1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 18. Alla Özünden başga (ybadata laýyk) hudaýyň ýokdugyna adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Ondan (Alladan) başga hudaý ýokdur.

Başy » Sözbaşy » 13-nji süre: «Ragd» («Gök gümmürdisi»)

«Ragd» süresiniň Mekgede ýa-da Medinede inendigi barada alymlaryň arasynda dürli garaýyşlar bardyr. Emma mazmuny boýunça ol Mekgede inen süre hasaplanylýar. Süre 43 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 13-nji aýatynda «Gök gümmürdisi» diýen manyny aňladýan «Ragd» sözüniň geçýändigi sebäpli, bu süre şeýle atlandyrylypdyr. Sürede Allatagalanyň gudratyny aňladýan tebigat kanunlary, pygamberimiz bilen kapyrlaryň arasyndaky meseleler we möminler bilen kapyrlaryň ahyretdäki hallary barada gürrüň gidýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Mim, Ra. Bular kitabyň aýatlarydyr. Saňa Perwerdigäriňden inderilen (bu Kuran) hakdyr. Ýöne adamlaryň köpüsi ynanmaýarlar.
2. Görýärsiňiz, Alla asmanlary sütünsiz galdyrdy. Soň (özüne mahsus görmüşde) Arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy). Güni we Aýy boýun egdirdi. (Olaryň) her biri belli wagta çenli akar (ýüzer) gider. (Alla ähli) işi ýöredýär. Siziň Perwerdigäriňize gowuşmaga ýürekden ynanmagyňyz üçin, (Alla) aýatlary (delilleri) aýdyň beýan edýär.
 3. Ol (Alla) ýeri ýaýdy, onda daglary we derýalary döretdi. (Alla) ýerdäki miweleriň her birini jübüt-jübüt etdi. (Alla) gündizi gije bilen örtýär. Elbetde, munda pikir edýän kowum üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 4. Ýer ýüzünde biri-birine goňşy toprak ýerleri, üzüm bakjalary, ekinler, (bir ýa-da dürli köklerden emele gelen) hurmalyklar bardyr. (Bularyň ählisi şol) bir suw bilen suwarylýar. (Ýöne şeýle hem bolsa) Biz olaryň birnäçelerini tagamy babatda birnäçesinden üstünräk edip goýýarys. Takyk, munda akyllaryny ulanýan kowum üçin aýatlar (ybratlar) bardyr.
 5. (Eý, Muhammet!) Eger geň galjak bolsaň, olaryň (kapyrlaryň): «Biz toprak bolanymyzdan soň, täzeden ýaradylarysmy?» (diýen) sözlerine geň galmalydyr. Olar özleriniň Perwerdigärini inkär eden kişilerdir. Olaryň boýunlarynda zynjyrlar bardyr. Olar ot (dowzah) eýeleridirler. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 6. (Eý, Muhammet! Kapyrlar seniň) ýagşylykdan öň ýamanlygy (azaby getirmegiňi) gyssanmaç isleýärler. Olardan öň hem (şuňa) meňzeş jezalar geçdi. Elbetde, Perwerdigäriň, olar zulum etseler-de, adamlara geçirimlidir. (Ýöne) Perwerdigäriň jezasy örän agyrdyr.
 7. Inkär edýän kişiler: «Oňa (Muhammede) Perwerdigärinden bir aýat (mugjyza) inderilmeli dälmi?» diýýärler. (Eý, Muhammet!) Sen diňe bir duýduryjysyň. Her (bir öten-geçen) kowum üçin dogry ýoly görkeziji (pygamber) bolupdy.
 8. Alla her urkaçynyň nämä hamyladygyny, ýatgylaryň nämäni kemeldip, nämäni artdyrýanyny bilýändir. Onuň huzurynda her bir zat ölçeglidir.
 9. (Alla) gaýyby (görünmeýäni) we görünýäni bilýändir. (Ol) Beýikdir, örän Belentdir.
