1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

58.11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 109-njy süre: «Käfirun» («Kapyrlar»)

«Käfirun» sürese Mekgede inen sürelerden bolup, ol 6 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalýan we kapyrlara ýüzlenip aýdylan «Käfirun» sözünden alandyr. Bu sürede dini kabul etdirmek üçin kapyrlary mejbury ýagdaýa salmaly däldigi, olary öz günlerine goýmalydygy aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Aýt! (eý, Muhammet!): «Eý, kapyrlar!
 2. Men siziň ybadat edýäniňize ybadat etmeýärin!
 3. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmeýärsiňiz!
 4. Men siziň ybadat edýäniňize hiç haçan ybadat etmerin!
 5. Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmersiňiz!
 6. (Şonuň üçin hem) siziň diniňiz özüňiz üçin, meniň dinim hem meniň üçindir!».