1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

29.49. Takyk, ol (Kuran) özlerine ylym berlenleriň ýüreklerindäki anyk aýat- alamatlardyr. Biziň aýatlarymyzy zalymlardan başgasy inkär edip bilmez.

Başy » Sözbaşy » 61-nji süre: «Saf» («Hatar»)

«Saf» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 14 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 4-nji aýatda agzalýan «Saf» sözünden alnypdyr, onuň manysy «Hatar» diýmekdir. Bu sürede iman getirip, onuň ugrunda göreşmelidigi, şeýle-de Musa, Isa we Muhammet aleýhissalamyň pygamberlikleri bilen baglanyşykly wakalar aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allany tesbih edýär. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
2. Eý, iman getirenler! Siz näme üçin (özüňiziň) etmejek işiňizi aýdýarsyňyz?
 3. Etmejek işiňizi aýtmak Allanyň iň halamaýan zadydyr.
 4. Elbetde, Alla (biri-birine mäkäm) daýanýan binalar ýaly hatar-hatar bolup, öz ýolunda (el-ele berip, edermenlik bilen) söweşenleri halaýandyr.
 5. Musa hem öz kowumyna (ymmatyna): «Eý, kowumym! Siz meniň Allanyň özüňize iberen ilçisidigimi» diýendigimi bilseňiz hem, näme üçin maňa azar berýärsiňiz?» diýipdi. Olar (hak ýoldan) çykansoňlar, Alla hem olaryň kalplaryny (haky kabul etmekden, haka ýönelmekden) daşlaşdyrdy. Alla (ýoldan çykan) pasyklar kowumyny dogry ýola gönükdirmez. üzüşleri ýaly, ahyretden (hem şol derejede) umytlaryny üzendirler.  
6. Merýem ogly Isa hem: «Eý, ysraýyl ogullary! Men size özümden öňki Töwraty tassyklaýjy we menden soň geljek, ady Ahmet bolan bir pygamberi buşlamak üçin (iberilen) Allanyň ilçisidirin» diýdi. Haçanda (Isanyň buşlan ilçisi) özlerine äşgär deliller bilen gelende, olar: «Bu bir äşgär jadydyr» diýdiler.
 7. Yslama çagyrylanda, (ony kabul etmegiň deregine) Alla ýalan töhmet atýandan has zalym kim bolup biler?! Alla (beýle) zalymlary dogry ýola gönükdirmez.
 8. Olar Allanyň nuruny (dinini) dilleri (her hili ýalan-ýaşryk sözleri) bilen üfläp söndürmek isleýärler. (Emma), kapyrlar halamasa hem, Alla Öz nuruny (dinini) hemme ýere ýaýar (kämil ýagdaýa ýetirer).
 9. (Alla) şärik goşanlar halamasa hem, dinini ähli (beýleki) dinlerden üstün etmek üçin pygamberini dogry ýol hem- de hak din bilen iberen Oldur.
10. Eý, iman getirenler! Size jebir- jepaly azapdan halas etjek (peýdaly) bir söwdany salgy bereýinmi?
11. Alla we Onuň ilçisine ynanyp, Allanyň ýolunda mal-mülkleriňizi (sarp edip), jan-teniňiz bilen söweşseňiz, (bu iň peýdaly söwdadyr). Eger bilseňiz bu siziň üçin (ähli zatdan) haýyrlydyr.
 12. (Eger şeýle etseňiz) Ol (Alla) siziň günäleriňizi bagyşlar we aşagyndan derýalar akýan jennetlere, (aýratyn hem) «Adn» jennetlerindäki örän gözel mesgenlere ýerleşdirer. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
13. Siziň gowy görjek başga bir zadyňyz hem bar. Alladan (geljek) ýardam we tiz wagtda (amala aşjak bir) ýeňiş. (Muny) möminlere söýünjile!
14. Eý, iman getirenler! Siz Allanyň (dinine) kömekçileri boluň! Merýem ogly Isa ýaranlaryna: «Allanyň (ýolunda) meniň kömekçilerim kimlerdir?» diýip soranda, olar: «Allanyň (dinine) kömekçileri bizdiris» diýdiler. (Netijede) ysraýyl ogullarynyň bir bölegi (Isa) iman getirdi, käbiri hem inkär etdi. Biz iman getirenleri duşmanlaryna garşy goldadyk. Şeýdip olar (kapyrlardan) üstün çykdylar.