1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

13.37. Ine, şeýdip, Biz ony (Kurany) arap dilinde hikmetli höküm edip inderdik. Eger sen özüňe gelen (bu) ylymdan soň, olaryň haýy-höweslerine eýerseň, (bilip goýgun) seni Alladan (gorajak) ýardamçy hem ýokdur, goragçy hem ýokdur.

Başy » Sözbaşy » 42-nji süre: «Şura» («Geňeş»)

«Şura» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 53 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 38-nji aýatda agzalýan «Geňeş, maslahat» manylaryny aňladýan «Şura» sözünden gelip çykýar. Bu sürede musulmanlaryň işlerini öz aralarynda maslahat bilen berjaý etmelidikleri barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. Ha, Mim, Aýn, Sin, Kaf
. 3. Gudraty güýçli (we) hikmet eýesi Alla saňa we senden öňki (ötenlere), ine, şeýle wahy edýär (habar berýär).
 4. Asmandaky we ýerdäki her bir zadyň eýeçiligi Oňa degişlidir. Ol Beýikdir, Belentdir.
 5. Asmanlar (Allanyň gudratyndan ýa- da müşrikleriň şärik goşmalaryndan ýaňa) depelerinden ýarylaýjak bolýar. Perişdeler bolsa özleriniň Perwerdigärini hamdy-sena bilen tesbih edýärler hem- de ýerdäkileriň (ynsanlaryň) günäleriniň geçmegini dileýärler. Unutmaň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 6. Alla özünden özgäni dost tutunanlary Alla görüp durandyr. (Şonuň üçin) sen olara goragçy (hemaýatkär) dälsiň!
 7. Şäherleriň merkezi (bolan Mekgede) we onuň daş-töweregindäki (ýerlerde adamlary) habardar etmegiň hem-de (boljagyna) hiç hili şek-şübhe bolmadyk jemlenişik (kyýamat) güni barada olary gorkuzmagyň üçin saňa arap dilinde bolan Kurany ýolladyk. (Ynsanlaryň) bir bölegi (iman getirip) jennete girse, ýene bir bölegi (inkär edip) dowzaha girerler.
 8. Alla islesedi, olary ýeke-täk ymmat hem ederdi. Emma Ol islänini (iman getirendikleri üçin) rahmetine gowşar ýaly eder. Zalymlaryň bolsa (hakykaty inkär edendikleri sebäpli) hiç hili dosty we goldawçysy bolmaz.
 9. Ýa-da olar Alladan özgäni dost tutundylarmyka? Ýöne hakyky dost diňe Alladyr. Ol ölülere jan berýändir, Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 10. Siziň ylalaşman ýören islendik meseläňizde höküm bermek Allanyň işidir. Ine, şu Alla meniň Perwerdigärimdir. Men diňe Oňa bil baglaýaryn we (her babatda) ýönelýärin (sygynýaryn).
 11. Alla asmanlary we ýeri ýokdan bar etdi. Ol siziň üçin özüňizden bolan jübütleriňizi (taýyňyzy) haýwanlardan hem jübütlerini ýaratdy. Şeýdip, sizi köpeler ýaly etdi. Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir.
 12. Asmanlaryň we ýeriň açarlary Onuň (elindedir). Ol isläniniň rysgalyny köp etse, isläniniň rysgalyny az eder. Elbetde, Ol her bir zady bilýändir.
 13. Biziň: «Dini dogry saklaň we topar- topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Isa ündänlerimizi Alla size din (hökmünde) berdi. (Emma) olara (öwüt edip) çagyran zadyň (Yslam dini) Alla şärik goşanlara agyr düşdi. Alla islänini (pygamber edip) saýlar we özüne tarap ýönelýäni dogry ýola gönükdirer.
 14. Olar özlerine ylym (delil) gelenden soň, öz aralaryndaky göripçilik (we adalatsyzlyk) sebäpli, düşünişmezlige sezewar boldular. Eger kesgitlenilen wagta çenli Perwerdigäriň tarapyndan (geçirimlilik etmek üçin) söz berilmedik bolsady, elbetde, olaryň aralarynda (şu dünýäde) höküm edilerdi (jezalary berlerdi). Olardan soň kitaba (Töwrata we Injile) mirasdüşer edilenler (ýagny Muhammet aleýhissalam döwürdeş bolan ýahudy we nasranylar) hem ondan (öz kitaplaryndan) şek-şübhe edýändirler.
 15. Ine, şonuň üçin sen (olary Allanyň birligine) çagyr we (Allanyň buýruklaryny) özüňe emir edilişi ýaly dog-dogry ýerine ýetir! Olaryň haý- höweslerine eýerme! Sen (olara şeýle diýip) aýt: «Men Allanyň iberen her bir kitabyna iman getirdim we maňa siziň araňyzda adalaty ýola goýmak emir edildi. Biziň Perwerdigärimiz bolan Alla siziň hem Perwerdigäriňizdir. Biziň amallarymyz özümiz üçin, siziň amallaryňyz hem özüňiz üçindir. Biziň aramyzda (hakykat äşgär bolandan soň) jedelleşilip (anygyna ýetiljek) hiç-hili mesele ýokdur. Alla hemmämizi bir ýere jemlär. (Hemmeler) Oňa dolanyp bararlar».
