1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

41.47. (Kyýamat) sagady (güni) hakyndaky ylym diňe Alla mahsusdyr! Hiç bir miwäniň tohumy Ondan bidin şine ýaryp bilmez! Hiç bir aýal hem Ondan bidin hamyla bolup, (göwresindäkini) dünýä inderip bilmez! Alla (şärik goşanlara: «Hany, siziň Maňa goşan) şärikleriňiz nirede?» diýip ýüzlenen güni: «Bu barada hiç hili şaýadymyzyň ýokdugyny Saňa habar berýäris» diýerler.

Başy » Sözbaşy » 48-nji süre: «Feth» («Ýeňiş»)

«Feth» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 29 aýatdan ybaratdyr. «Feth» sözi «Ýeňiş» manysyny aňladýar. Bu sürede ýeňiş we üstünlik barada gürrüň gozgalýandygy üçin, ol bu at bilen atlandyrylypdyr. Sürede mynapyklaryň hal- hereketleri, musulmanlara wada berlen ýeňişler we olaryň häsiýetleri barada gürrüň edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa äşgär (uly) ýeňşiň (ýoluny) açdyk. Düşündiriş: Bu ýeňiş Hudeýbiýe ylalaşygydyr. Yslam taryhynda bu ylalaşyk, Mekgäniň eýelenmegine we musulmanlaryň ondan soňky ýeten üstünliklerine alyp baran iň uly ýeňiş hökmünde häsiýetlendirilýär.
 2. Alla (bu ýeňşi) seniň öten we geljekki ähli günäleriňi bagyşlamak, saňa Öz nygmatyny (doly) nesip etmek hem- de seni dogry ýola gönükdirmek üçin (miýesser eder).
 3. (Şeýle-de) Alla saňa uly bir ýeňiş bilen goldaw bermek (isledi).
 4. Imanlarynyň has-da artmagy üçin möminleriň kalplaryna imanlary bilen aramlyk inderen Oldur. Asmanlaryň we ýeriň goşunlary Allanyňkydyr. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
5. (Bularyň hemmesi) mömin erkekleri we mömin aýallary aşagyndan derýalar akýan jennetlere, ol ýerde ebedi galmak hem-de olaryň erbetliklerini örtmek üçindir. Bu Allanyň ýanynda uly bir üstünlikdir.
 6. (Şeýle-de bular) Alla hakdaky pikirleri erbet pikir bolan mynapyk erkeklere we mynapyk aýallara, (Alla) şärik goşan erkeklere we (Alla) şärik goşan aýallara azap bermek üçindir. (Musulmanlar üçin arzuw eden) erbetlik girdaby olaryň (başyna) bolsun! Alla olara gazap edip, olary näletländir hem-de olara dowzahy taýýarlandyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
 7. Asmanlaryň we ýeriň goşunlary Allanyňkydyr. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 8. Takyk, Biz seni şaýat, buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik.
 9. (Eý, möminler!) Biz (pygamberi) siziň Alla we Onuň ilçisine iman getirmegiňiz, oňa goldaw bermegiňiz, oňa sylag- hormat goýmagyňyz we ertir-agşam Allany tesbih etmegiňiz üçin (pygamber iberdik).
 10. Takyk, saňa söz (äht) berenler, aslynda, Alla söz (ykrar) berendirler. Allanyň eli (gudraty) olaryň (äht edenleriň) elleriniň (güýçleriniň) ýokarsyndadyr. Kim (öz) beren sözünden dänse, takyk, ol öz garşysyna däner. Emma kim Alla beren sözüne wepaly bolsa, Alla oňa uly sylag berer. Düşündiriş: Hijri senesiniň 6-njy (milady 627- nji) ýylynda pygamberimiz «Umra» hajyny berjaý etmek üçin ýanyna 1400 sahabany alyp, Medineden Mekgä tarap ýola düşýär. Şonda Mekgeli kapyrlar musulmanlaryň Mekgä girmegine garşy çykýarlar. Pygamberimiz Hudeýbiýe diýilýän ýere gelip, Hezreti Osmany özleriniň söweşmäge gelmändiklerini bildirmegi üçin Mekgä ilçi edip iberýär. Mekgeliler hezreti Osmany goýbermän saklanlarynda pygamberimiz bir agajyň aşagynda sahabalardan «Eger Osman öldürilern bolsa, özleriniň hem bu ugurda öldürilseler-de söweşjekdikleri barada söz bermekliklerini isläp, olardan ähti-peýman alýar.