 10. Sizden bir kişi sözi (gepini içinde) gizlesin, ony daşyndan aýtsyn, bir kişi gije gizlensin we gündiz orta çyksyn (Alla üçin) bary birdir. (Ol ähli zady görüp, bilip durandyr).
 11. Ony (adamy) öňünden we yzyndan yzarlaýanlar, Allanyň emri bilen goraýan (perişdeler) bardyr. Elbetde, bir kowum özleriniň ahwalatyny üýtgetmese, Alla olaryň ahwalatyny üýtgetmez. Eger Alla bir kowuma ýamanlyk (bela ibermek) islese, ony yzyna gaýtarjak ýokdur. Olar üçin Ondan (Alladan) başga ýardamçy (dost) ýokdur.
 12. Size gorky we umyt (getirýän) ýyldyrymy görkezýän, (ýagyş ýükli) lemmer-lemmer bulutlary döredýän hem Oldur (Alladyr).
13. Gök gümmürdüsi hamdy-senasy bilen, perişdeler bolsa gorkusyndan Ony tesbih edýärler. Alla ýyldyrymlary çakdyryp, onuň bilen islän kişisini urar. Olar (kapyrlar şonda-da) Alla hakda dawalaşýarlar. Ol (Allanyň) duzagy (azaby) gaty güýçlüdir.
14. Hakyky doga-dileg diňe Oňa (Alla) ediler. Ondan başgadan dileg edýän (Alladan gaýryny kömege çagyrýan) kişilere (çagyrýanlary) hiç bir jogap bermezler. Olaryň bu ahwalaty (suwy) agzyna ýetirmek üçin iki owujyny açyp, (elini) suwa (uzadýan adamyň mysaly) ýalydyr. Ýöne ol (suw) oňa (agzyna) ýetmez. Kapyrlaryň dogasy (Alla şärik goşýandyklary sebäpli) azaşmakdan başga zat däldir.
 15. Asmanlarda we ýerde kim (we näme) bar bolsa, (olaryň ählisi, hat-da) kölegeleri hem, islesin-islemesin, ertir- agşam Alla üçin sežde ederler.
 16. (Eý, Muhammet): «Asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäri kimdir?» diý (we) aýt: «Alladyr». (Eý, Muhammet): «Ondan (Alladan) gaýry, özlerine peýda we zyýan bermäge hem güýji ýetmeýänleri dost tutunýarsyňyzmy?» diý. Aýt: «Kör bilen gözli deň bolarmy? Ýa-da tümlük bilen aýdyňlyk deň bolarmy?». Ýa olar Alla babatynda (aýdylanda), Onuň ýaradany ýaly ýaradyp bilýän şärikler tapyp, (Alla şärik goşulýanlaryň) ýaradyşy olara meňzeş göründimi? (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ähli zadyň ýaradyjysy Alladyr. Ol Ýeke-täkdir, üstün çykyjydyr.
 17. (Alla) asmandan suw-ýagyş inderende, dereler (jülgeler) ölçegleridir göwrümlerine görä suw akydýarlar. Şonda akym (suwda) ýüze çykan köpürjigi alyp gider. (Adamlaryň) zer-zynat ýa-da bir esbap (ýasamak) maksady bilen otda ýakýan (eredýän) zatlaryndan hem şonuň ýaly köpürjik (çökündi çykar). Alla, ine, şeýdip, hak bilen ýalňyşa (batyla) mysal getirýär. Indi köpürjik ýok bolup gider. Ýöne adamlara peýda berýäni ýer ýüzünde galar. Alla, ine, şeýle mysallar berýär.
 18. Özleriniň Perwerdigärine boýun egen kişiler üçin iň gözel (sylag) bardyr. Oňa boýun egmedik kişiler bolsa, eger ýer ýüzündäki zatlaryň ählisi, ýene-de şonçasy olaryňky bolsa, (olar Allanyň azabyndan halas bolmak üçin şol zatlaryň ählisini) pida ederdiler. Hasap-hesibiň iň erbedi şolaryňkydyr. Olaryň barjak ýeri dowzahdyr. (Ol) nähili erbet ýerdir.