 16. (Yslam dini) kabul edilenden soň, Alla barada jedelleşýänleriň delilleri özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda ýerliksizdir. Olar üçin (Allanyň) gazaby we ejir çekdirjek azaby bardyr.
 17. Kitaby we (adalat ölçegini) hakykat edip iberen Alladyr. Biler bolsaňyz, belki, kyýamatyň wagty ýakyn gelendir.
18. Oňa (kyýamata) ynanmaýanlar ol (kyýamatyň) tizräk gopmagyny isleýärler. Iman getirenler bolsa ondan (kyýamatdan) gorkarýlar we onuň takyk (gopjakdygyny) bilýärler. Unutmaň! Kyýamat güni barada (şek-şübhe bilen) jedel edýänler çendenaşa azgynçylykda (gümradyrlar)
 19. (Ýöne) Alla bendelerine Keremlidir (Mähribandyr), islänine rysgal-döwlet berer. Ol Kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir.
 20. Kim (edýan amaly bilen) ahyret hasylyny (sogabyny) gazanmakçy bolsa onuň (sogabyny) zyýada ederis. Kim dünýä hasylyny gazanmak islese oňa- da dünýäde (kä zatlary) nesip ederis! (Emma) onuň ahyretde hiç hili nesibesi bolmaz.
21. Ýa-da, olaryň Allanyň rugsat etmedik (başga bir) dinini getiren şärikdeşleri barmy. Eger-de Allanyň (kyýamata goýan) aýralyk sözi bolmadyk bolsady, onda olaryň aralarynda hökman höküm edilip (şu dünýäde temmileri berlerdi). Elbetde, (hakykata boýun egmeýän) zalymlar üçin (çydap bolmajak ýagdaýda ) yzaly azap bardyr.
 22. Zalymlaryň eden etmişleriniň (netijesi) öz başlaryna gelen wagty, olaryň gorkudan sandyrap duranyny (görersiň). Iman getirip, ýagşy işleri edenleri bolsa jennet baglarynda (görersiň). Özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda olar üçin (göwünleriniň) küýsän zatlary bardyr. Ine, bu (olar üçin Allanyň) iň uly pazly- keremidir.  
23. Ine, bular Allanyň iman getirip, ýagşy işleri eden bendelerine buşlan (nygmatlarydyr. Olara şeýle diýip) aýt: «Men bu (eden işlerim) üçin sizden diňe garyndaşlyk söýgüsinden başga hak talap etmeýärin. Kim ýagşylyk etse, onuň sogaby artykmajy bilen berler. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, şükranalygyň sylagyny berýändir».
 24. Eýsem-de, olar (saňa: «Ol) Allanyň adyna ýalan ýöňkeýärmi?» diýýärler. Alla islese (eger-de ýalan ýöňkeýän bolsaň) seniň kalbyňy hem möhürlärdi. Alla ýalany ýok edip, sözleri bilen hakykaty ýüze çykarýar. Takyk, Ol gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
 25. Ol bendeleriniň tobasyny kabul edip, (edilen) erbetlikleri bagyşlar. Ol edýän işleriňizi bilýändir.
 26. Alla iman getirip, ýagşy işleri edenleriň (doga-dileglerini) kabul eder, olara Öz pazly-kereminden artygy bilen hem berer. Kapyrlara bolsa örän ýowuz azap berler.
 27. Alla bendeleriniň rysgalyny köpelden bolsady, olar ýerde azgynçylyk ederlerdi. Emma Ol rysgaly islän mukdarynda berýär. Takyk, Ol bendelerinden habardardyr, (olary) görýändir.
 28. (Ynsanlar) umytlaryny ýitirenlerinden soň, ýagyş ýagdyryp, rehmetini dumly- duşa ýaýradýan hem Alladyr. Ol hakyky dostdur, öwülmäge laýykdyr.
 29. Asmanlary, ýeri we bularyň ikisinde ýaýradyp goýberen janly-jemendeleri ýaratmagy onuň delillerindendir. Islese, bularyň hemmesini bir ýere jemlemäge hem Onuň güýji ýeter.
30. Başyňyza gelen islendik bir betbagtçylyk öz elleriňiz bilen eden etmişleriňiz zerarlydyr. (Şoňa garamazdan) Alla (günäkärleriň) köpüsiniň günäsini geçýändir.
 31. Siz (Allany) ýerde ejizledip (Allanyň gazabynyň öňüni alyp) bilmersiňiz. Siziň Alladan özge dostuňyz hem goldaýjyňyz hem ýokdur.
 32. Deňizde daglar mysaly akyp barýan (gämiler) hem Onuň (barlygynyň) delillerindendir.
 33. Eger-de Ol islese, şemaly hem saklardy, olar deňziň arkasynda (ortasynda) durup galardylar. Takyk, munda sabyrly bolup, şükür edýän her bir (ynsan) üçin ybratlar bardyr.
