1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 53-nji süre: «Nejm» («Ýyldyz»)

«Nejm» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 62 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady bolan «Nejm» («Ýyldyz») sözi ilkinji aýatda agzalýar. Bu sürede Kuranyň wahyý arkaly gelendigi, pygamberimiziň mygraja çykmagy, onuň beýik mertebelere ýetendigi, Alla şärik goşmagyň erbetligi we hakykatyň üstün çykjakdygy barada aýdylýar.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Süýnen (batyp barýan) ýyldyza kasam bolsun!
 2. Siziň dostuňyz (Muhammet) azaşmady we (ýoluny hem) ýitirmedi.
 3. Ol (hiç zady) öz islegi (ygtyýary) bilen aýtmaz.
 4. Ol (aýdýan sözleri) meger özüne aýdylan wahydyr.
 5, 6, 7. Ony (wahyny) oňa (pygambere) ägirt güýçli (ýaradylan), kämil akyl eýesi (Jebraýyl) öwretdi. Ol iň beýik gözýetimde (asmanda) oňa (öz asyl keşbine girip), göneldi.
 8. Soň (ýer asmanyna) golaýlaşdy we aşak tarap (Muhammede) indi (ýakynlaşdy).
 9. (Oňa) iki ýaý ýaly möçberde, hatda ondan hem has ýakyn boldy.
10 Bes, Ol (Alla) guluna (Muhammede) aýtmak islän zadyny wahyý etdi.
 11. (Muhammediň) kalby hem (gözleriniň) gören zadyny ýalan hasaplamady.
 12. Siz indi onuň gören zatlary barada (şek ýetirip), onuň bilen çekeleşýärsiňizmi?
 13, 14. Kasam bolsun! Ol (Muhammet) onuň (Jebraýylyň) başga bir inişini (bolsa), «Sidratul-muntehäniň» ýanynda gördi.
15. «Mäwa» jenneti (hem) onuň ýanyndadyr.
 16. Şol dem sidre (agajyny) bir gaplaýjy gaplap alypdy.
 17. Onuň (Muhammediň) gözi (hiç tarapa) sowulmady, (ol ýerdäki ajaýyplyklary görüp) çäkden çykmady.
 18. Kasam bolsun! Ol Perwerdigäriniň iň uly alamatlarynyň käbirini gördi. Düşündiriş: «Sidratul-muntehä» sözüniň manysy «Iň çetki agaç, barlyk äleminiň iň soňky nokady» diýmekligi aňladýar. Ondan soň gaýyp älem başlaýar. «Mäwa» jenneti hem perişdeleriň, şehitleriň ruhlarynyň ýaşaýan ýeridir.
19. Siz ol (butlary) Laty we Uzzany gördüňizmi?
 20. (Olaryň) beýleki üçünjisi bolan Menat (butuny hem)?
 21. Oglanlar siziňki, gyzlar Onuňkymy?
 22. Onda bu haksyz paýlaşyk (dälmi)?
 23. Bular (butlar) siziň we ata- babalaryňyzyň dakan (toslan) atlaryndan (boş zatlaryndan) başga zat däldir. Alla (olaryň hudaýdyklary) barada hiç hili delil indermedi. Olar meger çaklama we nebisleriniň isleglerine tabyn bolýarlar. Ýogsa olara özleriniň Perwerdigärinden (yzyndan ýörär ýaly) dogry ýol (görkeziji pygamber) gelipdi.
 24. Onda ynsanyň arzuw edýän zady näme?
 25. Ahyret (ýaşaýşy-da), dünýä (ýaşaýşy- da) Allanyňkydyr.
 26. Asmanlarda ençeme perişde bardyr. Olaryň şepagaty diňe Allanyň Öz islän we razy bolan (bendesine) rugsat bermeginden başga hiç zada (kime) peýda bermez.
 27. Perişdelere (Allanyň gyzlary diýip, olara) aýallaryň adyny dakýanlar, (olar) takyk, ahyrete ynanmaýanlardyr.
 28. Olaryň muňa degişli ylymlary (bilýän zatlary) ýokdur. Olar diňe çaklama (öz pikirlerine) eýerýärler. Takyk, çaklama hakykatyň ýanynda hiç zat aňladýan däldir.