 19. Saňa Perwerdigäriňden inderileniň hakdygyny bilýän kişi, kör (ýagny bilmeýän) kişi ýaly bolarmy? Takyk, diňe akyl eýeleri ybrat alarlar.
20. Ol kişiler Alla (beren) ähti- peýmanyna wepaly bolarlar we ähti- peýmany bozmazlar.
 21. Ol kişiler Allanyň garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamak ýaly ýerine ýetirilmegini emir eden zatlaryny ýerine ýetirerler. Olar özleriniň Perwerdigärinden çekinerler we (ahyretdäki) hasabyň ýamanyndan gorkarlar. 22. Ol kişiler, Perwerdigäriniň ýüzüni (razylygyny) isläp, sabyr ederler. Namazy doly berjaý ederler. Olara rysgal edip beren zatlarymyzdan gizlin we aç- açan halda sarp ederler. Ýamanlygy ýagşylyk bilen gaýtararlar. Şol diýaryň (ahyretiň bagtly) soňy şolaryňkydyr.
 23, 24. (Bagtyýarlyk) «Adn» jennetlerindedir. Olar oňa ata- babalaryndan, ýan-ýoldaşlaryndan we zürýatlaryndan salyh kişiler bilen girerler. Her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler).
 25. Alla çyndan ähti-peýman edenlerinden soň, ähti-peýmanlaryny bozanlar, Allanyň garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamak ýaly ýerine ýetirilmegini emir eden zatlaryny (berjaý etmän) kesenler we ýer ýüzünde pisat çykaranlar üçin nälet bolar, ýurduň ýamany (dowzah) hem olar üçindir.
26. Alla rysgaly islän kişisine giň eder, (islänine) dar eder. (Kapyrlar şu) dünýä ýaşaýşy bilen şatlandylar. Ahyretiň ýanynda dünýä ýaşaýşy diňe wagtlaýyn peýdadan ybaratdyr.
 27. Inkär eden kişiler: «Perwerdigärinden oňa (Muhammede) bir aýat (mugjyza) inderilmeli dälmi?» diýýärler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Şübhesiz, Alla islän kişisini (şeýle erbet sözleri sebäpli) azaşdyrar, Özüne ýöneleni-de dogry ýola gönükdirer».
 28. Olar iman getiren we Allany zikir etmek bilen kalplary aram tapan kişilerdir. Unutmaň! Kalplar Allany zikir etmek bilen aram tapar.
 29. Iman getiren we ýagşy işleri eden kişiler üçin, elbetde, bagt we dolanyp baryljak gözel ýurt (jennet) bardyr.
 30. (Eý, Muhammet!) Ine, şeýdip, Biz seni bir ymmata (pygamber edip) iberdik. Olaryň özünden öň hem (bir topar) ymmatlar ötüp geçdi. Saňa wahyý eden zadymyzy (olara) okamagyň üçin (iberdik). Olar Rahmany (Allany) inkär edýärler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ol meniň Perwerdigärimdir. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Men Oňa bil bagladym we tobam Oňadyr».
 31. (Kapyrlar): «Eger özi bilen daglar ýöredilýän, ýer ýarylýan, ölüler gürledilýän bir Kuran bolsa (şonda iman getirerdik» diýdiler). Ýok, ähli emir Alla mahsusdyr. Iman getiren kişiler, Alla islese, ähli ynsanlary dogry ýola saljakdygyny bilmedilermi? Etmişleri sebäpli, inkär eden kişileriň başlaryna bir belanyň inmegi ýa-da (ol kapyrlaryň) diýarlaryna ýakyn barmagy dowam eder durar. Tä Allanyň wadasy gelýänçä (bu şeýle bolar). Takyk, Alla wadasyndan dönmez.