11. Bedewilerden (çarwa araplaryň söweşe gitmän) yzda galanlary saňa: «Bize mal-mülkümiz we maşgalamyz gaýgy-alada boldy. Bes, sen biziň üçin (Alladan) ýalkaw dile» diýerler. Aslynda, olar dilleri bilen ýüreklerinde bolmadyk zady aýdarlar. (Sen olara): «Eger Elbetde, Alla size zeper ýetirmek islese, ýa-da size bir peýda (bermek) islese, sizi (Ondan goramaga) kimiň güýji ýeter?» diýip aýt. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
12. (Eý, mynapyklar!) Aslynda, siz pygamber we möminler hiç haçan (yzyna), maşgalalaryna gaýdyp gelmez diýip pikir etdiňiz. Bu (ýagdaý we boş arzuw) siziň ýürekleriňizde bezeldi (hoş göründi). Siz erbet güman etdiňiz we heläkçilige uçran kowum bolduňyz.
13. Kim Alla we Onuň ilçisine iman getirmese, (bilip goýsun)! Takyk, Biz kapyrlar üçin alawly ot taýýarladyk.
14. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. Ol isläniniň günäsini geçer, islänine hem azap (jeza) berer. Elbetde, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 15. Siz oljalary almaga gideniňizde, (söweşe gatnaşman) yzda galanlar: «Rugsat bolsa biz hem siziň yzyňyza düşsek» diýdiler. (Şeýdip), olar Allanyň sözüni (hökümini) üýtgetmek isleýärler. (Sen olara): «Siz hiç haçan biziň yzymyza düşüp bilmersiňiz. (Sebäbi) siz hakda Alla muny öň aýdyp goýupdy» diýip aýt! (Sen beýle diýseň olar): «Ýok, siz bize göripçilik edýärsiňiz» diýerler. Ýok, olaryň (içinde) muňa düşünýänler (örän) azdyr, (köpüsi düşünmezler).
 16. Sen ol (söweşe gatnaşman yzda galan) çarwalara: «Siz tiz wagtda örän güýçli we ýowuz (söweşjeň) bir kowuma garşy (söweşe) çagyrylarsyňyz. (Ýa) siz olara garşy (soňuna çenli) söweşersiňiz, ýa-da olar (uruşsyz) musulman bolarlar. Eger siz (bu gezek emre) tabyn bolsaňyz, Alla size ajaýyp sylag berer. Emma siz, mundan öň hem ýüz öwrüşiňiz ýaly, (ýene-de) ýüz öwrüp (söweşden gaçsaňyz), size jebir-jepaly azap bilen jeza bereris» diýip aýt.
 17. (Söweşden galmakda) köre günä ýokdur, agsaga günä ýokdur, hassa (ýatana) hem günä ýokdur. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, (Alla) ony aşagyndan derýalar akýan jennetlere salar. Kim (tabynlykdan) ýüz öwürse, oňa hem jebir-jepaly azap berer.
 18, 19. Elbetde, Alla (Hudeýbiýede) agajyň aşagynda saňa ykrar (ähti-peýman) beren möminlerden razy bolandyr. Bes, Alla (olaryň kalplaryndaky yhlasy bilýändigi üçin), olara aramlyk inderdi. Olary tiz wagtda (amala aşjak) ýeňiş we gazanjak köp oljalary bilen (sylaglady). Elbetde, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir. Düşündiriş: Bu ähti-peýman Hudeýbiýede «Semre» diýen agajyň aşagynda bolup geçýär. Muňa «Ryzwan biaty» («Razyçylyk ykrary, ähti») diýlen at galýar. Bu ýerde 1400 sany sahaba kuraýşlylar bilen soňuna çenli söweşjekdikleri barada karara gelýärler we pygambere kömek etjekdikleri barada söz berýärler.
