1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de pygamberlik hem-de ylym berdik. Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary eden Bizdik.

Başy » Sözbaşy » 21-nji süre: «Enbiýa»

(«Pygamberler») «Enbiýa» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 112 aýatdan ybaratdyr. Sürede 17 pygamber barada giňişleýin gürrüň gozgalýandygy üçin, oňa «Enbiýa» diýlip at berlipdir.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ynsanlaryň hasap wagtlary golaýlaşdy, olar bolsa (mundan) bihabar, (Hakdan) ýüz öwürýärler.
 2. Olar özleriniň Perwerdigärinden özlerine gelen her bir täze duýduryşy hem diňe ýaňsa alyp diňleýärler.
 3. Ýürekleri perwaýsyzdyr. Zulum edenler ýaşyryn söhbetlerinde: «Bu (Muhammet) özüňiz ýaly adam dälmi eýsem? Siz gözüňiz bilen görüp durkaňyz, jada eýerýärsiňizmi?» diýdiler.
 4. (Şonda Muhammet): «Meniň Perwerdigärim asmanda we ýerde aýdylan sözi bilýändir. Ol (ähli zady) eşidýändir we bilýändir» diýdi.
5. Olar şonda: «Bular (onuň aýdýan zatlary) bolgusyz düýşlerdir», «Ýok, belki-de, ony özünden toslandyr», «Ýa- da ol şahyrdyr», «Goý, ol öňki iberilen pygamberler ýaly bize alamat (gudrat) getirsin» diýdiler.
6. Biziň olardan öňki heläk eden oba- şäherlerimiziň halkynyň hiç haýsy iman getirmändi. Heý-de, şular iman getirermi?!
7. Biziň senden öň hem wahyý inderip iberen pygamberlerimiz gerçeklerdi (sen ýaly ynsandy). Eger muny bilmeýän bolsaňyz, bilýänlerden (öňki inderilen ylahy kitaplardan habarly adamlardan) soraň!
8. Biz olary (pygamberleri) zat iýmeýän bir jeset edip ýaratmadyk, olar ölmez- ýitmez hem däldirler.
9. Soň biz olara beren wadamyzy ýerine ýetirip, olary we öz islänlerimizi halas etdik, hetden aşanlary bolsa heläk etdik.
 10. Takyk, Biz size içinde öwüt- nesihatymyz bar bolan kitap inderdik, heý, akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?
 11. Biz (halky) zalym bolan ençeme oba- şäheri agdar-düňder etdik we olardan soň ýerlerine başga kowumlar döretdik.
 12. Olar Biziň zorumyzy (azabymyzy) duýan wagtlary, ol ýerden derrew gaçmaga başladylar.
 13, 14. Olara: «Gaçmaň, bolelin ýaşaýşyňyzyň hem-de öýüňiziň ýerleşen ýerine dolanyň, belki, siz (bu ýerlere maslahat üçin gerek bolup) soralarsyňyz!» diýlende, olar: «Haýp bize, takyk, biz zalymlardan bolduk» diýdiler.
15. Olaryň bu sözleri, tä biz olary orlan ekine we sönen küle öwürýänçäk, dowam etdi.
 16. Biz asmany, ýeri we bu ikisiniň arasyndakylary oýun (güýmenje) üçin ýaratmadyk.
17. Eger Biz güýmenmek islesedik, ony öz ýanymyzda ederdik. Emma Biz hiç haçan beýle iş etmeris.
 18. Haky galpyň (batylyň) üstüne zyňarys. Hak batyly owum-döwüm eder, bir görseň galp ýok bolup gidendir. Alla ýöňkeýän birentek zatlaryňyz üçin haýp size.
 19. Asmanlardaky we ýerdäki her kişi Oňa degişlidir (tabyndyr). Onuň ýanyndakylar (perişdeler) bolsa Oňa gulluk etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar.
 20. Olar gowşaklyk görkezmezden gije- gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler.
 21. Ýa-da olar (Alla şärik goşanlar) ýeriň ýüzünden (daşlardan) ölüleri direldip bilýän hudaýlar tapyndylarmy?!
 22. Eger ýerde we asmanda Alladan başga-da hudaý bolsady, olaryň ikisi (asman we ýer) hem harap bolardy. Arşyň Perwerdigäri bolan Alla olaryň ýöňkeýän sypatlaryndan päkdir.