 32. Takyk, senden öňki pygamberler hem (kowumlary tarapyndan) masgara edildi. Şonda-da inkär eden kişilere möhlet berdim, soň bolsa, olary (jezalandyrmak üçin) tutdum. Şonda azabym nähili boldy? 33. Her kimiň edýän işine gözegçilik edýän Ol (Alla) kim, (olaryň şärik goşýan zatlary kim? Olar şonda-da) Alla şärikler goşdular. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Olara (Alla şärik goşýan şärikleriňize) at dakyň (olar kimlermiş, näme iş başarýarmyşlar)? Ýa-da (siz eý, Alla şärik goşanlar) Oňa (Alla) ýer ýüzünde (Onuň şärikleri bar diýip) bilmeýän zadyny habar bermekçi bolýarsyňyzmy? Ýa (Allanyň şärikleri bar diýip) boş (biderek) söz (aýdyp goýberýärsiňizmi)? Ýok, inkär edýän kişilere mekir (hileleri) gözel edilip görkezildi we (şeýdip, hak) ýoldan çykaryldylar. Alla kimi azaşdyrsa, ony dogry ýola saljak (hiç kim) ýokdur.
 34. Bu dünýä ýaşaýşynda olar üçin azap bardyr. Ahyretiň azaby bolsa has agyrdyr. Olar üçin Alladan (Allanyň azabyndan) gorajak (kişi) bolmaz.
 35. Takwalara wada berlen jennetiň mysaly (şeýledir): Onuň aşagyndan derýalar akýar. Onuň iýmitleri we saýalary müdimidir. Takwa kişileriň soňy ine, şeýledir. Kapyrlaryň soňy bolsa otdur (dowzahdyr).
36. Özlerine (Töwrat, Injil ýaly) kitap berlen kişilerimiz saňa inderilen zat (Kuran) sebäpli, şatlanýarlar. (Ýöne ol) toparlardan onuň (Kuranyň) bir bölegini inkär edýäni hem bar. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa diňe Alla gulluk etmegim, Oňa şärik goşmazlygym emir edildi. Men (Onuň ýoluna) çagyrýaryn. Oňa dolanyp bararyn».
37. Ine, şeýdip, Biz ony (Kurany) arap dilinde hikmetli höküm edip inderdik. Eger sen özüňe gelen (bu) ylymdan soň, olaryň haýy-höweslerine eýerseň, (bilip goýgun) seni Alladan (gorajak) ýardamçy hem ýokdur, goragçy hem ýokdur.
38. Kasam bolsun! Biz senden owal hem pygamberleri iberdik. Olara ýanýoldaşlar we zürýatlar berdik. Allanyň rugsady bolmasa, hiç bir pygamber aýat (mugjyza) getirip bilmez. Her ajalyň- möhletiň bir kitaby (ýazgysy) bardyr. (Her zadyň wagty ýazylyp goýlandyr).
39. Alla islän zadyny öçürer (ýok eder), (islän zadyny bolsa, öz ýerinde) galdyrar. Onuň ýanynda esasy kitap (Lowhy- mahfuz) bardyr.
 40. (Eý, Muhammet!) Eger saňa olara (kapyrlara) beren wadamyzy (azabymyzy) görkezsek-de ýa (görkezmän) seniň janyňy alsak-da, (tapawudy ýok) seniň wezipäň (dini) ýetirmek, Biziň işimiz bolsa olary hasaba çekmekdir.
 41. (Olar) Biziň (ylahy gudratymyz bilen) ýere gelip, onuň (kapyr ýurtlarynyň) daş-töwereginden (ýaşaýjylaryndan) kemeldýänimizi görmedilermi? Alla höküm berýär. Onuň hökümini derňäp, Oňa päsgel berjek (Ony hasaba çekjek) ýokdur. Ol hasaba çalt çeker.
 42. Olardan öňki kişiler hem (pygamberlerine) hilegärlik etdiler. Ähli mekir (hileleri) bozmak Alla degişlidir. (Alla) her kimiň näme edýänini bilýär. Kapyrlar bolsa bu dünýäniň soňunyň (ahyretiň) kimiňki boljagyny tiz wagtda bilerler.
 43. Inkär eden kişiler: «(Eý, Muhammet!) Sen pygamber dälsiň» diýýärler. Aýt: «Siziň bilen meniň aramda (meniň pygamberdigime) şaýat bolmaga Alla we özünde kitabyň (Kuranyň) ylmy bolan kişi ýetikdir».