 29. Bes, sen Biziň zikirimizden (Kurandan) dänenlerden we dünýä ýaşaýşyndan başga zat islemeýänlerden ýüz öwür!
 30. Bu olaryň biliminiň ýetýän çägidir. Takyk, seniň Perwerdigäriň kimiň Öz ýolundan azandygyny, kimiň dogry ýoldadygyny örän gowy bilýändir.
 31. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. (Alla) erbetlik edenlere eden işleri sebäpli jeza berer, ýagşylyk edenlere hem iň gowy görnüşde sylag berer.
 32. Olar ownuk-uşak (ýalňyşlyklar) bolmasa, uly günälerden we bozuk işlerden daş durarlar. Takyk, seniň Perwerdigäriň ýalkawy giňdir. Ol sizi toprakdan ýaradanda-da, siziň eneleriňiziň göwrelerinde wagtyňyz-da (siziň nähili boljakdygyňyzy) örän gowy bilýändir. Şonuň üçin hem siz özüňizi aklamaň (öwünmäň)! Ol (erbet işlerden saklanan) takwalary gowy bilýändir.
 33, 34. Sen (Alla boýun bolman) ýüz öwreni, (emläginden) sähelçe berip, soň gysgançlyk edeni gördüňmi?!
 35. (Ýa-da) gaýyp (zatlaryň) ylmy onuň ýanynda bolup, ol (ony) görýärmikä?! Düşündiriş: Bu soňky üç aýat musulmançylykdan dänip, köphudaýlylyga geçen Welit ibn Mugyra atly kapyr adam hakda inýär.
 36, 37. Ýa-da (oňa) Musanyň we sözüne wepaly Ybraýymyň sahypalaryndaky zatlar habar berilmedimi?
 38. Hiç kim başga biriniň ýüküni (günäsini) ýüklenip (göterip) bilmez.
 39. Ynsana öz zähmetinden başga zat ýokdur.
 40. Takyk, ol zähmetiniň (netijesi) soň görner.
 41. Soň oňa (tagallasynyň) sylagy doly berler.
 42, 43, 44. Takyk, iň soňky (baryljak) ýer seniň Perwerdigäriň ýanynadyr. Takyk, güldürýänem, agladýanam Oldur! Takyk, öldürýänem, ýaşadýanam Oldur.
 45, 46. Takyk, Ol (ene rehmine) dökülen bir nutfadan (damjadan) erkek we aýal edip iki jübüt ýaratdy.
 47. Takyk, (ölümden soň) başga bir (görnüşde) ýaratmak (diňe) Oňa (Alla) degişlidir.
 48. (Ynsany) baý edýänem, mätäçlikden halas edýänem Oldur.
 49. Takyk, Şygra ýyldyzynyň Perwerdigäri hem Oldur! Düşündiriş: Şygra ýyldyzy parlak ýyldyzlaryň biri bolup, araplaryň huzaga we himýer kabylalary ol ýyldyzy hudaý hasaplar ekenler.
 50. (Sizden) owal (ýaşap geçen) ad (kowumyny) heläk eden hem Oldur!
 51. (Ol) semudy hem (heläk edip), yzynda hiç zat goýmady.
 52. Mundan öň Nuhuň kowumyny hem (heläk etdi). Çünki olar has zalym we azgyndylar.
 53. Ol ýykan-ýumran edilen (Lut kowumynyň şäherlerini) ýer bilen ýegsan etdi.
 54. Olaryň (üstlerini) örten (betbagtçylygy) bilen (doly) örtdi.
 55. (Eý, ynsan)! Sen Perwerdigäriň haýsy nygmaty barada şübhe edýärsiň?
 56. (Ine), bu (pygamber) öňki duýduryjylar ýaly duýduryjydyr.
57. (Ol) golaýlaşmaly zat (kyýamat) golaýlaşdy.
58. Onuň wagtyny Alladan başga aç- açan etjek (biljek) ýokdur.
59. Indi siz bu söze (Kurana) geň galýarsyňyzmy?
 60. Gülýärsiňiz, (emma) aglamaýarsyňyz.
 61. Siz gapyllyk içindesiňiz.
 62. Bes, siz Alla sežde hem-de ybadat ediň!