 23. Alla edýän işlerinden soralmaz, olar bolsa soraga çekilerler.
 24. Olar özlerine Alladan başga hudaýlar edindilermi? Sen olara: «Hany, anyk delilleriňizi getiriň bakaly, ine, meniň ýanymdakylaryň we menden öňküleriň kitaby» diýip aýt. Ýok, olaryň aglabasy haky bilmeýärler, şol sebäpli, hem ondan ýüz öwürýärler.
 25. Biz senden öňki ilçilerimizi diňe: «Menden başga hudaý ýokdur, Maňa gulluk ediň» diýen wahyý bilen iberdik.
 26. Olar: «Rahman (Alla) perzent edindi» diýdiler. Alla munuň ýaly zatlardan päkdir. Ýok! Olar (perişdeler) sarpaly bendelerdir.
 27. Olar söz sözlemekde Alladan öňe geçmezler we Allanyň buýrugyny birkemsiz ýerine ýetirerler.
 28. Alla olaryň geljegini we geçmişini bilýändir. Olar Allanyň razy bolanyndan başgasyna şepagat edip bilmezler. Olar Alladan gorkup, (elmydama) titrärler.
 29. Olaryň içinden haýsydyr biri: «Alladan özge hudaý mendirin» diýse, biz ony dowzah bilen jezalandyrýarys. Biz zalymlary, şeýdip, jezalandyrarys.
 30. Inkär edenler biziň asmanlar bilen ýer bitewikä olaryň arasyny açanlygymyzy we suwdan ähli janly-jandary ýaradanlygymyzy görmeýärlermi? Bulary bilensoň hem iman getirmeýärlermi?
 31. Biz olary (ynsanlary) sarsdyrmazlygy üçin daglary onda ýerleşdirdik we azaşmazlar ýaly onda ýollary goýduk.
 32. Asmany goragly üçek edip goýduk. Olar bolsa asmanyň (Allanyň gudratyny görkezýän) alamatlaryndan ýüz öwürýärler.
 33. Ol gijäni, gündizi, Güni we Aýy hem ýaradandyr. Olaryň her haýsy bir pelekde (öz okunyň daşynda) ýüzýärler (aýlanýarlar).
 34. Biz senden öň hem hiç bir ynsany ölmez-ýitmez etmedik, heý, sen ölersiň- de, olar baky galarlarmy?
 35. Her bir janly barlyk (hökman) ölüm (şerbetini) dadar. Biz sizi ýagşy- ýaman bilen synarys we siz Bize gaýdyp gelersiňiz!
 36. Inkär edenler seni gören wagtlary: «Siziň hudaýlaryňyzy diline çolaýan şumy?» diýip ýaňsa alýarlar. Aslynda, olaryň özleri Rahmanyň (Allanyň) kitabyny inkär edenlerdir.
 37. Ynsan alňasak ýaradylandyr. Men size gudratlarymy tiz wagtda görkezerin, siz alňasamaň!
 38. Olar: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, bu haýbat (wada) haçan amala aşýar» diýýärler.
 39. Käşgä, inkär edenler (dowzah) oduny ýüzlerinden we arkalaryndan sowup bilmejek we özlerine ýardam hem edilmejek pursatlary (günleri) bilsediler.
40. Hatda (bu pursat) olara duýdansyz geler-de, olary geň galdyrar. Olar mundan soň ony yzyna gaýtaryp bilmezler, (toba etmek üçin) özlerine möhlet hem berilmez.
 41. Takyk, senden öňki ilçiler hem masgara edilipdiler. Olaryň üstünden gülenleri ýaňsa alan zatlarynyň jezasy gurşap alypdy.
 42. Sen olara: «(Eger Alla size azap indermek islese) sizi gijede we gündizde Rahmandan (Alladan) gorajak kim?» diýip aýt. Ýok, olar özleriniň Perwerdigärini ýatlamakdan ýüz öwürýärler.
 43. Ýa bolmasa Bizden başga olary bizden (biziň azabymyzdan) gorap biljek hudaýlary barmy? Olaryň (hudaýlarynyň) özlerine kömek etmäge güýçleri ýetmez we Bizden olara hemaýat hem edilmez.