 34. Ýa-da eden etmişleri zerarly olary heläk eder, birnäçesini bolsa bagyşlap (halas eder).
 35. Aýatlarymyz barada jedel edýänler gaçyp gutulyp gidere ýerleriniň ýokdugyny bilsinler!
 36. Size berlenler (diňe) dünýä durmuşynyň ýaşaýyşy üçin (ölçenen) zatlardyr. Allanyň ýanyndaky zatlar bolsa has dowamatlydyr. (Bu sylag) iman getirenler we özleriniň Perwerdigärine bil baglaýanlar üçindir.
 37. Olar uly günälerden we bozuk işlerden saklanarlar. (Kimdir birine) gaharlanan wagtlary hem (ýalňyşany) bagyşlarlar.
38. Olar özleriniň Perwerdigäriniň (çakylygyna) gulak asarlar we namazy doly okarlar. Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler. Özlerine beren rysgalymyz (Allanyň ýolunda) sarp ederler.
 39. Adalatsyzlyga (zuluma) duçar bolanlarynda bolsa arkalaşarlar (hakyny gidermezler).
 40. Ýamanlygyň jezasy ýamanlyga barabar bolanydyr. Kim geçirimlilik edip, ýaraşsa, onuň sylagyny (ýetirmek) Alla degişlidir. Elbetde, Alla zalymlary halamaz.
 41. Kim zuluma duçar bolandan soň, hakyny gaýtaryp alyp bilse, onda olara (hakyny alandygy üçin) ediljek (başga) ýol ýokdur.
 42. Diňe ynsanlara zulum edýänlere hem- de ýeriň ýüzünde nähak ýere bozgaklyk edýänlere jeza bardyr. Ine, gazaply azap şolara berler.
 43. Kim sabyr edip, geçirimlilik etse, elbetde, bu maksada laýyk işlerden biri bolar.
 44. Alla kimi dogry ýoldan azaşdyrsa, mundan beýläk oňa hiç hili dost tapylmaz! Zalymlar azaby görenlerinde, olaryň: «Yza (dünýä) gaýdara ýol barmyka?» diýýändiklerini görersiň.
 45. Dowzah oduna taşlanan mahaly olaryň göwnüçökgünlikden ýaňa kellelerini öňe egip, gözleriniň gyýtagy bilen assyrynlykda seretjekdiklerini görersiň. Iman getirenler (kyýamatda kapyrlaryň halyny görüp: “Nädogry ýoly saýlap) hakyky zyýana galanlar kyýamat gününde özlerine-de, maşgalalaryna-da zyýan edenlerdir. Ägä boluň, zalymlar ebedi azapdadyrlar” diýerler.
 46. Olaryň Alladan başga goldaw etjek hiç hili dostlary ýokdur! (Alla) kimi ýolundan azaşdyrsa, oňa çykalga tapylmaz!
 47. Alladan yza gaýdyş mümkin bolmadyk (kyýamat) gün gelmezden öň Perwerdigäriňiziň (emirlerine) laýyk hereket ediň! Ol gün size ne bir gaçara ýer bardyr, ne de (günäleriňizi) inkär etmäge (mümkinçilik bardyr).
 48. Eger-de ýüz öwürseler, onda seni olara sakçy edip iberen däldiris! Seniň wezipäň diňe olara duýduryş bermekden ybaratdyr. Eger-de Biz ynsana Öz rehmetimizi dadyrsak, ol şol rehmete begener. Emma öz elleri bilen eden etmişleri zerarly başlaryna betbagtçylyk gelse, elbetde, ynsan näşükür bolar.
 49. Asmanlar we ýer Allanyň gol astyndadyr. Ol islän zadyny bar eder, islänine gyz perzent, islänine bolsa ogul perzent miýesser eder.
 50. Ýa-da olary gyz we erkek perzent edip ýaratmak bilen jübüt-jübüt eder (hem gyz hem oglan çaga berer). Islänini bolsa nesilsiz (önelgesiz) goýar. Takyk, Ol (ähli zady) bilýändir, (ähli zada) güýji ýetýändir.
 51. Alla ynsan bilen diňe wahyý ibermek arkaly ýa-da perdäniň aňyrsyndan gürleşer. Ýa-da ilçi (perişde) ýollap, Öz ygtyýary bilen oňa islän zadyny wahyý arkaly ugradar. Ol Beýikdir, hikmet eýesidir.
 52. Ine, şeýdip, saňa hem Öz emrimiz bilen ruhy (Kurany) wahyý arkaly (inderdik). Sen (öň) kitap näme, iman näme bilmezdiň?! Emma bendelerimizden islänimize dogry ýoly görkezmek üçin, Biz ony (Kurany) nur edip ýaratdyk. Takyk, sen dogry ýoly görkezýärsiň.
 53. (Ol dogry ýol bolsa) asmanlardaky we ýerdäki ähli zadyň eýesi Allanyň ýoludyr. Unutma! Takyk, ähli işler ahyr netijede Alla baryp ýetýändir.