20. Alla size (ýene-de) köp mukdarda olja aljagyňyzy wada berdi. (Bulardan) häzir size şulary berdi we möminlere bir alamat bolmagy hem-de sizi dogry ýola gönükdirmegi üçin, ynsanlaryň elleriniň (yza-ezýetlerini) sizden aýyrdy.
 21. Size heniz takdyr edilmedik (berilmedik) başga (oljalar) hem bardyr. Alla olary gurşap alandyr (bilýändir). Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 22. Eger (mekgeli) kapyrlar siziň bilen söweşselerdi, (eibetde olar) yzlaryna öwrülip gaçardylar. Soň hem (özlerine) dost we kömekçi tapyp bilmezdiler.
 23. (Bu) Allanyň öňden bäri (dowam edip) gelýän kanunydyr. Allanyň kanunynda, hiç hili üýtgeşiklik tapyp bilmersiň.
24. Ol (Alla) size Mekgäniň içinde olara (kapyrlara) garşy ýeňiş bereninden soň, olaryň ellerini sizden, siziň elleriňizi hem olardan çekdi. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
 25. Olar inkär eden we siziň Mesjidi- Harama (Käbä) zyýarat etmegiňize hem- de gurbanlyklaryň barmaly ýerlerine ýetmegine päsgel bolup, saklanlardyr. Eger siz ol ýerde (Mekgede) tanamaýan (käbir) erkek we aýal möminleriňizi bilmezden depelesediňz (günä gazanardyňyz). Bu (sebäpli hem) siz (uly) gynanja (ökünje) galardyňyz. (Alla muny bilýändigi üçin siziň Mekgä girmegiňize rugsat bermedi). Bu Allanyň islänini rahmetine salmagy üçindir. Eger olar (Mekgedäki musulmanlar we kapyrlar) biri-birlerinden aýry-aýry (ýaşaýan) bolsalardy, elbetde, olardan inkär edenlere ýowuz azap bilen azap bererdik.
 26. Kapyrlar öz kalplarynda gahar- gazaply öýke-kinäni (yslamdan öňki) nadanlyk öýke-kinäni ornaşdyrdylar. Alla hem Öz ilçisiniň we möminleriň kalplaryna Özüniň aramlygyny inderdi (ornaşdyrdy). Olaryň (ýüreklerinde) takwalyk sözüniň (manysynyň) ornaşmagyna hemaýat etdi. Olar (bu söze) iň hakly hem-de mynasyp (kişilerdi). Alla ähli zady bilýändir.
 27. Elbetde, Alla Öz ilçisiniň düýşüni dogry çykardy. Alla halasa, siz hökman amanlyk içinde (haj ybadaty üçin) saçlaryňyzy syrdyryp we gysgaldyp, gorkusyz (salamatlyk bilen) Mesjidi- Harama (Käbä) hökman girersiňiz. (Alla) siziň bilmeýän zadyňyzy bilýändir. Bes, Ol size (bu ýeňişden öň) ýakyn bir ýeňiş berdi.
 28. Öz ilçisini ähli dinlerden üstün etmek üçin dogry ýol we hak din bilen iberen Oldur. Şaýat hökmünde Alla ýeterlikdir.
29. Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky (möminler) bolsa kapyrlara ýowuz, öz aralarynda bolsa (biri-birlerine) rehimlidirler. Sen olaryň, Allanyň pazly- keremini we razylygyny isläp, rukug we sežde edýändiklerini görersiň. Olaryň ýüzlerinde (maňlaýlarynda) sežde yzyndan (galan) alamat-nyşan bardyr. Bu olaryň Töwratdaky (beýan edilen) aýratynlyklarydyr. Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýarandyr. Bu (Allanyň şeýdip, şu ekin ýaly musulmanlary köpeldip, güýçlendirmek bilen) kapyrlaryň (has hem) gaharyny getirmek üçindir. Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänlere ýalkaw hem-de uly sylag wada berýär.