44. Biz olary hem, ata-babalaryny hem nygmatlarymyzdan peýdalandyrdyk. Hatda bu olaryň ömürleri boýunça dowam etdi. Olar Biziň ýeriň ýüzüne gelip, onuň töwereklerinden kem- kemden egsildýänligimizi (yslamyň üstün çykyp giňden ýaýraýanlygyny we kapyrlaryň azalýandygyny) görmeýärlermi? Heý-de, olar üstün çykarmy?
 45. (Eý, Muhammet!) Sen olara: «Men size diňe wahyý bilen (öňünden) duýdurýaryn. Emma ker bolan, duýdurylmagyna garamazdan, çagyryşy eşitmez» diýip aýt.
46. Eger olara Perwerdigäriň azabyndan bir uçgun degäýse, takyk, olar: «Haýp bize, biz zulum edenler bolupdyrys» diýerler.
 47. Biz kyýamat güni üçin adalat terezilerini gurarys, (şondan soň) hiç kime hiç hili zulum edilmez. Edilen iş hardal (dary) dänesiniň agyrlygynda bolsa hem, biz ony getirip ýüze çykararys. Biz ýeterlik hasap soraýjydyrys.
48. Biz Musa we Haruna takwalar üçin ýagtylyk we öwüt-nesihat bolan Furkany (haky batyldan aýyl-saýyl eden Töwraty) berdik.
 49. Olar (takwalar) özleriniň Perwerdigärini görmezden gorkýarlar we kyýamat gününiň hem gaýgysyny edýärler.
 50. Ine, bu (Kuran) hem mukaddes bir öwütdir, ony Biz inderdik. Ýeri, siz ony inkär edýärsiňizmi?!
 51. Biz ondan öň Ybraýymy hem dogry ýola salypdyk we biz ony (şoňa mynasypdygyny) bilýärdik.
 52. Ol öz atasyna we kowumyna: «Siziň ybadat edýän bu heýkelleriňiz nämedir?» diýdi.
53. Olar: «Biz ata-babalarymyzyň hem olara ybadat edýändigini gördük» diýdiler.
 54. Ybraýym: «Takyk, siz hem, ata- babalaryňyz hem anyk nädogry ýoldasyňyz» diýdi.
55. Olar: «Sen bize hakykaty getirdiňmi ýa-da oýun gözläp ýörenlerden birimi?» diýdiler.
56. Ybraýym: «Ýok, siziň (hakyky) Perwerdigäriňiz asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäridir. Olary ýokdan bar edendir we men hem muňa şaýatdyryn» diýdi.
 57. (Soň içinden) «Alla kasam bolsun! Siz yzyňyza öwrülip gideniňizden soň, butlaryňyza duzak gurjak» diýdi.
 58. Ybraýym: «Mundan görerler» diýip, butlaryň iň ulusyny goýup, galanyny bölek-bölek etdi.
59. Olar: «Hudaýlarymyza muny kim etdi. Takyk, (kim bu işi eden bolsa) ol zalymlaryň biridir» diýdiler.
 60. Içlerinden käbirleri: «Ybraýym diýilýän bir ýaş ýigidiň olary (butlary) aýyplaýandygyny eşidipdik» diýdiler.
 61. Olar: «Ony ynsanlaryň görmekleri üçin, olaryň gözleriniň öňüne getiriň» diýdiler.
 62. (Ybraýym getirilende olar): «Hudaýlarymyza muny sen etdiňmi, eý, Ybraýym!» diýdiler.
 63. Ybraýym: «Ony şu iň ululary eden bolaýmasyn, gepläp bilýän bolsalar, bu soragy olara beriň» diýdi.
 64. Olar biri-birlerine garap: «(Hakyky zalym butlary döwen däl-de), asyl zalymlar sizsiňiz» diýdiler.
65. Soň ýene kellelerine (öňki ynançlaryna) gaýdyp gelip: «Sen olaryň geplemeýändigini bilýärdiň ahyry» diýdiler.
 66. Ybraýym: «Siz Alladan özge, size hiç bir peýda we zyýan berip bilmeýän zatlara gulluk edýärsiňizmi?
67. Haýp size we haýp siziň Alladan başga gulluk edýän zatlaryňyza. Siz akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?» diýdi.
 68. Olar: «Eger bir zat etjek bolýan bolsaňyz, (onda) ony ýakyň-da, hudaýlaryňyza kömek ediň» diýdiler.
 69. Biz: «Eý, ot! Ybraýyma salkynlyk we amanlyk bol» diýdik.
 70. Şeýdip, oňa duzak gurmak islediler. Biz hem olary has beter zyýana galanlardan etdik.
