1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

57.28. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň hem-de Onuň ilçisine iman getiriň! Ol (Alla) size Öz rahmet (hazynasyndan) iki esseläp eçiler we size ýörejek (ýoluňyzy ýagtyldýan) bir nur berer hem-de sizi bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.

Başy » Sözbaşy » 82-nji süre: «Infitar» («Asmanyň bölünmegi»)

«Infitar» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 19 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady birinji aýatda agzalýan «Asmanlaryň ýarylyp bölünmegi» manysyndaky işlikden alnandyr. Bu sürede ahyretde dünýädäki edilen işleriň haklarynyň alynjakdygy habar berilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1.Asmanyň ýarylan wagty!
 2. Ýyldyzlar (bölünip daş-töwerege) seçilen wagty!
 3. Deňizler biri-birine goşulyp, (bir ummana) öwrülen wagty!
 4. Guburlaryň içindäkileriň çykarylan wagty!
 5. Ine, şonda kim näme edip, näme etmändigine anyk göz ýetirer.
6. Eý, ynsan! Seni ol Keremli Perwerdigäriňe garşy aldan zat näme?
 7, 8. Seni ýaradan, saňa dolulygyna şekil beren we saňa deňagramly bir ýaradylyş beren, seni Öz isleýşi ýaly ýaradan (Ol dälmi eýsem)?
 9. Ýok! Siz dini (kyýamaty) inkär edýärsiňiz.
10. Siziň ýanyňyzdan aýrylmaýan goraýjylar bardyr.
11, 12. (Ol goraýjylar) «Kiramen kätibin» («Arzyly kätipler») siziň edýän (ähli) işleriňizi bilýärler (we ýazarlar). Düşündiriş: Kiramen kätibin – ynsanyň ýanyndan aýrylmaýan we eden ähli zadyny ýazýan perişdelerdir.
 13. Ýagşy we haýyrly ynsanlar «Nagym» jennetlerniň içinde (nygmatda) bolarlar.
 14. Ýoldan azan pasyklar bolsa dowzahdadyrlar.
 15. Olar din (kyýamat) gününde ol ýere (dowzaha) girerler.
16. Olar ol ýerden hiç (ýere) aýrylmazlar.
17. Sen ol din (kyýamat) gününiň nämedigini nädip biljek?
18. Soň (ýene-de aýdýaryn)! Sen ol din (kyýamat) gününiň nämedigini nädip biljek?
19. Ol hiç kimiň hiç kime peýda berip bilmejek günüdir. Ol gün ähli höküm we ygtyýar ýeke-täke Allanyňkydyr!