan bişirilip, hetden aşanlar üçin Perwerdigäriň tarapyndan möhürlenen daşlary indermek (zyňmak) üçin iberildik» diýdiler.
 35. Bes, biz ol ýerde bolan möminleri (şäherden) çykardyk.
 36. Emma ol ýerde bize tabyn bolan bir öýden (maşgaladan) başga musulmanlardan hiç kimi görmedik.
 37. Jebir-jepaly azapdan gorkanlar üçin ol ýerde bir alamat goýduk.
 38. Musanyň (kyssasynyň) içinde hem (ybrat bardyr). Biz ony äşgär mugjyza bilen Fyrgawnyň (ýanyna) iberipdik.
 39. Ol (Fyrgawn) ähli güýji (we goşuny) bilen ýüz öwrüp: «Ol (Musa) bir jadygöý ýa-da bir däli» diýipdi.
 40. Biz ony hem-de onuň goşunlaryny tutup, deňziň (düýbüne) gark etdik. Ol (gark bolýarka, puşman edip), öz-özüni ýazgarýardy.
 41. Ad (kowumyna hem ähli zady goparyp), köklerini guradýan bir ýel iberipdik.
 42. Ol (ýel) öňünden çykan ähli zady (dessine) kül ýaly edip (tozadyp goýberýärdi).
 43. Semud (kowumynda hem alynjak ybrat) bardyr. (Olara hem): «Belli bir wagta çenli dünýäden peýdalanyň!» diýlipdi.
 44. Olar özleriniň Perwerdigäriniň emrine garşy çykansoňlar, olary ýyldyrym urdy. Olar (duran ýerlerinde) seredip (aňalyp) galdylar.
 45. Ne galmaga güýçler ýetdi, ne-de (olara) kömek edildi.
 46. Biz öň Nuhuň kowumyny (hem şeýle heläk edipdik). Sebäbi olar pasyk kowumdylar.
 47. Biz asmany mäkäm (görnüşde) bina etdik, ony giňelden hem Bizdiris!
48. Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris.
 49. Siz pikirlenip, (ybrat) alarsyňyz diýip, ähli zady jübüt edip ýaratdyk.
 50. Bes, (eý, Muhammet! Olara): «Allanyň (goragyna) tarap gaçyň! Takyk, men Onuň tarapyndan size (iberilen) äşgär duýduryjy (pygamberdirin).
 51. Allanyň ýany bilen başga hudaý tutunmaň! Takyk, men Onuň tarapyndan size (iberilen) äşgär duýduryjy (pygamberdirin» diýip aýt).
 52. Şeýle-de, mundan öňki (ymmatlara) hem bir pygamber gelende, hökman (garşydaşlary) oňa jadygöý ýa-da däli diýdiler.
 53. Olar muny biri-birlerine maslahat berdilermikä? Ýok, olar azgyn kowumdylar.
 54. Bes, sen (hem) olardan ýüz öwür! Sen (olar hakykaty kabul etmändigi üçin) ýazgarylmarsyň.
 55. (Emma onda-da) sen (olara) öwüt ber! Takyk, öwüt möminlere peýda berer.
 56. Men jynlary we ynsanlary diňe Özüme ybadat etsinler diýip ýaratdym.
 57. Men olardan rysgal islemeýärin. Meni naharlamaklaryny hem islemeýärin.
 58. Takyk, Alla (ähli ýaradylanlara) rysgal berýän, güýç-kuwwat (häkimiýet) eýesidir.
 59. Takyk, bu zulum edenlere ýaranlarynyň günä paýy ýaly (azapdan) paý bardyr. Bes, olar howlukmasynlar (öňi-soňy oňa ýeterler)!
 60. Emma wada berlen ol günleri gelende, (başyna geljekler zerarly), ol kapyrlaryň waý hallaryna!