71. Biz ony we Luty älemler üçin mübärek eden ýerimize eltip halas etdik.
 72. Oňa Yshaky hem, Ýakuby hem bagyş etdik we hemmesini salyhlardan etdik.
 73. Olary, öz emrimize laýyklykda, dogry ýola gönükdirýän ýolbaşçylar etdik we olara ýagşy işleri etmegi, namaz okamagy we zekat bermegi wahyý etdik. Olar elmydama bize gulluk etdiler.
74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.
75. Şeýdip, Biz Luta merhemet etdik, çünki ol ýagşy kişilerdendi.
 76. Birmahallar bizi çagyryp (dileg edeninde) Nuhuň hem dilegini kabul etdik, ony we maşgalasyny uly gam- gussadan halas edipdik.
 77. Oňa aýatlarymyzy inkär edýän kowuma garşy (durmakda) kömek etdik. Takyk, olar ýaramaz bir kowumdy, (şol sebäpden) biz hem olaryň hemmesini gark etdik.
78. Dawut bilen Süleýman bir kowumyň goýun sürüsiniň daran ekini barada çözgüt çykarýarkalar, Biz olaryň çözgüdiniň hem şaýady bolupdyk.
 79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de pygamberlik hem-de ylym berdik. Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary eden Bizdik.
 80. Birek-birege urýan zarbalaryňyzdan goramak üçin oňa (Dawuda) sowut ýasamagy öwretdik. (Eý, ynsanlar! Siz pygamberi tassyk edip, nygmatyma) şükür etmeýärsiňizmi?
 81. Süleýmana hem biziň mukaddeslik (bereket) beren ýerimize tarap onuň (Süleýmanyň) öz emri bilen öwüsýän güýçli ýel berdik. Biz ähli zady bilýändiris.
 82. Şeýtanlaryň içinde hem onuň (Süleýman) üçin (lagly-merjen çykarmak üçin) guwwaslyk we başga işler edýänleri-de bardy. Biz olary (Süleýmanyň emrinden çykmazlyklary üçin) göz astynda sakladyk. Düşündiriş: Hezreti Süleýmanyň emri bilen jynlar deňze çümüp, gymmatbaha daşlary çykarypdyrlar we bu magdanlary köşkler, şäherler gurmakda, haýran galdyryjy çeperçilikdäki sungatlary döretmekde ulanypdyrlar.
 83. Eýýup hem: «Maňa bir dert sataşdy we Sen merhemetlileriň iň Merhemetlisisiň» diýip, Perwerdigärine (dileg bilen) ýüzlenipdi.
 84. Biz hem onuň dilegini kabul edip, ondaky derdi aýyrdyk. Öz tarapymyzdan, rehim we gulluk edýänler üçin nesihat bolsun diýip, oňa maşgalasyny we ýene şonuň iki essesini berdik.
 85. Ysmaýyl, Idris we Zülkifl, bularyň hemmesi sabyrly kişilerdendi.
 86. Biz bulary rahmetimiz bilen gurşap aldyk. Olar salyh kişilerdendi.
 87. Zünnun (Ýunus) hem (kowumy iman getirmändigi üçin) gaharly halda (obasyny terk edip) başyny alyp gideninde, ol özüniň (bu hereketi üçin) Biz hiç zat etmeris öýtdi. (Ony balygyň garnyna taşlanymyzdan) soň bolsa tümlügiň içinde: «Senden başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Sen ähli nogsanlyklardan päksiň! Takyk, men haksyzlyk (özüme zulum) edenlerden boldum» diýip ýalbardy.
 88. Biz onuň hem dilegini kabul etdik we ony gam-gussalardan halas etdik. Biz iman getirenleri şunuň ýaly halas edýäris.
 89. Zekeriýýa hem Perwerdigärine: «Eý, Perwerdigärim! Meni ýalňyz goýma, (maňa mirasdär perzent bagyş et)! Sen miras goýujylaryň iň haýyrlysysyň» diýip ýalbarypdy.
 90. Biz hem onuň dilegini kabul edip, oňa Ýahýany bagyş etdik we onuň üçin ýanýoldaşyny hem (önelgesizlikden) halas etdik. Olar haýyr işlere howlugardylar, Bizden umytly we gorkýan halda dileg ederdiler. Olar Bize köp tagzym-hormat ederdiler.
