1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

19.43. Eý, atam! Saňa gelmedik ylym maňa geldi. Meniň yzyma düş, saňa dogry ýoly salgy bereýin.

Başy » Sözbaşy » 87-nji süre: «Aglä» («Has beýik»)

«Aglä» süresı Mekgede inen sürelerden bolup, ol 19 aýatdan ybaratdyr. Süre özüniň adyny ilkinji aýatda agzalýan «Has beýik» manysyndaky «Aglä» sözünden alypdyr. Bu sürede Allanyň gudraty we birligi, Muhammet aleýhissalama gelen wahyý we käbir öwüt-ündewler orun alýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1.       Perwerdigäriň Beýik adyny tesbih et!
 2, 3, 4, 5. Ol seni ýaradyp, saňa kämil ýaradylyş beren, (ähli barlygy) bir ölçege görä ýaradyp, dogry ýoly görkezen, ol gök otlary çykaryp, soň hem ony gury bir çöpe öwren (Allanyň adyny ýatlap zikir et)!
 6, 7. Biz saňa (Kuran) okadarys, sen hem ondan Allanyň islänindan başga hiç bir zady unutmarsyň! Sebäbi Ol (siziň üçin) äşgär bolany hem, gizlin bolany hem gowy bilýändir.
 8, 9. Seni iň aňsady bilen üstünlige ýetireris. Şonuň üçin sen öwüt peýda berse nesihat et!
 10, 11, 12, 13. (Alladan) gorkan (nesihatdan) öwüt alar. Emma betbagt bolan bolsa, ondan gaça durar. Beýle bolanlar (ahyretde) iň uly oda girerler. Soň ol ýerde ne ölerler, ne-de ýaşap (hözir) görerler.
 14, 15. Özüni (günälerden) päklän hem- de Perwerdigäriniň adyny ýatlap, namaz okan üstünlige ýeter.
 16, 17. Emma, tersine, siz dünýä ýaşaýşyny (we lezzetini) saýlap alýarsyňyz. Emma ahyret (bagtyýarlygy) has üstün, has haýyrly we bakydyr.
 18, 19. Bu (aýdylanlar), elbetde, öňki sahypalarda, Ybraýym bilen Musa berlen sahypalarda hem (habar berlendir).