 91. Ol namysyny goran zenan (Merýem) hem bardyr. Biz onuň içine ruhumyzdan üfledik, ony we ogluny (Isany) älem- jahan üçin bir alamat (gudrat) etdik.
 92. (Eý, ynsanlar!) Takyk, siziň bu ymmatyňyz (diniňiz) bitewi bir ymmatdyr. Men bolsa siziň Perwerdigäriňizdirin, şonuň üçin Maňa gulluk ediň!
 93. Olar (ynsanlar) bolsa (din) babatda dürli toparlara bölündiler. Hemmeler (ahyrynda) Bize gaýdyp gelerler.
94. Kim mömin bolup (imanly halda) haýyr işleri etse, onuň görkezen gaýratyna gadyrbilmezlik edilmez. Takyk, biz ony ýazyp durandyrys.
 95. (Emma) biziň (günäleri bilen) heläk eden ýurtlarymyzyň halkynyň (bu dünýäde toba etmek üçin) yzlaryna gaýdyp gelmekleri mümkin däldir. Olar gaýdyp gelmezler.
 96, 97. (Şol heläk edilenler, tä) ýajuç we mäjuç (äjit-mäjit) bentleri açylyp, olar depelerden aşak eňip, hakyky wada (kyýamat) ýakynlaşýança yzyna dolanmazlar. Bir görseň, (kyýamaty) inkär edenleriň gözleri mölerip galandyr. Olar: «Haýp bize, biz mundan gapyl galan ekenik, biz özümize zulum edipdiris» diýerler.
 98. Takyk, siz hem-de Alladan gaýry gulluk edýän zatlaryňyz (butlar we özlerine ybadat edilmegine razylyk görkezen ynsanlardyr jynlar) dowzahyň odunysyňyz. Siz şol ýere girersiňiz.
99. Eger olar hudaý bolsalardy, dowzaha girmezlerdi. Ýok, hemmesi şol ýerde ebedi galarlar.
 100. Olara dowzahda diňe eňremek galar we olar şol ýerde (mundan başga) hiç zat eşitmezler.
101. Emma Biziň tarapymyzdan «gözel mertebe» berlenler bolsa dowzahdan daşlaşdyrylar.
 102. Olar dowzah odunyň şatyrdysyny eşitmezler hem-de olar göwünleriniň islän nygmatlarynyň içinde ebedi galarlar.
103. Olary iň uly gorky (kyýamat gopanda boljak howp-gorky) hem gamlandyryp bilmez we perişdeler olary: «Bu size wada berlen günüňizdir» diýip garşy alarlar.
 104. Asmany ýazgyly kagyz ýaly düýrlejek günümizde (adamlary), ilkinji ýaradanymyzdaky ýaly, öňki ýagdaýyna (täze dogan çaga ýaly edip) getireris. Bu (Biziň) Öz üstümize alan wadamyzdyr. Takyk, biz ony ýerine ýetireris.
105. Biz Zikirden (Töwratdan) soň Zeburda hem: «Takyk, ýeriň ýüzüni salyhlar miras alar» diýip ýazypdyk.
106. Takyk, munda Alla gulluk edýän kowum üçin nesihatlar bardyr.
 107. (Eý, Muhammet!) Biz seni älemlere rahmet (bolmagyňdan) başga (maksat bilen) ibermedik.
 108. Sen olara: «Maňa siziň (ybadata laýyk) hudaýyňyzyň diňe ýeke-täk Alla bolmalydygy wahyý edildi, siz şuňa boýun bolýarsyňyzmy?» diýip aýt.
 109. Eger olar ýüz dönderseler, sen olara aýt: «Men siziň hemmäňize deň derejede duýdurdym, size berlen wadanyň (kyýamatyň) bolsa ýakyndygyny ýa-da daşdygyny bilmeýärin.
 110. Takyk, Alla sözüň äşgär aýdylanyny hem, siziň içiňizde saklaýanyňyzy hem bilýändir.
111. Men (munuň) siziň üçin bir synagdygyny we belli bir wagta çenli size peýda berjekdigini (azabyň gijä galdyryljakdygyny) bilýärin.
 112. Eý, Perwerdigärim! Hak bilen höküm et! Biziň Perwerdigärimiz siziň aýdyşyňyzyň tersine Mähribandyr, kömek üçin diňe Oňa ýüz tutulýandyr».